03:14 Dañdanky Ukym | |
DAŃDANKY UKYM
Hekaýalar
Başlangyç Sowuk kofe kitabyny ýazýan mahalym, "Durmuşda her zadyñ bir başlangyjy bar" diýipdim, bu gün Dañdanky Ukym üçin bir sözbaşy ýazýaryn. Durmuş bolsa başlangyçlardan hamyla ýer. Ömrümiz ahyrlaýança täze başlangyçlar başlarys. Onuñ üçin jübümiziñ umytlardan doly bolmagy hökman. Umytly bolmak., beýnimiziñ boldumly tarapyny ulanmakdyr. Umyt bolsa her zaman ynsanyñ ähli zadydyr. Ýazmak ýaşamakdyr, bir pursat säginmezden başga ömürlerde ýaşamakdyr. Ukudakañ hem başga ömürlere garylyp-gatylmak, sözlermiziñ özge ellere gowuşmasy, ynsanlara täze sepgitler açmagydyr. Ynha, men şonuñ üçinem ýazdym. Adam elmydama gürläp bilmez, elbetde ýadar, uklar hem ähli gürrüñleri ýiter gider. Ýazmak ukudaky adamyñ söhbedidir. Müdümilik ýazmajak bolsa-da, ýazanlary bilen ebedilik ýaşamagydyr. Her zaman özge ellerde, aýry pikirlerde dowamat tapmagydyr. Men bir gün Senden aýrylanymda munda özümden gözel zatlary goýup gitmekçi. Sowuk kofe kitabyny kofeleriñi sowatmazdan kofeni sowatjak adamy durmuşyña goşmagyñ üçin ýazdym. Gezek Dañdanky Ukym kitabynda. Bu kitap elinde bolan adamy Dañdanky Ukyñ ýaly söýmegiñ üçin ýazdym. Belki ony bir õmür Dañdanky Ukym diýip söýersiñ. Belki-de onuñ belgisine "Dañdanky Ukym, halyñ niçik" diýip habar oklarsyñ. Sowuk Kofe kitaby ýaly belki bu kitap-da ähli zada başlangyç bolup biler. Ýazgylarda özüñ bilen ýüzleşip, özüñe tanyş duýgular pikieler taparsyñ diýip düşünýän. Belki-de eýýam ol duýgylary syzansyñ-da, kelimeleri jübüñe atansyñ. Aslynda her ýazgy bir kelimedir. Sen öz jümläñi hökman jübüñde goý. Her hili ýagdaýda-da özüñe gowy seret. Gaýta-gaýta okap bilemegiñ dilegi bilen... "Sabah Uykum" kitabyndan. Terjime eden: ©Kalba NUR. Ahmet BATMAN. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |