12:25 Bir sözlemiñ manysy / hekaýa | |
BIR SÖZLEMIÑ MANYSY
Hekaýalar
Bäş sany ogul bilen iki sany gyz perzendiň atasy Saparguly heran-haçan dargursaklyk edip zeýrenjek bolsa, dädesi Ilaman aga “Iki aýakly iki günde” diýendirler, oglum! Nesip bolsa siziňde ogul-gyzyňyz ýetişer, ile-güne deňleşersiňiz, şonda ähli zatdan dynarsynyz!” diýip, göwünlik bererdi. Günler, aýlar, ýyllar garaşmaýar. Indi Ilaman aganyň dünýesini täzelänine on ýyl boldy. Sapargulynyň perzentleriniňem tüweleme, iň kiçisi “Tur, otur, kersen getir” ýumuşlara ýarap ýör, uly ogly bolsa iki ýyl mundan ozal goşun gullugyny tamamlap geldi. Bu gün şenbe bolansoň Saparguly irden çaý-çöregini iýip, ilki bilen bazara baryp gaýtmakçy boldy. Emma oňa ýigrimi ýyl bäri hyzmat edip gelýän “Toýotasy” garažda ýokdy. Ulagy uly oglunyň münüp gidendigini ol aýaly Bahargülden bilip galdy: -Hangeldi ala-daňdan “Toýota” bilen ilerki oba diýip gitdi. “Ýeri, bolýar-da, bazarlyk işim ýokdy-la, ýöne aýlanajakdym” diýip, içini hümleden Saparguly boş oturmazlyk üçin howludaky üzümleriniň çybyklaryny kesip timarlamakçy boldy. Emma öýden çybyklary kesýän guralyny tapman esli kösendi. Keýwanysyndan soranda gaýçyny ikinj ogly Begliniň alyp gidendigi mälim boldy. -Bu gün onuň işleýän kärhanasynda ýowar barmyş. Işe ýaňy girensoň höwesi kän. “Edaranyň howlusyndaky baglary gül ýaly timarlajak” diýip, byçgyny hem alyp gitdi... “Aý, bolupdyr-da, abraý alsyn” diýip, göwnüni giňlige salan Saparguly iki sagatlap mawy ekranyň öňünde oturdy. Bu gün sagat 10-da etrap möçberinde geçirilýän sport bäsleşigine edara-kärhanalarda işleýän işgärlerden düzülen sport tapgyrlary gatnaşýardylar. Olaryň arasynda ezber woleýbolçy Saparguly hem bardy. -Bahar, meniň sport eşiklerimi jemlesene!-diýip, ol keýwanysyna ýüzlenende: -Taýyndyr, içki otagdaky asawaçda asylgy durandyr-diýen jogaby aldy. -Ýok şol ýerde!-diýip, Saparguly azymlyrak gürledi-Men gijä galýaryn ahyryn. Hemişe meni zeýrendirip goýaýarsyň!.. Ellerini howlukmaç süpürip aşhanadan gelen Bahargül şifoneriň gapysyny açdy-da: -Ynha asylgy dur ahyryn!- diýip, asawaja ümledi. Ýöne ol ýerde sport eşiklerinden nam-nyşan ýokdy. Ýitigini gözläp içki otaga giren är-aýal ol ýerde körpe ogullary Nökeri gördüler. Gyzlary Bikeden kiçileri, onunji synpda okaýan ýigdekçe dädesiniň sport eşigini geýjek bolup başynagaýdy. Ol özünden gabaraly bolan sport eşiginiň aşagyny sermäp durşuna: -Men mekdebimiziň woleýbol toparyna janköýer bolup, etrap bäsleşigine gitjek-diýip buşlady. –Indiki ýyl, nesip bolsa, oýunçy bolup gatnaşaryn, türgenleşdirijimiz söz berdi. Öz sport eşigim esli könelipdir, dädemiňkini geýip baraýaryn. “Eý-ho, ozal ulag soňra, indem eşik!” Sapargulynyň gahary dyňzap bogazyna geldi. Emma dädesi pahyryň diwardaky suratyna seredip durşuna, şahandaz gojanyň mähirli keşbinden bir jogap tapan ýaly köşeşdi. Ajymtyk ýylgyryp, elini silkdi-de, otagdan çykdy. Göwşüldäp, sport eşigini tapyp getiren aýalyna Saparguly öz kiçijik ajysyny beýan etdi: -Wah, keýwany dädemjanyň “Çagalaryňyz ýetişer welin, şonda ähli zatdan dynarsyňyz” diýeni asyl şu eken-ä... Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |