03:14 Çöregiñ tagamy / hekaýa | |
ÇÖREGIŇ TAGAMY
Hekaýalar
Goja daýhan Annatagan aga on iki ýaşlaryndaky agtygy bilen ekin meýdanlaryna aýlanyp ýörşüne, tomus paslynyň guşluk çagynda lowurdap ýatan ümmülmez pelleri tejribeli nazary bilen synlaýardy. Toprak bilen bagry badaşan bu sylagly ýaşulynyň her belligi, her maslahaty ekerançylar üçin goldaw-hemaýatdy. Ýaşuly ýap-ýaşyl bolup ýatan mekgejöwenli meýdany guwanç bilen gözden geçirenden soň nazaryny tylla öwsüp ýatan bugdaýly meýdana gönükdirdi. Uruş ýyllarynyň oglany bolan Annatagan aganyň guşgursak däneli sümmüllere bakyşynda aýratyn mähir, şatlyk, buýsanç, mahlasy hakyky bagtyýarlyk bardy. Durmuşyň ajy-süýjüsini gören goja bugdaýyň her dänesine goýýan ýürek sarpasyny kalbynda gizlemän, ony her ýeri gelen pursatynda ile ýaýýardy. Aýratynam nan gytçylygyny görmedik ýaş nesliň aňynda we kalbynda şunuň ýaly sarpany kemala getirmäge çalyşýardy. Ynha, häzirem Annatagan aga oruma gelen bugdaýly meýdany synlap oturyşyna agtygyna çagalyk ýyllarynyň gamly hekaýatlarynyň birini beýan etdi. * * * - Otuzynjy ýyllaryň ortalarydy. Men ol wagtlar alty-ýedi ýaşly çagajykdym. Töweregimde bolup geçýän wakalaryň manysyna soň-soňlar ulularyň gürrüňlerinden düşünsemem, açlyk-horlugy birinden sorap bilmeli däldim. Nana zarlygyň ejiri meniň ýaly körpeleriň hem horja egninden basyp galyndyranokdy. 1933-nji ýylyň elhenç açlygy entegem sowlup baranokdy. Entegem duz, deri, ýüp, egin-eşik ýükli Hywa, Tejene we beýleki ýerlere argyşa gidýän kerwenler galla gorumyzy ölmez-ödi ýetirip durýardylar. Obadaky düýeleriň uzak ýol geçip ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýara bolupdy. Şol tomus obamyzyň argyşçylarynyň kerwenbaşy Gulnyýaz aga has tapdan düşen düýeleriň ikisini argyşdan galdyrmaly boldy. Yssy günlerde argyşçylara ýol külterlemek hupbatly iş. Balkandan Hywa gatnalyp, torç edilen ýoluň ugrynda gündizlerine tamdyr ýaly gyzyp ýatan takyrlyklar, läbik şorluklar köp. Alaňlyklardan, ürgün çägeliklerden geçmeli bolanda agyr ýükli düýeler hasam lakytak bolýardylar. Şonuň ýaly günlerde ýyldyzlardan ugur alyp, gije ýol geçmeli bolýardy. Bu sapar kerweniň dolanyp gelmesi hasam gijikdi. Argyşçylar Hywa baranlarynda çem gelen ýerinde düşläp, az wagt dem-dynç alanlaryndan soň ur-tut söwdä işlerine girişmek bilen bolupdyrlar. Emma hywaly aşnalary bilen gürleşip, ýagdaý bilen tanşan Gulnyýaz aga lapykeşlik bilen hyrçyny dişlemeli bolupdyr: -- Päheý, tiz gelenimize begenip durdym welin, bu argyşymyz gaýtam uzaga çekjek oguşýa. Häzir galla bu ýerde-de bol-elin däl ekeni. Ony öýme-öý aýlanyp ýygnamaly bolarys. Garaz, şeýdip bir hepde çemesi wagtyň dowamynda bugdaýdan, mäşden, jöwenden ýüküni ýetiren argyşçylar tizden-tiz oba dolanmagyň aladasy bilen bolupdyrlar. Obamyzda bolsa ilatyň howsalasy günbe-günden artýardy. Öýlerdäki çuwallar boşap, kendiriklerde urbalyk un galmandy. -- Ajygýaryn, çörek iýesim gelýär -- diýip, menden iki ýaş kiçi gyz jigim jaýyň kölegesinde çagasyny emdirip oturan ejeme ýüzlendi. Ejem bu kyn soragyň jogabyny gaýyn enesinden eşitmek isleleýän ýaly onuň ýüzüne garady. Onuň soragly hazarynda: “Haçan agzymyz aşa ýetip, gowy günler gelerkä? Gelermikä eýsem şol günler, enesi?! “ diýen sowal duýulýardy. Durmuşynda kynçylyklaryň köp çarşenbesini başdan geçiren enem: -- Sabyrly, gaýratly bolýandyr zenanlarymyz. Geçmejek günler bolýan däldir, gyzym -- diýende, ejem gözlerindäki düwme ýaşlary görkemejek bolup, gujagyndaky çagasyny bagryna basdy. Enem çuwallary silkeläp, bir owuç bugdaý dänesini ýygnady. Gowurga edensoň pagsa jaýyň kölegesinde ýazylan, gyralary kertilip başlan içmegiň tüýli tarapyna sepdi. Gowrulan bugdaý dänelerini çöplemäge agtyklaryny çagyrdy. Men jigim we beýleki doganoglan jigilerim bilen bilelikde tä garaňky düşýänçä şol däneleri ýygnadyk. Soň ýadap, aç hem bolsak ýatyp galdyk. Munuň çagalary güýmemek üçin enem tarapyndan tapylan nysakdygyna men şoň düşünip galdym. Aç bolsaň oýnap bolýarmy? Ir säherden tä giç agşama deneç obanyň gaýrasyndan geçýän kerwen ýoluna çykyp oturardyk. Bir dürbini elden-ele geçirip, soňra bolsa oňa-da ynanmaýan ýaly ýönekeý göz bilen azykly kerweniň ýoluna garaýardyk. Umydymyz çykmansoň agşam lapykeç halda öýe gaýdardyk. Torç edilen tozanly ýolda argyşa barýanlar bardy. Ýöne gelýän kerwen görünmeýärdi. Ine, bir nurly gijede bir tanyş owaz oba adamlaryny ukudan oýardy. Obamyzyň uly-kiçisi şatlykly sesler bilen gaýraky ýola tarap ýüwürdi. Dolan aýyň şöhlesine golaýdaky gum depeleriniň arasyndan argyşa giden kerwen göründi. Öňdäki ner düýäniň boýnundaky dünküň sesi asuda gijäniň ümüş-tamyşynda uzaklara ýaýrap gidýärdi. Gulnyýaz aga satanlak dor alaşasy bilen agyr ýükli düýeleriň hataryny çekip gelýärdi. Şonda adamlaryň uly-kiçisiniň başdan geçirýän şatlygyny bir gezek syzyp gören adam çörek diýen mukaddesligiň gymmatyny tä ömürboýy ýatdan çykarmazdy – diýip, ýatlamasyna nokat goýan Annatagan aga agtygyna seredip, sözüniň üstüni ýetirdi – Ýöne beýle ýowuz sapagy Allam hiç kime rowa görmesin... * * * Öňden ýöräp barýan Annatagan aga birden sägindi-de: -- H-ýäk, janawarlaryň hinine basdym-ow – diýip, hyrçyny dişledi. Bir çeti bozulan garynja kürümine haýpygelijilik bilen ümläp, başyny ýaýkady. Bu adatdan daşary ýuka ýüreklilige agtygynyň geňirgenýändigimi görüp, ýaşuly munuň sebäbini gysgaça düşündirmekçi boldy: -- Çaga döwrümizde biziň açlykdan ölmezligimiziň bir sebäbi hem şular bolupdy. Çaganyň hasam geň galandygymy gören geçen ýaşula taryhymyzyň ýene bir gamly sahypasyny açmakdan başga alaç galmady. -- Şol ýaňky gürrüň beren wakamdan soň ýagdaý düzelip başlapdy. Bäş-alty ýyllab-a açlyk çekmän, elhalrak ýaşadyk. Emma öňa derek ol ýyllar galagoply, tutha-tutlukly boldy. Uruş başlananda men seniň ýaşyňdaky oglandym. Ululardan urşa ýaraýany uruşda, işe ýaraýany işde haýyr-heläkdi. Ýeňiş üçin gije-gündiz janyny aýamaýan aýal-gyzlaryňam haçan ýatyp-turýanyny bilemzokdyk. Diňe entek işe ýaramaýan çagalar öz garnynyň aladasy bilen onda-munda ygar ýörerdiler. Açlyk bilen belanyň kakmadyk gapysy galmady. Şol ýyllarda ýagy alnan azyklyk ösümlikleriň künjarasyny iýip, çişip ölen adamlar günsaýyn köpelipdi. Her agşam bulamakdyr tötekden soň töwür edilende enem başymy sypap: -- “Sabyrly ýigidiň agzy aşa ýeter” diýipdir ata-babalarymyz. Nesip bolsa biziň gapymyzda hem pişme bişer! – diýip, allahaçandan bäri et-ýag degmedik çoýun gazana yşarat ederdi. Soň bolsa öz ýanyndan: “Eý Allajan, merhemetlisiň, rehimlisiň, biçäre çagalary rysk-nesibelerinden kesmäweri, görüner-görünmez bela-beterlerden özüň goraweri, ýa Rebbim!“ diýip doga okardy. Durmuşdaky kynçylyklary diňe sabyr-çydamlylyk ýeňip bilýär. Adamkärçiligiň bu belent sypatlary türkmen milletinde jemlenipdi. “Ähli zat front üçin, ähli zat ýeňiş üçindi!“ Adamlaryň ertirki ýagty güne bolan ynanjyny berkidýän bu watançylyk çagyryşy agyr we hupbatly günleri başdan geçirýän halky jebisleşdirýärdi. Sabyrly, gaýratly, dogumly halk agzybir işläp, Beýik Ýeňşi golaýlaşdyrýardy. Uruş ýyllarynda otlularyň ýükleri çökderdi. Günbatara dürli ulaglar, ýaraglar, azyk önümleri daşalýardy. Ol ýerden zawod-fabrikler, kärhanalar göçürip getirilýärdi. Ýolagçy wagonlary bosgunlardan ýaňa hyryn-dykyndy. Üznüksiz gatnaýan agyr ýükli otlulary polat ýoluň aşagyna düşelen pürsler zordan göterýärdi. Şol hupbatly ýyllarda wagonlardan dökülen arpa-bugdaýlary ýygnamak gadagandy. Ol ýere beýle maksat bilen golaýlaşanyň aman gutuljagyna hiç kim güwä geçenokdy. Emma açlyk hupbaty janyň süýjýliginem unutdyrýan ekeni. Bir gezek obanyň horazlary daňyň atanyny buşlanlarynda açlykdan ýaňa oýaly-ukuly ýatan oba oglanlarynyň birnäçesi gözlerini owkalap turdylar-da, bellenen maksada görä demir ýola galla çöplemäge gitdiler. Teblemyhlaryň we şalmanlaryň arasyndan herimiz bir gysym arpa, bugdaý çöplänimizden soň bir zat duýan ýaly başymyzy galdyrdyk. Tegelenen gözlerimiz on-on bäş ädimlikde gazyk ýaly dikelip duran aýnagonç harby ädige, galife jalbara, maýda zynjyry sallanyp duran gaýyş gaply sapança düşdi. Gorkudan soň birhaýukdan özlerine gelen oglanjyklar ýykan-sürşen bolup bu ýerden daşlaşdylar. Men yzyna garap seretdim-de: -- Biraz saklansan-aň, beter gorkmaň! Ol atmakçy bolanok, eýýäm yzyna öwrülip gitdi – diýdim. Aramyzda iň körpämiz bolan Muhammet hasam gorkupdy. Biraz aýňalandan soň bolsa ene-atasyndan gizlin edilýän bu hereket bilner öýdüp, ýene-de möňňürip aglady. Ony köşeşdirmek bize ýeňil düşmedi. Hawa, şol gowgaly uruş ýyllarynda adamlaryň garny aç bolsa-da, ýüreklerinde açgözligiň ýokundysy ýokdy. Olar durmuşyň mejbur etdirýän sähel hata hereketlerinde-de özlerini müýnli hasaplap, Biribardan merhemet dilärdiler. Şol günki waka oba oglanlaryny haýykdyran bolsa-da olar täze hokga tapdylar. “Ajyň aňy bolmaz” diýýändirler welin, adamzat nesli bu nägehan bilen ýüzbe-ýüz bolanda onuň garşysyna her dürli çäre tapar eken. Ahyrynda obanyň aç çagajyklary alaňlardaky gemrijileriň kürümine hüjüm edip başladylar. Olar kürümleriň ýokarsyndan gazyp, bu jandarlaryň galla ammaryna talaň salýardylar. -- Bir gün ýygnan gallalarymyzy eltip berenimizde ejem ondan bulamak bişirdi – diýip, külpetli çagalygynyň datly pursatlaryny ýatlan Annatagan aga ysgynsyz ýylgyrdy – Bulamagyň hoşboý ysy çar ýana ýaýrap, beýhuş edip barýardy. Bir käse galla bulamagyndan hezil edip doýdyk. Oglanlar syçan hinine golaýlarynda inçejik tumşukly, pakga gulakly syçanjyklar uzyn guýruklaryny bulaýlap, näderini bilmän howsala düşüp iki baka zowzanaklaşýardylar. Hinine golaý barsak sarymtyl tegmilli alakalar hem artky aýaklaryna daýanyp, ynsanlaryň hereketlerine gorky we geň galyjylyk bilen synlaýardylar. Meniň göwnüne olar galife jalbarly, gorkunç sapançaly adamdan howatyrlanyp, ymsynyp duran aç oglanjyklar ýalydy. Biz kürümdäki gallanyň aglabasyny alsak-da bir bölegini ol janawarlaryň özlerine galdyrýardyk. Urşuň soňky ýyllary halys ebtimiz agdy. Indi oglanlar garynjalaryň hine daşan gallalaryny almagyn hem ýoluny tapdylar. Açyk howaly günlerde garynjalar günuzyn haýdanlarynda bir owuç çemesi galla toplanýardy. Aç adam üçin olam goldawdy. Şol wagt ejem horlukdan beter hasrata döz gelip bilmän ýanyny ýere beripdi. Sebäbi ýekeje dogany Agöýli daýymyň dereksiz ýitendigi, kakamyň doganynyň wepat bolandygy barada yz-yzyna ajy habarlar gelipdi... * * * -- H-ýäk, oglanlykda görülmedik gün-ä galan däldir – diýip, Muhammet aga garynja kürüminiň harap bolan ýerini mähir bilen düzedişdirip oturşyna hyrçyny dişledi – Aý, bolýar-da... Soň-soňlar açlyk-horlukdan-a dyndyk. Ýöne ol ýyllaryň görkezen külpetleri, salan ýaralary ýüregimizde ömürlik dag bolup galdy. Şeý diýip, hasratly nazaryny alyslara diken ýaşuly gözýetimdäki ýoldan sowlup, bäriligine gaýdan “Keýs” kombaýny bilen birnäçe kuwwatly ýük ulagyndan ybarat awtoulag kerwenini gördi. -- Ine, orakçylaram gelýärler! – diýip, ol bu habary kimdir birine buşlaýan ýaly, şatlykly gygyryp goýberdi-de, soň agtygyna ýylgyryp seretdi – “Orakçy” diýäýýes weli, bulary biziň döwrümiziň orakçylary bilen deňeşdirip bolarmy diýsene? Günüň jöwzasyna gowrulyp, guma-kirşene, tot-tozana gömlüp galla ýygýan orakçylaram, mehanizatorlaram ýok indi. Bu galla ýygnaýjy kombaýnlaryň içi hem rahat, öndürijiligi öňki döwürleriňkileriň çeni-çaky däl. Birgiden meýdanyň hasylyny bir günde ýygnap gidýärler. -- Garaz, daýhançylyk hezillik-dä indi? – diýip, Döwranjyk jidirdedi. -- Men saňa näme diýsemkäm, balam? – diýip, goja daýhan oýa batyp gürledi – Öň “Ýigidi orak garradar” diýlerdi. Häzirki kombaýnlar, hasyl daşaýan kuwwatly awtoulaglar galla oragyny gyzgalaňly zähmet baýramyna öwürýär diýseňem boljak. Ýer sürmegem, galla ekmegem, dökünlemegem aglaba tehnikanyň işi. Berkarar döwletimiz ýer, suw, tohum, dökün, tehnika ýardamy babatda daýhana görlüp-eşidilmedik goltgy berip, aladasyny edip dur. Şol sebäpli daýhanlarymyzyň ruhlary belent, hasyl has bereketli. Şeýle-de bolsa ýer sürlüp, tohum taşlanyp, hasylyň düýbi tutulandan, boz topragyň nygmaty tä saçaklarymyza dolýança, ýene bolsa daýhanyň paýyna düşýän zähmet, alada, hysyrdy sanardan kändir. Şonuň üçinem daýhan zähmeti ýöne bir hezillikdir diýmäge hiç kimiň dili barmaz. Çaga öýe näçe şatlyk getirse hem, ony adam edinçä ata-enäniň aladasy her döwürde-de ýeterlik bolar, bulan şolar ýalydyr. Şeýle diýip, agtygynyň kellesini sypan babadaýhan, ýakynlaşyp gelýän orakçylara garaşyp durşuna, bu günki söhbetini şeýle jemledi: -- Şonuň üçinem, saçakdaky mele-myssyk näçe hormat goýsak azdyr. Ol hem-ä keremli Allatagala şükrümiz, hem sahawatly topragymyza tagzymymyz, hem daýhanyň maňlaý derine sarpamyz, hem-de bize şu parahat we eşretli zamany peşgeş beren Arkadagymyza minnetdarlygymyz bolar! | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |