13:00 Birje bägül | |
BIRJE BÄGÜL
Jemgyýetçilik tankydy
Dünýäniñ döreýşi barada, Adamata bilen Höwene hakynda häzirki zamanyñ köp satirikleri, kän karikaturaçy hudožnikleri öz pähimlerini bälçiklik bilen beýan etdiler. Planetanyñ ilkinji ynsanlaryny olaryñ göz önüne getirişleri meñzeş bolmasa-da, bir zatda welin olar ylalaşýarlar: hudožnikleriñ biri-de Adamatany egni ezýaka köýnekli ýa-da gara penjekli, gyrmyzy donly göz öñüne getirenok, olaryñ biri-de Höwenäniñ keşbini keteni köýnekli, öýme ýaglykly ýa-da ýubkaly, plaşly edip çekenok. Oña derek, Žan Effeliñ işleriniñ birindedi öýdýän, men başga bir ýagdaýy gördüm: ýagşyñ astynda Adamata Höwenäniñ depesine saýawan tutup dur. Ezilmekden halas edilen Höwene öz hemrasyna minnetdarlyk bilen gözüniñ gyýtagyny aýlaýjak ýaly welin, beýdenokda, buýsançly görnüşde dur. Adamata pakyr welin kaýyllyk bilen digdenekleýär, göterip duran saýawanyndan onuñ özüne haraý ýok. Diýmek, entek siwilizasiýa ýok döwründe hem umumy etika bar eken diýip pikir etmek mümkin... Her niçik-de bolsa, belli hudožnigiñ fantaziýasyny bolaýjak zat hökmünde kabuo edeliñ. Indi has soñraky hem-de has real döwre ~ meşhur Rafaeliñ şöhratly "Madonnasyna" ser salalyñ. Bulutlaryñ arasyndan ýeñillik bilen ýere düşüp gelýän eli bäbekli ajaýyp zenany görüpmidiñiz? Ol adamlara özüniñ iñ gymmatly zadyny ~ perzendini alyp gelýär. Ýerde bu çaga gör, näçe ezýet-horluklaryñ garaşýandygyny bilse-de, ol çagasyny adamlaryñ ýanyna alyp gelýär. Henize-bu güne çenli hudožnikleriñ eli bilen döredilen aýal adamyñ ~ enäniñ in adamkärçiliklisi hasap edilýän şu meşhur esere diñe bir seretmegiñ özi-de zenan maşgala baradaky oý-pikirleriñi nähili baýlaşdyrýar! Beýik-beýik pähimdarlar, uly-uly şahyrlar aýal maşgalany gör, nämelere meñzetdiler, gör, nähili wasp etdiler "Dünýä sözi meñzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa..." (Magtymguly) Ony Aý, Güne, güle meñzetdiler. Gül gyz-gelniñ klassyky simwoly bolup galdy. "Bilbil seýran eder gülden güllere" Şeýlelikde, gül bilbile guwanyp, bilbil gülüni wasp edip geldi. Döwür öñe süýşüp, adamzat XX asyra ýetdi. Biziñ rewolýusion asyrymyza-da eneler özleriniñ beýik mähri, gözeller belent buýsançlary bilen geldiler. Maksim Gorkiniñ "Ene" romanynda bu "ejiz jynsyñ" nähili guwanç, neneñsi mähir bilen teswir edilendigine köpimiz beletdiris. Indi gadymy eliboş gözelleriñ deregine zähmetkeş, işli gözeller peýda boldy. Gün görmäge zar, örüsi juda çäkli gözelleriñ ýerini erkana uçup, ýüzüp bilýän, göwün islän ýerine göterilip bilýän gözeller eýelediler. Gadymy söýgi bolsa öñki güýjünde galdy. Geçen urşuñ ýalynly ýyllarynda garañky gijede sykylyklaýan gyzgyn gülläniñ arasynda sowet esgeri uzakda galan ýaryny ýatlap şeýle ýazdy: "Ölüm gorkuly zat däl, Köp sataşdym men oña, Häzirem ol daşymda Meni garagullaýar. Balam üste baş egip göz dikýänsiñ ýoluma, Şonuñ üçin ölemok, ölmerinem, söwer ýar!" Emma ine şeýle gudraty, şeýle güýji besleýän zenan müñde bir şahyryñ dilinde wasp edilen, wasp edilýän jadyly gözlerine ýaş aýlap dur. Näme üçin? Oña näme boldy? Ony urdularmy, oñ sökdülermi? Ýok. Iñ agyr günlerde ynsan mertliginiñ nusgasyny saklan naçar ýüregi, bu ajaýyp ýürek ýoknasyz bir nadan ýigidiñ batnyksyz sözüne ýaralanypdyr. Zenan ýüreginiñ "Günden güýçli, gülden näzikdigi" eýsem şu ýerdedir. Ýañky ýigit gürrüñsiz bilimlidir. Ol siwilizasiýanyñ, gumanizmiñ asyrynda ýaşaýanlygyny köp gezek diline alandyr, emma öñki asyrlarda-da nadan nadanlyguna galýan bolara çemli. Şeýle bir rowaýat bar. Bir zamanlarda oklykirpiniñ towşanyñky ýaly ýumşak, mylaýym derisi bolanmyş. Diñe daşky görnüşi däl-de, o janawaryñ häsiýeti hem derisi ýaly ýumşak, mylaýym eken. Güýçli duşmanyñ biri onuñ şu ýumşaklygyny öz bähbidi üçin peýdalanmakçy bolupdyr. Ýagdaý kirpi pakyryñ öz-özüni, öz namysyny, öz hatyrasyny goramagyny talap edýär. Şonda ejiz janawar Allatagala nalyş edip, bir nagra dartýar welin, ýumşak derili kirpi şindiki görnüşine gelýär duruberýär. Syh-syh bolup duran oklary ony ýaman gözden goraýar. Elbetde, ýaman gözden, awuly dilden goranmak üçin biz öz zamandaş zenanlarymyza "nalyş edip nagra dartmagy" maslahat bermeýäris. Bu ýerde köp zat ilki bilen zenanlaryñ özlerine, özlerini alyp baryşlaryna baglydyr. Buýsançlylyk her halda, her zamanda möhüm. Biz buýsanç diýen düşünjäni alçaklygyñ gapma-garşysyna goýamzok. Ot ýaly oglanlar öñüñden çykar, Gözleri ataşdyr, sözleri şeker, Üç gezek bükülip, dyzyna çöker ~ Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! Ýalan aşyk az däl entek dünýäde, Ýalan sözli az däl entek dünýäde, Baýramda, ballarda ýary sal ýa-da, Başgalañ deñinden başga bolup geç! Ýüzüñ açyk bolsun, çytyk bolmasyn, Gözüñ gülsün dursun, tutuk bolmasyn Duşuñdan garaman ötüp bolmasyn ~ Ýere bakma ~ ile nazar salyp geç! Aýal maşgala ýöne ýerden naçar diýlen däldir. Onuñ tebigy näzikligi "güýçli" jyns hasap edilýän erkek kişileriñ olara aýratyn hormat goýmaklaryny, olar bilen mylaýym, medeniýetli gepleşmeklerini talap edýär. Emma biziñ aramyzda umumy medeniýeti çäkli, hatda medeniýetsiz, erkek adamlaram entek az däl. Abraýly edarada işleýän gelin redaksiýa şeýle hat ýollapdyr: "Kollektiwde işleýän aýal adam diñe men, sebäbi, kollektiw kiçi ~ hemmämiz ýedi adam. Şu ýagdaýda meniñ işdeş ýoldaşlarym ~ erkek adamlar maña sylag-hormat, hatda käte geçirimlilik hem edäýjekler ýaly. Dogry, men özümi hem ak guş hasap edemok ~ dilim duzlurak. Pikirimi gönüden-göni aýdýan, ýüz göremok. Emma bu sypatlar meniñ kemçiligimmikä? Garaz, edaramyzyñ ýolbaşçysy bilen mäşim-ä bişişenok. Ol ýaranjañy ýagşy görýär. Menden beýlekiler ~ erkek adamlar ony şeýle bir öwýärler welin, ýüzüñ çydar ýaly hem däl. Menem çydaman bir gezek olara "Ejiz jyns-a siz ekeniñiz, ýaranjañlyk edip gün görmek uslypmy?" diýäýmenmi. Şodur-şodur, meniñ "daşyma" geçip başladylar. Ilki-ilki-hä ýoldaşlarym meniñ salamymy hem alman ýördüler, soñ kesämden kikirdeşip gybat edip başladylar. Özlerini erkek adam hasaplaýan ýoldaşlarymyñ şeýle pese düşmegi nämedenkä? Oturyp-oturyp haýranlar galýan". Bu ýagdaýyñ "nämedendigini" bilmek añsat däl. Emma güýçli adam hiç hili ýaranjañlyk etmez. Ýaranjañlyk gürrüñsiz ejizligiñ alamatydyr, hilegärligiñ, wezipeparazlygyñ nyşanydyr. Ýaranjañlykda jemgyýetçilige howply element ýok diýjek bolýanlar bar. Emma bu bu bütinleý nädogry. Sebäbi, ýoldaşynyñ ýalñyşyna "dogry" diýip, nädogry hereketlerine "ajaýyp" diýip, ýaranjañ işgärler ony gös-göni jezanyñ üstünden eltýärler. Bu sözleri gepiñ gerdişinde aýtdyk. Emma esasy temamyzdan sowlamzok. Sebäbi, jemgyýetçilik durmuşynyñ hiç bir tarapyny aýal-gyzlarsyz göz öñüne getiribem bolmaz. Mylaýym söz hemme kişä-de ýaraman duranok. Emma aýal maşgala üçin has zerur. Bu ýerde ejizlik ýok, tebigy talap bar. Elbetde, gül näzik zatdyr, ony ynjytmakdan añsat zat ýok. Belki, şonuñ üçin-de güller mydama mylaýym baharda açylýandyr. Emma bägül diýen ösümligiñ tikenekli bolýandygyny-da unutmak bolmaz. Biziñ bägüllerimiziñ ~ gözelligimiziñ her bir kelpeñden, sowatly nadandan goranmaga ýeterlik ýaragy bardyr. Her niçik-de bolsa, köp zat gözelleriñ ~ bägülleriñ özlerine-de bagly. Biziñ buýsançly zenanlarymyz bar. Buýsançlylyk bolsa her halda, hemme döwürde gerek. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |