22:24 Boýun almagam mertlikdir | |
Remezan Mämetgurbanowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 04.08.2023 ý. Meniñ ýaş wagtlarym obada toý alyp baryjysy tanymal tamadalarymyz bardy. Şolaryñ goşgularyny diñläp, tanaýan şahyrlarymyzyñ goşgulary bolanda plan şahyryñ goşgusy diýip, nätanyş goşgulary okanynda bolsa kimiñ goşgusy diýip sorasak özüm düzdüm diýerdi. Soñ ýene şonuñ ýaly yzyndan tamada ýetişdi, onuñam goşgulary käbir sözlerini üýtgedip şol bir goşgylary okaýardy. Indi öñki tamada meniñ düzen goşgym ol şony okaýar diýip gysganýardymy nämemi? Gepiñ keltesi awtory özüm diýip aýdýardy. Wagt geçdi warak aýlandy şol diñleýän goşgularymy dogrusyny aýtsam men Nobatguly Rejepowyñ kitabyny alyp okaýançam şol okalýan goşgulary aýdýan tamadanyñ özüniñki diýip bilýädim. Asyl görsem Nobatguly Rejepowyñ toý goşgularyny özümiñki diýip ýören bolsa nätjek. Soñ şol goşgular özüñki däl ekeni, Awtory Nobatguly Rejepowyñ goşgusy ekeni diýsem, ýöne gülüp, "Hawa, obanyñ adamlary bilenok, şoñ üçinem özümiñki diýdim" diýip jogap berdi. Awtoryny özüm diýmände hakyky awtory aýdanyñda bolanokmy diýsem. - Aý, onda-da tamada bolmak üçin özümki diýmeseñ, onda klient az - diýip boýun aldy. Gynansak-da, bu meselede biziñ özlerimiziñem günämiz az däl. Köpçülik bolup göreşmeli we okap öwrenmekden boýun gaçyrmaly däl. • Awtor hakynda Remezan Mämetgurbanow 1984-nji ýylyñ 16-njy oktýabrynda Çärjew oblastynyñ Garabekewül raýonynyñ (häzirki Lebap welaýatynyñ Saýat etraby) Lamma obasynda doguldy. Döredijilik işi bilen ýakyndan gyzyklanýan R.Mämetgurbanow kitapcy.ru saýtynda yzygiderli çykyş edip gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |