17:48 Çeper döredijilik we häzirki zaman hakykaty | |
ÇEPER DÖREDIJILIK WE HÄZIRKI ZAMAN HAKYKATY
Edebi tankyt
Ýazyjynyñ öz döwrüniñ sesidigi barada belli kesgitleme ony öz ýaşaýan zamanasynyñ uly durmuş problemalaryna ýakyn durmaga borçly edýär. Çeper döredijiligiñ taryhy beýik söz ussatlarynyñ şu prinsipine wepaly bolup gelendiklerine güwä geçýär. Eýsem-de bolsa biz hut "şu günüñ wakalaryny" däl-de, asyryñ, döwrüñ problemalaryny gozgaýan, ýakyn geçmişiñ-de iri wakalaryny öz içine alýan, olara şu günüñ nukdaý nazaryndan baha berýän, olaryñ döreýşini analizleýän kitaplary, gürrüñsiz, häzirki zaman eserleri diýip hasap edýäris. Sebäbi biziñ şu günümizi düýnki günden üzñelikde göz öñüne getirip bolmaz. Häzirki döwre has çuññur akyl ýetirmek üçin şu döwrüñ nähili emele gelenini, onuñ emele gelmegine, ykrar edilmegine jemgyýetçilik ösüşiniñ nähili tendensiýalarynyñ ýardam edendigini yzarlamak zerur. Şeýlelikde, türkmen edebiýatynda häzirki zaman temasynyñ özleşdirilişi, işlenilişi nähili? Bu barada biz, ilki bilen, türkmen edebiýatynyñ durmuşymyzyñ belli-belli döwürleriniñ hemmesini öz içine almaga synanyşandygyny aýdyp bileris. Bizdw taryhy-rewolýusion temadan iri romanlar ýazyldy, respublikada kolhoz gurluşygynyñ gyzgalañly döwrüni suratlandyrýan ululy-kiçili eserler bar. Beýik Watançylyk urşunyñ gahrymançylykly ýyllaryna köp kitaplar bagyşlandy. Isle goşgudyr poemalary al, isle hekaýadyr powestleri - bu žanrlardan ýazylan zatlaryñ aglabasy geçen uruş temasyna degişlidir diýsek, öte geçmesek gerek. Bu ýagdaýa düşünmek bolar, frontuñ ýa-da tylyñ labyrynh gerdeninde çeken nesil ol agyr hem-de gahrymançylykly döwür barada seslenmän durup bilmez. Emma gep aslynda näme hakda ýazýanlygynda däl-de, nähili ýazýanlygyndadyr. Şu babatda, Beýik Watançylyk urşy ýaly uly, jogapkärlik temadan bolubilse ortaça, ýogsam bolsa örän gowşak eserleriñ dörändigini gynanç bilen agzasyñ gelýär. Birmahallar uruş gidýän döwürde bir şahyrymuz adamlaryñ çyn mertligini şeýleräk görkezipdi: Ýaş gelin söwer ýaryny fronta ýollaýar. Ol göwreli eken. Ine, onuñ ogly bolan güni adamsynyñ frontda gahrymanlarça wepat bolandygy hakda habar gelýär. Şeýle aýylganç bu ýagdaý bu gelne nähili täsir ederkä? Şahyryñ erki bilen ol gelin asla gözüne ýaş hem alman, täze dünýä inen çagasynh dik ýokaryk göterýär-de, takmynan, şeýle monology aýdýar: "Zyýany ýok! Oglum ulalar-da, kakasynyñ aryny duşmandan alar!" Indi, häzirki günlerde şol uruş ýyllary barada ýazylan powestde tylda öz äriniñ deregine-de zähmet çekýän gelin, wepat bolan ärine wepalylygyny saklap, başga kişä durmuşa çykmajakdygyna ant içýär. Getirilen şu iki mysala adamkärçilik nukdaý nazaryndan garap göreliñ. Bularyñ hiç birini-de mertligiñ nusgasy, ylaýta-da simwoly hasaplamak bolmaz. Mälim bolşy ýaly, biz reslublikamyzda şöhratly işçiler synpynyñ döreýşini, täze-täze iri senagat kärhanalarynyñ emele gelşiniñ gözli şaýatlarydyrys. Türkmenistanda nebit, gaz senagaty ylaýta-da çalt depginler bilen ösdi we ösýär. Ýazyjylaryñ üýşen ýeri - Aşgabatda senagat hem-dw ylmy-barlag merkezleri ýerleşýär. Bu faktorlar biziñ respublikamyzyñ keşbini, udel agramyny özgertmek bilen birlikde, biziñ zamandaşlarymyzyñ añ-düşünjesinde, ruhy keşbinde hem özgerişler döretdi. Emma durmuşyñ şu taraplarynyñ edebiýatda suratlandyrylyşy, ýagny özleşdirilişi entek-entekler juda gowşak. Prozaçylar, şahyrlar, dramaturglar, işçileriñ durmuşyny ýeterlik öwrenenoklar, olar bilen ýakyn aragatnaşyk saklanoklar. Elbetde, tema seçip almak döredijilik işgärleriniñ öz erkidir. Emma biziñ köptaraply durmuşymyz özüniñ hemme taraplaryna nazar salynmagyny talap edýär, özüniñ bütin dolulygynda çeper şöhlelendirilmegink talap edýär. Bu kanuny talaba biperwaý garamaga, ylaýta-da ony äsgermezlik etmäge biziñ hakymyz ýok. Oba zähmetkeşleriniñ durmuşynda ägirt uly öñegidişligiñ bolandygy hemmelere mälimdir. Döwletimiziñ adamlar barada edýän gündelik aladasy şeýle uly öwrülişigiñ döremegine gös-göni sebäp boldy. Uruşdan soñky ýyllarda biziñ obalarymyzdaky ýagdaý bilen häzirki ýagdaýy deñeşdirip görmek gyzyklydyr. Bu ýerde söz ussatlaryna sapak bolarlyk zat bar. Urşuñ soñ ýanlarynda oba durmuşyndan ýazylan eserlerde hemme zat gülala-güllük edilip görkezilýärdi. Mysal getirjek bolup durmasak-da, bu ýagdaý ýazyjylara-da, okyjylara-da mälimdir. Hakykatda bolsa şo ýyllarda ýagdaý gülala-güllük däl-de agyrdy. Edebiýatda durmuşy hakyky bolşundan owadanlap, ýylmap görkezmek şo döwürde, elbetde, diñe türkmen edebiýatynda däl-de, tutuş sowet edebiýatyna-da mahsusdy. Ine, şonda Walentin Oweçkiniñ oba durmyşyna çuññur analiz berýän belli eserleri peýda boldy. W.W.Oweçkiniñ baş kitaby bolup galan "Raýon aladalary" atly şol kitaby ýazyjynyñ döwrüñ, uly sosial wakalaryñ jümmüşinde bolmalydygynyñ, ýazyjynyñ biçak dogruçyl bolmalydygynyñ ajaýyp nusgasydyr. Gynansak-da, işçileriñ ýa-da intelligensiýanyñ durmuşyndan gowy eserleriñ azlygy ýaly, oba durmuşyndan hem şeýle dogruçyl, saldamly eserler döredildi diýip, agyz dolduryp aýdara ýagdaýymyz ýok. Şu fakty hem tötänleýin hadysa diýip hasap edip bolmaz. Bu-da oba durmuşyny ýaramaz bilýänligimiz bilen baglanyşykly bolsa gerek. Elbetde, kolhozçylaryñ zähmetine gowy hak tölenýändigini bilmek üçin uzaga gidip oturmagyñ hajaty ýok, kolhozlarda işiñ gowy gidýänligine hem gazetlerdäki swodkany okasañ göz ýetirmek bolýar. Şu ýerde ýazyjylar soýuzynyñ öñräk Çärjewde geçirilen göçme plenumyna gatnaşan bir kärdeşimkñ sözleri ýada düşýär. Ol Çärjewiñ golaýyndaky kolhozlaryñ birine baryp görüpdir. Eýsem şol kolhozda ony haýran galdyran zat näme? "Maşyn bilen pagta ýygyp ýören gyzlary gözüm bilen gördüm" diýip, ol kärdeşim hil bir uly açyş eden ýaly; iliñ görmedik zadyny gören ýaly bolup gürrüñ berýär... Şeýlelik-de, edebiýatyñ şindiki ýagdaýy arkaýynlanmaga esad berenok. Özleşdirilmeli "edebi tarplyklar" ýatyr. Şu tarplyklary açmaga ilki bilen, elbetde ýeterlik güýç gerek. Ýazyjylaryñ sanyna seretseñ, şeýle güýç bar. Emma şol güýçleri guramaçylyk taýdan jemlemek, maksada gönükdirmegem gerek. Dogry, adatça uly senelere gabatlap Ýazyjylar soýuzy edebi konkurslar yglan edýär. Ýylda bir wagtyna ýaş ýazyjylaryń seminary geçirilýär. Başga? Bäşga näme çäre geçirilýärkä? Hatda mundan birnäçe ýyl öñ geçirilýän çäreler-de soñky wagtlar ýatyp galdy. Mysal üçin, bir mahallar aýry-aýry söz ussatlarynyñ "Döredijilik günlerini" geçirmek, edebiýatyñ belli-belli žanrlarynyñ ýagdaýyna bagyşlap maslahatlar çagyrmak däp bolupdy. Indi bu zatlar hem ýatdan çykdy. Ýokarda belleýşimiz ýaly, işçileriñ (şol sanda ýönekeý adamlaryñ) durmuşyny görkezýän iri eserler juda az. Eýsem şu ýagdaýy janlandyrmak barada ýurtda nähilidir bir çäreler görmek bolar ahyry. Respublikamyzyñ uly gurluşyklaryna, iri senagat merkezlerinw uzak wagtlap ýaşamaga gidip, şeýlelikde hem Berdi Kerbabaýewiñ öz tejribesine öýkünip, şöhratly işçilerimiz barada roman ýa-da powest, poema ýa-da pýessa ýazmaga döwtalap ýazyjy ýokmukan? Şeýle ýazyjy tapylsa gerek. Öz nobatynda oña döwlet tarapyndan mümkin bolan maddy kömegi bermek gerek. Ýa bolmasa, işçileriñ durmuşyny görkezýän iri eserlere ýörite konkurs yglan etmek bolmaýarmy? Bu ugurda edebi žurnallarymyz ("Sowet edebiýaty" (häzirki "Garagum") bilen "Aşgabat") hem inisiatiwa görkezip bilerdiler. Şol žurnallar işlän ýazyjylaryna belli bir temadan eser zakaz berseler netijeli bolardy. Şeýle tejribe bir mahallar edilýänem eken. Meselem, uly ýazyjy Ata Gowşudowyñ uruşdan soñky kolhoz obasynyñ durmuşyna bagyşlan romanynyñ ("Köpetdagyñ eteginde") ýazylmagyna esasan "Sowet edebiýaty" žurnaly, onuñ şol mahalky redaktory Durdy Haldurdy sebäp bolupdyr diýip, gürrüñ edýärler. Garaz, edebiýatymyzy okalar ýaly, dogruçyl, täsirli, durmuşy dolulygyna görkezýän kitaplar bilen baýlaşdyrmak üçin guramaçylyk taýdan çäre görmegiñ zerurdygyny ýene bir gezek nygtasymyz gelýär. Hemme işde bolşy ýaly, özakymlylyk, birek-birekden bihabarlygyñ ahyrsoñunda ýazyjyda jogapkärlilik duýgusynyñ gowşamagyna eltýär. Hawa, okalar ýaly, dogruçyk kitaplar gerek. Ýogsam bizde ýazylýan zatlaryñ möçberi az hem däl. Gündelik gazetlerde, žurnallarda, neşirýatda eserler çykyp dur. Emma okyja mähri gandyrýan eserler gerek. "Okasañam bolýar, okamasañam" diýilýän zatlardan okyjy ýadady. Okgunly döwrüñ ýüzüni diñe döwre mynasyp, döwürdeşlere mynasyp eserler görkezip biler. Edebiýatymyzyñ abraýyny-da diñe durmuşyñ iñ aktual meselelerinu batyrgaýlyk, hyjuwlylyk, gönümellik bilen görkezýän eserler göterip biler. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |