20:28 Berdimyrat / hekaýa | |
BERDIMYRAT
Hekaýalar
Täze ýylyň bosagasydy. Aşgabatdan ugran ýolagçy awtobusy Bäherdene golaýlaberende, bir ýaşuly awtobusy saklap, ýolagçylaryň arasyna goşuldy. Onuň agyr haltasy hem saldamlyja korzinkasy bardy. Awtobusa münende haltasyny ýokardan biri çekip almadyk bolsa, onuň ýeke özüne aňsadam düşjek däldi. Awtobusda gelýänleriň arasynda «Beýle agyr ýük bilen ýeke özüniň ýola çykyşyny diýsene» diýen hyşy-wyşy gürrüňler eşidildi. Ýaşuly bu hyşy-wyşylara gabagyny-da galdyrmady. Ýolagçylaryňam bu ýolagçydan derrew ünsi sowuldy. Yzky hatarlaryň birinde oturan Berdimyrat bolsa bu ýaşuludan gözüni aýryp bilmedi. Berdimyratlar Aşgabatda, mamalary bolsa Bäherdende ýaşaýardy. Berdimyrat mamalaryna kiçiräkkä ejesi bilen iki-üç gezek gelip gidipdi. Mamasy-da Berdimyratlara toýda, üýşmeleňde geler gider durardy. Gelen wagty gyzy Bibigülüň çagalaryny ýeke-ýeke bagryna basyp çykardy. Indi ýedi-sekiz ýyl bäri ol gyzynyňka gezmäge gelenokdy. Garrap gezmekden galypdy. Babasy welin Berdimyratlara bir gezegem gezmäge gelmändi. Onuň näme üçin gelmeýändigi bilen Berdimyrat gyzyklanmandy hem. Babasynyň ýüzi peşehordaly, özi-de güri sakgally adamdygyny welin Berdimyrat çalarak ýadyna salýardy. Berdimyrat öňräkdäki boş orunlaryň birine geçip, mazalyja synlandan soňra, ýaşulynyň çep gözüniň aşagragynda kiçiräk bir peşehorda yzyny gördi. «Bu hökman babam bolmaly. Sakgaly-da güri»... Berdimyrat kalbynda peýda bolan bu pikiri bir ýere çugdamlamaga ýetişmänkä, awtobus Bäherdene gelip saklandy. Ýaşuly gapa golaý oturansoň, awtobusdan hemme kişiden öň düşmekçi boldy. Şonda Berdimyrat onuň ýüküni düşürmäge kömekleşdi. – Sag bol, ogul – diýip, ýaşuly oňa alkyş okady. Soňra bolsa haltany egnine atdy-da, kynlyk bilen gadam urup, öz ugruna ýöneldi. Ýüküň agyr düşýändigi görnüp durdy. «Özüň-ä babam bolsaň gerek» diýip, Berdimyrat onuň yzyndan ýetmek üçin haýdady. – Ýaşuly, getir men göterişeýin. Menem şeýläk barýaryn. Ýaşuly saklandy. – Getir, haltaňy beräý – diýip, Berdimyrat halta ýapyşmakçy boldy. Emma haltanyň ganjaran ýerine gözi düşdi-de, kürtdürdi. Kömekçi tapylanyna begenen ýaşuly muny şobada aňlady. – Halta üstüňi zaýalaýmasyn. Sen, gowusy, şu gärzinkäni göteräý, ogul. – Ýaşuly korzinkasyny Berdimyrada berip gürrüňini dowam etdi. –Täze ýyly toýly geçirmek indi oba ýerlerinde hem däp bolupdyr. Ýaş-ýeleňler ýaly uly şagalaň etmesegem, öýde täze et bolsun diýip, şu golaýdaky obada bir sygry paýlaşdyk. Öýdäkileriňem işe ýaraýjagy aýal-ebtat bolansoň, özüm ugruna çykmaly bolaýdym... Ogul, bir az sägineli-le şeýdip, gonup, dynç alyp gidibermeli bor-da. Ýaşulynyň «öýdäkileriňem işe ýaraýjagy aýal-ebtat» diýen sözleri Berdimyradyň ýüreginde ýaşulynyň öz babasydygy baradaky ynamyny has-da berkitdi. Berdimyradyň mamasyny görmänine ýedi-sekiz ýyl bolupdy. Ol häzir on sekiz ýaşyndady. Ers-mers bolup giden agtygyny mamasy-da birbada tanamasa gerek. Ýakymly bir duşuşygy göz öňüne getirip, Berdimyradyň göwni galkyjaklap barýardy. – Sen, ogul, hanjak barýaň? Maňa kömekleşip, öz gitmeli ugruňdan galýan bolaýma – diýip, ýaşuly hykgyl-çokgul gadam urup barşyna sorady. – Enteg-ä sowulmaly däl... Özüm aýdaryn... – Hä, şeý diýsene... Aý, bolýa beýle bolsa... Özüň kimiň ogly borsuň? – Men bu ýerli däl. Birine myhmançylyga barýan – diýende, Berdimyradyň ýüregi şatlykly tolgunmadan ýaňa gürs-gürs urdy. «Babam häzir ýüküni göterişip barýanyň agtygydygyny bilse näderkä? Häzir babamlara bararys. Babam öýleriniň gabadynda saklanar-da, «Sag bol, ogul» diýip, maňa hoşallyk bildirer. Men bolsam şonda-da özümi tanatmaryn. Şol wagtam mamam öýdeň çykar. «Wiý, Berdimyrat jan!» diýip, gujagyny açyp topular...» Ýaşuly ýene sägindi. Şol wagt yzlaryndan bir ýeňil maşynyň ýetip gelýänini gördi-de, özüniň süňklek hor goluny galdyrdy. Emma maşyn saklanman, geçip gitdi. Ýaşuly maşynyň yzyndan garap durşuna: – Adamlar hil-hili-dä. Bir-ä maşynly halyna gözüni ýumup geçýär. Birem pyýada halyna şu aňzakly sowukda ýüküňi göterişýär – diýip, eliniň tersi bilen derini süpürdi. Bu sözlere Berdimyradyň göwni galkyndy. Ýetip gelen täze ýyl Berdimyratlaryň öýüne täze şatlyk alyp gelipdi. Olaryň öýünde goşa toý bolmalydy. Özünden uly agasy öýlenýärdi. Onuň häzir mamalaryna toý çakylygyny alyp barşydy. Berdimyrat indi mamasynyň «Berdimyrat jan babasyna uly kömek edipdir» diýip, toýa baranda-da gürrüň etjekdigi barada oýlandy. Toýdaky aýallar bolsa ony derrew alyp götererler: «Görsene, Berdimyradyň menikidigini. Onuň ulyny sylaýşy hem her zada degýär». Ýaşuly soranjaňdy. – Ýogsa-da, ogul, kimlere barýan diýdiň? – diýip, haltasyny ýene egnine atyp, ýöräp ugransoň sorady. Beýle anyk sorag berler öýdüp güman etmedik Berdimyrat jogaba taýýar däldi. Şonuň üçinem ol gyssagarada «Dogrusyny aýdandan gowusy bolmaz» diýen karara geldi. – Sähet agalara. – Be, kimlerkänäýt ol? – diýip, ýaşuly ýene-de sowal berende bolsa Berdimyrat ör-gökden geldi: – Siz näme Sähet aga dälmi? – Ýok. Maňa Möwlam aga diýýändirler. Be-e, ogul, o Sähet aga diýýäniň şo-ol, magaziniň agzynda hemişe çigit satyp oturan bir eli golak ýaşul-a däldir-dä? – Ýok-laýt... Babamyň el-aýag-a abat bolmalydyr – diýip, Berdimyrat edil deň-duşy bilen gepleşýän ýaly gürledi. – Onsoňam, ýaşuly, meniň sowulmaly ýerim geçäýipdirem ýaly... Ýaşuly saklandy. Haltasyny egninden düşürdi-de, agyr-agyr dem aldy. – Ogul, beýle bolsa, sag bol. Asyl mazaly kömek edäýdiň. Hä, sowulmaly ýerimdenem geçäýipdirin diýsene... Berdimyrat elindäki agyr korzinkany ýaşulynyň gapdalynda goýdy-da, kömek edenine bir hili ökünýän ýaly ýüzüni çytyp, gelen ugurlaryna bakan ýüzlendi. Ol entegem gitse boljakdy. Ýöne ýaşuludan sowa düşjek bolup, öwrümli ýol bilen gitmegi ýüregine düwüpdi. Berdimyradyň «babasy» bolsa ýüküni göterişen nätanyş ýigdekçäniň yzyndan gözüni kölegeledip durşuna, oňa soňsuz alkyş okaýardy... Öwezmämmet DURDYÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |