07:41 Gullynyñ dat gününe / hekaýa | |
GULLYNYŇ DAT GÜNÜNE
Hekaýalar
Günorta wagtydy. Işden arakesmä gelen ataly-ogul nahardan soň, ýarym irkilibräge-de, gök çaýyň başyna gyşarypdy. Towar eje bolsa bir gapdalda tikin-çatyna mübtelady. Şol wagt gapy açyldy-da, eli papkaly, uzynak, hor ýigit içeri girdi. Saglyk-amanlykdan soň ur-tut habaryny berdi: – Hommakow Gully kim bolýa? Sizmi?.. Powestka. Ynha şu ýerik goluňyzy çekiň. Ertirem harby komissariata baryň. Gitdi. Öýdäkiler aňk-taňk bolşup galdylar. Ine saňa gerek bolsa. Gullynyň öýleneni ýaňy. Indem goş haltaňy düwdejik, ýeňsäňi el ýaly etde gidiber. Hommak aga uzak kelle döwüp oturmady. – Git diýýän bolsalar, git, ogul. Agalaňňam, aňry gitse, ýene ýarym ýyldan (Gullynyň iki agasy-da häzir harby gullukdady.) gelşerler-dä – diýip, ol içki pikirini daşyna çykardy. Ogla gozgalaň gelip ýetişipdi. Towar eje bolsa oglundanam beter gozgalaňa düşdi. – Seň azaryňa-da däl – diýip, ol adamsyna igendi. – Gully janyň beýlede gelni delminip dur. Sen muňa git diýýäň... – Nä, gelni bolany bilen ogluňy gullukdan goýarlar öýdýäňmi? – Goýmasalar, gidýänçä bir bile bolsunlar-da... Hommak aga aýalynyň soňky sözlerine jogap bermän dymdy. Towar ejäniň sözleri gürrüňe goşulmadyksyrap gyşaryp ýatan, ýüregi welin tyrs-tyrs böküp duran Gulla-da düşnüklidi. Towar eje iki-üç aý mundan öň şu öýüň töründe sülmüräp oturan, indi bir aý bäri bolsa gaýtarma bolup atasy öýünde gezip ýören uz gelnini yzyna almagyň gürrüňini edýärdi. Gelnini gaýtaryp äkitdiler welin, Gullynyň giň dünýäsi boşap galan ýaly bolaýdy. Öýden bägül ýaly gelniň, wagtlaýynça bolsa-da, pasyrdap gitmegi iki garrynyň-da keýpine täsir edipdi. Köňüllerine gussa hem tukatlyk aralaşypdy. Görüp otursalar, guda taraplaram hiläň öýüni ýykanlardan eken. Gyzy durmuşa çykandyram welin, ejesi bir zat tapynan bolup, tapyr-tupur ýatyberdi. Ol «keselem» gyzyny haýal etmän yzyna gaýtarmaga bahana boldy. Oňa seretmäge başga adam ýokmy diýsene. Aý, ýok, «körpe gyzym gelmese, hiç bolmaz, onsuz men derdimden gutulybilmen» diýip, «syrkaw» bar-bar bagyryp ýatan borly. Gyzyny gaýtardylar. Anha gyzy, anha özi. «Gyzyň gaýtarma bolup gezip ýör-le» diýip, indi ne oba Soweti, ne beýleki guramalar azar berjek. – Gudaň gyzyny gaýtarmasa gerek – diýip, Hommak aga şu zatlary öz ýanyndan oýlap-ölçerdi-de, birhaýukdan soň gepledi. – Näme gaýtarman! Bökerem! – diýip, adamsynyň näme pikir edýänini bilip duran Towar eje heşerlendi. – Şu günüň özünde, işden geleňsoň, gideli. Oglumyz woýennä gitjek bolup durka, bermäni bormy? Bermeselerem berdirerin. «Syrkaw men» diýibem, utanman küpür gepleýä. Gyzy baransoň-a asyl dirkildäp ýörmüş. Ýene bir bolgusyzlygyna tutjak bolsa, barar-da, aýtmaly ýerine aýdaýaryn... Hem öz ýanyndan dygysyz pikir öwürýän, hem Towar ejäni diňleýän Hommak aga gatyrgandy: – Şeýdip arz edişip, ile gülki bol-da ýör onda. Ýagdaýyňy aýtsaň, gelniňi şeýle-de bererler... – Bererlerem diýme şolara... – Bererler. Ýöne sähel wagt üçin alabasga galyp gelni getirmegiň hajaty barmyka? – O nä sähel wagt? Kakajanyň ogly woýennä gidende, pöýwüsge gelensoňam bir aýlap gatnamadymy? Ogluňam on gün, on bäş günden bärde-hä gitmez. Asyl-ha ýekeje günem bolsa, bileje bolsunlar. Balamyň ýüregi ýanyp gitmesin. Çagajygym öňem... – Ýeri, boldy! – diýip, Hommak aga aýalynyň «gözýaşly» sözlere urup gidibermegini halaman, sesini gataltdy. Gürrüň gutardy. Ogul turup işe gitdi. Hommak aga-da gobsundy. Adamsy hoş söz aýdar diýip tamakin bolan Towar eje tä ol çykyp gidýänçä, adamsyndan gözüni aýyrmady. Ahyrynda-da onuň agzyndan söz gaçmajakdygyny bilip, onuň yzyndan ynjyly seslenip galdy: – Aýu, Hommak! Işden soň göni gelgin. Gitmelidiris. Gitmeseňem özüm giderin. Hommak aga işde-de içini hümletdi ýördi. Ähli oý-pikiri arakesmede edilen gürrüňler boldy. Gelni dilemäge gitmelimi, ýokmy, Hommak aga bu sowal üçin başyny agyrdanokdy. Elbetde, gitmeli bolar. Häli, arakesmede keýwanysyna garşylyk bildirjek ýaly hem etdi welin, indi pikir edip görse, gidileni kem däl ýaly. Dogrudanam, ýaňy başy birigen ýaş ýigit bilen ýaş gelin ara menzil düşjek wagty bile bolsalar ýagşy... Hommak agany başga bir zat ynjalyksyzlandyrýardy. «Ynha, meselem, ýagdaý şeýle-şeýle diýip, bärden baryldam-da, guda gepiňe-sözüňe düşünermikä? Ýene bir taýýar bahana tapyp dursa nätjek? Onsoň, olaň erkek göbeklisi-hä çopançylyk edip, hemişe gumda, mal üstünde. Aýal adam bilenem ýaňkalaşjak oturjakmy?» Şo gudasy Abadany Hommak aganyň öňem bir sulhy alyp baranok. Abadanyň toýuň yzysüre eden gözboýagçylygy galplygy-beýlekini ýek ýigrenýän Hommak aganyň myrryhyny atlandyrypdy. Gyzyny çykarandan soň, syrkawsyran bolup, gyzy baransoňam «syrkawlykdan» kem-kem açylyp giden Abadan hakda Towar eje bir gezek: «Şo gudamyza meniň-ä gaty bir pisindim oturanok, Hommak – diýipdi. – Galyň tölenmedi diýip, içi tütäp durmyka diýýän şonuň. Indi şoň öwezine gyzyny köpräk saklap, biziň içimizi ýakjak bolýan bolaýmasa». «Towaryň şo diýýäniniň ugry ýok däl öýdýän – diýip, Hommak aga içini gepledýärdi. – Bu wagt ýogsa oba guramalary gaýtarma-beýlekiň-ä sakladanoklar. Abadanyňkam şoň üçin hilä ýüz urdugydyr-da». Abadany jögülikde aýyplaýan diňe Towar eje bolsa Hommak aga oňa kän gulak gabardyp durmasa-da durmazdy. Ony müňkürlikdir hasap etse-de ederdi. Ýöne şeýle gürrüňler Abadanlaryň goňşy-golamlaryndanam eşidilip durýardy. «Syrkawlan bolsa-da, ýüzi-gözi-hä hassaňka meňzänok, işdäsi dagam kemelmändir» diýişýärdiler. Garaz, hile – hiledi. Şol sebäpli hem Hommagyň ýüreginde Abadana gönükdirilen ýakymsyz duýgy gaýnap durdy. Şol duýgy ýüregine batyp duransoňam, gudasy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga aýagy çekmeýärdi. «Towaryň ýeke özüni iberseňem boljak däl. Sähel garşylyk gördügi, onuň kakyna tutdugydyr. Gudasy bilen masgara bolşar gaýdyberer. Garaz özi, är-aýal bolup, tirkeşip bile gitmeli boljak öýdýän». Gelni getirdiler. Onda-da aýal bary sürrenekleşip, öz dabarasy bilen, gelenlerden biri aýtmyşlaýyn, ile meňzeş edip getirip, «giýewem woýennä gidýän bolsa, aman-sag gidip-gelsin» diýşip, ýerli-ýerden arzuwlap gitdiler. «Gully harby gulluga gidýämiş» diýen habar Hommak aganyň goňşy-golamlaryna-da dessine ýaýrady. Olaram gelip arzuw baryny etdiler: – Sag-aman gidip-gelsin. – Abraý bilen gulluk etsin. Gully welin gider ýerde gitmedi. Hommak aga agraslyk edip, oglunyň haçan ýola düşýänini sorabam durmaýardy. Towar eje bolsa «Haçan ugrasa, ýyljak çörek taýýar bolsun» diýip, günüň-gününe tamdyra girdi. Geň zat, soňky bir aýyň içinde Gullyda çekinjeňlik, onuň häsiýetinde mundan öň kän bir göze ilmedik ýygralyk peýda boldy. Goňşy-golamlar oňa ak ýol arzuwlamaga gelenlerinde dagy ol bir hili utanýan ýaly, nämedir bir zat üçin müzzerýän ýalydy. Barha dymmalygy çykýardy. Hommak aga oglundaky bu özgerişligi duýsa-da, ondan üýtgeşik bir many ogurlap durmady. «Elbetde, önüp-ösen öýüňden, dost-ýaryňdan, ýaňy tapyşan gelniňden aýrylyşyp, hoşlaşyp gidibermek aňsat däldir. Şoňa tukatlanýandyr-da» diýip pikir edýärdi. Bolmanda, Gully bilen aýrylyşmak Hommak aganyň özüne-de ýeňil düşjek däldi. Ogullarynyň körpesi bolanlygyndanmy, nämemi, onuň Gulla bolan mähri üýtgeşikdi, güýçlüdi. Häzir ol harby gulluga gitmäge taýýarlanyp ýörkä-hä bu mähir hasam güýjäpdi. Ol hyýalynda ogluny gujaklap, ogşap çykýardy. Huşunda welin beýle etmejegi çynydy. Goş haltasyny eline berer-de: «Git, ogul, abraý bilen git-de, abraý bilenem gaýdyp gel» diýip, sargyt eder. Ýürekdäki ähli mähir-hyjuwyny aňrybaş ýüze çykardym diýende-de, oglunyň diňe elini gysyp oňar. Ýaşuly şol hoşlaşyk gününiň ynha-ynha golaýlap gelýändigine düşünýärdi. Birden bolsa... Bir gün işden aryp gelip, öýüň bosagasyndan ätleýşi hem şoldy, aýaly ony şatlyk bilen garşylady: – Aýu, Hommak, ogluň-a, tüweleme, eýýäm woýennini arka atyp geläýendir... – Hä?.. O näme diýdigiň? – Gully jana pöwüýsgäni ýalňyşyp getiripdirler. Hol, ilerki Mommagyň ortanjy ogly Kula eltilmeli kagyz bize getirilip oturylyberse nätjek... – Hä? Äl-aýt, o nähili beýle bolýa? – diýip, Hommak aga çytylyp sorady. Soňra onuň sesi azmlandy. – Kim aýdýa ony? – Wiý, toba, bolşuň nähili seň? Gully janyň özi aýtdy. – Özi niredemiş onuň? – Honha, o tamda top görüp otyr. Yzy bilen gapyny gürpüldedip giren Hommak aga içki otagdan wagty bilen çykmady. Kula gelmeli powestkanyň öz oglunyň adyna gelmeginde nähilidir bir hile duýan Towar eje adamsynda peýda bolan gaharyň sebäbine bada-bat düşünipdi. Elbetde, Hommak aga-da müňkürlik edýändir. Ýöne Gullynyňky her neneňsi hile bolanda-da, Towar eje ony öz ýanyndan ony bagyşlaýardy. Hommak aga welin, ol hile uly bolsun, kiçi bolsun, bagyşlamasa gerek... Towar eje käsesine guýan çaýyny buza dönderip, bükgüldä galyp garaşdy, diňşirgendi. Içki otagda nämeleriň bolup geçýäni düşnüksizdi. Ilki bada-ha pessaýja hümürdi, ataly ogluň özara sorag-jogaby eşidildi. Soňra bu gürrüň peseldi. Ýene gatalyp ugrady welin, Towar eje oturybilmän, zöwwe-zöwwe galyberdi. Bir göwni-hä içki otaga kürsäp urda, «keç eňek» çalyň al-petinden alyber diýýärdi. Dogry-da bellin. Abadan jögüsiräp gyzyny aldap äkider-de, Gully jan ony aldap getirende bolmaýamyşmy? Beterem bolar. Hilä salany hiläňe çolaşdyrybilseň, nä kemi barmyş? Ataly-ogluň dawasy uzaga çekse-de, gaty-gaty sesler hernä dura-bara peselme bilen boldy. Soň has peseldi. Soňam gapy öňküsi ýaly şarkyldap açyldy-da, Hommak aga işikden ätledi. Towar ejäniň ýüregi ýerine geldi. «Gully jan ynandyrypdyr» diýip, ol şol pursadyň özünde howsalaly şatlyk bilen içini gepletdi. Emma sähel salymdan soňra Gullynyň hiç hili hile etmändigine, bu bolup ýören zatlaryň samsyklaç bir tötänlikdigine, adamsynyň gepini-sözüni diňlän Towar eje göz ýetirdi. – «Mommakow» ýazylypdyr welin, «M» harpy «X» harpyna meňzäpdir. Gully bilen Kulyny orsça öwrüp ýazsaň, atlary hem meňzeş bolup dur. Jaý nomyrymyzam biziň-kä «121», olaňkam «181». Çyrşap goýberipdirler welin, ortaky san ikilikmi ýa-da sekizlik, düşer ýaly bolmandyr. Indi Mommagyň ogly woýennä diýip goşuny düwüp ýörmüş... – diýip, Hommak aga Gully bilen ganda pyçak bolup düşünişen zadyny imi-sala, parahat düşündirdi. Soň hem alada bilen hyrçyny dişledi: – Ýöne, häýt şu gudaň bardyr-da. Düşünäýse, ne ýagşy. Hile edipsiňiz diýip, gören ýerinde üstüňe çöwjäp dursa nädersiň?.. Hommak aga, garaz, ynanypdyr. Bu zatlary oglunyň Abadanyň hilesine içi-bagry ýanansoň ýörite gurap ýörendigini Hommak aga biläýse-hä, Gullynyň dat gününe. Öwezmämmet DURDYÝEW. | |
|
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |