BEÝDÄÝMEK BORMY?
― Bilýäňmi, ol, tüýs, aklyndan azaşan,
Her günde jaň edýär on-on bäş ýola.
Hasabyn ýitirýän SMS-leň-ä,
Edil şol dereje söýmelem däl-ä!
Her gezegem öwýär söz gutarýança,
Taryp edýär şahyrlardan zyýada.
Ýa-ha ol öňdenem şahyr bolmaly,
Ýa-da şony indi düwýär hyýala.
Her jaň, her SMS eredip barýar,
Nädip beýle tapyp bilýär ugrumy?!
Düşünýän, söýendir, ýöne söýse-de,
Edil beýdäýmeli däl-ä, dogrumy?! ―
Diýip, gyz bir boýdaşynyň ýanynda
Irginsiz aşykdan şikaýat etdi.
Şikaýat etdi-de, gysymyndaky
Telefona umyt bilen seretdi.
Hatda düýşüne-de girdi şol zatlar,
Düýşünde-de diýdi: «Beýdäýmek bormy?».
Aýdylanlaň bary hyýal bolsa-da,
Oňa gyzyň özem ynanan borly!
Goşgular