17:50 Çörek hem Ahlak | |
ÇÖREK HEM-DE AHLAK
Jemgyýetçilik tankydy
Adatça çörek barada söhbet açylanda, onuñ ýakasyny tanadan ýyllaryna, esasan-da geçen urşuñ ýatlamalaryna ýüzlenýärler. Bu söhbetleriñ asyl maksady bolsa, adamlary gysym dänä, döwüm nana sarpa goýmagy ündemekdir. Emma seredip otursañ, dükanyñ arzan çöreginden malyna bermek üçin torhaltasyny dolduryp äkidýänleriñ özleri şol ýatlanan gahatçylygy başyndan geçiren adamlardyr. Hasap çykarmaga hemmeler ökde: sygra beriljek çöregiñ bahasyny ertesi ir bilen şol sygyrdan alnyp satyljak süýdüñ bahasyndan aýyrsañ, näçe manadyñ kisä girjekdigi öñden hasaplangy. Süýdüñ üstüne goşuljak suwa bolsa harajat gerek däl. Ynsan oglunda ähli zady sapak alaýmaly, undulmasyz zatlary-da tiz ýatdan çykarmak ýaly bir edähet bar bolara çemeli. Elbetde, men bu ýerde hemme adamlary bir aýakdan sürmekçi däl. Bar zat ahlaga baglydyr. Gök daragty çapmak ahlaksyzlykdyr. Halkyñ baýlygyny harlamagyñ görnüşi bolsa çöregi zaýalamakdyr. Ýeñil ýazylmady terjime halym: Ajykdym. Daljykdym. Ardym. Derledim. Men ömrümde nanyñ owuntygyndan Sarpaly zat, agramly zat görmedim. Ahlaksyzlygyñ añrysynda azgynlyk dur. Ýekeje günüñ açlygyna çydap bilmeýän ynsan garny doýanda çörege kast edip başlasa, oña azgynlykdan başga baha bermek kyn. Diñe gytçylyk däl, eýsem bolelinçilik adamy synaga salýan bolarly. Her niçik-de bolsa, adamlaryñ añ-düşünjesine täsir etmegiñ ähli formalaryny peýdalanmak gerek. Moskwanyñ çörek dükanlarynyñ birinde şeýle ýazgyny gördüm: "ÇÖREGE SIÑDIRILEN ZÄHMETE HORMAT GOÝALYÑ!" Aşgabadyñ çörek dükanlarynyñ birinde şeýleräk ýagdaýa duş geldim. - Wiý, bu taýda-ha kerpiç çörekden başga zat ýok - diýip, alyjy juda nägile äheñde dillendi. - Bulka bar ahyry? - Aý, bulka-da bulkadyr-da... - A size nähili çörek gerekdi? - Tamdyr nany bolsa alaýjakdym. Dükançy aýal başyny ýaýkap: - Entek ajygman ekeniñiz - diýip, ýuwaşja seslendi. Elbetde, dükançy bu sözi aýtmasa-da bolardy. Ýöne ol aslynda ýerlikli aýdylan sözdi. Alyjy ony juda ýokuş gördi we siltenjiräp başlady: - Meniñ ajyganym-ajygmanym bilen işiñiz bolmasyn, oña derek öz borjuñyzy ýerine ýetiriñ. Alyjylaryñ islegini öwreniñ. Hany, asyl şikaýat depderçäñizi beriñ maña! Meniñ ýüzümi almaga näme hakyñyz bar? Şikaýat depderçesiniñ agzalmagy dükançylara hemme zatdan beter täsir edýär. Dükançy hem ýaýaplamaga başlady. Emma gapdalda "kerpiç çörek" diýilýän çöregi edep bilen sellofan haltajyga salyp duran ýaşuly dükança arka çykdy: - Çörege at dakmaga siziñ hakyñyz bar-da, dogrusyny aýtmaga dükançynyñ haky ýokmuşmy? Men dükançy bolan bolsam, size şikaýat depderçesini-hä däl, bir döwüm nan hem bermezdim. Okumyş bolupsyñyz, kanunçy bolupsyñyz, adamkärçiligi welin, ýitirip barýarsyñyz! Bu ýerde tamdyr çöregini iýesi gelen alyjyny ýuridiki jähtden aýyplap bilmersiñiz. Adamkärçilik jähtden seredeniñde welin, ýaşulynyñ mamladygy görnüp dur. Diýmek, ynsaba bil baglamaly bolar. Indi men hem birneme yza çekileýin. Geçen uruş ýyllarynda men däneçilik brigadasynda tabelçi bolup işläpdim. Elbetde, brigadanyñ çlenleriniñ hem hemmesi aýal-gyzlardy. Kolhozçylara kolhoz tarapyndan günde bir wagtyna ýyly-yssy berilýärdi. Emma günorta çaýa çykanda añyrsy ölçegli aşy iýmegiñ berk şerti bardy. Günortana çenli gündelik iş paýynyñ ýarymyny dolup bilmedikler aşdan näumytdylar. Güýç-gurbatyny gaýgyrman gözi garañkyraýança işlese-de, paýyny dolduryp bilmeýänleriñ atlaryny aşpeze ýazyp bermek gös-göni meniñ borjumdy. Kolhoz başlygynyñ buýrugyny ýerine ýetirmezlige bolsa bognuñ ysanokdy. Bir gün men aş paýyndan kesilen bir daýzanyñ ýañy tümmül bolan bugdaý başyny çeýnäp duranyny gördüm. Gördüm-de, özüm utanyp maýsanyñ arasynda gizlendim. Ol daýza tümmül başlaryny çeýnäp-çeýnäp tötüni gyñajynyñ ujuna ýygnaýardy. "Ony näme etjekkä?" diýip men haýran galdym. Soñ ol daýza gyñajynyñ ujuna ýygnan tötüni goşawujuna saldy-da, meýdanyñ gyrasyndaky daragtlaryñ astynda goýdy. Aýal yzyna dolanan badyna guşlaryñ üýşmegi ol ýerde peýda boldy. Guşlar bu ýagdaýa öwrenişen bolarly. Şol döwürde biziñ baş arzuwlarymyz urşuñ gutarmagy bilen garny dok ýaşamakdy. Orýanymyz bugdaý, Saçak welin boş. Ýygýanymyz pagta, Gytdy egin-baş. Köwşümiz bitin däl, Işigimiz gar. Öýde öýlänlik ýok, Düşünjämiz bar! Biziñ aramyzda şol günleri unudyp, gel-gel indi duza dil ýetirýänler bar bolsa, ony harlaýanlar bar bolsa, bu ýaşulynyñ aýdyşy ýaly, dogrudan-da adamkärçiligi elden bermek bilen barabar görülmelidir. Çörek kimiñ-kimdigini aýyl-saýyl edýän iñ gadymy hem-de sähelçe ýalñyşmaýan ölçegdir. Eýsem bu ýerde ýaşaýyş ugrundaky göreşiñ asyl manysynyñ çörek bilen gös-göni baglanyşyklydygyny oýlanmagymyz gerek. Çörek hemme zatdan ýokarda duran mukaddeslikdir. Bagt, baýlyk, gözellik, eşret, lezzet - bu düşünjeleriñ hemmesi çörekden başlanýar ahyry. Köp ýyllardan bäri biz saçagyñ täze doly görnüşi bilen öwrenişdik. Biziñ oba hojalygymyzyñ kuwwatly maddy-tehniki bazasy bar. Biz saçagymyzyñ egsilerinden howatyr edemizok. Emma bu ýagdaý ýurtda çörek ugrunda alnyp barylýan beýik göreşe, döwletiñ däne ammarlarynyñ doly bolmagy üçin oña harç edilýän ummasyz serişdelere biperwaý garamaga sähelçe-de hukuk bermeýär. Kä ýyllarda juda oñaýsyz gelýän howa şertlerinde her baş bugdaý üçin, her gysym däne üçin çekilýän gahrymançylykly zähmete mydama hormat goýmagy başarmagymyz gerek. Mele bugdaýyñ üstümize asmandan ýagyş ýagan ýaly mugt dökülip durmaýandygy hakynda pikir etmegimiz gerek. Men ýurdumyz boýunça däl, diñe Aşgabat şäherinde bisarpa tutulmagy netijesinde bir günde zaýalanan çöregi bir ýere üýşürseñ harmanyñ emele geljekdigini anyk maglumata salgylanmasam-da, güwä geçip bilerin. Köplenç öýlerde artyp, gatap galan çörek goýulýan gaplaryñ bardygy magat. Olaryñ belli bir böleginiñ zibilhana dökülýändigi-de hakykat. Toý ýa-da ýas tutulýan ýere saçakly barmak biziñ halkymyzyñ gadymdan gelýän däbi. Belki, bir mahallar dänäniñ ýetde-gütdeliginde munuñ özi üýen märekäni gaýtarmak üçin toý ýa-da ýas tutýan ýere gatanç hökmünde eltilendir. Häzir nähili? Aýallar şeýle ýerlere saçak-saçak çörek alyp barýarlar, toý ýa-da ýas ýerinden bolsa ýene-de saçakly gaýdýarlar. Çöregiñ deregine çörek salyp goýberilýär. Şeýlelikde, ýene kän öýlerde çörek artykmaçlygy döräp, onuñ zaýalanmagyna ýol berilýär. Şh zatlary görüp durkañ, ona nebsiñiz agyrmakdan, ýüregiñ gyýylmakdan başga-da bir ýiti duýgyny başdan geçirmezlik mümkin däl. Biziñ ýaşaýan planetamyzda heniz-henizlerem aç ýatyp, aç turýan adamlaryñ az däldigini göz öñüne getirýärsiñ. Dünýäde açlykdan ýa-da doýa garna iýip bilmezlikden ýaña emele gelýän kesellerden ölýän adamlar az däl. Mele nanyñ hakyna bu ýagdaýy-da ýatlamak zyýan däl bolsa gerek. Kimdir bir akyldar "Erkek adamyñ medeniýeti onuñ zenan maşgala garaýşy bilen kesgitlenýär" diýipdir. Adamyñ adamkärçiligi ilki bilen onuñ duz-çörege garaýşy bilen ölçelýär diýmek hem ýalñyş bolmasa gerek. Elbetde, ahyrsoñunda gep bir döwüm çöregiñ saçakda gatap galmagynda däl. Emma ine, şu aşakdaky mysala çynlakaý üns beriñ. - Munça çöregi näme etjek? - diýip, torhaltasyny dolduran kişä geñirgenýärsiñ. Sebäbi, onça çöregiñ bir öýde iýilmejekdigini bilip dursuñ. - Näme edenim bilen nä işiñ? - diýip, ol jogap berýär- puluny töledim aldym-da! Baý malyny bahyl gysganar etjek bolýarmyñ? Ine, bu jogaby berýän adamdan her zada garaşyber. Ol döwletiñ ammaryndan gelýän çöregi baý maly diýip hasaplaýar. Onuñ sarpaly tutulmagyny isleýän adama bolsa, bahyl diýip at berýär. Puluny töläpdir - wessalam. Emma ol tölän pulundan pul ýasamak üçin şonça çöregi alýar. Ýöne çöregiñ gapysyndaky mala bermek üçin öndürilmeýändigine ol hem hiç kimden kem düşünýän däldir. Ýokarda agzalan ýaşulynyñ aýdyşy ýaly, kanuna bolsa ol ökde, her adam isleýäniçe çörek satyn alyp bilýär. Men çörek hem-de ahlak hakynda belliklerimi "Rysgal" atly goşgy bilen tamamlamak isleýärin. Artyk göräýsemem, az-a göremok, Bu dünýäniñ maña beren paýyny. Özüm bilen getirmändim ahyry, Iýjek nanymdyr-u, içjek çaýymy. Durmuş bolsa şu zatlardan başlanýar, Şuny-da biz ýatlaýarys her demde: Günüñ reñkin soran bugdaýyñ başy, Bu Dünýäni göterip dur gerdende. Yzda galdy agaç asyr, daş asyr... Adam ýyldyrymdan ýasandy ganat. Ýyldyrymyñ ýelgininden ýel alyp, Biz şahyrlar guduradyk kä halat. Bajakly meýdanlar ilmedi göze, Ýöntemräk göründi derçirän daýhan. Ýöne şindem şu meýdandan önýärdi, Ýüzüme syldygym mele-myssyk nan. Säherler başlanýar aýdym-saz bilen, Dañdan başym galdyrmandym ýassykdan. Kemlikden-ä zeýrenmäge hakym ýok, Eger gäbim azaýmasa meslikden. Takyr ýola düşen tigirçek ýaly, Ýyndamlandy baharymyz, gyşymyz. Hernä, bu döwletden, beýle bagtdan, Aýlanmasyn bu amanat başymyz. Şeýle zamanada ýaşap ýörüs biz: Tapylýar bir zady küýsese ýürek. Rysgalymyz ýetik. Ýöne şu zady, Göteräýmek üçin injigem gerek... Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |