13:26 Mediýa emeli añ hüjüminden nädip halas bolmaly? | |
MEDIÝA EMELI AÑ HÜJÜMINDEN NÄDIP HALAS BOLMALY?
Publisistika
Hökümetler, parlamentler, kompaniýalar gürrüñi gidýän düzgüne amal etmek üçin tagalla etmeli bolar. Emma bu çemeleşme hemişeki ýaly haýal bolar we emeli añ ulgamlarynyñ çakgan ösüşine eýgerip ýa-da yzyna eýerip başarmaz. Žurnalist hökmünde indi emeli añyñ haýran galdyryjy, deñsiz-taýsyz we kämil alamatlaryndan peýdalanyp işleme ukybymy ösdürip bilerin. Emma bu oñyn habar emeli añyñ dünýäsini gurşap alan bir topar erbet habarlara indi döz gelip bolmajak we mediýany çynlakaý howp çeşmesine öwrüp taşlar. Mälim bolşy ýaly mediýa habarlaryna azyndan ynandyryjylyk taýdan belli bir ynamyñ güýji, habarçylygyñ dowam edijiligi we peýda boluş sebäbi bolan düýp missiýasyny ýerine getirip bilmegi üçin el çekip bolmajak faktordyr. Emma emeli añ önümleriniñ aýratynam şu babatda edýänleri, dogruçyllyk faktoryna aşa basyş edip, bu käriñ we pudagyñ geljegine garañky kölege salýar. "Tradision" we "täze mediýa" arkaly mediýa materiallaryna duçar bolma tilsimleri emeli añyñ žurnalistika kärine goşan goşantlarynyñ partlamagy bilen birlikde mazaly üýtgedi. Aýratynam "sosial mediýa" platformalary arkaly alynan köp sanly görkezmäniñ, fotosuratyñ, wideonyñ şübheli ýagdaýa gelmegi bu üýtgeşmäniñ subutnamalarynyñ arasynda ýerini alýar. Dogry maglumatlaryñ köpüsi ygtybarlylygyny ýitirip, käbir toslama maglumatlar has ynandyryjy ýagdaýa geldi. Okgunlylyk bilen kämilleşdirilýän emeli añ programmalary ulgamlaryny aýratyn üns bilen ösdürip, her sagatda diýen ýaly täzelerini oýlap tapýar, mediýa we kreatiw mazmun önümçiligindäki paýlaryny durnukly we işjeñ görnüşde artdyrýar. Hatda käbir hünärmenler birküç ýylyñ içinde habarlarymyzyñ we mediýa önümlerimiziñ 90%-niñ bu "enjamlardan" geljegini çaklaýar. Geçen hepde ABŞ-nyñ Goranmak ministrligindäki (Pentagon) partlamanyñ emeli añdan çykan suraty çap edildi. Gürrüñi gidýän suraty emele getirme prosesiniñ berýän bulaşyklygy we dogry şekiller bilen ussatlarça garym-gatym edilendigi sebäpli birnäçe kişi muña güpbe ynandy. Munuñ özi Nýu-Ýork bazarynda millionlarça dollar ýitgisine getiren çalt pese düşüşlige getirdi we Pentagony resmi ýalanlama bermäge mejbur etdi. Şuña ugurdaşlykda ABŞ-nyñ öñki prezidenti Donald Trampy tussag astyna alynandygyny görkezýän fotosurat we Rim papasy Frensisi başga tüýsli eşikde görkezýän fotosurat sosial mediýada ýaýrady. Bular emeli añyñ kömegi arkaly ýasalan iki galp fotoşekildi. Käbirleriniñ hakykatdyr öýden bu suratlary emeli añyñ ösüş ýolunyñ ýagtysynda žurnalistika işiniñ we mediýa önümleriniñ üstünde garaşylan netijeleri eserdeñ gözden geçirmegimiz üçin bize ugur-ýol görkezdi. Emeli añ syýasy, howpsuzlyk, sosial, ykdysady, saglyk, medeni durmuşymyzyñ köp taraply ugry bilen baglanyşykly ýagdaýa öwrülenliginden häzir dünýä derejesinde mediýa önümlerinde görünýän iñ esasy meseleleriniñ birine öwrüldi. Onuñ bu ugurlardan biriniñ arasyndaky her kesişme nokadynda ýüze çykýan meselelerden we howplardan söz açylýar. Şol sebäpli, emeli añyñ inisiatorlaryndan Jeffri Hintonyñ, "ChatGPT"-niñ başyny başlan "OpenAI" kompaniýasynyñ başlygy Sam Altmanyñ, şeýle-de Ilon Maskyñ, Stiwen Hawkingiñ, Bill Geýtsiñ, başga-da ýüzlerçe hünärmeniñ, kanun çykaryjylaryñ, dünýäniñ tehnologiýa industriýasynyñ öñdebaryjylarynyñ, parlamentleriñ, hökümetleriñ, sebitleýin we halkara guramalaryñ emeli añyñ howplary, adama garşy potensial howpy hoýunça bize ýatlatmak we berk gözegçiligi talap etmek üçin nämüçin üýşýändigine düşünse bolýar. Öñünden çaklap boljak geljekde şu giñ gerimli üýtgeşme bilen baglanyşykly "düzgünleşdirme" sözi iñ köp ulanylýan söz bolsa gerek. Hökümetler, parlamentler, kompaniýalar agzalýan düzgüni berjaý etmek üçin tagalla etmeli bolar. Emma bu çemeleşme hemişeki ýaly haýal bolar we emeli añ ulgamlarynyñ çakgan ösüşine eýgerip ýa-da yzyna eýerip başarmaz. Mediýa frontunda şeýle işler heniz köp žurnalisti öýe ugratmakda üstünlik gazanmazdan, mediýa ulgamyny ýalñyşdyryjy habarlar we ýasama fotosuratlardyr toslama wideolar bilen doldurmazdab, pikir eýeçiligi hukugyny ogurlamazdan, önümlerini gerekli minimal howpsuzlyk derejesinden syrylyp, žurnalistika dünýäsiniñ astyny oýmazdan ön çalt ädimler ätmeli. Şular ýaly öñüni alyş işleriniñ arasynda mediýa industriýasyny düzgünleşdirýän edaralaryñ emeli añ önümleriniñ žurnalistika işinde ulanylmagyna gönükdirilen kadalaşdyryjy namalar çykarmaga taýýarlyk işleri-de bar. Şeýle-de, öz-özüne gözegçilik ediş organlary, sindikatlar, metbugat toparlary mediýa iş ugrukdyryjylaryna we emeli añ önümleri bilen baglanyşykly amal etme "düzgünlerine" täze bölümler goşulmalydyr. Şeýle kanuny we düzgünleşdiriji çemeleşmeler pikir eýeçiligi (awtorlyk hukugy) hukugynyñ goralmagyma gönükdirilen ýörite düzgünler kabul edilmezden we gürrüñi gidýän işleriñ we muña jogapkärleriñ magnawy hukuklaryñ bozulmagyndan ötri eli-goly baglanmazdan soñlandy hasaplap bolmaz. Şeýle kanuny we düzgünleşdiriji çemeleşmeleriñ her dürli mediýa ýaýran žurnalistika we döredijilik materiallarynyñ önümçiliginde emeli añ ulgamlarynyñ ulanyjylaryny bir yşarat goýmaga mejbur edýän açyk we düýpli prinsipi öz içine almagy hökmany bolar. Her ulanyjy agza mundan şol önümiñ emeli añ tarapyndan ýa-da onuñ kömegi bilen taýýarlanandygyny syzar we bu häzir iñ gowşak ynanç bolmagynda galýar. Ýasir ABDULAZIZ. Sişenbe, 30.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |