ÇAGY
Mekdep sary urduk gadam,
Sentýabr gelen çagy.
Bilimmiz başlandy "A"dan,
Ussat salam alan çagy.
Hekgerip tagta seretdik,
Ýazgyny depdere bitdik,
Şeýde-şeýde öñe gitdik,
Ýaşymyz ulalan çagy.
Kiçi parta giñlik etdi,
Elim näzik ele ýetdi,
Ýadym bar zady unutdy,
Söýgi peýda bolan çagy.
Gurbantäje seredýärdim,
Ol nirede? Menem bardym.
Nazarym-nazarna gardym,
Mylaýymja gülen çagy.
"Ölsem ýeriñki-diýişdik,
Ölmesem señki"diýişdik.
Yşk oduna ýanyp-bişdik,
Wada-kasam bolan çagy.
Ine, bir gün şeýle boldy,
Ata-enesi habar bildi,
Ömürbaky aýra saldy,
Gyza sawçy gelen çagy.
Kejebesi gelen ara,
Ýüregime salyp ýara,
Taşlap gitdi günbatara,
Gün guşluga galan çagy.
2016 ýyl. 19 Awgust
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 762 |
Добавил: Gurban
| Теги: Şyhymyrat Abdyllaýew
| Рейтинг: 4.5 /4
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 15
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Şyhmyrat aga sizem söýgi oduna ýanyp ýaryň aýralygyny görüpsiňdä. Bähbit bolsun her zat nesibedä
0
Amaş inim,Allaömrüňi uzak etsin. Aý,hawa, ýaşlyk-da. Ahmyr-armansyz geçmeýär.
0
Howwa, ýaşlyk-da galan söýgiň yzy gitmeýär.
0
Essalam aleykum Şyhmyrat agam!
863364320
Meñ tel.
0
Diydim men derwişe sen meñzeş a:ya
Dergahyña barsam bolarmyñ saya
Diýdi bu dergaha gelmezden owal
Malyñ gedaya ber özūñ Hudaya
0
,,Ölmezi dost tutmak bileniñ işi
Gorkusy-bagryny dileniñ işi
Çagarasyz yşk körūgin yakdylar
Ne bagyr tapyldy,ne otly çişi.
0
Mähir muhubbetde bada berdiler
Ne-hä meý gutardy,ne-de men gandym.
Ryzañ ūçin terk etdim men dūnýäni
Negiderim bildim,ne yza döndūm.
0
Goşgularyñy okap hezil etdim agam.
Mejnun Leýliñ yanyna yetmek öçin howlugip otlap yören dūýäni tutup mūnūp gidipdir. Ýolda Mejnun dūýäñ ūstūnde uklapdyr.
Muny duyan dūýe-de ýaşajyk köşegi yadyna dūşūp ýatagyna gaýdypdyr.Mejnun oyansa dūýe dur. Ol dūýä garap -Bah!Mejnunyñ derdi dūyede-bar ekenow-diýip yola dūşūpdir
0
Şonuñ ýaly biziñ derdimiz sizde-de bar ekenä..........!
0
Bir gun hem Mejnun bir itiñ başyny sypap,hem aýagyndan öpūpdir.
Muny gören birew oña,
-Set ayagny ogşap ,adam mertebesini peseltdiñ diyip hūñūrdäpdir.
Mejnun oña:
Wah gardaşym !
Ol Leylileriñ bosagasynda gūne suw içip gaydyar ahyryn diyip jogap beripdir.
0
Dūnyäñ nogsanlygyn terk edip dyngyl
Jahyllykdan ylmy derk edip dyngyl.
Sabyr käsesi hem dolýança gerek,
Öte sada bolma,käteler syngyl.
0
Size saglyk salamatlyk diläp Aşyr Salyh ogly
0
Taňry ýalkasyn, Ýaradan
Allatagala ömrüňizi uzak eýlesin!
0
Waleýkimessalam muhtarem Aşyr hajy Salyh ogly! Size we siziň maşgalaňyza, hem-de külli musulman ymmatyna Beýik Yaradanyň nazary düşüp durgaý!