14:11 Depesinde örülen saç goýýanlar | |
DEPESINDE ÖRÜLEN SAÇ GOÝÝANLAR
Taryhy makalalar
Soltanşa Atanyýazowyň ‘’Şejere – Türkmeniň nesil daragty’’ atly 1994-nji ýylda Aşgabat şäherinde turan-1 neşirýaty tarapyndan neşir edilen (çap edilen) kitabynda türkmen we türki etnonimlerine düşündirişler berlipdir. Bu kitapda türkmen halkynyň taryhyny, onuň goňşy we türki halklar bilen taryhyň dürli döwürlerindäki gatnaşyklaryny öwrenmek üçin gymmatly maglumatlar bar. Emma bu kitap bu ugurda gutarnykly iş däl. Sebäbi, birinjiden türkmen milleti müňlerçe, belki on müňlerçe taýpa-tirelerden, uruglardan ybarat bolup, bu kitapda olaryň takmynan müňe golaýyna düşündiriş berlipdir we ol düşündirişleriň köpüsi örän gysga. Ikinjiden, berlen düşündirişleriň örän köpüsi hatda hemmesi diýen ýaly çaklamalara esaslanýar. Bu kitapda meň esasy ünsümi çeken zat Garagalpak alymy Döwlen Aýtmyradowyň çaklamalary boldy. Awtor bu kitabynda on bäş-on alty çemesi tire-taýpa, halk atlaryna beren düşündirişlerinde beýleki çaklamalar bilen bir hatarda Garagalpak alymy, ýazyjy D. Aýtmyradowyň hem çaklamalaryny ýerleşdiripdir. Geň ýeri Aýtmyradowyň çaklamalarynyň hemmesi şol bir düşündirişe syrykdyrylýar. Aşakda Soltanşa Atanyýazowyň ‘’Şejere’’ kitabyndan tire, taýpa, halk atlaryna berlen düşündirişlerden on sanysyny getirýän, olaryň içinde D.Aýtmyradowyň çaklamalary hem ýerleşdirilipdir. ■ Garaöýli, Garabölük. Orta asyr alymlary tarapyndan sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri bolan bu toparyň adyny Mahmyt Kaşgarly Garabölük (ýagny Garalaryň bölümi), Reşideddin we Salar baba Garaewli – Garaöwli, Abylgazy hem Garaöýli görnüşinde ýazypdyrlar. Onuň orny Mahmytda 12-nji, Reşideddinde we Abylgazyda 4-nji, Salar babada bolsa 7-njidir. Reşideddin we Abylgazy Garaöýlüleri Oguzhanyň birinji ogly Günhandan 4-nji neberesi hasaplasa, Salar baba ony Oguzhanyň ikinji ogly Aýhanyň 3-nji çagasyndan önen il diýip ýazýar. Garaöýli etnoniminiň manysyny Reşideddin ‘’gara öýli’’, Abylgazy ‘’her kaýda otursa hergah bilen (ýagny gara öýde) oturyjy’’, Salar baba bolsa ‘’ýolda çerik (goşun) bilen hup ýörür’’ diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy we ýazyjysy D.Aýtmyradow bu pikirleriň ählisini ret edip, garaöýli etnoniminiň ‘’gara saçly’’ manysynyň tarapyny tutýar, çün ki onuň pikiriçe uý sözi gadymy türki dillerde ‘’ýüň’’, ‘’tüý’’ ýagny ‘’saç’’ manysynda hem ulanylypdyr. Bu alym etnonimi gadymy türk erkekleriniň kellesinde saç (gulpak) goýmak däbi bilen baglanyşdyrýar. Bu düşündirişleriň haýsyna ynanmalydygyny, goý, okyjylaryň özi çözsün. Ýöne Abylgazyň ‘’Türkmenleriň şejeresi’’ diýen kitabynda Garaöýlüler barada köp maglumatlaryň getirilendigini ýatladalyň. Bu kitapda ýazylşyna görä, Ärsary baýyň gyzy Mamabike Horasandan gaýdanda, 4 ogly we 2 gyzy bolan bir guly we gyrnagy oňa hyzmatkär berýärler. Bu guluň uly ogluna Hydyr-Çora (Hydyr Jora), ikinjisine Aly Jora, üçünjisine Igbek, dördünjisine hem Kaşga Jora diýýärler. Mamabike garrandan soň bu gullara uly döwlet we mülk berip, olary azat edýär. Ogullar baýlaşyp, hersi özbaşyna bir iliň taýpabaşysy bolýar. Hydyryň iline Hydyrili, Alyňka – Alili, Kaşgaňka – Garaöýli, taýpasy diýen at galýar. Kaşgaň ili Ajydeňziň (Garabogaz köli) ýakalarynda ýaşaýar. Altynorda hany Berdibek 1359-njy ýylda öldürilenden soň, Balkandaky Düýejiler talanýar, garyp düşýär. Kenarda ýaşaýan Garaöýlülerden haraý isläp, Düýejiler olaryň ýanyna göçýärler. Ençeme ýyldan soň Düýejileriň sany köpelýär, olar barha gurplanýarlar, emma Garaöýlüler garyplaşýar. Şol açlyk ýyllarynda bularyň içinde Halyl diýen dogumly ýigit döreýär. Ol Garaöýli aksakgallaryny ýygnap, Ärsarybaýyň onbegileriniň we ýagşyzadalarynyň huzuryna baryp, şeýle diýýär: ‘’Öň biz siziň hyzmatkärleriňizdik. Häzir garyp düşdük. Sizden uly haýyş: uly we kiçi Balkandaky suwly, ekmäge amatly we guşly ýerlerden bize ýer berseňiz. Biz size onuň üçin ýylda näme tölemeli bolsa töläýli’’. Ärsary kethudalary maslahatlaşyp, Garaöýlülere Ärsary babanyň uly Balkandaky alty akar çeşmesini, on höwürtge laçyn, on sekgiz höwürtge ütelgi bermegi karar edýärler. Bu zatlar üçin Garaöýlüler ýylda ekinlerinden alan hasylynyň ýarysyny, agyl dikmek üçin iki müň (bag?) gamyş, on uly laçyn, dört jüre(?) laçyn, on sekgiz uly ütelgi, alty saryja (awçy guş) bermeli bolýarlar. Halyl dagy muňa razy bolýarlar, ýöne aw guşlaryny tutmak üçin ýüpleriniň ýoklugyny, özleriniň hem azyksyz galanyny aýdýarlar. Ärsary kethudalary bulara 100 gulaç ýüp, alty sany owlakly geçi, iki tulum çökelik we bir eşek berýärler. Garaöýlüler köp ýyllap bu zatlary ulanyp güzeran görýärler. Taryhçylaryň barlaglaryndan mälim bolşuna görä, 15- 16-njy asyrlarda Düýejiler Balkan etrapyndan Garaöýlüleri gysyp çykarýarlar. Garaöýlüleriň köpüsi Sakar, galanlary-da Ärsary, Ýomut taýpalarynyň arasyna siňip gidýärler, olaryň Garaöýli diýen etnik ady hem taryhyň sahnasyndan düşüp galýar. Sakarlaryň düzümine giren Garaöýlülere Dagsakar diýen täze etniki at dakylýar. ■ Galpak, Garagalpak. Türkmenler bilen gan garyndaş bolan we irki eýýamlardan bäri goňşuçylykda ýaşaýan halkyň garagalpak diýen ady bar. Bu halkyň öz şahyrana döredijiliginde gazak, nogaý, şeýle-de türkmen dillerinde we bu halklaryň klassik edebiýatlarynda Garagalpak diýen etnonim bilen birlikde, onuň Galpak görnüşinde gysgaldylyp ulanylşyna-da duş gelinýär. Seýdiň ‘’Tapylmaz’’ goşgusyndan alnan ‘’Sähraň işin, nogaý, galpak, gazakda’’ diýen setir hem muňa mysal bolup biler. Garagalpak diýen adyň gelip çykyşy we aňladýan manysy barada alymlaryň arasynda birlik ýok. Bu barada aýdylan zatlary gysgaça jemläp, biz bu babatda gelen netijämizi okyjylaryň dykgatyna hödürlemekçi. Garagalpaklar ilki häzirki ýaşaýan ýerinde (Garagalpagystanda) däl-de, günorta Orsýetiň sähralarynda, ýagny Wolga we Don boýlarynda taýpa, halkyýet hökmünde ýüze çykan bolmaga çemeli, çünki olaryň ady orsça ‘’черные клобуки’’ görnüşinde ilkinji gezek Kiýew senenamalarynda duş gelýär (1146-1192-nji ýyllar). Wolga, Don boýlarynda, häzirki döwürde günorta Ors sährasy diýip at berilýän giň teritoriýada biziň eramyzyň başlarynda-da türki taýpalaryň ýaşandygy mälim. Beýik Türki kaganat synandan soň, türki halklaryň bu etrapa göçe-göçlügi giň gerime eýe bolýar, hatda olar bu ýerde Bulgarystan we Hazarystan diýen kuwwatly döwletleri hem döredýärler. Şol döwür ors senenamalarynda ‘’tork (türk)’’, ‘’torkman (türkmen)’’, ‘’uz (oguz)’’, ‘’peçenek’’, ‘’berendeý’’, ‘’kuman’’, ‘’çýornyýe klobuki’’ ýaly türki taýpalaryň atlaryöwran-öwran gaýtalanýar. Reşideddiniň ‘’taryh ýygyndysy’’ diýen eserinde-de (14-nji asyr) kaum-i kulah-i siýah diýen etnonim duş gelýär. Ol Garagalpak diýen adyň parsça terjimesidir (Garagalpak kowumy). Ynha şu çeşmelerde ýatlanýan şu kowum, köp alymlaryň pikiriçe, peçenek-hazar birleşigini emele getiren türki (türkmen) taýpalarynyň şu etrapdaky gypjak (nogaý) taýpalary bilen gatyşmagy netijesinde emele gelipdir. Professor P.P.Iwanowyň pikiriçe, Horezm şasy Altyntaşyň hyzmatyndaky nökerleriň bir bölegi gara galpak (gara başgap) geýendigi üçin, şol nökerler, soňra olaryň degişli taýpasy Garagalpak diýen ady alypdyr. Garagalpak alymy we ýazyjysy Döwlen Aýtmyradow Garagalpak etnoniminiň aňladýan manysyny düýbünden başgaça düşündirýär. Gadymy türkleriň erkekleri depesinde ýa-da ýeňsesinde saç goýupdyrlar, ol saçy örüp goýberenleri hem bolupdyr. Şonuň üçin, D.Aýtmyradowyň pikiriçe, bu at ‘’gara gulpak’’ diýen sözleriň birneme üýtgän görnüşidir. Öz sözlerini delillendirmek üçin, ol Garagalpak şahyry Berdakdan şu goşgyny mysal getirýär: Mäliktiň ogly Razyhak, Ýaşlygynda koýdy gulpak, Keýgen eken kara kalpak, Şundan ‘’Kalpak’’ bolgan eken. Sözümiziň ahyrynda tekeleriň togtamyş bölüminde Galpak diýen tiräň bardygynam ýatladýarys. ■ Dah, Daý. Türkmenleriň iňňän gadymy ata-babalarynyň biri bolan Dahlar Saklaryň bir bölümi bolup, biziň eramyzdan öňki 2-nji müňýyllykdan tä arap basybalyşlaryna çenli (7-nji asyr) uly halk bolup, ol Hazar deňziniň kenarlarynda, gyzyletrek, Gyzylarbat, Nebitdag etraplarynda ýaşapdyr. Bu halkyň gadymy paýtagtynyň galyndylary Dahystan (Dehistan, ýagny Dahlaryň ýurdy) diýen at bilen Gyzyletrek etrabynyň teritoriýasynda häli-häzire çenli saklanýar. Dähli, Däli diýen at bilen bu halkyň ululy-kiçili bölekleri ençeme türkmen taýpalarynyň arasyna siňipdir. Günbatar Garagumdaky Dähli diýen guýyň ady hem Dahlar bilen baglanşyklydyr. Garagalpak alymy Döwlen Aýtmyradow Dah diýen etnik ady Sak etnonimine syrykdyrýar we ony ‘’kekilli’’, ‘’gulpakly’’, ‘’depesinde örülen saç goýýanlar’’ diýip düşündirýär. ■ Sak. Türkmenleriň we ençeme beýleki türki halklaryň gadymy ata-babalary bolan Saklar biziň eramyzdan öňki müňýyllyklarda köp sanly göçme taýpalarynyň birleşmesinden emele gelip, uly we güýçli halk derejesine ýetipdir. Olar b.e öňki 8-nji, 6-njy asyrlarda Orta we Merkezi Aziýaň (Orta Aziýaň, Gazagystanyň, Gündogar Türküstanyň) giň sähralarynda ýaşapdyrlar. Gadymy grek alymy Gerodotyň ýazmagyna görä, b.e öňki 3-nji asyrda höküm süren Eýran şasy Dariýiň eýýamynda Saklara Dahlar hem diýlipdir (bu barada Dah, Daý diýlen makala serediň). Ýewropa göçen Saklar Skifler ady bilen bellidir. Bu etnonimiň köki hem Sak sözündendir. Taryhdan mälim bolşuna görä, Saklaryň bir bölegi 2 300 ýyl mundan öň Türkmenistanyň teritoriýasyna aralaşyp, Parfiýa döwletini döretmäge işjeň gatnaşýar. Soňra bu Saklar türkmen we beýleki türki däl we türki halklaryň arasyna siňip gidýär, olaryň maddy we medeni durmuşynda, şol sanda etnonimiýasynda öçmejek yz galdyrýar. Meselem, türkmen tire-taýpa atlary bolan Sakar, Saýat, Saýynly, Sakaw, Zak, Zyk, Şag, Şagal, Şawman, Çaka, Çakan, Çakyr ýaly ençeme etnonimler hut Sak sözüniň gatnaşmagynda dörän atlardyr. Türk, Azerbaýjan, Gazak, Gyrgyz, Özbek etnonimiýasy barada-da ýagdaý şeýledir. Ýewropa, Orus we ençeme sowet alymlary Saklary (Skifleri) Eýran dilli halk hasaplaýarlar, emma Türk alymlarynyň ählisi, Azerbaýjan alymy G. Geýbullaýew, Garagalpak alymy D. Aýtmyradow, geçen asyryň görnükli Orus etnografy N. A. Aristow we.b Saklaryň türk dilli bolandygyny belleýärler. Saklaryň hemmesi bolmasa-da, olaryň belli bir bölegi türki dilde gepläpdir. Belki Eýran dilli halklar bilen gatyşanlary soňra bu dili kabul edendirler. Saklary Eýran dilli halk hasaplaýan alym A.I.Windekens (?) Sak sözüni parslaryň ‘’it’’ manysyndaky seg, sek sözüne syrykdyrýar, bu etnonimi totemden dörän at hasaplaýar. Käbir alymlar bolsa bu adyň sak (sakçy, garawul) diýen türki sözden dörändigini ýaňzydýarlar. Sak sözüniň düýp köki barada D. Aýtmyradowyň çaklamasy üns bererlikdir. Ol bu gadymy türki halkyň sak/şak diýen adyny ‘’gamçy’’, ‘’örülen saç’’ manysyndaky çagyk sözi bilen baglanşdyrýar we ony ‘’depesinde örülen saç goýýanlar’’ diýip düşündirýär. Dogrudan-da, geçmişde türki halklaryň esgerleri, umuman erkek adamlary şeýle saç goýupdyrlar. Hut ýaňy-ýakynlara çenli türkmen obalarynda depesi (ýa ýeňsesi) gulpakly oglanlary görmek bolýardy. Bu ýagdaý ata-babalarymyzyň şol gadymy däbiniň dowamydyr. Eger D. Aýtmyradowyň şu pikiri dogry bolsa, onda Sak sözüniň ‘’gulpak’’, ‘’örülen saç’’ manysynyň tarapyny tutup biljek sakak diýen türkmen sözüniň bardygyny hem ýatladýarys. Ol tuwulga (şlýom), telpek, şlýafa ýaly başgaplaryň başdan gaçmazlygy üçin, eňegiň aşagyndan geçirilip daňylan ýüpi aňladýar. ■ Goýunjy. Saryklarda urug, Arabaçy, Teke we Ärsary taýpalarynyň düzüminde hem tire atlary boplan Goýunjy sözüni G.I.Karpow Altyn Ordaň hany bolan Goýunçy diýen emiriň ady bilen baglanşdyrýar. Garagalpak alymy D.Aýtmyradow bolsa ony gadymy türkleriň ‘’tüweleý’’ (towlanýan ýel) manysynda ulanylan kuýun sözünden hasaplaýar. Onuň pikiriçe, bu at türki taýpalarynyň erkekleriniň geçmişde saçyny örüp (towlap) goýbermek däbi bilen baglylykda ýüze çykypdyr. Çarwa türklerde goýnuň eý görülýän maldygyny nazara alsak, onda bu adyň totemi ýa-da şu urugyň wekilleriniň geçmişde ökde maldar bolandygyny suratlandyrmagy hem mümkindir. ■ Massaget. Ylymda Saklaryň (Skifleriň) uly bölümleriniň biri hasaplanýan we ençeme türki halklaryň, şol sanda türkmenleriň iňňän gadymy ata-babalarynyň biri bolan Massagetler b.e öňki 8-nji, 6-njy asyrlarda Syrderýa we Amyderýaň aşak akymlarynda orun tutupdyrlar. Olaryň etnik adynyň manysy barada ylymda dürli çaklamalar bar. Meselem, alymlaryň bir topary gadymy Grek taryhçylarynyň maglumatlaryna esaslanyp, ony Awestadaky maso-ka-taý (ýagny ‘’çig balyk iýýänler’’) sözi bilen baglanşdyrsalar, beýlekileri Hytaý senenamalarynda ‘’da-ýuýe-çji’’ (beýik, uly ýue-çji’’) görnüşinde ýazlyşyndan ugur alyp, Massaget etnoniminiň ‘’beýik Getler’’ manysynyň tarapyny tutýarlar. Garagalpak alymy D. Aýtmyradow bolsa bu ady aglaba türki dillerde rowaç bolan bas, mas (ýagny, baş) we Altaý dilinde ‘’gilpak’’ manysynda saklanyp galan ‘’kede’’ sözünden hasaplap, onuň manysyny ‘’depesinde saç, gulpak goýýanlar’’ diýip düşündirýär. Azerbaýjan we Türk alymlarynyň pikirine görä, Massaget sözi ‘’baş saklar’’ diýen manydadyr. (adyň yzyndaky – t goşulmasy köplügi bildirýär), ýagny baş sakat – massakat – massaget. Biz soňky pikiriň tarapyny tutýarys. Par. Ärsarylaryň Çekiç urugynyň we Gyzylarbatda ýaşaýan tekeleriň düzüminde Parlar diýen tireler bar. Bu etnonimleriň ýüze çykyşy barada alymlaryň arasynda iki çaklama bar. Olaryň birinjisine görä, Parlar gadymy Parnlar diýen halkyň galyndysydyr. Parnlar gadymy Dahlaryň bir taýpasy bolup, olar orta asyrlarda hut Gyzylarbat etraplarynda ýaşapdyrlar. B.e öňki 3-nji asyrda Parnlaryň Tejen töwereklerinde göçüp-gonandyklary barada-da maglumat bar. Gyzylarbadyň ýer-ýurt atlarynda Parnlaryň galdyran yzlary şuwagta çenli saklanýar. Meselem, bu etrabyň orta asyrlardaky Ferawa (Paraw), şu ýerdäki dagyň Partaw, Paraw obasyndaky gadymy mawzoleýiň Parawbibi, Gyzylarbat gumundaky guýyň Par diýen atlarynda Par diýen etnonime duş gelýäris. Şu raýonyň Purnuwar diýen obasynyň ady hem aslynda Parnwart bolup, ol ‘’Parlaryň galasy’’ diýen manyny aňladypdyr. Bu adyň Parn böleginiň yzyndaky – n, ähtimal, köplük goşulmasy bolmaga çemeli, wart sözi bolsa hindi-ýewropa diller toparynda kert (stepanakert), gorod, grad (petrograd, leningrad, nowgorod) sözleri bilen asyldaş bolup, şäher, gala ýaly manylary aňladýar. Halaç etrabyndaky Pelwert obasynyň adynda wert/wart sözi gadymy görnüşini saklapdyr. Ýeri gelende aýtsak, Pelwert diýen adyň taryhy çeşmelerde duş gelýän Parwart görnüşi Halaç etraplarynda-da Parlaryň ýaşandygyna güwä geçýär. Bu atda Parn diýen etnonimiň yzyndaky – n goşulmasynyň düşüp galandygyny hasap etmesek, Parwart diýen oba hut Purnuwar-Parnwart diýen obanyň gadymy atdaşydyr, bu atlaryň manysy, olary emele getiren diller hem birdir. Par sözüniň gelip çykyşy baradaky ikinji çaklamaň tarapdary Garagalpak alymy D. Aýtmyradow bolup, ol bu sözi gadymy awar/war diýen halkyň adyna syrykdyrýar we onuň manysyny ‘’depesinde gulpak goýýanlar’’ diýip düşündirýär. Sözümiziň ahyrynda, Par/Parn diýen gadymy etnonimiň Nohurlylaryň Parraş, Alilileriň Parhaýly tireleriniň atlarynda-da duş gelýändigini belleýäris. ■ Türk. Türki dilli halklaryň ählisini aňladýan bu etnik at häzirki döwürde Türkiýedäki ilatyň resmi ady hökmünde kabul edildi. Türk sözüniň asyl köki barada ýörite ylmy makala ýazan akademik A.N.Kononow alymlaryň bu babatdaky pikirlerini bir ýere jemledi. Meselem, Wamberi türk sözüni ‘’adam, ‘’ynsan’’, Ý.Nemet ‘’güýç-kuwat’’, A.N.Bernştam ‘’maşgala’’, ‘’taýpa’’, S.P.Tolstow ‘’öýlenmedik ýaş esgerler topary’’ diýip düşündiripdirler. Şu makalada A.N.Kononowyň özi türk sözüni tür we k diýen iki bölege bölüp, onuň tür böleginiň ilki ‘’hudaý’’, ‘’alla’’ manysynda bolandygyny, soň onuň hormatly orny (öýüň törüni), soňra ‘’kanun’’, ‘’düzgün’’, ‘’tertip’’ manysyny aňladandygyny, ahyrda-da ‘’güýç’’, ‘’kuwwat’’, ‘’hojaýyn’’ ýaly mana eýe bolandygyny belleýär. Alymyň pikiriçe, adyň – k bölegi jem, köplük goşulmasydyr, ol türkmenleriň il-gün söz düzüminde saklanyp galan gün/kün sözüniň gysgalan görnüşidir. A.N.Kononow soňra ýazan bir işinde türk sözüni türkün sözi bilen asyldaş hasaplaýar, we onuň ‘’ojak’’, ‘’taýpaň üýşen ýeri’’ ‘’halk’’, ‘’il’’ ýaly manylardadygyny belleýär, türkün sözüni bolsa ‘’dogmak’’, ‘’döremek’’ manysyndaky töröh diýen mongol sözi bilen bir kökden dörän söz diýip çaklaýar (deňeşdiriň: döremek). Garagalpak alymy D.Aýtmyradow türk sözüni ‘’örülen’’ manysyndaky gadymy tsrki tür sözi bilen asyldaş hasaplap, onuň manysyny ‘’depesinde örülen saç goýýan il’’ diýip düşündirýär. Alymyň pikiriçe, tür sözi türre/dürre (gamçy) sözünde saklanyp galypdyr. Her kimiň öz pikirini aýtmaga haky bar, şoň üçin biz bu abraýly alymlaryň nädogry netijelerini tankyt etmän, olaryň biziň garaýşymyza dogry gelýän zatlaryny peýdalanyp, türk sözüniň asyl köki baradaky öz pikirimizi beýan etmäge çalşalyň. Öňi bilen A.N.Kononowyňky ýaly, türk sözüni tür we k diýen iki bölege böleliň. Munuň tür ýa-da tur bölegi türki halklaryň iňňän gadymy etnik ady bolsa gerek. Ol Turan diýen toponimlerde duş gelýär. Eýran dilli halklaryň Eýran (ari-an, ýagny, ariler ýurdy) sözünden tapawutlylykda Turan sözi türki dilli halklaryň watanyny aňladypdyr. W.W.Bartoldyň güwä geçmegine görä, Turan sözi baryp Awestada-da – 3 - 3,5 müň ýyl öň hem ýatlanýar. Mollanepesiň: Eýran, turan, Arap, Ajam ilinde, Görmedim seniň deý owadan gelin. - diýen setirlerine üns beriň. Turan atly şähere we Turan-uýuk atly çöketlige Tuwada duş gelinýär. Bu atlaryň tur sözi türk sözüniň gadymy görnüşini saklandyr diýip çaklaýarys. Adyň yzyndaky – an bolsa türki dillerde-de, Eýran dilli halklarda-da jemi, köplügi aňladýar. Öz gezeginde, has irki geçmişde tür sözi hem tü (tüg, düw. Bu barada tüwer diýen makala serediň) sözünden we – ür diýen köplük goşulmasyndan emele gelen bolsa gerek: tüg-ür, - tüý-ür, - tüý-tür. Goşulmasy bilen bu sözüň aňladýan manysy şeýle bolmaly: ‘’topar’’, ‘’taýpa’’, ‘’il’’. Tüg sözi goşulmasy bilen sepleşip, dilde bitewi bir söz hökmünde kabul edilenden soň, ýagny yzdaky – r sesiniň köplük goşulmasydygy düýbünden ýatdan çykarylandan soň, ol täzeden başga bir köplük (türk sözünde – k, turan sözünde – an) goşulmasyny kabul edipdir. Diýmek, türk sözi ‘’topar’’ manysyndaky tüg/tü sözünden we yzly-yzyna goşulan – r we – k köplük goşulmalaryndan hasyl bolup, ‘’taýpa’’, ‘’topar’’, ‘’il’’ manysynda ýüze çykypdyr. Muny Tüwer diýen etnonim hem tassyklaýar. Tüwer. Gadymy oguz – türkmenleriň 24 taýpasynyň biri bolan Tüwerleriň ady Mahmyt Kaşgarlyň sözlüginde Tüger görnüşinde ýazylyp, 18-nji orunda gelýär. Reşideddinde (düker) 7-nji, Ýazyjy oglunda (döger) 6-njy, Salar babada (döger) 2-nji, abylgazyda bolsa (düker) 8-nji orunda getirilipdir. Reşideddin, Ýazyjy ogly, Abylgazy bu taýpany Oguz hanyň Aýhan diýen oglundan önen nebere hasaplasa, Salar baba ony Günhanyň ikinji oglunyň nesli diýýär. Adyň aňladýan manysy barada bu alymlaryň pikirleri şeýle: Reşideddin: ‘’toplanmak üçin’’, Ýazyjy ogly: ‘’derilmek (toplanmak) üçin bir ýere gelerler’’, Abylgazy: ‘’töwerek’’. Tüwerler 11-nji asyrda Syrderýa boýlaryndan Balkan, Maňgyşlak etrapyna gelip, häzirki Krasnowod raýonynyň Gyzylgaýa posýologynyň ýanyndakyTüwer obasynyň we Tüwergyryň töwereklerinde ornaşýarlar, ýöne Seljuklaryň hereketi döwründe olaryň uly bölegi Kiçi Aziýa ýurtlaryna, Kawkaza aralaşýar, galan bölekleri Çowdurlaryň, Baýatlaryň, Ärsarylaryň arasyna siňýär. Kalinin raýonyndaky Tüwer obasynyň, Garabekewül raýonyndaky Tüwereý obasynyň, we şeýle atdaky tiräniň, Çärjew raýonynyň Ýasydepe obasynyň bir bölegi bolan Tüwerler obasynyň atlaryndan çen tutsaň, Tüwerleriň şu etraplara-da ýaýranlygy aýdyň bolýar. Tüwer sözüniň gelip çykyşy barada häzirki alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Meselem, ýewropalyb alym Henning ony Tohar diýen gadymy halkyň adyndan hasaplasa, Garagalpak alymy D. Aýtmyradow tüweri ‘’tüý’’ manysyndaky tük/tüg sözüne we – r diýen söz ýasaýjy goşulmasyna bölüp, bu ady tutuşlygyna ‘’saçly’’, ‘’depesinde çokul goýýanlar’’, ‘’gara saçlylar’’ diýip düşündirýär. Abylgazyň tüwer sözüni ‘’töwerek’’ diýip düşündirýänliginden ugur alyp, onuň ‘’tegelek tagmaly’’ manysynyň tarapyny tutýanlaram bar, ýöne agzalan orta asyr alymlarynyň işlerinde bu taýpaň tagmasy tegelek däl-de, egrem-bugram çyzyklardan ybarat. Biz tüwer etnoniminiň asyl köki barada düýbünden başga çaklamany orta atmakçy: bu at häzirki türkmen dilinde düwün, düwünçek, düwmek sözlerinde duş gelýän gadymy tüg/düw sözünden we köplügi aňladýan – r goşulmasyndan bolup, ol ‘’ýygyn’’, ‘’topar’’, ‘’taýpa’’ diýen manyny aňladýar. türki etnonimleriň köpüsiniň hut şu manyda ýüze çykanlygy, şeýle-de Reşideddiniň, Ýazyjy oglunyň, Abylgazyň tüwer sözüne berýän düşündirişleri bu çaklamaň hakykata laýykdygyny görkezýär, çünki bu alymlaryň ‘’toplanmak’’, ‘’ýygylmak’’, ‘’töwerek’’ diýen düşündirişleri ‘’jem’’, ‘’topar’’ diýen manydan üzňe däldir. Ywa. Mahmyt Kaşgarlyň döwründe Ywalar 24 türkmen taýpasynyň içinde iň ulularynyň biri bolmaga çemeli, çün ki bu alym ony 4-nji orunda goýýar. Ýöne soňky alymlar Ywany has yzda – Salar baba 20-nji, Reşideddin, Ýazyjy ogly we Abylgazy hem 23-nji orunda getirýärler. Soňky üç alym (ýagny, Reşideddin, Ýazyjy ogly, Abylgazy – meň belligim) Ywa diýen sözi Oguzhanyň Deňizhan oglunyň 3-nji perzendiniň, Abylgazy bolsa Daghanyň 2-nji oglunyň we ondan önen taýpaň ady hasaplaýar (şu ýerde ýalňyşlyk bar, çünki sözlemiň başynda Ywany Abylgazyň Deňizhanyň 3-nji ogly hasaplaýandygy aýdylýar – meň belligim). Ywa diýen etnonimi Mahmyt Iwe, Abylgazy Awa, beýleki alymlar hem ýywa görnüşinde ulanypdyrlar. Bu etnonimiň manysyny olar şeýle düşündirýärler: Reşideddin we Ýazyjy ogly: ‘’derejesi hemmesinden üstün’’; Salar baba: ‘’atlary barça nemellerden ýokary bolgaý’’; Abylgazy: ‘’mertebesi belent’’. Garagalpak alymy D. Aýtmyradow Ywa taýpasynyň gadymy Awarlardan gaýdanlygyny, onuň adynyň hem, Awar etnoniminiň göoşulmasyz (awa) görnüşidigini belleýär. Şu alymyň pikiriçe, awa/awar sözi mongollaryň ewer ýa-da hytaýlaryň efa sözündendir. Oldillerde ýatlanan sözler ‘’örülen saç’’, ‘’çokul’’ diýen manyny aňladýar, Awarlar (we Ywalar) depesinde örülen saç goýýanlygy üçin şeýle at alypdyrlar. Okyjylaryň dykgatyna biz ýene bir çaklama hödürlemekçi. Gadymy türki dillerde (7-nji, 8-nji asyr Orhon ýazuw ýadygärliklerinde), häzirki döwürde bolsa Astrahan we Stawropol türkmenleriniň gepleşiginde uwa/uýa sözleri ‘’höwürtge’’, ‘’maşgala’’, ‘’urug’’ ýaly manylary aňladýar. Ywa diýen etnonimiň şol sözden emele gelen bolmagy hem mümkindir. Türkmenistanda gadymy Ywalar uly yz galdyrmandyrlar, çünki olar Seljuklar hereketi döwründe Kiçi Aziýa ýurtlaryna göçüpdirler. Diňe Buhara welaýatynyň Alat raýonynda Ywa türkmenleri häzirki döwürde-de taýpalygyny saklap, bir ýerde kowçum bolup ýaşaýarlar. Görşümiz ýaly ýokarda getirilen on sany etnonime berýän düşündirişleriniň ählisinde ýoldaş Döwlen Aýtmyradow şol bir çaklamany öňe sürýär. Gara öýli – gara saçly. Garagalpak – gara gulpak. Dah, Daý – kekilli, gulpakly, depesinde örülen saç goýýanlar. Sak – depesinde örülen saç goýýanlar. Goýunjy – saçyny örüp, towlap goýberenler. Massaget – depesinde saç, gulpak goýýanlar. Par – depesinde gulpak goýýanlar. Türk – depesinde örülen saç goýýan il. Tüwer- gara saçlylar, depesinde çokul goýýanlar. Ywa – örülen saç goýýanlar, çokul goýýanlar. Bulardan başga-da D. Aýtmyradow birnäçe etnonime şuňa meňzeş düşündirişleri beripdir. Uýgur – gara saçlylar. Beçene – depesinde gamçy ýaly örülen saç goýýanlar. Garaboýun – gara saçly. Alaýontly – ala saçly. Dokguz – depesinde örülen saç goýýanlar. Towar – gara saçlylar. Gara öýli, Tüwer, Ywa, Beçene, Alaýontly bular Oguz hanyň agtyklarynyň atlary hasaplanýar. Soňra olaryň atlary nesillerine geçip hersi bir taýpaň adyna öwrülipdir. Eger şeýle bolsa Oguz han özüniň bäş sany agtygyna saç bilen baglanşykly at goýdurdymyka!? Ýöne, Gara öýli atly tire 14-nji asyrda Ärsarylaryň arasynda-da döräpdir. Ärsary baýyň gyzy Mamabikäň azat eden gullarynyň biriniň nesillerine we olaryň arasyna goşulanlara Garaöýlüler diýlipdir. Ywa taýpasyny bolsa D. Aýtmyradow gadymy Awar halky bilen baglanşdyrýar. Ywa bilen Garaöýlüni aýranymyzda-da D.Aýtmyradowyň çaklamalaryna görä ýene-de Oguzhanyň üç agtygynyň ady saç bilen bagly bolup galýar. Uýgur halky dili, däp-dessurlary, taryhy babatda türkmenlere ýakyndyr. Soltanşa Atanyýazowyň pikirine görä Uýgur we Oguz sözleri fonetiki özgermä uçran şol bir sözdür. Eger Uýgur hem Oguz sözlerini şol bir söz diýip kabul etsek, D.Aýtmyradowyň Uýgur etnonimine ‘’gara saçlylar’’ diýip berýän düşündirişinem kabul etsek, onda Oguz hanyň öz ady hem saç bilen baglanşykly bolýar. Diýmek D.Aýtmyradowyň çaklamalaryndan ugur alsak, Oguzhanyň ady, onuň birnäçe agtygynyň atlary, türk etnonimi, türki we türkmen tire-taýpa atlarynyň köpüsi saç bilen baglanşykly bolýar. Bu çaklamany (ýagny saç bilen baglanşykly çaklamalary) has giňeldip, örän köp etnonimleri saç bilen baglanşdyryp bolardy (meselem: gun, ýomut, turan we.b). Emma türki we türkmen tire-taýpa atlarynyň köpüsini saç bilen baglanşdyrmak dogrumyka?! D.Aýtmyradowyň Garagalpak etnonimine ‘’gara gulpak’’ diýip berýän düşündirişi bu ugurdaky esasy iki çaklamaň biridir. Beýleki çaklama ‘’gara galpak’’, ýagny ‘’gara başgap’’. Gadymy ors çeşmelerinde ‘’çýornyýe klobuki’’ diýlip atlandyrylýan taýpa köp alymlar tarapyndan häzirki Garagalpak halkynyň ata-babalary saýylýar. Çýornyýe klobuki – Garagalpaklar sözüniň orsçasydyr. Klobuk sözi başgaby aňladýan ‘’kalpak’’ diýen türki sözüň Grekçäň üstünden ors diline geçen görnüşi hasaplanýar. Mongol çeşmelerinde ‘’Hara malagaý’’ (ýagny gara başgap) atly taýpa hakda maglumatlar bar. D.Aýtmyradowyň tarapyny tutýan ‘’gara gulpak’’ çaklamasy geçmişde türki halklarde erkekleriň saç ösdürmek däbine esaslanýar. Geçmişde türki halklarda, şol sanda türkmenlerde-de erkek adamlaryň saç goýmak, saçyny ösdürmek däbiniň bolandygy köp taryhçylar tarapyndan aýdylyp geçilýär. Saçlar diňe bir ösdürilmän, örülip, depede, ýeňsede, maňlaýda towlanyp, düwülip, uzynlygyna goýberilip hem goýlupdyr. Umuman, türki halklarda saça uly ähmiýet berlipdir. Muňa türkmenlerde çagaň saçy ilkinji gezek alnanda saç toý berilmegi hem güwä geçýär. Zenanlaryň, gyz-gelinleriň saçlary şahyrlar, bagşylar, ozanlar tarapyndan goşgy-gazallarda, aýdym-sazlarda taryp edilipdir. Halk rowaýatlaryna görä gadym zamanlarda türkmenler, eger zenanlar ahlaksyzlyk etseler maňlaýyna gara tagma basyp, saçyny kesip ilden çykaryp kowupdyrlar. Maňlaýy gara tagmaly, saçy kesilen zenana hiç kim hossarlyk etmek islemändir, olary tobasy jemgiýet tarapyndan kabul edilmändir. Beýle zenanlar aç-suwsuz galyp ölüp gidipdirler. Elbetde beýle azgyn zenanlar gadymy türkmenlerde her asyrda biri-ikisi bolaýmasa, köp bolan däldir. 10-njy asyrda türkmen-oguzlaryň arasynda bolan Ibn Fazlan ‘’syýahatnama’’ atly kitabynda şeýle ýazýar: ‘’Türkmenler goňşy halklary ýaly aýal-gyzlarynyň ýüzlerini ýapdyrmaýarlar, olaryň zenanlary has erkin, ýöne şol bir wagtda hem olar azgynlyk diýlen zady bilmeýärler’’. Maňlaýygara, saçy kesilen ýaly sözler häzirki wagtda sögünç, agyr söz hökmünde görülip, ol gadymy manysyny azda-kände saklap galypdyr. Ýene-de türkmenlerde gyrkylan, düşen saçy oda ýakmak günä hasaplanýar, halanmaýar. Türkmenlerde ýaş, öýlenmedik ýigitleriň saçy düşmegi olary uly alada goýýar. Kellik hem türkmenlerde halanmandyr. Kel adam ýa-ha aladaçyl, ýa-da mekir adam hasaplanypdyr. ‘’Keliň iň ýuwaşam köpriň aşagynda ýatyp atyňy ürküzer’’ diýlen aýtgy hem türkmenlerde kellige bolan garaýşy azda-kände suratlandyrýar. Umuman türki halklarda, şol sanda türkmenlerde saça uly ähmiýet berlipdir we ol häzirki döwürde-de şeýle bolmagynda galýar. Garagalpak alymy Döwlen Aýtmyradowyň çaklamalaryny inkär ýa ykrar etmäge ýeterlik delilim ýok. Onuň çaklamalaryna garşylyklaýyn çaklama getirip jedel etmek niýetimem ýok. Diňe onuň dürli etnonimlere saç bilen baglanşdyryp düşündiriş bermegine we esasanam gadymy türki halklarda, şol sanda türkmenlerde erkekleriň (aýal-gyzlaryňam) saça uly ähmiýet berendiklerine ünsi çekmek isledim. ■ Peýdalanylan edebiýatlar: 1). Soltanşa Atanyýazow. ‘’şejere’’. (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat. Turan-1. 1994. Abylgazy ‘’şejereýi türkmen’’ 2). Ibn Fazlan ‘’syýahatnama’’. Aşgabat. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy. Milli golýazmalar instituty 2013. 3). ‘’Karakalpak efsaneleri’’ inçeleme metinler. Ege uniwersitesi. Sosyal bilimler enstitüsi. Halk rowaýatlary. Şaparmyrat ÜRGENÇLI, 20.07.2016. Daşoguz ili. Jembap obasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |