22:01 Derýa boýunda | |
DERÝA BOÝUNDA
Goşgular
![]() Dünýäniñ bar gözelligin özünde Jemlän gyz derýanyñ boýuna çykdy. Derýa bolan guwanjy bar gözünde, Durup, tolkunlara nazaryn dikdi. Gyzy gören derýa kükredi batly, Dälilik bar her tolkunyñ urşunda. Çyrpynyp akyşy örän haýbatly, Belki, "Jeýhun" ady galandyr şonda. Derýañ möwç urmagnyñ sebäbin duýup, Gyz usullyk bilen aşak oturdy. Köwşüni çykaryp, kenarda goýup, Mele suwa aýaklaryn batyrdy. Derýa ýene öñki kaddyna geldi, Tolkunlar ýok boldy çöken deý aşak. Ol ajaýyp gyzdan razy boldy; Päkize aýagyn sypalap, ogşap. Şyhmyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |