ÇÜRÇÜRI
Bu waka Paşşy sazandanyň oraçasynda bolup geçipdi. Oraçanyň üzükleri ýama-ýamady, gamyşlary selçeňländi. Özem ol bir tarapyna giň takyr, üç tarapyna-da çäge depelerini aýlap oturan obanyň gyrasynda ýerleşýärdi. Onuň ýegşerilip, sözenden ýasalan egmek kümä meňzäp oturyşy telim ýylyň ýylyň çarşenbesini başdan geçirendiginden habar berýärdi. Heniz ýaşam bolsa, gum ilini baglan Paşşy sazanda gelni Maral bilen ýaňy emedekläp ugran ýalňyz oguljygyny galdyryp, urşa gitdi.
Oraçanyň oguljygyny galdyryp, urşa gitdi.
Oraçanyň keşigini çekmek Maral gelin bilen her gün daňdan gelip saz diňleýän Çürçüriniň paýyna düşdi. Paşy gitdem, her gün daň saz berende obany şirin-şirin owazdan doldurýan dutaram sem boldy. Asla-ha Çürçüriniň saza maýyl bolup gelşi bir geň-taň görläýmeli waka! Çürçüri kän uçman, edil towuk ýaly köplenç ýöräp gezýän, ýakymly saýrap bilýän, ganatlary gara, galan ýerlerem agymtyl, owadan çöl guşy bolmaly.
Paşşy ojagyň ýeňsesinde aýbogdaşyny gurup oturyşyna “Gyzyl börük” atly halk sazyny çalýardy. Gapböwürde gelni hamala saza gulagam asmaýan ýaly bolup, el işine dümtünip oturdy. Ol kämahal bir ýaşmagyny düzedip, şolikarada adamsyna-da gözüniň gytagyny aýlap, ýene-de işine gümra bolýardy. Onuň garşysynda, ojagyň beýle ýüzünde bir ýaşuly adam bilen ýaş ýigit sazandadan gözüni aýyrman, hersi bir ýassygy tirsekläp, kebzelerini ýüke berip, ýaplanyp ýatan ýerlerinden saz diňleýärdiler. Gum sazandasy dutaryň ýüpek tarlaryna, perdelerine şeýle bir owaz etdirýärdi welin, diňläp oturan ýaşuly aşa lezzetden ýaňa näme işleýänini-de bilmän, bir öňünde duran çäýnegi gysymlaýardy, birem çäkmeniniň tüýdüleňkirlän jähegini dyrmalaýardy. Dutardan çykýan owaz oraçanyň içinde aýlana-aýlana tüýnükden, üzükleriň ýukajyk ýamalaryndan, durlugy aýrylyp, ýerine ýöne gamyş ýapylaýan gözeneginden zarynlap çykýardy-da, alaňlaryňdyr syýrgynlaryň aralary bilen uzaklara ýaýrap gidýärdi. Saza maýyl bolup oturanlar Çürçüriniň haçan gelip, haçandan bäri saz diňläp duranyny-da bilmän galypdyr. Çürçüri işik bilen ojagyň aralygynda boýnuny ýygryp, gözlerini ýumup, irkiljiräp durdy. Onuň bolup durşy saz diňlemän, oduň ýylysyna meýmiräp durana meňzeýärdi. Adamsynyň häsiýetine belet gelin Çürçürini ilden öňürti görüp haýran galan-da bolsa, sazyň arasyny üzmezlik üçin gozganman oturdy. Çürçüri saz çalnyp gutaransoňam, sarsmanjyk durdy. Elek-çelek bolup oturan gelniň hereketinden bir üýtgeşikligi syzan adamlar nazarlaryny işige tarap gönükdiripdiler. Çürçüri! Ýeri, şol mahal Çürçüri nädendir öýdýäňiz? Ol birsalym şo durşuna durdy-da, birdenem ukudan oýanan sakçy ýaly boýnuny süýndürip-süýndürip daş-töweregine garanjaklady-da, gapykilmiň aşagyndan sümüldi ötägitdi.
Bu waka iki ýyl mundan öň agşam çagy bolupdy, şondan soň çürçürili gürrüň asmana göterildi. Agyzdan-agza geçip, obadan has alyslara-da ýaýrady, ony hamala rowaýat ýaly edip gürrüň etdiler.
…Çürçüri oraça daňdan gelmäni çykardy. Güýzüň düşmegi bilen epgek sowlup, howa-da birneme salkynrady. Oraçanyň gapy-kilminiň daşyndan gabsa ulanmaga başladylar. Indi Çürçüri kilimiň aşagyndan göni sümlüp bilenokdy-da, gapynyň işigi bilen maňlaýlygyň içinden geçýän, gabsa bilen bilelikde hereket edip duran söýesidir tärim-gazygyň arasyndaky kiçijik yşdan girip çykmaly bolýardy. Ony duýan sazandadyr Maral gelin guşuň sümelgesini az-kem giňeldip goýdular. Bir gezek Paşşy uzakdaky bir obanyň toýundan dolanyp gelip, daňdan wagty bilen oýanmady. Onuň dutary-da gapdalyndaky çuwala söýelgi durdy. Maral edil çopanlaryň taýak zyňyp sürüni yzyna gaýtarandaky çasly sygyryşyna meňzeş sese tisginip oýandy. Ol garaňky böwür bolup duran işige hem-de süýt ýaly asmanyň bir bölegini geňsi şekilde görkezip duran tüýnüge äňetdi. Sykylyk ýene-de gaýtalandy. Bu geň ahwalata ilkinji gezek duşan gelin bu hadysanyň birneme haýal bolup geçmegini isledi. Ol esli wagtlap gursagyny gürsüldiden dolduryp, adamsyny oýarman ýatdy.
Çürçüri çasly gygyryp, gelni gyssady: “Çür-çür-çür, çür-çür-çür, çür-çür-çür …” Onuň sykylygy ses-selemsiz içerde alagowur turzup, asuda howanyňam içinden parran geçip, o duldan bu dula at saldy. Şobarmana ýigdem oýandy. Gelin ojakdaky öten agşamdan ertirlik taýýar edip, aşagyna çöpleme salyp, küme görnüşinde üýşürip goýan sazak odunyna ot berdi. Oduň ýylpyldysyna Çürçüri ziňkildäp ýygryldy. Sazanda eline-ýüzüne ýüzi nagyşly, boýnudyr jürnügi uzyn, sary mis kündükden suw çalyp, töre geçdi. Ol el-ýüzüni süpürip oturyşyna bir-ä Çürçürä, birem gelnine birgeňsi tolgunma bilen seretdi. Bileklerini çermäp dutary eline aldy-da, “tiriň-ň-ň, tiriň-ň-ň…” etdirip, iki-üç sapar kakyp gördi, kirişlerini düzdi. Soňra ýüzüni agras tutup, edähedine görä agzyny pugta ýumup, saz çalmaga başlady. Şonda ol şeýle bir saz çalypdy welin, göýä tamdyradan çykýan owazlar oraçanyň içinde böwür berip aýlana-aýlana, şo barmana Çürçürini-de mejalsyz halda goýup, gabsaň yşlaryndan, tüýnükden çykyp gidýärdi. Dutar agyr-agyr iňleýärdi, käte-de ýap-ýaňy dünýä inen çaga ýaly çyr-çyr çyrlaýardy, aram-aram onuň sesi seýkin basyşly gelin ýörüşine kybap gelip, rahatlanýardy. Çürçüri hamala ezilen ýaly süllerip, gözlerini ýumup hem diňe bir aýagyna agram atyp, gozganman durdy.
Ine, şeýdip gün yzyndan günler, aý yzyndan aýlar geçdi durdy. Çürçüri köp gezek sazandanyň daňdan çalýan sazyny diňledi. Bir gezek ýaz aýlarynyň birinde ir bilen ýigitdir gelniň arasynda Çürçüri hakda şeýleräk gürrüň boldy:
– Näme, Maral, özüň bilýäň, her gün daňdan turup sňa saz çalyp bermäni endik edinipdirin, sen bolsaň, ony ýanyň nökerlije diňleýädiň, şeýle dälmi? – diýip, ol çaý ýüzünde gaýyp ýören çöpi barmagy bilen aýyrdy. – Iki-üç gündür biçäre Çürçüri görnenok-la!?
– Bilmedim welin, çakym çak bolsa…
– Ýeri, ýeri…
– Paşşy, ol hökman köwlener, belki, ýumurtga basýandyr, sag-aman balajyklaryny yzyna tirkesin-dä!
Ýöne Paşşa gaýdyp Çürçürini görmek nesip etmedi.
…Maral adamsynyň urşa giden gününiň ertesi daň bilen ördi, içerde ot ýakylanda, onuň gözi iç işikde tärime ýaplap goýlan ýarty halta unuň düýbünde ýygrylyp duran Çürçürä düşdi. Gelin gözünden boýur-boýur ýaş goýberip, Çürçüriniň ýüzüne-de seretmän gepläp başlady:
– Wah, sadagaň bolaýyn ene Çürçüri, bu nälet siňmiş uruş bizi ýetim goýjak öýdýän. Indi bizde ne saz galdy, ne owaz, hanha dutar… Wah, görgüli Çürçürijik, sen nähili günlere duçar bolduň!? Ýa-da senem… Gidenler aman gelsin hernä!
Gumlularyň adatyna görä gapydan dilegli gelen hergiz boş goýberilmeýär, sazandanyň gelni Çürçürä dutar sesini eşitdirmän, yzyna dolap goýbermäni uslyp bilmedi. Ol eline dutary alyp, gapagyna yzly-yzyna kakyp goýberdi. Ezmaýyşlanyp duran Çürçüri tamdyranyň tirňildisine tisginip, birneme keýerjekledi. Maral gelin esli wagtlap sülük barmaklaryny perdelerde gezdirdi. Dutardan büdür-südür owaz ýaňlandy.
– Meniňki boljak däl! – diýip, ahyry ol naýynjar seslendi. – Ine, meniň bar çalyp bilşim, başyňa döneýin, ene Çürçüri…
Ene Çürçüri biraz salym petekesini gaýşardyp durdy. Töwerek ýagtylyp başlansoň, ýuwaş ýöräp oraçadan çykçy-da, birýerlerik ýitägitdi. Şondan soňam ol daňdan gelmesini goýmady. Gelin Çürçürä tamdyra kakyp bermesini göwün aldaýjy çaga oýny saýyp, ol pişesini derrew taşlady.
Çürçüri gelmesini kesmedi, ýöne ol wagtyny üýtgedipdi. Kä ilkagşam, kä ýarygije, käte-de daňdan gelip diňşirgenip gidýärdi. Şo uçurlar oba iki sany reproduktor getirdiler. oba adamlary oňa “Gara kelle” diýip at goýdular. onuň birini obanyň merkezinde sütün galdyryp, şonuň başyna iltediler. Beýlekisini-de Paşşynyň obadaşlary: “Sazandanyň oraçasynda aýdym-sazyň sesi kesilmez, bu Maral gelne-de teselli bolar” diýip, olaryň oraçasynda goýdular. Şol “Gara kelle-de” saz diňleýän ene Çürçüriniň ajalynyň baş sebäpkäri boldy…
“Gara kelle” gününi gepläp geçirýärdi, ony diňlän erkek adamlar ýüzlerini aşak salşyp, keçäniň gülüni yzarlasa, aýallar gyňaçlarynyň çowlaryny gözlerine ýetirerdi. Ol adam oba hojalygy barada-da, gidip duran söweşler hakda-da dürli-dürli habarlar berýärdi. Kädaýym ondan gyjak-dutaryň sesine garyşýan bagşynyň sesi, ýa-da diňläniňde gözýaşyny sylyp oturan ak gelni göz öňüne getirýän, kirişleri gowşagrak çekilen dutardan çykýan agyr saz ýaňlanýardy.
Şol ýowuz günleriň birinde, daňyň alagaraňkysynda ene Çürçüri öz öwrenşikli oraçasyna gelip girdi. O wagt Maral gelin ýaňy tutaşan oduň ýagtysynda çagasyny ýanap ýatyşyna saza gulak salýardy. Sazlaryň ahlisi gaýgylydy, olary bir eli ýeňil ussat ezberlik bilen ýerine ýetirýärdi. Gelniň “Kimem bolsa ýüregi hem eli edil Paşşynyňky ýaly…” diýip pikir edip başlanam şoldy, onuň gözi ojagyň golaýjygynda gözlerini ýumup, agramyny bir aýagyna atyp duran Çürçürä düşdi…
Şondan soň Çürçüri özüniň saz diňleýän wagtyny ýene-de daňdana geçirdi. Hergiz onuň gelen wagty radio daň sazyny berýärdi. Onuň gelmeginden öňünçä Maral gelin sazdan öňürti berilýän söweş habarlaryna gulak asýardy. Habarlaryň aralygynda kämahal-kämahal awtomatyň tatyrdysy, topuň gümmürdisi ýaňlanyp gidýärdi, haýsydyr bir bölek demriň çoýna degip şuwlaýan sesi eşidilýärdi.
Bir gün Çürçüri oraça owalky gelýän wagtyndan has irräk geldi. Düýe sagasy salym geçse geçendir-dä, heniz örmedik Maral gelnem oýandy. ojakda ot ýylpyldap, tutaşyp-tutaşmanka Çürçüriniň iç işikde duranyny gören gelin özüni giç oýanan saýyp, “Gara kellä” gözlerini dikdi. Ondan hiç-hili ses-seda çykanokdy. “Bä, döwläýdimikä!?” diýip ol, onuň eýlesini-beýlesini gorjaşdyrdy hem nurbatlaryny oýnady. Soň “Häzir başlar-da” diýip, çagasyny ýanamaga geçdi. Birden topuň aýylganç gümmürdisi öýüň içine yzly-yzlyna ýaň berdi. Daňyň ümsümliginde ol biçak gaty ýaňlanyp, içerdäki howany dilim-dilim edip gitdi. Sesiň nurbatyny doly towlap goýan eken. Zähresi ýarylan ene Çürçüri janyny gutarmak üçin bolsa gerek, oturan-oturan ýerinden ganatlaryna bat berdi-de, göz açyp-ýumasy salymda ojakda alawlap ýanýan oduň hem-de oguljygyny emdirip ýatan gelniň üstünden şowrdap uçup gitdi. Ol gözi ýok ýaly bolup, arkasynda üzük göterip duran berdaşly uklaryň birine baryp ýelmendi, şondanam dik başşak gaýtdy. Radiodaky topuň gümmürdisi awtomatyň tatyrdysyna ýazypdy.
– Waý, waý, bolup duran zatlary görüň-leý! – diýip, allaniçigsi bolan gelin ojaga gaçan Çürçürä bakan okduryldy. – Wah-h… ene Çürçüri! Muny nädäýdiň, sesine gyran degen?!
Gelin ýüzüni üç ýuwlan ak esgi ýaly edip, Çürçürini eline alanda guşuň gözleri bir bolşuny saklap, açyklygyna durdy.
– Bu nätdigiň boldy, eziz ene Çürçüri? – diýip gelin ony bagryna basanda, onuň sesi üýtgeşik sandyrap çykdy. – Aýt ahyry bir zat! Ok degende ölünýänini näbilýädiň? Ýa-da sen, çölde boz Maralyň atylanyny görüpmidiň? Onuň ok degende janhowluna çarp urýanyny görüpmidiň? Aýt ahyry… Aýt ahyry… Ene Çürçüri bolsa, eýýäm ähli aýtjagyny aýdypdy.
Meretmuhammet ORAZOW.
Hekaýalar