18:42 Dag we deñiz | |
DAG WE DEÑIZ
Goşgular
Agşam... Deñiz boýy... Asuda asman... O ýerde, Daglarda niçik bu agşam. Bilýärin, meñ söýýän belent daglarma Bakýansyñ mensiz. Gör, menem señ söýýän mawy deñziñe Bakýaryn sensiz. Pikirlerden mydam Kelle doly dur. Olar señ ýanyña galýar, dyzaýar. Ol ýerdäki çaýlar Deñiz ýalydyr, Bu ýerde Tolkunlar Dag meñzeýär. Köñül señ ýanyñda... Gaýdanok heniz... Köp zat añýar Daglañ gümmürdisinden. Diýme sen: "Daglardan Daşdadyr deñiz". Deñiz başlanýandyr Dag gaýasyndan. Gaýañ dagy eredikçe, Gül meñiz, Deñiz tolkunlary Joşýar, bilginiñ. Eger sen dag bolsañ, Menem bir deñiz, Gözbaşym, Gaýañdan başlanýar seniñ. Nabi HAZRY, azerbaýjan şahyry. Terjime eden: Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |