09:08 Sosial mediýa nädip faşizme öwrenişdirmegi añsatlaşdyrýar? | |
SOSIAL MEDIÝA NÄDIP FAŞIZME ÖWRENIŞMEGI AÑSATLAŞDYRÝAR?
Psihologiýa
Häzir dünýäde algoritmleriñ sosial mediýada nämeleri edýändigine göz ýetirmek üçin Demirgazyk Koreýadaky uruşyñ yzyndan hytaý konslagerlerindäki amerikan "ýesirleriñ" hekaýatyna we şahsy aýratynlyklarynyñ üýtgemegine getiren öwrülişiklere ser salyp bileris. Dini, milli, nasionalistik esasly faşistik radikal toparlaryñ dynman ösmegi, çykyşlaryndaky we delillerindäki anyk ýerliksizlige we rasionalizmi, hoşniýetliligi we agzybir ýaşamagy goldaýan pikirleriñ ýörgünlidigine garamazdan, bu toparlaryñ giñemegine we yzyna eýerijileri toplamagyna getirýän sebäpler bilen baglanyşykly birnäçe sowaly orta atýar. Bu faktory öwrenmäge we munyñ öñüni almak üçin amatly ýollar tapmaga gönükdirilen uly gyzyklanma emele getiren düýpli howpundan gelip çykýar. Bu toparlaryñ şeýle çaltlykda ösüp-örñemegine dowam etmeginiñ global konfliktleriñ çuñlaşmagyna, terrorçylykly aktlaryñ köpelmegine, ýurtlaryñ içinde we arasynda çaknyşma şertiniñ emele gelmegine ýol arçap biljekdiginiñ ynanjy artýar. Faşistik we radikal toparlaryñ durnukly ösüşi bilen "beýin ýuwma" diýip at berilen sistemanyñ içinde ynandyrma we täsir etme metodikasyny ulanýan psihologiki we sosial mehanizmleriñ arasyndaky arabaglanyşygy tapmak kyn däl. "Beýin ýuwma" añlatmasyny ellinji ýyllardan öñ bilýän ýokdy. Koreýa uruşy arkaly bu añlatma durmuşymyza aralaşdy. Amerikan barlagçylary kommunist hytaýlylar tarapyndan dolandyrylýan konslagerlerde saklanýan amerikan esgerleriniñ köpüsiniñ özlerini ýesir edip saklaýanlara has boýunsunujy we hyzmatdaş ýagdaýa öwrülendigini, hatda harby syrlaryñ aýan edilmegi hakdaky talaplara-da has añsat jogap berendiklerini we gaçmagyñ pikirini eden ýoldaşlaryny añsat şugullandyklaryny bildiler. Robert Çaldini "Maýyl etmegiñ psihologiýasy" atly gymmatly eserinde Edgar Şeýn atly görnükli amerikan barlagçysynyñ beýleki konslagerlerde ýa-da Birinji we ikinji jahan uruşlaryndaky amerikanlarda görülen azatlyk, göreşiji, gozgalañçy meýliniñ tersine hytaý konslagerlerindäki ýesirlerde görülen täsin boýunsunujy çemeleşmeleri analiz etmek bilen ýakyndan gyzyklanandygyny aýdýar. Şeýn bu täsin tapawutlylyk üçin mantykly sebäp tapýar. Ylmy-barlaglaryñ netijesinde amerikan ýesirleriñ "Ideologiýa ýerleşdirme maksatnamasy" ady berilen täsirli we üstünlikli programmany özleşdirendikleri bilinýär. Munuñ üsti bilen hytaýlylar muña boýun egendikleri sebäpli amerikan ýesirleri üçin meýilleşdiren ähli maksatlaryna ýetdiler. Olaryñ arasyndaky ýakynlygy kesmegi, olary ejizletmegi, biri-birlerini şugullap durar ýaly etmegi, ahyrynda-da harby ideologiýalaryny gowşatmagy we watana bolan söýgülerini sarsdyrmagy başardylar. Hytaýly ýolbaşçylar ýesirleriñ saklanýan konslagerlerinde amerikan esgerleriniñ "beýnisini ýuwmak" üçin täsirli usula ýüz urdular. Mysal üçin, ýesirlerden şular ýaly soraglara jogap bermek islendi: - ABŞ şolar ýaly birkemsiz döwletmi? - ABŞ hiç ýalñyşmaýarmy? - Kommunizm dumly-duşa ýaýran erbetlikmi ýa-da onuñ gowy taraplary-da barmy? - ABŞ-da işsizlik barmy? - Kommunistik ýurtlarda işsizligiñ derejesi has pes dälmi? Şu we şuña meñzeş soraglara gaýta-gaýta berilen jogaplar arkaly amerikan ýesirleriniñ düşünje sistemasy şekillenmäge we özlerini ýesir saklap duranlaryñ isleýän ugruna gitmäge başlady. "Ýesir" diñe bir tarapyñ kemçiligine üns berýän we oñyn bolmasa beýleki tarap hakda maglumat bermeýän aragatnaşyk ulgamynda ýaşanda meýilleri üýtgeýär, wagtyñ geçmegi bilen täze düşünje sistemasyny oñlaýar we şahsy aýratynlygy üýtgäp bilýär. Muny häzir ýesir saklanýan konslagerlerden başga ýerde-de görüp bilýäris. 2018-nji ýylda belli şwed ylmy-barlagçysy şu gipotezanyñ güýjüniñ bardygy hakynda anyk delilleri hödürledi. Üç abraýly ýokary okuw jaýlaryndan ylmy-barlagçylar radikal onlaýn forumlatda 12 müñe golaý adamdan gelen 700 müñ blog hatyny analiz etdi. Munuñ netijesinde gürrüñi gidýän forumlaryñ täze agzalarynyñ şu platformalara goşulandan alty aý soñ birmeñzeş radikal pikirleri oñlaýandygy anyklandy. Şu ylmy-barlagçylar öwrenilen haýsydyr bir adamyñ "beýni ýuwma" müddetiniñ üstünlikli geçendigi barada subutnam tapmak islänlerinde "meniñ" ýerine "biz" sözüni ulanmakdan gowy zat tapyp bilmediler. Şonuñ üçin ylmy-barlagyñ ady "Menden Bize... Faşistikik meýilli forumlarda toparlaryñ emele gelişi we adaptasiýasy" görnüşinde boldy. Garward uniwersitetiniñ "Shorenstein" mediýa, syýasat we jemgyýetçilik syýasaty merkeziniñ ylmy-barlaglar boýunça direktory Žoan Donowan "sosial mediýa" tarapyndan ulanylýan algoritmleriñ gödek we radikal pikirleri ýaýma we ýalñyş maglumatlary ýaýratma babatda uly güýje eýedigini aýdýar. Ol "bu täsiri" azaltmak üçin tagalla etmezligiñ netijesiniñ demokratiýanyñ soñuny getirjekdigini" duýdurýar. Dogrusy, sosial mediýa platformalarynyñ işini añsatlaşdyrýan we güýji bilen täsirini artdyrýan algoritm sistemasy añsat görnüşde ulanyjynyñ pozisiýasyna düşünýändigi, saýlap alýan ugurlaryny we seçgilerini hasaba alýandygy üçin ähmiýetli. Şuña laýyklykda ulanyjynyñ bir pikirdäki zadyny görkezip, ony çapraz pikirlerden we muña garşy tankytlardan mümkin boldugyça daşlaşdyrýar. Şeýtmek bilen ulanyja diñe belli meýillere ugurdaş zatlary we bulary goldaýan äheñdäki argumentleri eşidýän, okaýan we görýän parallel dünýäsini döredip berýär. Şonuñ üçinem häzir dünýäde algoritmleriñ sosial mediýada nämeleri edýändigine göz ýetirmek üçin Demirgazyk Koreýadaky uruşyñ yzyndan hytaý konslagerlerindäki amerikan "ýesirleriñ" hekaýatyna we şahsy aýratynlyklarynyñ üýtgemegine getiren öwrülişiklere ser salyp bileris. Dr. Ýasir ABDULAZIZ. Sişenbe, 13.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |