21:15 Dawut / hekaýa | |
DAWUT
Hekaýalar
Ähli gözegçiler, barça garawullar, ogurylardyr, ganhorlar, kezzaplardyr, töhmete duçar bolup basylanlary hemme-hemmeler üçin onuň ady Dawut Bastarddy. Gaýratlary çatyp bu sözi ýüzüne aýdyp bilmezdiler. Şeýtanam ony görse toba gelerdi, durmuşy iň nejis ýollarda öwrenipdi. Ejesi, Zehra ile at salan jelepdi. "Jelep öz obasynda jelepçilik etmez" diýselerde ejesi üçin tapawudy ýokdy. Öýüne girip-çykýan erkekler san-sajaksyzdy. Dawut ruhy çökgünlikde, gahar-gazap, öýke-kinedir gam-gussaň içinde ulaldy. Ýaşaýan raýonynyň iň pukara, iň ýeter-ýetmez maşgalalarynyň çagalary hem onuň bilen oýnamaýardy, sebäbi ol, jelep Zehranyň ogludy. Hemmeleriň tersine biz bu hekaýada oňa Ýazyksyz Dawut diýeris, sebäbi bu ýazgydy onuň özüniň saýlamadygyny juda gowy bilýäris. *** Hoja, hor uzyn, molla pisint adamdy. Ýetmiş ýaşandygyna garamazdan gözi çagalardady, pedofil hem kezzap, melgun biridi. Tutuş ömüri türmede geçipdi, ep-esli ýylyny Sinop tussaghanasynda geçiripdi. Aýdymlara, hekaýalara tema bolan meşhur tussaghanada: Sesleriň diwarlarda nähili ýaňlanýandygyny, ol sesleriň arasynda uklamagyň mümkin däldigini, diwarlarynyň yzgarlygyndan ýaňa bagrynyň erbet hassalanandygyny gürrüň bererdi... Hoja, Ýazyksyz Dawudyň iň ýakyn dostudy. Elbetde, dostluklary ikisi hem şol bir nejasatyň zurýady bolandyklary üçindi. Dawuda ýurdyň iň baý maşgalasyndan dowamly sowgat gelýärdi. Maşgalaň adwokaty türmä ummansyz pul getirýärdi. Adamlaryň golaýlaşyp bilmeýän bu maşgalasy, Dawut ýaly birine, haýsy akyla uýup sowgat göýberýändigine hiç kim düşünip bilenokdy. Hoja näme etse-de, näme diýsede iblis iblise syryny äşgär etmedi. Bu syry bilýän ýekeje adam bardy, ol hem diňe alýan parasy bilen oňýardy, görenini görmedik kişi bolýardy. Bir gezek tussaghanaň işgäri haýyş edip goýmansoň adwokat ýekeje söz aýdypdy: "Maşgalabaşyň wesýeti". Dawudyň gedemliginden ýaňa ýanyna golaýlaşyp bilmeýärdiler, islän her zadyny daşarydan getirdýär. Islese otagdaşlaryna hödür edýär, islemese hemmeleriň göz öňünde iýip-içýär. Bir gije hiç zat ýok ýerden urş turdy. Goh-golmagal ýatyşan mahaly Dawut ýeňsesinden pyçaklanyp ýerde çabalyp ýatyrdy. Barça ýer gara gana boýalypdy. Görnüşine görä ganhor işiniň ussadydy. Pyçak şah damara ussatlyk bilen sanjylypdy, bu ýaradan halas bolmak mümkin däldi. Kameradan hemmäni çykardylar, Dawudyň goş-golamlary bir ýere jemlendi. Sülçi Dawudyň ähli zatlaryny görmek isläpdi. Egin-eşikleriniň arasyndan köne bir gazet çykdy. Sülçi, Dawut ýaly bisowat adamyň näme sebäpden gazet saklaýandygyna gyzyklandy, gazetdäki hemme ýazgylary okady. Gözüne ilen zat ýurduň iň baý adamynyň ölüm habary boldy. Tussaghana Dawut üçin dowamly pul ugradýan maşgalaň maşgalabaşysy Wahap begiň ölüm habary. Gazetiň arasyndan eplem-büklem, tagaşyksyz ýazylan hatyň hem bardy: "Hormatly ýaşulym Wahap beg, ilki bilen salam berip, mübärek elleriňizden öpýärin. Hem näsaglymym sebäpli hemem siziň öňüňizde utançly bolandygym üçin ep-esli wagt hat ýazyp bilmedim. Siziň rehimdarlygyňyzyň çägi ýok, men kimin atasy näbelli, halkyň çetlän, ykbaly gara adama uzak ýyllar howandarlyk etdiňiz. Meni bärde hiç haçan sowalgasyz, sowgatsyz goýmadyňyz. Maňa atalyk etdiňiz, ol rehimdar kalbyňyz bilen eden ýagşylyklaryňyzy diňe Allatagalla bilmegini isläp, ýagşylyklaryňyzy gizlin etdiňiz. Maňa hem hiç kime aýtma diýip berk tabşyrýardyňyz. Eden ýagşylyklaryňyz diňe ikimiziň aramyzda galdy. Hiç kimiň ýanynda gadyr-gymmaty bolmadyk birine Wahap beg ýaly biri howandarlyk eder öýdüp kim hem oýlardy. Menem size beren wadamda berk durup ömürimiň soňuna çenli erbet işlere baş goşmaryn hormatly ýaşulym. Sizi hormatlamak bilen ogullygyňyz Dawut Çakar. " Sülçi geňgalyjylyk bilen haty okaýarka otagdaky başga bir adam göze kaklyşmady. Sülçi ýurdyň iň baý adamy Wahap begiň ölüm habaryny okan Dawudyň baý maşgala guran duzagyny, aslynda Wahap beg bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny, ýöne baý maşgalany atalarynyň hemmeden gizlin ýagşylyk edýändigine ynandyrsa hor-homsy birini eklejekdiklerini bilýändigi üçin bu haty Wahap begiň ölüminden habary ýok ýaly ýazandygyny hiç kime aýtmady... —————————— [1]BASTARD (iňlisçe)— Haramzada, çöpdüýbi. (Türkçesi: Piç, veledizina). Ülker ÜNALDY. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |