13:55 Demokratiýa täze howplar bilen ýüzbe-ýüz | |
DEMOKRATIÝA TÄZE HOWPLAR BILEN ÝÜZBE-ÝÜZ
Publisistika
Täze mediýa dünýäsinde merkezleşýän "Chat GPT" we onuñ täze görnüşleriniñ ýüze çykmagy bilen jemgyýetçilik manipulýatorlary gündelik iş ugurlaryny görlüp-eşdilmedik işjeñlikde we iñ pes çykdajy bilen ýola goýup biler. 2018-nji ýylda ABŞ-nyñ Wirjiniýa uniwersitetiniñ medeniýet taryhçysy mediýa boýunça professory Siwa Waidhýanatanyñ "Antisosial mediýa: Facebook bizi nädip böldi we demokratiýanyñ astyny köwdi?" ("(Anti-Social Media: How Facebook Disconnects Us and Undermines Democracy") atly gymmatly kitaby çap edildi. Kitabyñ adyndanam belli bolşy ýaly awtor "sosial tor" manysyny berýän "sosial mediýa" sözüni ulanýar. Awtor aýratynam bu sözi aragatnaşyk we sosial aragatnaşyklary güýçlendirme serişdesi hökmünde däl-de, "antisosial", ýagny, jemgyýete tersdigine ynanýandygy üçin saýlap alypdyr. Waidhýanatan şeýle mediýanyñ oýnaýan düşnüksiz rollaryny tankyt edýän iñ sesi batly çykýan ýeke alym däl. Onuñ uly "zyýanyny" kesgitlemäge synanyşýan müñlerçe tankytçydan ilkinjisi-de däl. Munuñ bilen birlikde, çemeleşmäni şu torlaryñ üstünde amala aşyran faktorlaryñ demokratiýanyñ ýagdaýynyñ, düşünjesiniñ, täsirliliginiñ ölçeginiñ, dowamlylyk ukybynyñ, gatnaşygynyñ üstünde has köp durup geçýändigi berýändigi üçin mazaly ünsi çekdi. Waidhýanatan kitabynda "Şeýle saýtlaryñ, aýratynam Facebook hasaplarymyzyñ aşa köp ulanylmagy syýasatyñ we syýasatçylaryñ at-abraýyny sarsdyrmaga goşant goşdy we demokratik däpleriñ astyny köwdi" diýýär. Şeýle serişdeleri faşizmi möwjetmekde, jynsparazlygy serpikdirmekde, demokratiýany onlarça ýyllap gowy bilýän jemgyýetlerde sagçy partiýalaryñ we hereketleriñ yzly-yzyna üstünlik gazanmaga itergi bermekde aýyplady. Soñabaka awtoryñ öñe süren pikiriniñ çynlakaýlygyny subut edýän köp sanly subutnama orta çykdy. Bularyñ arasynda Ýewropadaky ekstremistik sagçy partiýalardan biriniñ (Germaniýa üçin Alternatiw partiýa) aragatnaşyk işgäriniñ beren görkezmesi-de bar. Partiýanyñ gazanan üstünliginiñ, nemes syýasatynda möhüm orun eýelemeginiñ we Bundestagdan (nemes parlamenti) paý alyp bilmeginiñ sebäbiniñ Feýzbukdygyny aýtdy. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda giñ gyrañly "populist" liderlerden hasaplaýan ABŞ-nyñ prezidenti Donald Tramp Twitter sosial ulgamynyñ prezident bolmagyna uly goşant goşandygyny boýnuna alypdy. "Freedom House" ("Azatlyk" öýi) 2019-njy ýylda çap eden maglumatnamasynda internet arkaly saýlaw proseslerine täsir etme syýasatyngñ dowam etme howpy babatda duýdurdy. Bular ýaly syýasatlar esasan "demokratiýanyñ astyny köwmek isleýänler üçin esasy strategiýa" öwrüldi. Gürrüñi gidýän maglumatnamada şübheli birugsat girişleriñ yzarlanýandygy we 2018-nji ýylda derñelen otuz saýlaw prosesiniñ ýigrimi altysynda dünýäniñ dürli ýerlerinde emele gelen dezinformasiýanyñ mehanizmlerini oñlaýandygy mälim edildi. Waidhýanatanyñ pikiriçe şeýle mediýa platformalary bize "syýasy dialog üçin iñ ýaramaz forumy" berdi. Ýeterlik möçberde jogapkärçilik bilen rasional dialoglar üçin ugur döretmegiñ ýerine duýgulary möçükdirmäge gönükdirilen prowokasion teswirleriñ çap edilýändigine goldanyp, gödekligiñ we kemsidijilikli diliñ ýaýramagyna uly goşant goşdy. Görnüşinden bu barlagçy mazmunyndaky maglumaty, analizi we pikirleri bilen "sosial tor" saýtlarynyñ jemgyýetçilik çekişme ýagdaýynda artan täsiri hakda entek ir hasaplanjak duýduryşy beripdir. Munuñ özi halkyñ erk-isleglerine täsir etmek bilen bir hatarda, tutumlaryny bozmagyna, döwlet syýasatyna çapraz pozisiýalary almagyna getirip biler. Emma "sosial mediýa" dünýäsindäki ýyndam üýtgeşmeler bu babatda täze inisiatiwalart getirmekdenem gaýra durmady. Häzir iñ täzesi - emeli añyñ deñsiz-taýsyz ukyplaryny bu mediýanyñ populýarlyk potensialy we kesgitlu täsiri bilen harmanlaýan täze platforma "Chat GPT". "Chat GPT"-nyñ emeli añ we sosial mediýa dünýäsine ornaşmagy uzak dowam etmedi. Ol bary-ýogy iki aýyñ dowamynda ýüz milliondan aşýan agzasy bilen rekord görkezijä ýetdi. Munuñ özi ajaýyp rekord görkezijisi hasaplanýar. Aýratynam bu ulgama gündelik girip-çykýanlaryñ sany diñe ýanwar aýynda bir günde 13 milliona ýetendigi göz öñüne tutulanda, belki-de, populýar garşydaş mediýanyñ hiç birinde şuña meñzeş artyş bolup geçmändigini aýdyp bileris. Tekstleri, makalalary, goşgulary, hekaýalary ýazmak we ylmy ýumuşlary ýerine ýetirmek boýunça "Chat GPT"-de ýer alan funksiýalaryñ ýany bilen öñündäki mümkinçilikler tebigy taýdan syýasy ulanyşa-da açykdyr. Munuñ özi "Chat GPT" bilen özgerdiljek "elektron komitetler" mehanizmleri arkaly syýasy arenadaky taryhy zarbany añladýar. Bu kabul etmäniñ (восприятие) dogrudygy ýa-da düzgüne gabat gelip-gelmeýändigine garamazdab belli syýasy missiýa hyzmat edýän ýüz müñlerçe teswiri ýeke tuş bilen çap edip bilýär. Täze mediýa dünýäsinde merkezleşýän "Chat GPT" we onuñ täze görnüşleriniñ ýüze çykmagy bilen jemgyýetçilik manipulýatorlary gündelik iş ugurlaryny görlüp-eşdilmedik işjeñlikde we iñ pes çykdajy bilen ýola goýup biler. Munuñ õzi demokratik döwleti düýpsüz ýalana we manipulýasiýa guýusyna gapgaryp biljek zatdyr. Dr. Ýasir ABDYLEZIZ. Sişenbe, 21.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |