07:36 Lädmüniň gözleginde / fantastiki gülküli başdan geçirmeler | |
LÄDMÜNIŇ GÖZLEGINDE
Satiriki hekaýalar
IKI ÝYLDAN SOŇ Bir bar eken, bir ýok eken. Wi-i-i... bagyşlaň. Men erteki aýtjak bolmandym. Men size öz başdan geçirenlerimi aýdyp bermekçidim. Tanan bolsaňyz bu men, Myrat. Iki ýyl mundan owal biz bäş bolup Ýuwaş okeanyň bir adasyna, bir sandyk altyn gözlemäge gidipdik. Biz bäş bolup gitsek-de, alty bolup gaýtdyk. Biz her hili kynçylyklardan, synaglardan geçip, bir sandyk Ýerewanyň altynlaryna eýe bolupdyk. Biz öz Watanymyza dolanyp, “Hazynalar adasy” kafesyny açdyk. Kafemyz meşhur boldy, dostlar öz maksadyna ýetdi. Ýöne maňa bir zatlar ýetmeýän ýaly bolup başlady, men ýene-de syýahat etmegi isleýärdim, täze başdan geçirmeleri küýseýärdim. Günleriň birinde, kafemyzda Emir bilen otyrdyk. Men Emire: – Sen ýene-de syýahat etmek isläňokmy? – diýip soradym. Ol maňa: – Ýok. Maksadyma ýetenimden soň syýahat diýme maňa! – Beýlekiler näme diýerkä?! – Beýlekiler?! Kim gitsinaý? Biri Dom-2-ä gitdi, biri Olga Buzowa bilen Amerikada gezip ýör, ýene biri täze açan dälihanasy bilen başagaý. Peleň däde bilen gidäýmeseň! Gowusy men saňa bir anegdot aýdyp bereýin. Öňem biri gurçuk tutýan eken... – Müň gezek eştdim – diýip, sözüni böldüm-de: – Men Arslan bilen gitsem Kafemyza özüň seredermiň? – diýip, soradym. Olam: – Elbetde serederin. Gaýta kemem bolmaz siz ýok bolsaňyz. Ýolbars-a akyl satyp kliýentleri gorkuzýar, senem gyzlar bilen tanyşjak bolup gorkuzýaň, aýdymyň bilen – diýdi. Men Arslanyň öýüne ugradym. Arslanyň köşk ýaly jaýy bardy. Emma ol näme üçindir jaýyň podwalynyň remontyny gowaga meňzedip, şol ýerde ýaşaýardy. Baryp gapyň jaňyna basdym. Gyzyň sesi: – Eger siz pizza getiren bolsaňyz 1-e basyň. Eger siz alan bergiňizi yzyna getiren bolsaňyz 2-ä basyň. Eger siz gedaý bolsaňyz 3-e bassaňyz awtomatdan “hotdog” çykar. Eger siz ýöne myhman bolsaňyz 4-e basyň. Eger siz salgyt üçin gelen bolsaňyz 5 minutdan itler yzyňyzdan kowalar. Eger siz Myrat bolsaňyz çep jübiňizde gapyň açary bardygyny müň gezek aýdandyryn – diýip, sözüni tamamlady. Mende açaryň bardygyny bilsem-de, şol gyzyň sesine aşyk bolanym üçin gapyň jaňyna basyp soň öýüne girýän her sapar. Arslanyň podwalyna bardym. Ol gök pižamaly diwanda Tom we Jerry görüp pişige gaharlanyp oturan eken. Men oňa: – Salaw-maleýkim agam! Otyrsyňmy sag-aman?! – Waleýkim. Bu pişik gaty emelsiz eken. Eýýäm iki ýyl boldy şol syçany tutup iýmeýänine. Sen näme diýip geldiň?! – Men ýene-de syýahata gidesim gelýär, ýanyma ýoldaş gerekdi. Belki özüme gyz tapynardym syýahatda. – Gyz tapynasyň gelýän bolsa Hindistana git, gyzdan kän zat ýok şol ýerde, galyňam tölemek gerek däl, olaryň özleri saňa galyň töläp gyzyny bererler. – Ýoklaý agam. Gap-gara olar. Men Garaguma, Şasenem galasyny görmäge gidesim gelýär. Senem meň bilen gitseň kem bolmazdy. – Bolýa, ýöne kafemyzy näme ederis?! – Kafemyza Emir sereder. – Emir seredýän bolsa gitsegem bolýar. Şonuň adyny tutsam agzymdan ary uçup gidýän ýaly. – Haçan gidýäs? – Gerek zatlaryňy alda, Prado ulagyň bilen geläý, menem taýyn bolaryn gelýänçäň – diýip, torbasyna “Karlson” kitabyny saldy. Men aýdyşy ýaly öýe baryp, gerek zatlarymy aldym-da, Arslanyň öýüne gelip jaňa basdym. Gyzyň sesi: – Eger siz pizza getiren bolsaňyz 1-e basyň. Eger siz alan bergiňizi yzyna getiren bolsaňyz 2-ä basyň. Eger siz gedaý bolsaňyz... – diýýänçä, Arslan çykyp: – Ýöredikmi? – Ýöredik. – Maşyn nirede? – Hana dur. – Men saňa Prado diýdim-ä Žiguli diýmän! – Bilýän. Kakam bermedi ol maşyny. Munuňam kemi ýok, çyraçylaň maşyny. – Bolýa – diýip, maşynyň bagažyna bir torbasy bilen bir paket Baunti şokolatlaryny ýükledi. Şeýdibem biz Garaguma tarap ýola düşdük. GARAGUMDA Men ýol boýy başdan geçirmelerimizi göz öňüme getirip, arzuw edip barýardym. Arslan bolsa irkilip ýatyrdy. Men asmanda gaýmamy, arzuw etmämi bes edenimden soň, çep tarapymda tekeriň tigirlenip barýanyny gördüm. Men Arslany kakyp: – Seret Arslan, biriniň-ä tekeri özünden öňürti gidip barýar! – diýip, gülüp başladym. Arslan galyp, daşyna seredip: – He-he... eýeleri niredekä tekeriň, bizden başga barýanam ýoga bu ýoldan? Onsoňam, maşyn jygyldap haýal barýan ýalylaý göwnüme bolmasa?! Men şok bolup bar güýjüm bilen tormaza basdym. Teker hakykatdanam meň Žigulimyň tekeri eken. Tekeriň yzyndan 10 minutjyk ylgap tutdumda getirdim. Dakmak üçin açarlary gözledim. Ýöne domkratdan, moment kleý bilen izolentadan başga hiç zat ýok eken. Men tekeri kleýläp yzyndanam izolentaladym. Arslan kömekleşmäň ýerine burnuny köwläp, maňa geň galyjylyk bilen seredýärdi. Men oňa: – Näme üçin kömekleşeňok? – diýip soradym. Ol maňa: – Seň oýlap tapyjylygyňa geň galýan. Bu teker gopman duraýsa saňa Nobel premiýasyny beräýmeli – diýdi. Men gaharlanyp ulaga mündüm-de sürüp başladym. Teker ýene gopdy. Gynansakda kleý heniz gurap ýetişmändir. Men kömek çagyrmak üçin telefonymy çykardym. Signalam tutanok eken. Men: – Arslan, ulag döwüldi, telefonuň signaly ýok, biz çölüň içinde, adam garasy görünenok, ol iki aýakda duran alakada maňa seredýär aldygyna! – Ol alaka däl, ýalman ol. Garaşyp göreli biraz, geçmezmikä biri. Biz ulagda oturdyk garaşyp. Çölüň yssy howasyna çydamak üçin biz aldygyna suw içdik, üstümizdenem guýduk, ahyry suwumyzam gutardy. Arslan ýerinden turdy-da: – Gideli, aýlanyp geleli. Belki öňümizden adam çykar ýa-da suw taparys – diýdi. Biz goşlarymyzy alyp çölüň içinde bir sagatdanam kän ýöredik, biziň ýüzümizden, dodaklarymyzdan ham sypyrlyp başlady, ýöne janly jandar çykmady öňümizden. Arslanyň gözüne Pepe multfilmdäki Pepeň hakyk özi “ýaşasi-i-i-in, ýaşasi-i-i-in” diýip kowalap durany görünip başlady. Bir salymdan öňümizde 100 metr aralykda diýen ýaly guýy göründi. Onuň üsti uly daş bilen ýapylandy. Biz baryp daşy iki bolup zordan aýyrdyk. Guýyda ne ýüp bardy ne-de bedire. Biz egnimizdäki eşigimizi çykaryp ýüp ýasadyk. Arslan guýa girdi, men bolsa ýüpi saklap durdum. Arslan: – Guýy gaty çuň, ýüpi uzaldyp bolmazmy?! – diýdi. Menem ýüpi uzaltmak üçin ýarty göwrämi guýa saldym. Birdenem saklanyp bilmän ýüp bilen özüm guýa gaçdym. 1 sekunda golaý “A” harpyny gygyrybam ýumşak ýere düşdüm. Bu ýeriň nä sebäpden ýumşakdygyny bilmek üçin telefonyň çyrasyny ýakyp seretdim. Men Arslanyň üstüne gaçan ekenim. Arslan sesini zordan çykaryp: – Düş üstümden! – diýdi. Men onuň üstünden düşüp biraz panika turuzdym: – A-a-a-a-a... Biz nadip bu ýerden çykarys indi-i-i-i? Men entäk öýlenibem ýetişmedim, “Igra Prestolow” nähili gutarýanynam görmedim-ä-ä – diýip durkam Arslan meň ýüzüme bäş gezek şapbat çaldy-da: – Kes sesiňi! – diýip özi panika turuzyp başlady: – Ä-ä-ä-ä-ä... Meň hiç hili arzuwlarymam ýok – diýip durka men oňa bäş gezek şapbat çalyp arymy aldymda: – Köşeş, erkegä sen, näme ejizleýäň?! Biz hökmän çykarys – diýdim. Biz eşiklerimizi geýdik, goşumyzy alyp, telefonuň çyrasy bilen guýyň içine göz aýladyk. Guýyň içi giňişlikdi we üç sany gowak bardy. Arslan: – Şu gowaklaryň birine girsek, bir ýerlerden çykaýmarsmykak?! – diýdi. Biziň aslynda gowaklary barlap görmekden başga alajymyz ýokdy. Biz birinji gowaga girip gördük. Ol ýerde biz maýmynly tokaýy görüp yzymyza çykdyk. Men Arslandan: – Senem meň görýän zadymy gördüňmaý?! – diýip soradym. Olam: – Senem maýmynlary gören bolsaň ikimizem gaty ýadapdyrys we suwsapdyrys – diýdi. Biz ikinji gowaga girip gördük. Biz ýene-de çöle çykdyk we kerweniň gelýänini görüp olaryň ýanyna ylgadyk. Olar köne döwüriň adamlary ýaly geýimdediler. Biz olaryň yzyndan ýetenimizden derrew suw sorap başladyk. Bir adam bize: – Esselämu-aleýkum hormatly jenaplar! Ýagdaýyňyz niçik? – diýip sorady. Arslan: – Waleýkim-salam. Biz bu Garagumda suw gözläp azaşdyk. Şasenem galasyna barýardyk. Siz kim bolarsyňyz, bu eşekler, atlar, düýeler näme, nirä barýaňyz?! – diýip sorady. Ol adam: – Men Aly ibn Muhammet al Bagdady. Men şu kerweniň kerwenbaşysy. Biz Bagdat şäherinden Horezme söwda gaýtdyk, indi bolsa yzymyza Bagdada barýas – diýip jogap berdi. Men onuň jogabyna geň galyp: – Bagyşlaň! Biz häzir nirede, näçinji ýyl şumat? – diýip soradym. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady: – Ýene bir salymdan Bagdada ýetýäs, Hijri Kamary hasabynda 498-nji ýyl häzir – diýip jogap berdi. Arslanyň gözüne ýene-de Pepe göründi-de özünden gitdi. Menem ýöne durmaýyn diýip “ýa w şoke-e-e-e” diýdim-de ýykylyp galdym. GEÇMIŞDE Men gözümi açdym, tebip Arslan ikimizi barlap oturan eken. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady tebipden: – Bularyň janlary sagmydyr, gürleýişler-ä sag adamlara meňzänokla bularyň?! – diýip, sorady. Tebip oňa: – Bular gaty ýadapdyrlar we suwsapdyrlar. Şol sebäpden şeýledir – diýip jogap berdi. Arslan gözüni açyp: – Kellämden gün geçdi öýdýän. Gözüme bir Pepe görünip ýürege düşdi, birem geçmişe düşen ýaly boldum – diýip durka tebip: – Ine Bagdada-da ýetdik, dynjyňyzy alarsyňyz, hyzmatkärlerimizem sizi naharlarlar weli hemme zat gül ýaly bolar – diýdi welin, Arslan ýene-de özünden gitdi. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bizi myhmançylyga aldy, naharlady we biziň aslymyzyň niredendigini sorady. Menem: – Biz aýtsak siz bize ynanmarsyňyz – diýdim. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady: – Men köp zady gördüm, näme üçin ynanmaýyn?! – diýdi. Menem bolup geçen zatlary gürrüň berip başladym, Arslan bolsa açgözlük bilen nahar iýýärdi. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady üstümizden gülüp: – Siz entek ýadawlykdan açylmansyňyz öýdýän – diýdi. Men Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bize ynanar ýaly “iPhone 7 (black)” telefonymy çykaryp suratlary görkezip başladym. Ol hyzmatkäri bilen seretdi. Hyzmatkäri şok boldyda panika turuzyp: – Ol zatlary nädip oň içine salyp bildiňiz, jadygöýler?! – diýip gygyryp durka Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady: – Kes sesiňi! – diýip, ýüzüne bir gezek moşnyý şapbat çaldy welin, hyzmatkär özünden gitdi. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bize bakyp: – Diýmek Aladin ibn Huseýin bize hakykaty aýdypdyrda. Biz bolsa oňa aklyndan azaşdy diýip ynanman kemsidipdiris – diýip, özüni günäli duýup ýere seretdi. Arslan: – Näme aýdyp beripdi ol size? – Onuň aýtmagyna görä, duşmanlardan gaçyp barýarka gowagy görüp içinde gizlenipdir. Gowagyň içine girende, guýyň içine giren ýaly asman görünipdir. Yzyna seredip görse 3 sany gowak bar eken. ol haýsyndan girenini bilmän birinji gowaga giripdir. Ol ýerde maýmynly tokaýy görüpdir. Ol ýerde gezmeläp ýörkä asmanda uçup barýan, äpet ganatly aty görüpdir. Ol yzyna, gowaga giripdir, ýene-de. Soň ol üçünji gowaga girip görüpdir. Ol ýerde-de gezmeläp ýörkä adamlaryň demirden arabalary, hiç hili atsyz, eşeksiz, düýesiz bat bilen sürüp barýanyny görüpdir. Asmanda-da demirden äpet guşuň goh bilen uçup barýanyny görüpdir. Ol ýene yzyna, gowaga giripdir. Soň ol ikinji gowaga girende bize duş geldi. Olam size duşan ýerimdi – diýip, Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady sözüni tamamlady. Men: – Siz bizi şol ýere äkitseňiz kankretno minnetdar bolardyk. Äkidäýiňdä bizi, haýyş edýän, öýe gaýdasymyz gelýär – diýip ýalbardym. Arslan nahar iýmegini dowam edip, agzyny dolduryp: – Ýeýe biý hepýeýen sog ähisşegižem boýýaý – diýdi. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady: – Men Horezme tarap gitmerin indi, garrapdyryn. Men size Aladin ibn Huseýiniň salgysyny bereýin. Şol size kömek eder – diýdi. Biz bir paket Bauntini Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdada sowgat berip, Aladin ibn Huseýiniň salgysyny alyp, ýola düşdük. Biz Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdadyň salgysy bilen bazara geldik. Biz söwdegärden Aladin ibn Huseýiniň kimdigini soradyk. Ol bize: – Han-ha şol çagalar bilen gyrlyşyp ýören, aklyndan azaşan, haçan görseň martyşkasy bilen meň garpyzlarymy ogurlap ýören adamdyr – diýdi. Arslan haýdap bardy-da onuň ýakasyndan tutup: – Çyrany ber maňa! – diýip, silterläp başlady. Men Arslanyň bolşuny görüp: – Bu seň pikir edýän Aladiniň däl, goýber ony – diýdim. Arslan: – Nädip ol däl, ady Aladin, özem ogry, martyşkasam bar-a ýanynda?! Aladin onuň bolşuna haýran galyp: – Adamlar maňa aklyndan azaşan diýýärler weli, bulara nähili düşünmelikä? – diýip durka, Aladiniň martyşkasy gelip Arslan bilen urşup başlady. Arslan martyşka bilen urşýança men Aladinden: – Adamlaryň aýtmagyna görä siz başga döwüre geçýän gowagy bilýäňiz. Bize şol gowak gerekdi – diýdim. Aladin: – Indi meň üstümden hakyky aklyndan azaşanlaram güljek bolýan bolsa men şumadam başga döwürde gezip ýörün öýdýän! – Biz seň üstüňden güljek bolamzok – diýip, “iPhone 7 (black)” telefonymy çykaryp, suratlary görkezip başladym. Aladin suratlary görüp: – Bular hakykatdanam meň gören zatlarym. Siz bulary nädip bärik ýerleşdirip bildiňiz? Siz jadygöými? – diýip, haýran galdy. Men Aladinden: – Sen bize kömek edersiňmi? – diýip soradym. Arslan martyşkadan ýeňilip ýerde ýatyrdy. Aladin martyşkasyna seredip: – Abu, gel bärik – diýdi. Arslan ýatan ýerinden zordan demini alyp: – Sered-ä muňa, martyşkaňam ady Abu! – diýip, ýerinden galdy. Aladin maňa seredip: – Kömek ederin. Siz ýeketäk meň hakykaty aýdandygymy bilýän adamlar – diýdi. Biz bazardan çykyp ýetişmänkäk, owadan kejebe gelip durdy, adamlaram hormat bilen, dyza çöküp garşy aldylar. Kejebäniň içinde men akja, nurana ýüzli, owadan gyzy gördüm. Ony görüp meň ýüzüm, gözi ýürekli smaýlige öwrüldi. Men Aladinden: – Kim ol gözel gyz? – diýip soradym. Aladin: – Ol Halyfyň gyzy melike Ýasmin. Ol gyzyň hiç kime göwni ýetenok. Gowusy ýatdan çykar ony. Ol bärik gelende, hyzmatkäri we iň ýakyn jorasy Emine'äni bazara ugradyp, özüne gerek zatlary satyn alyp gidýär – diýdi. Men onuň hyzmatkäri we iň ýakyn jorasy Emineden, şol gyzy soramagy ýüregime düwdüm. Melikäň jorasy Emine bazara ýakynlaşanda men oňa: – Bagyşlaň. Men Halyfyň gyzy melike Ýasmina aşyk boldum. Men oňa öýlenesim gelýär – diýdim. Emine maňa seredip: – Ol hiç bir ynsana başartmaz – diýdi. Menem: – Men näme etmeli bolsa-da ederin şol melike Ýasmin üçin – diýdim. Emine'äň maňa ýüregi awap: – Gowusy siz ony unudyň. Ol onki ýaşlyja gyz wagty jadygöý sygan daýza ony dogalady. Ol indi özüni gelin edinesi gelýän ýigitleri maýmyn sypatynda görýär. Ony jadydan diňe Lädmün atly gurbagaň gözi açyp biler. Ýasmin şonuň gözüne bir gezek seretse jadydan açylar. Lädmün atly gurbagany nireden tapyp bolýandygyny bolsa bilýän adam ýok– diýdi. Arslan ony eşidip: – Ola meň ýaşap giden adamda ýaşaýar– diýdi. Men: – Men melike Ýasmin üçin, öz döwrümize gaýdyp, ada gitmek üçin Pekine bilet alyp, Pekinden Tokýo bilet alyp, Tokýodanam Ýuwaş okeanyň Minami Tori Şima adasyna baryp, ol adadanam altyn tapan adamyza barmaga taýyn – diýdim. Spagetti ýeňsämden kakyp: – Seň ýadyňdan çykdymy, Aly ibn Muhammet al Bagdady gowak barada aýdanda, Aladiniň birinji gowakdan çykyp asmanda äpet ganatly aty gördi diýenini? – Görende näme? Ol bärde priçom? – Şol gowak biziň barmaly adamyz. – Bilet alman nädip gitjek onsoň? – diýip, soradym kemakyl Arslandan. Aladin çydaman, biziň jedelimize goşulyp: – Bilediň nämedigin-ä bilemok weli, size şol ada gerek bolýan bolsa gowagyň üsti bilen baraýaly şol ýere! – diýdi. Aladin her nämede bolsa akylly eken. şeýdibem biz iki sany eşek alyp, gowaga tarap ugradyk. ADADA Biz Arslan, Aladin, Abu we men gowaga geldik. Men ýene-de iki ýyl mundan ozal bolup gaýdan ada'ma täzeden aýak basýanyma ynanyp bilemokdym. Wagtyň geçmegi bilen bolup geçen zatlar meň üçin düýş deýin bolup görünýärdi. Biz bir-ä guýudan görünýän asmana seretdik, birem üç gowaga seretdik. Indi bize birinji gowaga giräýmek galdy. Biz ýuwaşlyk bilen gowaga girdik. Gowakdan çykanymyzda, adaň maýmynlary bize geň galyp seredýärdiler. Men Arslandan: – Lädmün atly gurbagany nireden tapmaly? – diýip, soradym. Olam: – Şo-o-ol ýerdäki uklap ýatan wulkanda ýerleşýär – diýdi. Biz şol uklap galan wulkana tarap ýöredik. Eýýäm garaňky düşüp başlapdy. Az ýöräp, köp ýöräp, hakykatdan bolsa örän köp ýöräp, biz pessejik jaýjagazly oba ýetdik. Biz iki ýyl mundan öňki, Töre mollaň öýüne girjek bolduk biraz dynjymyzy almak üçin. Ýöne ol ýerde gören zadymyza ynanar ýaly däldi. Men gören zadyma aňk-taňk bolup äňim ýere düşdi. Ol ýerde men Maksady, Emiri, Ataşy, Döwrany we özümi gördüm. Biz asyl gowakdan ada geçenimizde iki ýyl yzymyza dolanypdyrys. Men olaryň ýanyna barjak boldum weli, Arslan: – Dur. Olar seni göräýse geljegimiz üýtgär – diýdi. Menem: – Näme üçin üýtgemelimişin? – diýip soradym. – Sen geçmişe barylýan filmleri görmediňmi, çybynam öldürmek bolanok geçmişde?! – diýdi. Biz başga bir pessejik jaýyň gapysyny kakdyk. Bir garryja, ýogyn sesli adam: – Balalam, bu sizmi?! – diýdi. Menem: – Ýok ýaşuly, biz ýöne ýolagçylar. Bizi myhman alyp bilmersiňizmi? – diýip, soradym. Ol ýaşulam: – Men saňa ýaşuly däl, men aýal maşgala – diýdi-de, gapysyny açdy. Aladin oň ýüzüni görüp tisgindi. Abu bolsa panika turuzyp, agaçlara tarap gaçyp gitdi. Aladinem ony tutmaga gitdi. Ol daýzaň ýüzi ýaşyl maskalydy. Ol gara gyňaçly, moda gülýüpekden tikilen dar köýneklidi hem-de owadan hasasy bardy. Emma, oň ýüzünde Arslanyňkydanam beter gür sakgaly bardy. Men ony görüp, daýza diýip ýüzlenmäge-de bir hili gördüm-de, Arslanyň egnine kakyp, “gürleş” diýdim. Arslan: – Daýza, biz gaty ajykdyk. Holodilnigiňde näme bar bolsa saçaga goýaýda! – diýip, ol daýzaň öýüne girip diwanda oturdy. Daýza maňa seredip: – Oglum, senem şol diwana geçip oturan nejis ýaly bolda, özüňi öýüňde ýaly duý, geç, gir senem! – diýip, öýüne saldy. Men bosagadan ätmänkäm Aladinem Abuny tutup getirdi. Daýza bize näz-nygmat berdi, iýdik, içdik. Daýza bize seredip: – Häzir meň agtyjagymam gelmeli. Siziň üçiňiz diwanda ýatarsyňyz, krawatda bolsa meň agtyjagym Jeren ýatar – diýdi. Arslan oň aýdanlaryny eşidip diwanda hor çekip uklan boldy. Aladinem: – Biz ýerde ýataýarys – diýdi. Bir salymdanam onuň agtygy Jeren geldi. Bizi görüp salamlaşdy we bizden: – Sizem altyn gözlemäge geldiňizmi? – diýip sorady. Menem syrymyzy aýtmajak bolup: – Hawa, sen nireden bilýäň? – diýip, soran boldum. Olam: – Menem şoň üçin geldim-ä ada! – diýdi. Menem: – Sen aslynda bärde ýaşaňokmy, şu gorkunç daýzaň agtygy dälmi? – diýip, soradym. Olam: – Ýok – diýdi. Aladinem ondan: – Seň söýüşýäniň barmy? – diýip sorady. Olam: – Hawa, bar – diýdi. Arslan düýşünde: – Kim meň balagymy ogurlady? – diýip başlady. Abu bilen Aladin biri-birlerine seretdi. Aladin Abuňam ogurlamadygyny bilip: – Biz-ä däl – diýdi. Jeren bize seredip: – Geliň gowusy içimizi gysdyrmaz ýaly, men size hekaýa aýdyp bereýin – diýdi. Men, Aladin we Abu bilen: “bolýa” – diýip, razylaşdyk. Jeren hekaýa aýdyp başlady: – Hekaýaň ady “tomusuň gary”, bolan waka. Tomusyň yssy günleridi. Men yssylap okuwdan öýe barýardym. Günüň güýçli şöhlesinden meň saýawanymam kömek edip bilenokdy. Men ýolda süllerip, ysgynsyz ýöräp barýan pişijegi gördüm. Ol ulaglaryň üznüksiz geçip barýan ýolundan geçjek bolup durdy. Birdenem, ol pişigiň üstüne gelýän ulag bat bilen tormoza basdy. Onuň arkasyndan gelýän ulagam, tormoza basan ulagy kakdy. Ol hem bir metre golaý öňe süýşüp gitdi. Menem “pişijege näme bolduka?” diýip, şol ýere ylgadym. Bir görsem – diýip durka-da, onuň telefonyna jaň geldi. Ol telefonynda söýgülsi bilen gürleşmäge, başga otaga gitdi. Pişige näme bolandygyny bilmän galdyk. Bizem Aladin bilen düşegimize geçip ýatdyk. Gije men suwsap oýandym. Men aşhana suw içmäge bardym. Ol ýerde-de suw ýokdy. Gorkunç daýza meni görüp: – Näme gözleýäň? – diýip sorady. Menem tisginip: – Suwsadym, suw içmäge geldim – diýdim. Olam maňa guýyň salgysyny berdi. Men guýa tarap ýöredim. Birdenem men Aleýnaň akkordeon çalyp, aýlanyp, adamlaryň saçy bolsa-da, köwşi bolsa-da öwüp ýörenini eşitdim. Men iki ýyl mundan öňki bolan çadyrymyň golaýynda bukuldym. Birdenem men Maksadyň oňa ädiginiň çep taýyny zyňyp: – Goýaýda gohuňy! Ýatyp, dynjymyzy alaýaly indi! Dostala uže – diýip, gygyranyny eşitdim. Men olar ýatanyndan soň, guýa tarap ýolumy dowam etdim. Birdenem arkamdan: – Myrat, sen nädip bärik düşdüň, ýaňam çadyrda ýatyrdyň-a?! – diýýän, Maksadyň sesini eşitdim. Arkama öwrülip seretsem, ol asyl ädiginiň çep taýyny almak üçin gelen ekeni. Olam meň ýüzüme seretdi, soň arkasyna bakyp çadyra seretdi. Ol ýerde-de meň ýatanymy görüp şok boldy. Ol çyňsy sesi bilen gygyrjak bolup durka, men oň agzyny ýumup, guýa tarap alyp gitdim, suw içirdim, soň özüm içdim hezil edip. Men oňa: – Gygyrma, men geljek zamandan geldim – diýip, hemme zady düşündirmäge başladym. Ol maňa: – Sen Myratdygyň çyn bolsa, men barada senden başga hiç kimiň bilmeýän zadyny aýdyp ber! – diýdi. Menem: – Sen Tawusa söýgiňi subut etmek üçin, gyzyň köýnegini geýip, köçede Beonsyň aýdymyny aýdyp tans edipdiň – diýdim. – Ony hemme gördi youtube-da, hemmede bilýär-ä ony– diýdi. Menem: – Hawa, sebäbi ony men goýupdym youtube-da – diýdim. Şondan soň Maksat ynandy maňa. Soň men oňa geljekde hiç zat üýtgemez ýaly, näme etmelidigini aýdyp berdim. Soň ol menden: – Men “Google” ýaly kompaniýa açarynmy? –diýip sorady. Menem: – Ýok, biziň hemmämiz “Hazynalar adasy” diýip, kafe açarys. Soň sen Dom-2-ä gidersiň – diýdim. – Ajaýyp. Kim bilen söýüşýän men ol ýerde? – Sen hemmesi bilenem söýüşip çykýaň ol ýerde. – Ajaýyp. Soň näme bolýar? – Sen olary taşlamazyňdan oň, hemmesini masgaralap çykdyň. – Ajaýyp. Nädip? – Sen biriniň gaşyny syrdyň uklap ýatyrka, soňam oň ýerine dört burç gara kagyz kleýläp goýduň. Birinem tatu salona alyp gidip, Pikassoň murtuny çekdirdiň. Nädip yranam bolsaň bilemok, ýöne ol indi köçäde çykyp bilenok. Soňam biriniň saçyny syrdyň ýatyrka. Oňam kellesine gurwagany kleýläp, maňlaýyna-da “Telekompaniýa WID” diýip ýazdyň. – Ajaýyp. Znaçit men hemme planlarymy amala aşyrýan ekenimdä?! – Seň planyň “Google” ýaly kompaniýa gurmak dälmidi aslynda?! – Ýok indi. Bu gün üýtgedi hemme zat – diýip, asmanda gaýyp başlady. Biz gürrüňimizi dynyp, ýatmaga ugradyk. ADADA IKINJI GÜN Irden meni Aladin oýardy. Ol maňa: – Arslany oýaryp bilmedim, ol ölüpdir öýdýän – diýdi. Menem oňa: – Alada etme, horaz gygyran wagty olam oýanar – diýdim. Soň daýza gelip: – Turduňyzmy balalam?! Bu ýatan nejisem turuzaýmaly ekeniňiz! – diýdi, hasasy bilen Arslanyň kellesine kakyp: – Tur hany oglum, nahar taýýarladym! – diýdi. Ol turmady. Soň daýza bize seredip: – Munyňyz ölüpdir, men molla çagyraýynmy?! – diýdi. Menem: – Ýok daýza, ol ölenok entäk. Ol diňe horazyň sesine oýanýar – diýdim. Soň ol daýza: – Onda munyňyz hiç haçanam turmaz. Bu töwerekde horaz ýok, men gowusy gidip molla çagyraýyn – diýip, gapydan çykdy. Soň Jeren gelip: – Men biri öldi diýip eşitdim. Kim öldi? – diýip, biziň ýüzümize seretdi. Aladin: – Biz diri, diwanda ýatan öldi – diýdi. Menem gaharlanyp: – Hiç kimem ölenok, Arslan diňe horazyň sesine oýanýar – diýip, gygyrdym. Aladin maňa seredip: – Häzir, ony barlap göräýeris – diýip, Arslanyň gulagyna: – Gy-gy-gy-gy – diýip, gygyryp gördi, ýöne ol turmady. Soň ol ýüzüni şapbatlady, turmady. Soň ol ýumrugy bilen urup gördi, turmady. Soň depip gördi, turmady. Ol ahyry ýadap: – Şul-a 100% öldi – diýdi. Soň Jeren onuň pulsuny elläp görüp: – Diri entek, öldürjek bolsaň köpräk urmaly – diýdi. Menem: – Biz ony öldürjek bolamzok, turuzjak bolýas – diýdim. Jeren: – Onda horaz tapmaly. Menem diňe horazyň sesine oýanýan, adamlar her hili bolýarda – diýdi. Aladinem: – Diňe horazyň sesine oýanýan bolsaň, bu gün nädip oýandyň onda?! – diýip sorady. Jeren: – Meň budilnigimde bar-a horazyň sesi – diýip, telefonyny açyp budilnigini işletdi. Arslan onuň budilniginiň sesine oýanyp: – Bäriniň horazlary gaty giç gygyrýan eken. Bu diwanam gaty biderek eken, bar ýerim agyrýar – diýip, ýerinden galdy. Biz naharlandyk-da, wulkana tarap, Lädmün atly gurbaganyň gözlegine gitdik. Biz az ýöräp, köp ýöräp, uklap galan wulkana ýetdik. Biz ýokaryk galyp, bir gowaga dynjymyzy almaga girdik. Birdenem, ol ýerden aýak sesleri eşdildi. Biz aýak sesleriniň eşdilýän ýerine seretdik. Görsek, bizi şol iki ýyl mundan öňki ganatly at garşy aldy. Ol bize seredip: – Salawmaleýkim myhmanlar! Siz meň öýüme näme sebäpden geldiňiz? Arslan, sen haçan sakgalyňy syryp ýetişdiň, ýaňyrak meň tumarymy ogurlanlaryň biri näme üçin ýanyňda we maýmynly passan kim? – Waleýkimsalam Şiraly – diýip, Arslan gürleşip başlady: – Bular meň dostlarym. Bu Myrat, bulam Aladin we martyşkajyk Abu. Bize Lädmün atly gurbagany hem-de iýmäge birzatlar berseň bolýar, biz şoň üçin geldik – diýdi. Şiraly: – Holodilnigi açsaň, geçen hepdeden galan unaş bardyr, zaýa diýip iýmän goýdum. Al iý, işdäň açyk bolsun! Lädmüni bolsa ellemäň, ol jadylanyp kör bolanlar üçin niýetlenen – diýdi. Soň ol gyra geçip, öňki aýaklaryny galdyrdy, öňünden zamok açylyp, içindenem bir oglan çykdy. Şonda men Aladin bilen biraz şokda bolduk. Soň men özüme gelip: – Meň söýenim Halyfyň gyzy melike Ýasmin, özüne gelin edinesi gelýän ýigitleri görende maýmyn sypatynda görýär, şonam açyp bilermi? – diýip soradym. Şiraly hem: – Hawa, açyp biler – diýdi. Arslan geçen hepdeden zaýalanyp galan unaşy iýip, agzyny dolduryp: – Buýyg taýamy biý hiýek egen, çynýaýam zaýaýaýypdyg – diýdi. Şiraly: – Görýän weli, size hakykatdanam gerek öýdýän Lädmün?! – Hawa, gerek – diýdim. Şiraly: – Onda siz şul gowagyň içi bilen ýokaryk galmaly bolarsyňyz. Gurbaga gowagyň ýokarsynda ýaşaýar – diýdi. Biz Şiralyň aýdyşy ýaly, gowagyň içi bilen ýokaryk çykdyk. Biz köp arany açanymyzdan soň, gowakdan elhenç sesler eşdilip başlady. Biz eýlämize-beýlämize seredip, nireden ses gelýänini biljek bolýardyk. Bu elhenç bir jandaryň sesidigi bildirýärdi. Bu adada aždarhanyň hem bardygyny bilip, şonuň hinine gelendigimizi ýüregimden syzyp başladym. Men çydaman dostlaryma: – Biler bolsaňyz Lädmüniň gözi diňe maňa gerek. Siz meň üçin öz janyňyzy howp astyna salmaň! Sizem aždarhanyň sesini eşdip duranyňyzy bilýän. Siz gowusy aşak düşüň, şol ýerde garaşyň maňa. Ýarym sagatdan gelmesem, gidip bilersiňiz – diýdim. Arslan: – Men-ä aždarhaň sesini eşdemok. Diňe içimdäki unaşyň gohuny eşdýän. Aşak düşmeli bolsa men-ä hezil edip düşjek onda. Içimi bir ýeňledeýin – diýip, aşak düşdi. Aladinem: – Çynymy aýtsam, menem aždarhadyr öýtdüm unaşyň sesini – diýdi. Biz ýokaryk galmagymyzy dowam etdik. Ýokary galdygymyzça gowak daralyp başlady. Biz gowagyň gutarýan ýerine geldik. Ol ýerde bir zatlaryň şöhleleri görünýärdi. Ýöne gowakdan çykar ýaly däldi, örän dardy. Biziň iň horumyz Arslan hem ýokdy ýanymyzda. Biz Abu haýyş etdik. Olam ylgap gitdi-de, bäş minutlap güýmenip bir ädik getirdi. Menem oňa gaharlanyp: – Men saňa Lädmün atly gurbagany getir diýip düşündirdim-ä – diýip, ädigi zyňdym. Ol ädik gowagyň diwaryna degeninden, içinden altyndyr brilliantlar seçelenip gitdi. Men ol zatlary görüp: – Abujan, bagyşla. Ýöne maňa gurbaganam tapyp getirseň minnetdar bolardym. Ýany bilen isleseň ýene-de alaý ýaňkyja zatlaryňdan – diýdim. Abu bolsa şermendeläp, ellerini galgadyp, soňam meň ýüzüme şapbat çalyp, aşak düşüp gitdi. Bu deşige Aladin bilen meniň sygjak gümanymyz ýokdy. Indi bize aşak düşüp, Arslana haýyş edäýmek galdy. Biz aşak düşdük. Arslan meň zyňan ädigimi elinde saklap duran eken. Ol maňa ýüzlenip: – Indi Bagdada gidibermelimi?! – diýdi. Menem: – Ýok entek. Biz Gurbagany alyp bilmedik. Ol ýere sen baryp alaýmasaň bize başartmady – diýdim. Ol ädige elini sokup: – Bu onda näme? – diýip, Gurbagany çykardy. Ol hakykatdanam Lädmün atly gurbagady. Onuň göwherden ýeke gözi bardy. Men ony görüp begenjimden Abuny gujaklap, öpüp başladym. Biz yzymyza gaýtmak üçin guýydaky gowaga dolandyk. Indi biziň maksadymyz, Ýasmine Lädmün atly gurbaganyň gözüni gowşurmakdy. ÝENE-DE BAGDATDA Biz guýa girip, Bagdada barýan gowakdan çykdyk. Biziň daňyp goýan eşeklerimiz hem suwsuzlykdan ölüp galypdyrlar. biz indi Bagdada ýöräp barmaly bolduk. Ýöräp barýarkak Arslan menden: – Men bir zada düşünemok. Sen Ýasmine öýlendiň diýeli. Soň sen ony nädip biziň döwrümize alyp gitjek, kakasyna näme diýjek? – diýip, sorady. Men bu zatlar barada pikirem etmändim. Şonuň üçin näme jogap berjegimem bilmedim. Kelläme her hili, bolgusyz pikirler gelýärdi. Meselem: “balyklar suwyň astynda nädip dem alyp bilýärkä?” – diýip, pikir edýärdim. Biz Arslan bilen Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdadynyň öýine baryp, onuň bilen maslahatlaşmagy karar edindik. Biz onuň öýine baranymyzda, Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bizi garşy alyp: – Püff... – diýdi. Ol hyzmatkärini çagyryp: – Myhmanlary hammama alyp git, goý ýuwunsynlar! – diýdi. Biz hammama baryp, hezil edip suwa düşdük. Men ýol boýy uksusyň ysyny alyp gelýärdim. Asyl bu ys meň aýagymdan gelýän eken. Biz suwa düşüp bolanymyzdan soň, Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bizi nahara çagyrdy. Ol bizden: – Siz gowagy tapmadyňyzmy? – diýip sorady. Menem: – Biz gowagy tapdyk. Ýöne mende başga mesele ýüze çykdy. Men Halyfyň gyzy Ýasmine aşyk boldum. Onuň hyzmatkäri we iň ýakyn jorasy Emine maňa, Ýasmin 12 ýaşly gyz wagtynda jadygöý sygan daýza ony dogalandygyny aýtdy we Lädmün atly gurbaganyň gözi ony jadydan açjakdygyny aýtdy. Men Lädmün atly gurbagany tapdym. Ýöne, ony jadydan açyp, özüme gelin edinip öz döwrüme alyp gitmek meselesini nädip çözjegimi bilemok – diýdim. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady ýerinden turup: – Men biraz özüme geleýin – diýip, hyzmatkäriniň ýüzüne bir gezek moşnyý şapbat çalyp, maňa ýüzlendi. – Men bärde hiç hili mesele göremok. Sen ony jadydan açsaň, kakasam razylygyny berse, öýlenip öýüňe alyp gidibermeli bolar. Ol gyzyň geljege barany bilenem känbir geň galyp durjak zady bolmazmyka diýýän. Ol şeýle-de adamlara seredende maýmyn sypatynda görýär, açylanyndan soňam ýene üýtgär görjek zatlary – diýdi. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdady bizi Halyfyň köşgüne getirdi. Bizi Halyf garşy alyp: – Sizem meň gyzym Ýasmina gudaçylyga gelen täze maýmynjyklarmy? – diýip, uludan demini aldy. Halyfyň ýüzi, bu gelip gidýän maýmynlardan juda ýadan ýaly görünýärdi. Menem: – Men Ýasmini jadydan açyp, oňa öýlenmek üçin siziň razylygyňyzy almak maksadynda geldim, Siziň alyhezretleriňiz! – diýip, ädigi uzatdym. Halyf meň ýüzümede seretmän, pomidor iýip otyrdy. Edil şol wagt hem melike Ýasmin we onuň iň ýakyn jorasy Emine geldi. Halyfyň gyzy Ýasmin biz tarapa bakyp: – Waý, bu maýmynyň gowjadygyny – diýip, maňa tarap ýöredi. Men içimden: “Ýasmin meni hatda maýmyn sypatda-da halady” – diýip, begendim. Ol meniň ýanyma ýeteninden soň, deňimden geçip, Aladiniň egnindäki oturan Abuny sypalap başlady. Emine biziň ýanymyza gelip: – Siz Lädmün atly gurbagany tapdyňyzmy? – diýip sorady. Menem oňa ädigi uzadyp: – Ol şu ýerde – diýdim. Ol ädigi alyp, gurbagany çykaryp: – Ýasmin! Bu oglan seni jadydan açmak üçin Lädmüni getiripdir – diýip, Ýasmine uzatdy. Halyf ony görüp, gözi dört boldy. Ýasmin bolsa: – Ýok, gerek däl. Men indi jadydan açylasym gelenok, durmuşa-da çykasym gelenok – diýdi. Halyf ýerinden galyp: – Ýok gyzym, beýle zat bolmaz! Sen hökman jadydan açylyp şu maýmyna durmuşa çykmaly bolarsyň. Illeň gyzy 12 ýaşap-ýaşamanka durmuşa çykdylar, sen bolsa 20 ýaşap geçdiň, garradyň. Men adamlaryň ýüzüne seretmäge utanýan indi – diýip, Emine'äň elindäki Lädmüni alyp, gyzynyň gözüne tutdy. Şol mahal Arslan bilen Abu pursatdan peýdalanyp Halyfyň ir-iýmişlerinden iýmäge başladylar. Aladin bilen men bolsa, türk serial gidip duran ýaly bolýan zatlara tomaşa edip otyrdyk. Halyf bilen Emine Ýasminiň gözüni zorluk bilen açyp, Lädmüniň gözüne seretdirdiler. Ýasmin ahyry gaharlanyp: – Degmäň maňa! – diýip gygyrdy-da, ýüzüni ýapyp oturdy. Biziň hemmämiz onuň daşyna üýşüp durduk. Biziň hemmämizem bilesimiz gelýärdi, “açyldymy ol jadydan ýa-da açylmady?”. Ýasmin ahyry gözüni açyp: – Men açylmadym, öňümde ýene-de maýmyny görýän – diýdi. Aladin: – Abu, gaç onuň öňünden! – diýip, martyşkany çagyrdy. Emine Ýasminiň iki egninden tutup, men tarapa bakdyrdy. Ýasmin meň ýüzüme 10 minutlap seretdi-de: – Munuň maýmyndan tapawudy bar ýaly görünýär, boljak – diýdi. Biziň hemmämiz Ýasminiň jogabyna begenip, el çarpdyk. Biz Halyf bilen razylaşyp, toý sähedini belläp köşkden çykdyk. Kerwenbaşy Aly ibn Muhammet al Bagdada, Aladine we Abu uly sagbolsun aýdyp, olar bilenem hoşlaşyp, Arslan bilen gowaga dolandyk. ÖZ DÖWÜRIMIZDE Gowaga girenimizde, biz guýyda, ýokardan ýüpüň sallanyp duranyny gördük. Arslan bilen men, biri-birimiziň ýüzümize geň galyp seretdik. Biz şol ýüp bilen ýokaryk galdyk, guýudan çykdyk. Ol ýerde bolsa bizi Emir garşy aldy. men Emirden: – Sen bärde näme işleýäň? – diýip soradym. Ol bolsa: – Maksat maňa aýdyp beripdi siziň şu guýy bilen geçmişe barjagyňyzy. Sen meň ýanyma syýahat diýip geleniňde, Maksadyň maňa seniň geçmişe düşenligiň baradaky aýdanlary ýadyma düşdi. Men ilki ol prikol edip aýdýandyr öýdüpdim. Şonuň üçin men bärik Maksadyň aýdanlary çynmy ýa-da däldigini bilmek üçin geldim. Görsem, Hakykatdanam Maksadyň aýdyşy ýaly seň žiguliň döwük ýatyr, bärde-de guýy bar eken. Men bärik irdenki gelişim, ýüpem salladym gelersiňiz diýip. Özümem içine girip, adany görüp tok uran ýaly bolup gaýtdym – diýdi. Biz Emiriň ulagyna münüp, öýli-öýmize gaýtdyk. Men öýe baryp, ene-atama Ýasmin barada, geçmişe baranlygym barada nädip aýdyp berjegim hakynda pikirlenýärdim. Men hem begenýärdim hem tolgunýardym. Üstesine men 3 günläp öýde bolmadym, oň üçinem maňa käýärler öýdüp gorkýardym… @Erteki, we Saparmyrat Gürgençli | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||