11:41 Çaga ýürekli çagalar şahyrydy | |
ÇAGA ÝÜREKLI ÇAGALAR ŞAHYRYDY
Ýatlamalar
Daşyndan göräýmäge, döredijilik adamynyň durmuşy hiç bir adamyňkydan tapawutlanmaýan ýaly. Ol hem adaty bir maşgalada dogulýar, terbiýelenýär, ösýär, ulalýar. Adaty adamlar ýaly, okaýar, işleýär; hemmeler ýaly, iýip-içýär, gamlanýar, şatlanýar, düýş görýär. Emma döredijilik dünýäsi hakynda gürrüň edilende, hiç bir döredijilik adamynyň dünýäsi başga bir adamyň dünýäsine meňzäp bilmez. Bu asla mümkin hem däl. Sebäbi döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam döredijilik älemine öz ýol-ýodasy bilen, onda öz aýak yzlaryny goýup, bu jadyly älemiň giň goýnuna aralaşýar. Öz sözüni aýdyp, öz ýüzüni görkezip bilmedik adama döredijilik dünýäsi öz jadyly işigini açdyrmaýar. Ekmedik bagyna keseki uzak bagbançylyk edip bilmez. Ol bagyň miwesi hiç kimiň hem agzyny uzak tamşandyrmaz. Özboluşly döredijilik ýoly bilen halka özüni ykrar etdirip bilen ýazyjydyr şahyr edebiýat meýdanynyň bagynda datly nygmatlary iline hödür edip biler. Biziň gürrüňini etjek bolýan adamymyz özüniň gysga ömründe çagalara niýetläp ýazan goşgulary bilen tanalan, edebiýatmeýdanyna öz ýol-ýörelgesi bilen gelen şahyr Rejep Arazdurdyýewdir. Rejebiň ömrüne, durmuşyna degişli maglumatlar adaty adamlaryňkydan tapawutlanmaýar. Ol 1960-njy ýylda Köneürgenç etrabynyň Maslahat geňeşliginde dogulýar. Kakasy Arazdurdy Jumaýew oba mekdebinde matematika mugallymy bolup işläpdir. Rejep köp çagaly maşgalada önüp-ösýär. Ejesi Bazargül eje ir aradan çykýar. Ene mährinden ir mahrum bolan Rejep maşgalada uly çagady. Jigilerine göz-gulak bolmak köplenç oňa tabşyrylýardy.Elbetde, çagalaryň arasynda ekabyrbolmak aňsatdäldi. Emma ol öz gören-eşiden wakalaryny,okan kitaplaryny süýjedip gürrüň berip, jigilerini özüniň agzyna bakdyrmagy başarýardy, olary güýmeýärdi. Hemişe köp gürläp ýörmese-de, onuň söze çeperligi edebiýat sapagynda äşgär duýulýar. Mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Ýaňabaý Esenow Rejebiň çeper sözüňmuşdagydygyny duýandan soň, oňa biparh garamaýar. Ol adam kalbynyň töründäki gözel duýgularyň çeper söz arkaly açylýandygyny irmän-arman düşündirýär. Kalby edebiýatyň jadyly dünýäsine atygsaýan ýaş oglana halypalyk maslahatlaryny berýär. Şol goşgulardan kämil hasaplanlaryny bukjalara salyp, olaryň dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna ýol almagyna ýardam edýär. Mekdep okuwçysy döwründe Rejebiň goşgulary etrap,welaýat gazetlerinde, ýurt möçberinde çykýan çagalar neşirlerinde çap edilýär. Bu üstünlikler ýaş şahyryň joşgunly kalbyny has hem ganatlandyrýar. Ol indi hemişe sere gelen pikirlerini täze bir ýordumyň, öň aýdylmadyk sözüň üstibilen aýtmagyň oý-hyýallaryna berildi ýördi. Ýaşy ulaldygyça hem çagalaryň gamsyz durmuşy, hyýallara baý dünýäsi oňa barha gyzykly göründi. Rejep Arazdurdyýewiň orta mekdebi tamamlandan soň, etrap gazetinde işlemegi onuň döredijiliginiň has hemkämilleşmegine ýol açýar. Ol şol döwürde neşir edilen Köneürgenç etrabynyň «Ak altyn» gazetinde işlän ýyllarynda soň ýurdumyzda tanymal ýazyjy-şahyrlar bolup ýetişen Tirkiş Sadykow, Gazakbaý Ýollyýew, Rejepgeldi Mejikow, ŞöhratAbdyýew ýaly deň-duşlary bilen ýakyn döredijilik hyzmatdaşlygynda bolýar.Olar edebiýatyň meseleleri, täze döreden eserleri barada biri-birleri bilen yzygiderli pikir alşyp durýarlar. Aýratyn hem, şol döwürde daşoguzly ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň pajarlap ösmeginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hangeldi Garabaýewiň hyzmaty uly bolýar. Ýazyjylar birleşiginiň welaýat boýunça edebi maslahatçysy bolup işlän ýaşuly şahyryň ilkinji goşgular kitabynyň çykmagy, goşgular toplumlarynyň dürli ýyllarda ýaşlaryň goşgular ýygyndylaryna goşulmagy ugrunda edýän aladalary bimöçber bolýar. Ol ýurt möçberinde geçirilýän ýaşlaryň döredijilik-okuw maslahatlaryna ýaş ýazyjy-şahyrlaryň yzygider gatnaşmagyny guraýar. Hatda onuň ýaş şahyryň ýaşaýyş jaý meselesini çözmek üçin degişli edaralara birnäçe gezek gatnap ýüz tutmaga ýaltanmandygyny Rejebiň ýanýoldaşy Sonýa Söýünowa ýatlaýar. Rejep Arazdurdyýew 1984-1989-njy ýyllar aralygynda öz gazet işiniň daşyndan Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde gaýybana okaýar. Şol döwürde onuň bilen bile okan, işleşen ýoldaşlary Rejebiň az sözli, özünden juda talapkär adam bolandygyny aýdýarlar. Ol çeper döredijilikde barha kämilleşýär. Hemişe köp okaýan, öwrenenlerini özüne sapak edinmegi başarýan ýaş şahyryň edebiýat meýdanynda özboluşly bir ýoda salandygyna onuň 1980-nji ýylda «Magaryf» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Gül bilen şemal» atly goşgular kitabynda we dürli ýyllarda çap bolan ýaşlaryň ýygyndylarynda orun alan goşgulary bilen tanyş bolanyňda, aýdyň göz ýetirýärsiň. Rejebiň çagalar dünýäsini açyp görkezýän goşgularyna Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndakydöwlet baýragynyň hem-de G.H.Andersen adyndaky halkara baýragynyň eýesi, belli çagalar ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň hem mynasyp baha berendigini onuň galamdaş ýoldaşlary ýatlaýarlar. Buhem ýaş şahyryň edebiýat meýdanyndaözüni ykrar etdirip bilendiginiň nyşanydy. Ýaş şahyrlaryň 1987-nji ýylda çapedilen «Ýodajyk» atly goşgular ýygyndysy R.Arazdurdyýewiň «Ýodajyk» atly goşgusy bilen başlanýar. Eý, ýodajyk nirä barýaň, Haýsy oba, haýsy ile? Barýan ýerim biljek bolsaň, Gel, ýöräber meniň bile. Şu oýnam setiriň yzyna düşüp, şahyryň döredijilik dünýäsine aralaşyp ugraýarsyň weli, onuň täsin menzillere, çaga gowün ýüwürtmeleriniň amala aşýan ajap mekanyna alyp gelendigini duýman galýarsyň. Güljagazlaryň kebelek bolup uçmagy, baharyň dünýäň çagalaryna gül bermegi hyýal etmegi,gyşyň dagyň depesine çykyp uklamagy, bişen gawunlaryň sessiz güljek bolup ýarylmagy, batböregi oglanjyk oýnamak üçin ýasanam bolsa, ony ýeliň oýnap ýörmegi ýaly geň-taňlyklar diňe çagalary däl, eýsem uly ýaşlylary hem haýran galdyrýar. Rejep Arazdurdyýewiň goşgularynda türkmen tebigatynyň gözellikleri, oba durmuşynyň özboluşlylyklary çeper beýanyny tapýar. Pasyllaryň hersiniň dünýäde iň gowy zatlary ýerine ýetirmäge hyýallanmagy, ketgeniň kowalaýan şemaldan gaçyp, bukuda gutulmagy, bakjadaky gawundyr hyýarlaryň özüni gorkezmän gizlenip ýatyşy, Günüň obanyň golaýyndaky köle suwa çümşi, ýaşylbaş ördekleriň ýaltalyk bilen suwa girişleri, kesip barýan aňzakda tilkiniň gar basan hinini tapman, kösenip ýörmegi, saýrap oturan geçiguşuň tutdum-tutdum diýende, uçup gidişi, taýçanagyň ýüwrük bolmak üçin, giň meýdanda dynman çapyşy goşgularda janly, duýarlykly görnüşde göz öňüňe gelýär. Şahyr «Garpyz» goşgusynda: Gülli türkmen sährasyna, Nur paýlaýan çogly Günüň. Ýygnan eken ala garpyz, Reňkiniň goýman kemin. Ýygnap-ýygnap şol reňki, Şol alaja gaba gaplap, Görüň, şeýle süýji edip Bişiripdir kemsiz taplap — diýýärkä, güneşli ýurdumyzyň çogly Gününiň nurundan ýetdik paýynyalan datly nygmatlaryň baldan süýji tagamy biygtyýar kalbyňy heýjana salýar. Şahyryň «Towşan näme ädik geýenok?»diýen şygryny okaýarys welin, onuň «Towşana dogduk depe» diýen pähimiň manysyny täsin bir görnüşiň, ýordumyň üsti bilen berip bilendigine göz ýetirýäris. Bilseň, sähra gyşda gar, Ýaz dürli otdan doly. Gara akja keçedir, Otlary nepis haly. Keçäň, halyň üstünde Ädik geýsem, aýyp bor. Sähra — dogduk mekanym, Ony diňe soýüp bor! Goşgularyň liriki gahrymany şahyr ýüreginiň urgusy bilen dem alýar, ýaşaýar. Rejep Arazdurdyýewiň goşgularyny okanymyzda, onuň çaga ýaly gürläp, çaga ýaly göwün ýüwürtmelerine, hyýal etmelere berlip ýaşandygyna düşünýäris. Onuň golýazmalaryna göz gezdirenimizde, çaga ýürekli şahyryň syrkaw ýatyrka, öz ömrüniň soňky günlerinde hem goşgy ýazmagyny bes etmändigine göz ýetirdik. Ol 2003-nji ýylyň aprel aýynda aradan çykýar. Rejep özüniň ýaşan gysga ömründe döreden goşgularyny geljekki ýaş nesillere miras galdyrdy. Şahyryň uly ogly Merdan bilen söhbetdeş bolanymyzda, kakasynyň hemişe çagalaryna uly mähir we sögi bilen garandygyny, olaryň hersine bagyşlap, goşgular aýdyp beren günlerini süýjülikde ýatlady. Şahyr öz çagalaryna bagyşlap döreden goşgularyny hiç ýerde çap etdirmändir. Bu onuň ullakan ynsanperwerliginden nyşan. Ol öz çagalaryny uly iliň çagasyndan artyk hasaplamandyr. Perzentlerine bolan atalyk söýgüsini köpçülige mazamlamagy ýerliksiz hasaplapdyr. Onuň ady bu gün az ýazsa-da, uz ýazan şahyrlaryň hatarynda tanalýar. Onuň goşgulary tutuş milletiň, adamzadyň körpe nesline bagyşlanan. Ol goşgular hiç wagt öz gadyr-gymmatyny ýitirmejek, çagalaryň ýürekleriniň töründen hemişelik orun aljak we geljek nesillertarapyndan söýlüp okaljak goşgulardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleri onuň goşgularyny söýüp okaýarlar. Çünki ol goşgularda Watan waspy, bagtyýar çagalyk ussatlyk bilen beýan edilipdir. Annageldi BEKIÝEW, Daşoguz welaýatynyñ Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 33-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|