22:34 Sosial mediýa, çagalar we dopamin! | |
SOSIAL MEDIÝA, ÇAGALAR we DOPAMIN!
Psihologiýa
Çagalar we uly ýaşlylar has köp añ, ruhy-psihologiki we sosial howplara sezewar bolarlar Geçen penşenbe güni "X" platformasynyñ eýesi meşhur amerikan milliarderi Ilon Mask çagalaryñ we uly ýaşlylaryñ aşa köp sosial mediýa ulanýandygy bilen saglyk we psihologiki problemalary başdan geçirmeklerini gönüden-göni baglanyşdyran saýlama hünärmenlerden we analitiklerden düzülen topara goşuldy. Platformalardan biri bilen geçirilen we Maskyñ "X" hasabyndan özüne salgylanyp paýlaşan reportažynda sosial mediýa uly hyjuw bilen ýapyşan bu milliarder sosial mediýa platformalarynyñ köpüsiniñ "çagalara ýaramaz täsiriniñ bardygyny" tassyklady. Çykyşynda şeýle hem bu mediýa serişdelerinden käbirleri arasynda ýaşlaryñ ünsüni çekmek we ulanyş müddetini uzatmak "emeli añ" programmalarynyñ ulanylyşy babatda bar bolan gyzgalañly bäsdeşligi tankyt etmegi-de üns çekijidi. Maskyñ by duýduryşlary gürrüñi gidýän mediýa gönükdirip edilýän tankytlatyñ köpüsi bilen utgaşýar. Duýduryşlaryñ sebäbi-de, sosial mediýanyñ uly ýaşlylaryñ we ýetginjekleriñ platformalary bilen baglanyşygyny güýçlendirýän "bagtlylyk baýragyna" öwrülen "dopamin" gormonyny oýandyrýan täsirleri ulanmagydyr. Emma bu garaşlylyk öñ olarda depressiýa we howsala düşme ýalu kesellere ýol açýar, has soñky tapgyrlarda bolsa öz janyna kast etmä-de iterip bilýär. Çagalaryñ we uly ýaşlylatyñ "sosial mediýa" serişdelerini ulanmagynyñ psihologiki, saglyk we sosial ölçeglerini öwrenýän ylmy-barlag işleriñ kemlik etmeýändigini aýtman geçip bolmaz. Şonsuzam käbir hökümetler we kanun çykaryjylar bu mediýanyñ ýaş toparlara abandyrýan howpunyñ uludygyna düşünip, bu boýunç degişli kararlary çykarmaga we abanýan howpa garşy durup biljek kanunnamalary tassyklamaga girişdiler. Mysal üçin, 2020-nji ýylyñ dekabr aýynda Fransiýa mugallym Samuel Patiniñ öldürilmegi we has soñra bu hadysa bilen "sosial mediýanyñ" arasynda orta çykan baglanyşyk sebäpli çaýkanypdy. Bu ýagdaý Bilim ministrliginiñ Baş gözegçilik müdirliginiñ hadysa boýunça habarnama çap etmegine sebäp boldy. Habarnama "sosial mediýa torlarynyñ yzarlanmagynda gowşak synlama we yzarlama mehanizmlerinden gelip çykýan kemçilik" hökmünde kesgitlän ýagdaýyny açyk we kesgitli düşündiripdi. Yzyndan aç-açan "bu torlary synlama mümkinçiligini döretmek we güýçlendirmek üçin Içeri işler ministrligi bilen bu torlar boýunça maglumat alyş-berişini etmäge" çagyrypdy. Fransuz hökümeti Bilim ministrliginiñ we käbir gulluklarynyñ üsti bilen bu torlaryñ işlerini belli bir derejede gözegçilikde saklamagyñ gerekdigi netijesine geldi. Ministrlik we onuñ bölümleri uly ýaşlylardyr kiçi ýaşly mekdep okuwçylaeyñ maşgala gözegçiliginden ýa-da terbiýesinden daşda, howplary synlap azaltmaga dyrjaşyp biljek haýsydyr bir jemgyýetçilik gözegçiligijiñ bolmadyk şertinde bu torlary çakdanaşa köp ulanýandyklaryny anyklady. ABŞ-da hem käbir hökümet edaralary bu mediýa torlarynyñ mekdep okuwçylarynyñ arasynda aşa köp ulanylmagyndan gelip çykýan howplara garşy göreşme işine goşuldy. Şol sebäpli Waşington ştatyndaky Sittl şäherinde Döwlet okuw jaýlary departamenti geçen ýylyñ ýanwar aýynda esasy sosial mediýa platformalaryny işledýän uly tehnologiýa kompaniýalaryny suda berdi. Sud prosesinde bu kompaniýalar "mekdepleriñ okuw programmalaryny talabalaýyk ýerine ýetirme güýjüne gönüden-göni täsir etmekde, talyplaryñ ýygy-ýygydan ruhy taýdan näsazlyklara duçar bolmagyna sebäp bolmakda" aýyplandy. Hernäçe käbir ylmy-barlaglar sosial mediýa ulanyşygy bilen çagalarda we uly ýaşlylarda saglyk we añ taýdan problemalaryñ orta çykmagynyñ arasyndaky awtomatiki baglanyşygy ymykly tassyklamasa-da, birnäçesi çakdanaşa ulanyşygyñ bu problemalaryñ ýüze çykma ähtimallygyny artdyrýandygy we bulary azaltmak üçin gerekli tagallalary kynlaşdyrýandygy bilen ylalaşýar. Bu ylmy-barlaglara garşylyklaýyn dürli gatlaklarda geçirilen birnäçe meýdan barlaglarynda sosial mediýa ulanýan çagalaryñ we uly ýaşlylaryñ sosial mediýa bloglarynda uly duýgy oýandyrýan meselelere ýönelýändikleri we isleýändikleri netijesine geldi. Bu ýönelmäniñ potensial taýdan "kanagatlandyryjy" bolup biljekdigi telim gezek nygtaldy. Ylmy-barlagçylar şeýle-de bu çagalaryñ beýniniñ belli böleklerini oýandyryp, özlerinde gaýgy-alada, şok, gorky ýalu duýgylar oýandyrýan bloglardan täsirlenýändikleri netijesine-de geldi. Munuñ özi pul ýa-da uly baýraklar ýa bolmasa sowgat gazanmagyñ, şokolad iýmegiñ täsirine meñzeýär. Bularyñ barsy doly ýagdaýda "dopamin" gormony ýaly täsirini görkezýän oýandyryjylardyr. Sosial mediýa çagalar, talyplar, uly ýaşlylat üçin bilim, terbiýe berme prosesinde oñyn rollary oýnaýar. Emma bu inkär edip bolmajak aýratynlyklar çagalaryñ saglyk, añ, psihologiki ýagdaýlarynyñ manipulirlenmeginiñ döredýän howplarynyñ öñüni alyp bilmeýär. Bu platformalaryñ işleýişini dolandyrýan girdejä esaslanýan iş modeli algoritmleriñ çakdanaşa formada ulanyşygy ulanyjylary yzygiderli yzarlaýyşda galmaga iteren mehanizmiñ täsirleri, mazmunyny baýlaşdyrmak we köpçülige ýaýratmak üçin "emeli añyñ" göz gamaşdyryjy alamatlaryndan peýdalanylmagy sebäpli çagalar we uly ýaşlylar has köp añ, ruhy-psihologiki we sosial howplara sezewar bolarlar. Bu ýagdaý gaty köp adamy gaýga goýdy we Ilon Mask hem mundan çetde galyp bilmedi. Dr. Ýasir ABDULAZIZ. Sişenbe, 28.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |