10:48 Biparh | |
BIPARH
Goşgular
Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň, Aglanyňda näme, güleňde näme? Sergezdan duýgular dökdi güllerin, Bilmäniňde näme, bileňde näme? Birmahal azaşan umydy dolap, Gelmäniňde näme, geleňde näme? Garyp galan yşky sözlerňe çolap, Gepläniňde näme, dymaňda näme? Gör kimi ýoklapdyr yşkymyň dady, Örteneňde näme, köýeňde näme? Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady, Söýmäniňde näme, söýeňde näme? *** Aýna bakyp öz-özüme seredýän, Düşünýän özümiň özüm däldigme. Soň arzuwlam hakda pikire gidýän, Gyýylýan hem olaň meňki däldigne. Bu — dünýäniň müdimilik kanuny, Adam oňa boýun egmeli bolýar. Söýen zadyň täleýiňde bolmasa, Täleýiňde baryny söýmeli bolýar. Ýasamaly bolýar hyýallaryňy, Ýürek däl, aklyňa daýanyp mäkäm. Unutmaly ýürekden söýenleriňi, Çilim tüssesine ýitip gitmänkäň. Söýmäsiň gelýäni söýmän bolanok, Dostlarňy küýseýäň ýüregiň gyssa. Erkiňi «erige» daňmak uly zat, Ýöne köp zat erkimizden alysda. • ÝALŇYŞLARYM Men «Harplygy» bäşlik bilen okadym. Soň harplar söz bolup, damdy dilimden. Kagyzlarda goýup ýören nokadym. Goşgy bolar diýip pikirlenmedim. Aldamany öwretmedik enemden Göwn etdim hak sözläp utulanymda. Çagakam jylawlan tut şahalarmyň, At däldigni bildim, ýykylanymda. Ädimlermiň dogrudygna ynanman. Ýalňyşyp ýaşadym bilgeşleýinden. Nädürs günlerimden, ýok mende arman. Ýalňyşmasam nädip düşüneýin men. Ýaşadym islegmiň kejine gitmän. Bezedim ykbaly öz elim bilen. Şükür, asmanymdan ýyldyzlar bakýar. Yşk ownamaz eken böleniň bilen. Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby. | |
|
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |