22:18 Möjegiñ ar alyşy / hekaýa | |
MÖJEGIÑ AR ALYŞY
Hekaýalar
Aman aga sürä ýarawsyz goýunlary goşuň golaýynda otladyp ýör. Garry hem-de ýakynda guzulan goýunlar süriden bölek saklanýar, sebäbi olar süriň yzyna eýgermän yzda galyp çopanlara pent berýär. Aman aga täze bolan eýjejik guzujyklaryň süýtden doýup bökjekläp ýörüşlerine guwanyp duran wagty alty ýaşly agtyjagy Geldijik: — Ata, Ata, Ata…— diýip ýüwürip geldi, gelişinede demi demine ýetmän has-haslap gürläp başlady— Ata o düýnki kakam dagyň getiren adamy bara ana şo ukydan oýandy, "suw, suw" diýip ýatyr ejem dagy ýanyna barmaga gorkdy. Enem bar ataňy çagyr diýdi. — Ukydan oýanan bolsa gowy bolupdyr, oglum, ýör onda daýyň ýanyna baryp halyndan habar alaly, suw bereli— diýip Aman aga agtyjagyny alyp goşa gaýtdy. Gelişine kempiri bilen gelnine çaý-nahar taýýarlamagy tabşyryp, düýn ogullarynyň çölde möjeklerden halas edip getiren adamynyň ýatan gara öýüne girdi. Ol adam Aman agaň girenini görüp kynlyk bilen: — Ýaşuly, suw! — diýdi. —Häzir inim, häzir. Aman aga myhmanyna çaý, suw berdi, onýança agtyjagy hem "Ata nahar bişdi" diýip bir tabak nahar getirdi. Ol adam naharam iýeninden soň az-kem özüne gelip: — Agam men nirede? Siz kim?— diýip sorady. — Sen meň goşumda. Maňa Aman çopan diýýäler, özümi bilelim bäri şü gumda men. Seni ogullarym düýn agşam hol ilerki oýuň ýanynda möjeklerden halas edip getirdiler. Baý-bo inim üsti-başyň gara gan eken, möjekler dalap bilipdirler seni, ganlaňy ýuwup, ýaralaňy daňdym. Allaha şükür ediber hälem çöregiň bitin eken, diri galdyň. Inim özüň hakyňda aýdyp otur, kim borsuň, bi gumda näme işläp ýörsüň, möjeklere nädip gabat geldiň? — Agam eden ýagşylygyňyz menden gaýtmasa Alladan gaýtsyn. Eh-h, agam, meň ömürim tutuş bir hekaýat, biraz ýatyp soň aýdaýmasam şu wagt gaty kelläm aýlanyp dur. — Howwa, howwa ýat inim, gowja özüňe gel, soň gije uzyn arkaýyn hekaýatyňy eşideris.— diýip Aman aga ýene-de goýunlarynyň ýanyna gitdi. Agşam düşdi. Aman aga bilen myhmany bileje oturyp iýip içdiler, myhmany hem oňa çenli gowy özüne geldi. Aman aga: — Ine, inim nahardanam keýpi kökledik, gijede uzak, hekaýatyňy indi gür berseňem bolar. Bal ýaly guşdyrnak çaýy süzüp daňa çenli gürrüňleşip oturarysda— diýip agtygynyň getirip giden iki çäýnek çaýynyň birini myhmanyň öňüne goýdy. — Ýaşuly özüm barada aýtsam, maňa Batyr Şir diýýäler. Awçylyk edýän, awçy bolmagymyň sebäbi bar. Size gowusy bir başdan gürrüň bereýin. Men gumda bir çopanyň ýanynda obadaky adamlaryň goýunlaryny hakyna bakýardym. Günlerde bir gün, howwa, howwa hemmesi şol günden başlady, iýip içip gaýdaýynla diýip gijara goýunlary goşa golaý getirdim, gelýänçäm şu ýerde otlap gezibersinler diýip goşa gaýtdym. Goşa gelsem çopanyň meň bilen deň-duş üç çolugy kart oýnap oturan eken. Menem iýip-içip bolup menem azrak oýnaýynla goýunlar şo ýerde gezerle diýip olara goşuldym. Oýuna gyzyp goýunlar ýatdanam çykyp gitdi. Bir wagtlar çopan geldi, meň kart oýnap oturanymy görüp: — Batyr goýunlaryň nirde?— diýdi. Şondan soň goýunlar ýadyma düşüp şo ýerde, şo ýerde diýip goýunlary taşlap gaýdan ýerime ylgap gitdim. Barsam ne goýun bar ne geçi, o depeden o depä ylgaýan hiç ýerde ýok. Onsoň bialaç goşa gaýdyp çopana goýunlaryň ýokdygyny aýtdym. Daň atýança daş-töwrekde gözlemedik ýerimiz galmady, tapyp bilmedik. Yz çalyp gözläýyn diýseňem gije yzam çalyp bolanok. Gün dogandan soň yz çalyp başladyk. Yzlar iki - üç kilometr uzaklykdaky asfalt ýola tarap gidýärdi. Sekiz sany möjegiňem yzy bardy, möjekler goýunlary sürüp gidipdir. Möjek görse goýun sesinem çykaryp bilenok diýýä dek süren tarapyna gidiberýä diýýä. Howwa onsoň möjeklerem baý hytyr bolýan eken-a yz çalmasynlar diýip goýunlary gije asfaltyň üsti bilen alyp gidipdirler. Bäş bolup goýunlaryň yzyny görjek bolup asfaltyň gyrasyndan ýöräp barýas, iki kilometr dagyn ýöränimizden soň ahyry yz tapdyk. Ýene aslfatdan düşüp guma tutdyrypdyrlar. Aslfatdan düşüp ýöräp ugranymyzdan soň öňimizden parçalanan goýunlar çykyp başlady, iýenini iýipdirler iýmedigini parçalapdyrlar. Aý garaz, agam segsen goýundan barýogy otuzsyny sag tapmak başartdy. Otuzja goýuny alyp oba gaýtdym, oba getirip eýelerine tabşyrdym. Ölen goýunlaryň eýeleri her gün goýunlaryny talap edip üstüme gelip başlady, öýde ýigirmi goýunym bardy şony berdim, sygyrmy satdym, kakamdan galan könerak maşyn bardy onam satdym, garaz emmeläp üzülişdim. Ondan soň hiçkim maňa goýunyny ynanmady. Mende möjeklere şeýlebir gahar-gazap döredi, şolar sebäpli maşgalamy ekläp ýören kärimden aýryldym, mal-garamdan, kakamdan ýadygär galan maşyndan aýryldym. Soň awçy bolmagy ýüregime düwüp bäş alty sany gapan bilen bir goşa nil tüpeň alyp çetiräklere gidip aw awlap başladym. Awçylygam erbet kär däl, maşgalaňy et bilen bakýaň, özüňden agyşanlaryny satýaň, sülgüniň, keýigiň etiniň hyrydaram kän. Obada Nazar Çolak diýen awçy bardy, bir gezek gapaňa düşen möjek aýagyny çeýnäpdir, şondan soň awçylygy goýupdyr. Nazar Çolakdan möjegi nädip gapana düşürmelidigini öwrenip bir ýylda on möjek awladym, şondan soň adamlar maňa Batyr Şir diýip başladylar. Günlerde bir gün men matorly gyra awa gitdim. Awa gyzyp gijä çenli gezdim. O depeden o depä aşyp ýörüşime matorym bozuldy, matorymam awlan awlarymam taşlap gaýtmaly boldum. On kilometr ýaly uzakda kiçiräk çarwa obasy bardy, şoňa gaýtdym. Ýarym sagat ýaly ýörämsoň yzymdan üç dört möjek uwlady. Öňümde-de möjek topary bar eken, çaky yzdaky topar öňdäkä men barada bar berýärdi, öňdäkilerem uwlap yzdakylara jogap gaýtardy. Tüpeňimi gaýym tutup ýöräp barýan, okumam bar ýogy ikije sany, bir seçme bilen birem doňuz ok, möjeklerem ona golaý, şo wagtky ýagdaýymy oýlap görüber onsoň. Möjekler maňa känbir golaý gelenokdy, megerem täzelikde atylan okuň ysyny alyp elimde ýarag bardygyny duýup durdylar. Öňümde bir uly oýlyk bardy şondan geçsem bulardan gutuljagymy bilip barýadym, çarwa obasy şo oýdan geçseň daş däldi. Oýda üstimi basmasalar bolýa diýip barýan. Oýada ýetdim, gorkanym boldy, oýa düşemden iki toparam gelip ýetdi. Men oýyň ortasynda näme etjegimi bilmän durun, möjekler ýokarda durlar. Iki topar bir birine hyrlaşyp haýbat atyp başladylar, meni bir birinden gysgandylar. Öňdäki möjekler menden sowulyp geçdide yzdakylaň üstüne topuldy, oýyň içinde turdy bir möjekleň urşy. Menem derrew oýdan çykyp iki okam ýokarda durup haýsyna degse şoňa degsin diýip nyşanada alman atyp oba tarap ylgadym, yzymdan möjekleň çyňsany eşdildi, seçme köpüsine degendirda. Oba ýakynlaşmaga gorkdular öýdýän yzymdan kowalamadylar. Çarwa obada bir dostum bardy şoň öýüne bardym, ertesem dostumdan onbäş sany ok alyp matory taşlap gaýdan ýerime ugradym. Matorymy bejerip düýnki oýa bardym. Atan okum hiç haýsyny öldürip bilmändir, möjegiň jesedi ýokdy, emma birini gowja ýaralan eken ýerde gan yzlary bardy, gan bir ýerlere uzap gidýädi. Men gany yzarlap ugradym. Yz kiçiräk depä tarap barýardy, depä golaýlamsoň meni duýmasynlar diýip ýatyp süýşüp başladym. Depäň aňyrsyna astyrynlyk bilen seretsem bir möjek ýatyr, meň atan okum oň aýagyndan degen eken, aýagy gara gan. Ol ene möjek eken, ýanynda bäş sany çagasam bar. Ol meni duýmady, aramyz ýüz metr ýaly bardy, özümem depä bukunyp ýatyrdym. Daş-töwrekde başga möjegem görnenok, beýlekileri awa giden bolmaly, pursatdan peýdalanaýyn diýip möjegiň kellesini nyşana alyp bir oky atdym, bir okda-da aldym. Onsoň ynha parçalamak nähili bolýa? Görüň, goýunlary nädipdiňiz? Diýip çagalarynyňam barny pyçaklap wes-weýran edip parçaladym. Indä sizden arymy alandyryn diýip matoryma tarap ylgap gaýtdym. Matormy otlan wagtym möjekleriň uwwuldysy eşdildi, ýetişdim diýip ýylgyrdym…… Ondan soň üç-dört gün geçdi ekinleri suwarmaly bolansoň awada gitmän öýde gezip ýördüm, öýüm obaň iň çetinde bolansoň mellegimizem beýlekileriňkiden uludy. Bir gün gije öýüň içi dymyk boldy, tomsyň yssy günlerida, aýalym bilen çagalar daşarda ýatarman boldy, maňada "ýör senem daşarda ýataý" diýdiler men etmedim, uzakly gün işläp ýadamsoň daşara çykmagada ýaltandym. Ertesi daň atanda turdym. Daşaryk çykyp gözlerimiň görýän zatlaryna ynanmadym, doňup galdym, peşehana gara gan. Çagajyklarym, çagajyklarym, aýalym… Batyr Şir gürrüňiniň şu ýerinde çydap bilmedi aglady, aglady, gözlerinden ýaş dökdi. Aman aga ony kynlyk bilen köşeşdirip çaý içirip: — Heý ýatan wagtyň ses-seda eştmediňmi?—diýip sorady. — Wah, wah agam derdimi gozgama, gulagymyň düýbünde top atsalar şoň sesine turýanmy men? Özümem törki otagda ýatyrdym. Indi syçan takyrdasada turýan bolupdyryn, ýöne Indi turanymdan ne peýda. Bi nejis möjekler oglum bilen gyzymyň bokurdagyny çeýnäp öldürip, garynlaryny ýarypdyrlar, aýalymam şeýle. Obadaky adamlaram hiç zat eştmändir, obaň iň çetinde ýaşaýasda. Nazar Çolak "olar senden aryny almak üçin ýörite gelipdir, obada hemmäň mal-garasy başbitin" diýdi. Şol günden soň dünýäm agdarylana döndy. Çagalarym bilen aýalymyň kyrky geçýänçä zordan çydap gezdim, möjek tohumyny tükederin diýip ýördüm. Kyrklaryny geçiren günüm ýaragymy alyp matorma atlandymda şo möjegi öldüren ýerime eňdim. Matormy uzagyrakda goýup pyýadalap barýan, özümem ar alaryn, baryňyzy gyraryn diýip barýan, gorky urky ýada düşenok. Bukdaklap, emedekläp bardym şo ýere, dört sany möjek ýatyr. Ikisini aljagyma anyk gözüm ýetyp dur, tüpeňim goşa, emma galan ikisini aljagyma gözüm ýetenok, ýene tüpeňe ok salmak üçin bir minut ýaly wagt gerekdi. Näm bolsa şo diýdimde biriniň kellesinden atdym, beýlekiler näme bolanyna düşünýänçe ikinjinem atdym. Howlugan wagtyň aljyraýan ekeniň, tüpeňe ok salaýyn diýip kysämden ok aldym onam tüpeňe salyp bilmän elimden gaçyrdym oňa çenli iki möjek gelip üstüme zyňdy, zordan pyçagymy alyp ýetişdim. Elime-aýagyma, bokurdagyma keçe dolap, üstüme galyňdan galyň guppy geýip gaýdypdym emma şonda-da olar çekeläp düýt-müýt edip barýardy, pyçakly elim bilen zordan kellämi goraýan. Dişleriniň degen ýeriniň agyraýşyny aýagymdaky keçäni çekeläp-çekeläp aýyrdylar. Agyrylara çydaman bar sesim bilen gygyrýan. Bir ýerlerden itleriň, matoryň sesi eşdildi. Soň huşumdan gidipdirin, gözümi açsamam ynha şu ýerde ýatyryn. — Inim başyňdan geçenler örän agyr eken, her äriň çekip biljek jebr-jepalary däl. Saňa aýtjak maslahatym her näçe agyrda bolsa möjekler bilen bu kowalaşyp ýörmäňi goý inim. Heniz ýaş başyň bar eken, ýene-de öýlen, Inşallah Allah berse ýene-de perzentleriň bolar. Durmuş dowam edip dur. Özüňem bir gowy käriň başyny tut!. Batyr Şir çopanyňkyda bir aý myhman bolup gowy sagalansoň öýüne gaýtdy……… Aradan ýyllar geçdi. Batyr Şir, Aman agaň maslahatyna eýerip ýene-de öýlendi, iki ogly bir gyzy boldy. Daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady, ýerden ryskyny gözledi… Günlerde bir gün gijara Batyr Şir obadaşlary bilen daşarda gürrüňleşip otyrdy, obadaşlarynyň biri möjekler barada gep açdy, Batyr Şir oňa: — Şo gurtlar barada gürleme, şolardan ýaňa içim duranja otdyr— diýdi. Ýaşulylaryň biri: — Haý inim içiň näme bolsada gurt diýip adyny tutmaweri! Türkmen şoňa ýöne ýere möjek diýýän däldir. "Gurt agzasaň gurt geler" diýip atalarymyz oýnamaga aýdan däldir. — Gurt diýip adyny tutamda gelýän bolsalar geläýsinler. Ilem maňa ýöne ýere Şir diýip aýdanok. Siz bilen nämüçin gep otaryp durunaý? Gowsy atyzyma suw tutaýyn, atyzdan peýda bar maňa, atyzdan— diýip eline pilini aldyda Batyr Şir atyzyna suw tutmaga gitdi… Oturanlaryň arasynda Nazar Çolagam bardy ol Batyr Şiriň "ilem maňa ýöne ýere Şir diýip aýdanok" diýenini eşidip: — Sen eliňe ýarag alyp möjekleriň kastyna çykan wagtyň şirdiň, ýaragyňy taşlap eliňe pil alaňsoň şagal boldyň sen, şagal— diýip çalaja pyşyrdady, emma onuň pyşyrdysyny özünden özge eşiden bolmady… Batyr Şir daň atyp gün doganda-da öýüne dolanmady, aýaly goňşysynyň ogly bilen gözlege gitdiler, günortana çenli ýer ýykyp gözläp atyzynyň gyrasyndaky zeýkeşden kellesi bilen gemirilen süňk-saňklaryny tapdylar… Batyr Şiri möjekleriň iýendigi baradaky habar gün batýança tutuş oba ýaýrady, Nazar Çolak muny eşidip: — Şagal boldyň sen, şagal diýmedimmi?— diýip kellesini ýaýkap — Köp ýigitler gelip geçdi jahandan, Niýetine görä ykbal bolmady. — Magtymgulyň iki setir goşgusyny ýatlady. Saparmyrat GÜRGENÇLI 2-nji noýabr, 2019 ý. | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |