21:27 Bolmasyn | |
BOLMASYN
Goşgular
Gözler baglanmasyn gara tünlere, Ýol tapmaýyn oturmaly bolmasyn. Ak pullary sowup erbet günlere, Ýowuz ýumşy bitirmeli bolmasyn. Aram bolsun her kişiniñ janynda, Ynsaby garylyp aksyn ganynda, Töhmet belasynyñ gara donunda Ynsan ömrün ötürmeli bolmasyn. Habarly bol herki işde çeniñden, Ozup geçme öz yrsgalyñ deñinden. Kanagat lukmany geler emiñden, Şypa wagtyn ötürmeli bolmasyn. Ynsanyñ döreýşi örän gyzyk-da! Oña hasrat ýakyn, şatlyk uzakda. Melamat kän bolar gahar-gazapda, Sabry elden gidermeli bolmasyn. Aýaklañy ýuwup säher çygyna, Haýryñ ugruna git, bakman ygyna. Nyşana öwrülip töhmet tygyna, Hiç kim özün ýitirmeli bolmasyn. Ýöräp gitseñ ýagşylaryň yzyndan, Göz baglanmaz tozanyndan-tozundan. Menziliñ anyk bor özi-özünden, Dogry ýola getirmeli bolmasyn. Akyl işlet, bar zat geler çeniñe, Iki eliñ gizlemegin ýeñiñe. Müñ gamly gün taýyn bir şat günüñe, Hasabyny ýitirmeli bolmasyn. Türkmeniñ telpegi-namys bezegi, Gaýrata-gujura berer gezegi. Tamdyryñ guraly: gara kesewi Garalygyn ýitirmeli bolmasyn. Akyl däl-de, köñl islegin bitirip, Baş ýaýkama ahmyr bilen oturup. Iki söýşen biri-birin ýitirip, Ökünç ýükün götermeli bolmasyn. Sygynyp gez ene ýere-topraga, Örküñdir ol, aýak diräp oturara. Yzgarly bol, kesek kimin pytyrama, Çöpläp, ýygnap getirmeli bolmasyn. Bagty gülüp baksyn gunça gyzlaryñ, Seýran etsin düşen ýerniñ ýazlaryn. Bereketi bolsun tagam-duzlaryñ, Kise boşap, çot urmaly bolmasyn. Dursun mydam bir-birege göz düşüp, Gözler awunmasyn tozan-toz düşüp, Aralyga ýalan-ýaşryk söz düşüp, Hak dostlary yitirmeli bolmasyn. Çyn ogullar ata başyn dik saklar, Gözel gyzlar namys tugun bek saklar, Ine, şonda mertebäni Hak saklar, Buýsançly baş egilmeli bolmasyn. Türkmende söz kändir aýdyp-diýmeli, Akyl işdä-gulak bilen iýmeli. Gyrkylan erkeçdir abraý diýleni, Ony elden gidermeli bolmasyn. Ýaý çekilse peýkam bilen çekiler, Ok sowa geçmese nyşan ýykylar, Ýaman gepden köñül örki söküler, Söz tagamyn ýitirmeli bolmasyn. "It hem iýmez, dolap berseñ possuga", Diýlen baha alyp geler peslige. Töhmetden ybarat gybat ýassyga Gara başy ýetirmeli bolmasyn. Aw syparmy çyn mergeniñ okundan? Gep-gybatam şonuñ ýaly, çakymdan. Sabyr bilen akyl çykar hakyndan, Gahar tygyn götermeli bolmasyn. Her bir işi berjaý eýle germine, Göwün sygsa göwre sygar göwrüme. Perzent tabydyny ata egnine, Aglap, eñräp, götermeli bolmasyn. Şyhymyrat, goýaý indi nokady! Añşarmadyñ menzilleri, bekedi. Bilmerin, kim diñläp, kimler okady, Şygrym oda atylmaly bolmasyn. Şyhymyrat Abdyllaýew. | |
|
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||