15:39 Sosial mediýa futbol dünýäsini bozýarmy? | |
SOSIAL MEDIÝA FUTBOL DÜNÝÄSINI BOZÝARMY?
Sport we turizm
Sosial mediýa platformalary futbol dünýäsinde duşmançylygyñ ýaýylma howpuny artdyrýar. Bu platformalar ýigrenjiñ ýaýramagynyñ öñüni alyp biljek serişdelere eýe. Futbol häzirem ajaýyp oýun we ol bize has gowy güýmenje berip, wagtymyzy hoş geçirdip bilýär. Ýöne muña güýçli we yzygiderli ýagdaýda meşgul bolunanda, futbola bolan gyzyklanma gün-günden artmak bilen birlikde täze bökdençliklere-de uçraýar. Şeýle-de, futbol milletparazlygyñ ýany bilen etniki we dini duşmançylygyñ möwç alýan pudagyna öwrülýär. Munuñ özi futbolyñ berýän mazasyny bozup, futboly adalat, dürslük we başgany oñlamak ýaly gymmatlyklardan daşlaşdyrýan ýagdaý. Sport dünýäsi ahlak duýgusynyñ ýok ýerinde ýeke günem ýaşap bilmeýär. Şol sanda sport dünýäsinde bäsdeşlik bolmasa maza we şowhunam, ösüşem bolmaýar. Käte garşydaşyña basyş etmegiñ we belki-de garşydaşyñy aljyradyp utmagyñ zerurdygyna garamazdan bäsdeşlik hak iýmek we milletparaz pikirler arkaly ýöredilmeli däl. Sport ahlak duýgusyny we "sportyñ ruhy" hökmünde adalga öwrülen gymmatlyklar prinsipini ýitiren wagtynda düzgün-tertibe eýermeýän garpyşyk meýdanyna öwrülýär. Şeýlelikde, sport ösüş roluny, terbiýeçilik ugruny, adamkärçilik gymmatlygyny ýitirýär. BMG-nyñ baş sekretary Antoniu Guterriş 2019-njy ýylyñ iýunynda möhüm ähmiýetli beýanat berdi. Guterriş beýanatynda "Ýigrenç bütin dünýäni gurşap aldy. Fanatikler awy-zäherlerini ýaýmak üçin sosial mediýa serişdelerinden peýdalanýar" diýdi. Guterriş sözüniñ yzyndan "Ýazgarmak, täsiriniñ ýaýramagynyñ öñüni almak, hakykat bilen ýüzleşdirmek we günäkärleriñ özüni alyp barşyny üýtgetmäge çagyrmak arkaly her hapa herekete garşy alyp barýan işimizi duşmançylykly pikirlere garşy-da ýöretmelidiris" diýdi. Duşmançylykly pikirler bilen milletparaz sözleriñ ýaýylmagy bilen sosial mediýa serişdeleriniñ arasynda görnetin baglanyşygyñ bardygyny indi bilmän duramzok. Sosial mediýa serişdeleriniñ berýän artykmaçlyklary arkaly milletçi pikirleriñ awtorlary zäherleri has giñ ugurlara ýaýma we tarapdar toplama mümkinçiligini tapýar. Bäsdeşlik adrenaliniñ pugtalandyrýan duýgularynyñ ýetjek derejesine ýeten wagtynda we haýsydyr bir tarapyñ utan ýa-da utulan pursatlarynda käbir sosial mediýa ulanyjylar milletçilik etmäge we duşmançylygy ýaýmaga başlaýar. Ine, şol wagtam sosial mediýa platformalary duşmançylygy ýaýmak üçin olara bahasyna ýetip bolmajak amatly pursatlary döredýär. Ýigrenjj we jynsparazlygy ündeýän sözler añsat habarlaşma ýoly arkaly saman otlan ýaly tutaşyp ýaýraýar. Soñky Ýewropa Futbol çempionatynda (EURO-2020) üç garaýagyz iñlis oýunçy Angliýanyñ we Italiýanyñ ýygyndy toparlarynyñ başyny birikdiren soñky oýunda üç möhüm jerime urgusyny jaýdar urup bilmedi. Bu bolsa Angliýanyñ çempionlyk kubogyny gazanmak arzuwynyñ puja çykmagyna sebäp boldy. Ençeme ýyldan soñ çempionlyk kubogyny alarys õýdüp tama eden iñlis janköýerleri üçin munuñ özi gynandyryjy zarbady. Şonsuzam Angliýa futbol boýunça janköýerlerini begendirip biljek halkara üstünlikleri gazanyp bilmändi. Munuñ sarsgyny öte ýaman boldy. Emma sport ruhy bilen netijä razy bolup, utany gutlamak we utulanyñam elini gysyp ruhlandyrmagyñ ýerine käbir janköýerler güýjüni jerime urgularyny urup bilmedik oýunçylara hapa-paýyş sögünip harçlamaga başlady. Iñlis hökümeti bu masgaraçylykly ýagdaýyñ öñüni almak üçin futbol dünýäsini gurşap alan jynsparazçylykly meýilleriñ ýaýramagynda uly rol oýnaýandygy sebäpli, sosial mediýa platformalaryna basyş etmäge synanyşdy. Munuñ üçin premýer-ministr Boris Jonson şol platformalaryñ wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Jonson duşuşygyñ yzyndan eden çykyşynda "Uly sosial mediýa platformalarynyñ wekilleri bilen gepleşdim. Internetiñ berýän zyýany boýunça kanunçylygy işläp düzmek barkaly meseläni çözmäge girişjekdigimizi olara pugta düşündirdim. Bu platformalar ýigrenji we jynsparazçylylykly pikirleri beýan edýän teswirleri doly öçürmeseler halkara girdejileriniñ 10%-ne çenli jerime edilerler. Hemmämizem bu platformalaryñ muny etmäge güýji ýetýän tehnologiýa we mümkinçilige eýedigini bilýäris" diýdi. Munuñ özi diñe hökümetiñ görkezen tutumy däl. Soñky wagtlarda "Statsya" guramasynyñ geçiren pikir soralşygynyñ netijesi Birleşen Korollykdaky (Angliýa) futbol janköýerleriniñ 44%-i, sosial mediýa platformalarynyñ oýunçylara gönükdiren jynsparazçylykly sözleriniñ öñüni almak boýunça has köp iş alyp barmalydygyny görkezýär. Başga bir ýandanam beýlekiler ýigrenç we jynsparazlyk howpunyñ öñüni almak üçin ýeterlik çäreleriñ görülmedik ýagdaýynda oýunçylaryñ platformalary boýkot etmelidigini aýtdylar. Futbolçylara garşy jynsparazçykly masgaralamalar diñe Birleşen Korollyk ýa-da Ýewropa bilenem çäklenenok. Tersine, bu ýagdaý arap ýurtlary bilen bir hatarda dünýäniñ beýleki sebitlerinde-de güýçli formada ýaýylýar. Sosial mediýa platformalary futbol dünýäsinde ýigrenjiñ ýaýylma howpuny artdyrýar. Bu platformalar duşmançylygyñ ýaýramagynyñ öñüni alyp biljek serişdelere eýe. Emma olar şu meselede etmeli işlerini edenoklar. Elbetde, munuñ gorkunç netijelerine garaşybermeli. Dr. Ýasir ABDULAZIZ. Sişenbe, 27.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |