BEREKET MEKANY
1930-njy ýyldan başlap Garrygalanyň tejribe stansiýasynda kawçuk ösdürilip ugrapdyr. Şol ösümligiň adyna Gwaýýila diýlýärdi. Şonuň yzy süresi bolsa krym sagyzynyň hem tohumy getirilip şol ýerde synagdan geçirilipdir. Garrygalanyň howa şertlerinde gowy ösüp, boý alypdyrlar, oňat hasyl beripdirler. Şeýdibem raýonyň kolhozlarynda şol ösümlikler ekilip başlapdyr. Oba adamlary şol döwürde reziniň ýurdumyz üçin nähili uly ähmiýetiniň bardygyna gowy düşünýärdi. Olar ilkinji bäşýyllyklar döwründe-de, uruş ýyllarynda-da şeýle maksada gulluk etdiler.
Bu ösümlikler Türkmenistanda diňe Garrygalada ösdürilip etişdirilipdi. Orta Aziýada bolsa Özbegistanyň, Täjigistanyň günorta raýonlarynda, Azerbaýjanyň dag eteklerinde ekilýärdi.
Golaýda men Garrygalanyň merkezi posýology bilen sepleşip oturan Köwçuk obasynda boldum. Şonda obanyň ady bilen gyzyklandym. Ýaşulylar bu ýerde Beýik Watançylyk urşy döwründe bütinsoýuz ähmiýetli bäşinji Köwçuk senagat hojalygynyň bolandygyny aýtdylar. Onuň adynyň hem şondan galandygyny düşündirdiler. Duşuşykdan galan täsirler, aýry-aýry adamlaryň gürrüňleri galama ýapyşmaga mejbur etdi. Ine, olar şeýle diýýar.
Olga Mezgirýowa, Bütünsoýuz ösümlik institutytnyň Garrygaladaky stansiýasynyň öňki direktory:
Ilki bilen Gwaöýula hakda aýdaýyn. Onuň ýapragy akbaşyňka meňzeş, reňki bolsa kekreňkä çalymdaş.
Ol şitili bilen ekilýärdi. Onuň tohumy bolsa tejribe stansiýalary ýada Köwçük promhozlary tarapyndan iberilýärdi.
Eger-de ýerler güýz wagtynda oňat sürülse, onda alabaharda topragy gowy tekizläp, şitil oturdybermelidi.
Şitilleriň arasy ýarym metirden gowrak bolup, her hatara ýüz müň düýp şitil oturdylýardy.
Eger-de ol düme ýerlerde ekilen bolsa, onda dördünji ýyl diýlende onuň hasyly ýygnalmaga başlanýardy, suwarymly ýerlerde bolsa üçünji ýyl diýlende hasyl ýygnabermelidi. Hasyl ýygnalanda onuň köküni mazaly köwlemelidi, soňam ýaha çapmalydy ýa-da el bilen goparyp almalydy. Şeýle edilip ýygnalan Gwaýýula durşy bilen kowçugyny almak üçin zawoda iberilýärdi.
Indi bolsa birki agyz Krim sagyzy hakda. Bu ösümlik kyrkynjy ýyllaryň başynda Krimden getirildi. Synag edildi. Biziň howa şertlerimize ösýän ekeni. Soň ony raýonyň kolhozlaryna ekmek üçin paýlanylyp berildi.
Ekilen birinji ýylynda onuň kökünde bir prosente golaý kauçuk emele gelýärdi. Ikinji ýyl bäş-alty prosente çenli köpelýärdi. Şol ýylyň iýul aýynda onuň ýapraklary öz-özünden ýere gaçyp ugraýar, ine, şol wagtam onuň köküni köwläp ýygybermeli bolýar.
Krym sagyzy ekilen ýeriň her gektaryndan birinji ýyl 35 klograma çenli tohum alynýardy. Ikinji ýyl bolsa 200 klograma çenli tohum ýygnalýardy. Kada boýunça iki-üç gezek suwarylandan soň krym sagyzy ýerden gögerip çykyp ugraýar.
Idegi gowy görýän ösümlikdi, bäş-alty gezek otamalydy, mazaly bejergi işlerini geçirmelidi. Tehnika bolmansoň hemme zat el bilen edilýärdi. Joýa çekmegem, tekizlemegem, garaz ahli işde el güýjüne daýanylýardy.
Biz şu işi aňsatlaşdyrmagyň ugryna çykdyk. Stansiýany ylmy işgäri Pupikin ony öz üstüne aldy. Ol stansiýanyň ussahanasynda telim günläp işländen soň, ahyry çyzyk çyzyjy gural oýlap tapdy. Ol «Maşyn» ata goşulýardy. Otuz-kyrk adamyň ençe günde etjek işini maşyn bilen sanlyja sagatlarda edip bolýardy.
Soň el seýalkasy ýasaldy. Seýalka bilen günde iki-üç gektar ýere krym sagyzy ekilýardi. Emma hojalyklaryň birnäçesinde şol maşynlara ähmiýet berilmeýardi. Ýadyma düşýär. «Ikinji bäşýyllyk» kolhozynda şol maşynlar on bäş günläp işledilmän ýatypdyr. Ekişiň gyzgalaňly günlerinde şol hojalyklaryň biperwaý ýolbaşçylarynyň suwuna mazaly degileni häli-häzirem ýadymda.
Sary Ýollyýew. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda partiýanyň raýon komitetiniň sekretary:
– Şol döwürde ýurdumyz üçin reziniň nähili zerurýetiniň bolandygyny düşündirip otyrmaýyn. Erkek adamlaryň köpüsi uruşdady. Olaryň deregine aýallar, oglan-uşaklar, garry-gurtylar işleýärdiler. Gijäniň, gündiziň parhyny bilmän işleýärdik. Raýonyň kolhozlaryreziniň ýokary hasyly ugrunda zähmet çekýärdiler. Raýonda Bütinsoýuz ähmiýetli 5-nji kauçuk promhozy işleýärdi.
Hasaplap otursak, ondan bäri niçeme ýyl geçipdir. Men şu günki gün şol döwürde adamlaryň zarpçylarça zähmet çekendiklerini aýtmakçy.
Ýene-de bir zadyýatladasym gelýär. 1941-nji ýylda SSSR Halk Komissarlar Soweti we BK /b/ P Merkezi Komiteti kauçuk önümleriň bahasy bilen baglanyşykly yzly-yzyna iki gezek karar kabul edipdi. Krym sagyzynyň bir kilogram tohumy döwlet 80 manatdan satyn alýardy.
Haýdar Muhyýew, filologiýa ylymlarynyň kandidaty:
– Kakam pahyryň beren gürrüňleri ýadymda: ol otuzynjy ýylda Çärjew şäherinde agranomçylyk okapdyr. Okuwy gutaryp gelenden soň, Garrygalada ýaňyrak açylan kauäuk-promhozda agranomçylyk edipdir. Raýonyň gündogar böleginde ýerleşýän oba häzir hem Kowçuk diýlip atlandyrylýar.
Raýonyň orta gürpünde şol ýyllarda salnan ak jaýlara kawçuk- promhozyň howlusy diýilýärdi. Kawçuksenagat hojalygynyň işçileri üçin salnan birgiden polly-potolokly jaýlar häzir hem bar. Kauçuk diýilýän ekin raýon merkeziniň töwereklerindäki baýyrlarda ekilýärdi. Ol daş görnüşi boýunça ýowşana gaty meňzeş bolup, güýz aýlarynda ýygnalýardy. Soň maşynlar arkaly senagat merkezlerine iberilýärdi.
Kakamyň aýtmagyna görä, ol baýyrlarda düme gögerýän ekindi, medeni zonada bolsa, ol idegi, suwy talap edýärdi.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk