21:58 Çaga ýaly adamlar | |
ÇAGA ÝALY ADAMLAR
Goşgular
![]() Olar dileg salsalar, Ýumşun bitirmek aňsat. Olar gamgyn bolsalar, Göwnün götermek aňsat. Olary öýkeletseň, Derrew ýitirmek aňsat. Kyn düşse-de, ädimin, Haýyr üçin ädenler. Gapysyndan baranym Çaga ýaly adamlar! Gerek wagty, tilki däl, Olar aldap bilenok. Nebisleriniň yzynda It dek ylgap bilenok, Biri büdräp ýykylsa, Elin salgap bilenok. Özgäň bähbidi üçin Özlerini unudanlar. Meniň arka diränim Çaga ýaly adamlar. Keýikler dek tazygyp, Çete çekilmesinler! Ýadygärlikler ýaly, Dursun, ýykylmasynlar, Gülleriň tohumy deý, Össün, tükenmesinler! Il gaýgysyn gursakda Çagasy deý gundanlar, Köki döwrüň-döwranyň Çaga yaly adamlar. Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||