21:29 Penjirämi urýar çynar... | |
PENJIRÄMI URÝAR ÇYNAR...
Goşgular
Azerbaýjanyñ belli şahyry Nabi Hazry azerbaýjan edebiýatyna täzelik getiren şahyrlaryñ biridir. Nabi Hazry-da türkmen şahyrlary Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly şygryýetde täzeçe pikirlenişiñ gözbaşyny açan şahyrdyr. Nabi Hazry öñki edebi akymyñ hörpüni üýtgedip, oña şygryýetiñ täze oýlanyşynyñ we pikir ýöredişiniñ çeper usullaryny girizdi. Nabi Hazry duýgulary janlandyryp, sözlere täze bir güýç, ömür berip, olary täzeçe ýañlandyrdy we okyjyny duýgular dünýäsindäki setirler bilen täze syýahata çykardy. Nabi Hazrynyñ islendik temadaky şygyrlarynda şahyrana öwüşgin bilen birlikde täze bir çeper netijäni duýýarsyñ. Ol adaty oýlanyşy ýatlatmaýar ýa-da ýüzi görnüp duran çeper çözgüde birjik-de meñzemeýär. Ol özüniñ çuññur paýhasa, pelsepä baýlygy bilen seni haýran galdyrýar. Umumy pikiri, garaýşy, oýlanyşy has añryk süýşürýär, añda özboluşly açyş edýär. Umumylykdan anyk pikire, anyk pikirden umumy pikire tarap akymy üýtgedip, Nabi Hazry täsin çeper oýlanyşyñ üstünden barýar. Bu bolsa umumy kabul ederlik derejedäki şygryýeti orta çykarýar we ähli okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan düýpgöter çemenini döredýär. Nabi Hazrynyñ şeýle häsiýetli şygyrlary türkmen okyjylarynyñ söýüp okaýan eserleridir. "Edebiýat we sungat" gazeti. 11.02.2011 ý. Gyş... Ýagyp dur daşarda gar Hemem sowuk ýel şuwlaýar. Bar ýer ak don geýýär birden. Penjirämi urýar çynar, Diýýär çynar: - Goýber öýe, Üşäpdirin, ýylnaýyn men! Tomus... Howa howur alýar, Jaýlañ icem gyzýar, ýanýar. Ot sowrulýar ähli ýerden. Penjirämi urýar çynar, Diýýär çynar: - Çyk, dynjyñ al, Meñ salkynjak kölgämde sen! Terjime eden: Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |