03:02 Datly toprak / hekaýa | |
DATLY TOPRAK
Hekaýalar
Her ýyl dogduk obama birnäçe günlük görme-görüşe gelenimde, edähedime görä säher çagy gaýraky ekinzarlyga baryp, bir salym oturyp gaýdaýaryn. Häzirem al howada owaz edýän torgaýy synlap, peliň gyrasynda oturyşyma hyýalymda çagalyk ýyllaryma dolandym. Her ýylyň baharynda bu ýerdäki mellegimize gawun, garpyz, kädi ekýärdik. Ders bilen gurplandyrylan toprak bakja ekinleriniň bol hasylyny eçilýärdi. Ýazda ekin ýere suw tutmaly, ony haşal otlardan arassalamaly bolýardy. Ýagdaýyma görä garry atama ýardam berýärin. Ol meniň derde ýaranyma hoşal bolup, maňa buýsanýar. Hawa, çagalygym şeýle asudady. Ganym uruşdan bäri on bäş ýyl dagy geçip, durmuşa täzeden süýjülik garylypdy. Adamlaryň kalby şükürden doludy. Ýüzlerde nur, ekinlerde bereket bardy. Dokuz onlygy arka atan atam sagdyn görünýärdi. Ahyrsoňy eline hasa alany bilenem, oňa daýanyp ýöremegi halamaýardy. Şol günem günorta çagy nahar edinmek üçin öýe gelende atam hasasyzdy. Ekin ýerde kösük görendigini, tapmak aňsat bolar ýaly şol ýerde hasasyny dikip gaýdandygyny aýdanda diýseň begendim. Günüň howry peselende atamyň çal eşeginde artlaşyp, ekin ýere geldik. Hasanyň dikilen ýerine ylgap gelenimde, howsalaly jüýgüldini eşidip, başymy galdyrdym. Bakjamyzyň orta gürpünde bir topgaý dik asmana galýardy-da, soň aşak inýärdi. Bu howp abanýandygyndan nyşandy. Elim hasaly şol ýere okduryldym. Hatda ýandak tikenleriniň awusyny hem duýamokdym. Atam-da ägä ýöräp yzymdan gelýärdi. Gizlinje bir ýerde edilen höwürtgede iki sany torgaý çagasy agyzlaryny giňden açyp azyk talap edýärdiler. Olara nazaryny dikip, owsun atyp, çişip duran kepjebaşy görenimde tisginip gitdim. Hernä özümi dürsäp, hasa bilen gap biline jaýdar sugşurmaga ýetişdim. Ýylan egrem-bugram towlanjyrap, ot-çöplere siňip gitdi. Enajyja torgaý çagalaryny elime almakçy bolanymda atam: - Dur, beýtme, oglum! Hergiz ýadyňda saklagyn, torgaý çagasyna el degse, enesi ondan ýüz öwürýändir – diýip, niýetimden dänderdi. Kösügi çiş bilen kowläp aldym. Ony kitirdedip iýdim. Atam kösügi men däl-de, özi iýen ýaly häzil etdi. Soňra ataly-agtyk bolup ilkinji ýetişen kyrkgünlikleri ýygnamaga girişdik. Basym gülap ysly zamçadyr mazylaryň bäş-altysy çal eşegiň art torbasyna salyndy. Şol mahal al-asmanda pel-pelleýän ene torgaý her dürli oýun edip, şadyýan saýraýardy... Ýakynlap gelýän ýük ulagynyň gürrüldisi ýatlamalarymy düýş ýaly duw-dagyn edip goýberdi. Gawunçylygyň orta gürpünden geçýän urpak ýolda saklanan ulagyň kuzowynda duran üç sany ýigidiň ikisi ýere böküp düşdi. Salamlaşmak üçin ýanlaryna ugradym. Ýazyna tebigy we mineral döküni bol ýetirilen, suwdan ganan agras toprak häzir bol hasylyny eçilibilipdir. Gawun-garpyzdyr kädiler onda-munda düňderilişip ýatyrdy. Ulagyň gelen tarapynda bolsa pomidordyr hyýar, bolgardyr badamjan pelleri al-ýaşyl öwsüp görünýärdi. Ulagyň kabinasyndan 6-7 ýaşly agtygy bilen çykan daýaw ýaşuly kärendeçi daýhan Baýmät agady. Ol menden iki ýaş dagy uludy. Ulaga halta-halta bakja hasylyny ýükläp gelýän ogullary kuzowyň gowuz ýerini gawun-garpyzdan doldurýançalar baýry daýhan meniň bilen söhbete gyzykdy. Boz toprakdan rysgal-döwlet tapan bu azaphon daýhanyň bagtyýar döwrümizden, Mähriban Arkadagymyzdan hoşallygynyň, şükranalygynyň çägi ýokdy. Ol özüniň dokuzy düzüw, gol doly maşgalasy bilen halal zähmetiň hözirini görüp, altmyş bäş ýaşyň agramyny duýman ýör. Sähel salymdan mas ýüklenen ulag üç dogan daýhan bilen birlikde oba ugrady. - Siz hasyly ammara ýerläberiň. Men agtymym bilen günortana çenli bararyn – diýip, ýaşuly kepbä tarap ýöneldi – Ýör, Döwran jan, häzir myhman bilen bilelikde bir waharman iýeli. Onsoň men saňa kösük tapyp bereýin. Meniň ýaýdanýanymy gören babadaýhan sözüniň üstüni ýetirdi: - Aslynda Şaýly jan myhmanam däl-de, öz obamyzyň oglany ahyryn. Onsoňam, bolmanda-da, tomus-güýzde şu ekinzarlygyň golaýyndan gelen adamyň agzyny süýjütmän goýberýän däldiris... Günortana golaý gözýetimden seleňläp görünýän oba sary ugradyk. Bizi ýola salýan ýaly bir torgaý gapdalymyzda pel-pelläp owaz edýärdi. Yzymyzda bolsa Döwranjyk kösügini kitirdedip gelýädi. | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |