22:08 Bumyn han | |
BUMYN HAN TÜRKMEN
Taryhy şahslar
• Göktürkmenleriň döwleti barada Mete han tarapyndan esaslandyrylan oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwleti ýykylandan soň ata-babalarymyz birnäçe asyrlaryň dowamynda dagynyklyk ýagdaýynda ýaşapdyrlar we keseki döwletleriň ýapjasyna öwrüpdirler. Ýöne, VI asyryň ortalarynda oguzlara gaýtadan ýygnanmaga we özbaşdak döwlet gurmaga taryhy mümkinçilik döräpdir. Muňa aýratyn hem şol döwürde sebitde emele gelen halkara ýagdaýy mümkinçilik beripdir. Çünki sebitde ýaşaýan halklaryň we uly giňişliklerde ýerleşýän döwletleriň arasynda özara uruşlar başlapdyr. Bu uruşlar halkara gatnaşyklary uly zyýan ýetiripdir.Biziň gadymy ata-babalarymyzyň hyzmaty bilen Beýik Hun döwleti döwründe ýüze çykan «Beýik ýüpek ýoly» kesilipdir. Biziň gürrüňini edýän döwrümizde oguz-türkmen halky bolan göktürkmenler Žužan döwletine ýapja bolup, uly horluklary başdan geçiripdir. Göktürkmenler žužan hanlaryna demir eredip, ondan ok-ýaraglary, zähmet gurallaryny ýasap bermäge borçly edilipdir. Hytaýyň ýerinde hem birnäçe döwletler peýda bolup, bular hem özara uruşlardan ejir çekipdirler. Hytaýdaky şol döwletleriň biri bolan Günbatar Weý döwleti biziň ata-babalarymyz bolan Göktürkmenler bilen goňşyçylykda ýerleşipdir. Günbatar Weý döwletiniň üstüne beýleki bir Hytaý döwleti bolan Gündogar Weý döwleti öz ýaranlary toganlar we göktürkmenleriň duşmany žužanlar bilen bileleşip, häli-şindi talaňçylykly çozuşlary geçirip durupdyr. Eýýäm mälim bolşy ýaly, göktürkmenler žužan döwletiniň zulumyndan ejir çekipdirler. Žužan hany Anahuan göktürkmenleri «Meniň demirçi gullarym» diýip kemmsider eken. Dürli taraplardan çozuşlara sezewar edilýän Günbatar Weý döwletine wepaly ýaran zerurdy. Göktürkmen halkyna-da şol döwürler edenli hökümdar, başarjaň serkerde gerek bolupdyr. Şeýle howsalaly we jogapkärli ýyllarda şeýle gerçegi göktürkmenlere ykbal peşgeş beripdir. Ol gerçek Bumyn han (hytaýça - Tumyn) bolupdyr. 545-nji ýylda Günbatar Weý döwltiniň patyşasy Wyn-di öz köşk adamlarynyň birini, gelip çykyşy boýunça oguzlardan bolan An Nopantony Bumyn hanyňka ilçi edip ugradypdyr. An Nopanto Bumyn hana öz imperatorynyň dostlukly gatnaşyklary açmak isleýändigini aýdypdyr. Wyn-diniň ilçisini Göktürkmenler uly şatlyk bilen garşylapdyrlar. Bu barada Hytaýyň Tan dinastiýasy döwrüniň belli taryhçysy Weý Çžen özüniň «Suý nesilşalygynyň taryhy» diýen eserinde «Biziň ýurdumyza beýik döwletden ilçi geldi. Indi biziňem döwletimiz galkynar diýip, Ordada hemmeler biri-birini gutlaýardylar» diýip ýazypdyr. Güýçli goňşy bilen ýaran bolmak, onuň bilen bileleşip ýigrenji duşmanyň gol astyndan çykmak Bumyn hana-da örän zerur bolupdyr we ol Wyn-diniň tekliplerini göwünjeňlik bilen kabul edipdir. Her bir halkyň taryhynda möhüm pursatlaryň bolşy ýaly, 545-nji ýyl Bumyn han üçin hem, bütin oguz-türkmen halky üçin hem taryhy pursat bolupdyr. Şol pursady wagtynda peýdalanyp bilseňä asyrlar boýy deňli-derejeli halk bolup ýaşaýarsyň, bolmasa-da, soňraky asyrlaryň taryhy wakalarynyň görekezişi ýaly, žužunlar, toganlar, kidanlar we başga-da köp halklar ýaly şindi gojaman gadymyýetde ýitip gitmeli. Bumyn han taryhy pursadyň ýetip gelendigine düşünipdir we haýdan-haý işe girişipdir. Ol özüniň ýakyn adamlaryny Günbatar Weý döwletiniň paýtagty Çanana sowgat-serpaý bilen ilçiler hökmünde ugradypdyr. Ilçiler göktürkmenler bilen Günbatar Weý döwletiniň arasynda umumy duşmana garşy ýaranlyk hakynda şertnama baglaşypdyrlar.Ýöne, Hytaý bilen şertnama baglaşylsa-da, oguz-türkmenleri üçin žužanlar entegem güýçli garşydaş bolup durýardy. Emma Bumyn han Hytaý bilen şertnama baglaşyp, žužynlara özboluşly «zarba» urupdyr. Žužan agalygyndan ejir çekýän halklaryň biri-de, göktürkmenler bilen garyndaş halk bolan tele taýpalarydy. 550-nji ýylda 50 müň öýli tele taýpalary žužan zulmyna garşy gozgalaň turzupdyrlar. Ýaramaz ýaraglandyrylan we hor-homsy teleleri žužanlar gürrünsiz derbi-dagyn etjekdiler. Şonuň üçin hem žužanlara garşy urşa taýýarlanyp ýören Bumyn han gowy ýaraglandyrylan atly goşunlary bilen teleleriň öňünden çykypdyr we olardan boýun bolmagy talap edipdir. Teleler Bumyn hanyň talabyny ýerine ýetiripdirler we onuň raýatyna öwrülipdirler. Teleler žužan zulmundan azat bolup, özleri ýaly türki dilli halkyň düzümine giripdirler. Şeýlelikde, Bumyn han güýçlenipdir. Sebäbi onuň žužanlar bilen söweşip biljek goşunam, ýakyndan goldaw berjek ýäranam bolupdyr. Duşmany öjükdirmek maksady bilen Bumyn han žužan hany Anahuanyň üstüne sawçy iberipdir we onuň gyzyny diläpdir. Sebäbi hanyň gyzyna öýlenmeklik sähra kanunyna görä Bumyny Anahuan bilen deňleşdirjekdi. «Meniň demirçi gulum şeýle teklibi etmäge neneň het edip bildikä?» diýip Anahuan dergazap bolupdyr. Elbetde, Bumyn han Anahuanyň özüne gyzyny bermejekdigini bilipdir. Bu oňa bahana hökmünde gerekdi. Sebäbi Bumyn indi «göwnüne deglen» adamdy. Žužan agalygyna garşy urşa taýýarlanýan Bumyn han Günbatar Weý döwleti bilen gepleşiklere täzeden başlapdyr. 551-nji ýylda Bumyn han Wyn-diniň gyzyna öýlenipdir. Patyşanyň aýaly şol döwürler «Hatyn» diýlip atlandyrylyp, Wyn-diniň gyzy Çan-le şol ada eýe bolupdyr. Wyn-diniň gyzyna öýlenmeklik Bumyn hanyň abraýyny öňküsindenem artdyrypdyr, Anahuany bolsa gazaplandyrypdyr. Emma, gynançly ýeri, şol ýyl Bumyn hanyň dosty hem gaýyn atasy Wyn-di aradan çykypdyr. Bumyn han bu ýagdaýa gynanypdyr we Wyn-diniň ýasyna 200 sany ýylky iberipdir. 552-nji ýylyň gyşynda Bumyn han goşunlaryny žužanlaryň üstüne sürüpdir we gandöküşlikli söweşlerde olary derbi-dagyn edipdir. Bu söweşde teleler hem göktürkmenler bilen egin-egine berip söweşipdirler. Ýeňlen Anahuan özüni öldüripdir, ogly Ýanloçen bolsa ýurduny taşlap gaçypdyr. Žužanlaryň döwleti ýykylyp, onuň ýerleri Bumyn hanyň eline geçipdir. Şeýlelikde, dünýä taryhynda ýene-de bir türkmen döwleti - Göktürkmenleriň döwleti döräpdir. Döwleti esaslandyran Bumyn hana halk «Il han» adyny-ýagny « döwletiň hany» adyny dakypdyr. Şonuň ücin hem göktürkmenleriniň taryhyna degişli giçki döwrün çeşmelikde ol «Il han» diýlip atlandyrylýar. Özbaşdak göktürkmen döwletini döretmek işinde Bumyn hana onuň merdana inisi Istemi han (hytaýça - Şetemi) ýakyndan ýardam edipdir we agasynyň alyp baran ähli söweşlerine gatnaşypdyr we özüni şöhratly serkerde hökmünde tanadypdyr. Oguz-orhon ýazgylarynda Bumyn han bilen Istemi hanyň atlarynyň bir ýerde gelmegi hem ýöne ýerden däl, sebäbi göktürkmenler bularyň ikisini hem özleriniň nesilbaşylary hasap edipdirler. Ilhanlyga göterilen Bumyn hany egindeşleri ak atkeçä mündirip, günüň aýlanyşy ýaly dokuz gezek aýlapdyrlar we her aýlawda onuň öňünde baş egip, tagzym edipdirler. Şundan soň ony çapylýan atlaryň birine mündürip, boýnuny ýüpek ýaglyk bilen mäkäm daňypdyrlar. Soňra ýaglygy gowşadyp ondan «näçe ýyl han bolup berersiň» diýip sorapdyrlar. Bu däpler göktürkmenleriň taryhynda han saýlananda berjaý edilmeli hokmany bolan dessur hökmünde ýaşapdyr. Türkmenlerde han saýlananda ak atkeçäniň üstüne müdürilmegi ýaňy-ýakynlara çenli dowam edip gelipdir. Bumyn han Oguz handan gelýän ýol-ýörelgeleri dikeldipdir. Dolandyryşda nesilbaşymyz Oguz handan görelde alypdyr. Bumyn han uly we kiçi wezipeli jemi 20 adamdan durýan döwlet edarasyny döredipdir. Olardan ýokary wezipeleri şat, tegin, silik we başgalar bolupdyr. Bumyn hanyň döreden Göktürkmenler döwletiniň baýdagynda möjegiň kellesiniň altyndan edilen şekili ýerleşdirilipdir. Hanyň özüni «börüler» («möjek») diýlip atlandyrylan janpenalar gorapdyr. Bumyn hanyň girizen kanunlaryna görä, jenaýatyň iň ýamany topalaň turuzmak, dönüklik etmek, adam öldürmeklik, ahlaksyzlyk, we kesekiniň atyny ogurlamak bolup, jenaýatkärlere ölüm jezasy berlipdir. Günbatar bilen Gündogaryň arasynda Göktürkmenleriň döwleti döränden we uly giňişliklerde asudalyk höküm sürüp başlanyndan soň Bumyn han «Beýik ýüpek ýoluny» dikeltmäge girişipdir. Elbetde, ol bu işi amala aşyrmaga ýetişmändir, ýöne onuň edenli ogullary bu ýoly tiz dikeldipdirler. Göktürkmenleriň döwletini esaslandyran Bumyn han 552-nji ýylda aradan çykypdyr. Hunlaryň döwründe bolşy ýaly, göktürkmenleriň döwründe-de aradan çykan hanyň ornuna däbe görä, nesilşalygyň ýaşulysy tagta çykmaly bolupdyr. Şol döwürler Istemi han iki ganatdan - Gündogar we Günbatar ganatlardan durýan Göktürkmenleriň döwletiniň Günbatar ganatynyň hökümdary eken. Tagta çykmaga hukugy bolsa-da, Istemi hanlyga razylyk bermändir. 554-nji ýylda Istemi han Günbatara tarap uly ýörişe başlaýar. Bu ýörişleriň netijesinde Ýedisuwyň, Çuý jülgesiniň, Wolganyň we Kubanyň aşaky akymlarynyň, Yrtyşyň we Işim derýalarynyň ýokary akymlarynyň çarwalary, Amyderýanyň we Tarim derýasynyň jülgesinde ýaşaýan oturymly ilat, Hindiguşyň we Kawkazyň dagly halklary Istemi hanyň raýatlaryna öwrülipdirler we ol ýerler Göktürkmen döwletiniň düzümine girizilipdir. Istemi hanyň Günbatarda eýelän ýerlerniň esasynda soňra onuň nesilleri Günbatar Göktürkmen döwletini esaslandyryp, döwletiň araçäklerini Ýewropa çenli uzaldypdyrlar. Beýik hökümdar we edenli serkerde Istemi han 576-njy ýylda aradan çykypdyr. Bumyn han ölenden soň onuň ornuna uly ogly Gara han «Gara Yssy han» (Yssy - gyzma manysynda) tagt ady bilen göktürkmenlere hökümdar bolupdyr. Ýöne, bu hana hem uzak höküm sürmek miýesser etmändir we 553-nji ýylda ol aradan çykypdyr. Tagta Bumyn hanyň kiçi ogly Güş han (hytaýça - «szyşu») çykypdyr. Guş han göktürkmenleriň taryhynda gelip çykan tiresiniň ady bilen baglanyşykly Ýegen han (hytaýça-»sygin»), Ýeňdi han (hytaýça-»ýandu») lakamy we Mugan han (hytaýça-»muýuý») diýlip atlandyrylan tagt ady bilen hem bellidir. Mugan han kakasy Bumyn han ýaly örän başarjaň serkerde we edenli hökümdar bolupdyr. Bu hanyň döwründe Göktürkmenleriň döwletiniň serhetleri uzaklara ýetirilipdir. Bu döwletiň tutan meýdany barada Hytaýda Sun dinastiýasy döwrüniň belli taryhçysy we döwlet işgäri Ouýan Sýu özüniň «Tan nesilşalygynyň taryhy» atly ajaýyp işinde Göktürkmenleriň döwleti «Gündogarda Koreýa aýlagyndan günbatarlygyna Günbatar deňzine çenli 10000 li («li» - uzynlyk ölçegi «1000 metre golaý»), Günortada Garagumdan demirgazyklygyna Demirgazyk deňzine çenli 5-6 müň li aralykda ýerleşip – şu ýerleriň hemmesi oňa degişli. Ol Hytaýyň esasy bäsdeşine öwrüldi» diýip ýazypdyr. Minnetdar nesiller Bumyn hany unutmandyrlar. Belli göktürkmen hanlary bolan Költeginiň we Bilge hanyň mazaryna daş galdyran Ýolly han (734-739) daşyň ýüzüne «Haçan-da ýokarda gök, aşakda ýer döredilende, bu ikisiniň arasynda adamzat nesli ýaradyldy. Adamzat nesliniň başynda meniň atam-babam Bumyn han we Istemi han oturdy» - diýip guwanç bilen ýazypdyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |