18:53 Dikeldilen öý / hekaýa | |
DIKELDILEN ÖÝ
Hekaýalar
Biziň birden çagşan maşgala durmuşymyzy dikeltmek meniň kyrkdan agan kakama başartmady. Öýümizi welin her zat etmelidi dikeltmelidi. Muny men öz boýnuma aldym. Maşgalamyzyň nähili bolup beýle ýagdaýa düşenini bilmän galdym. Hemme zat allanämedi. Men ol wagtlar bolaýsa on bir ýaşlarymdadym. Hawa-da, dördünji klasda okap ýören wagtlarymdy. Bütin maşgalamyzyň içinde okuwa gatnaýan bir mendim. Biziň maşgalamyz bolsa... Häzir hasaplaýyn... Kiçi jigim, uly jigim, ejem, kakam, enem, agam, gelnejem, agamyň kiçi gyzy, uly gyzy, hemem üç ýaşlaryndaky, torsuk ýalyjak doganoglan jigim – jemi on bir baş adamdyk. Agam ekspedisiýada, kakamam awtogaražda işleýärdi. Ejem bilen gelnejem öýde oturan ýerlerinde el işlerini edýärdiler. Tara, dokma dokaýardylar, kürte, gyňaç, don tikýärdiler. Çagalar bilen garry enem hem biş-düş bilen gümrady. Men günde dört sagat okap gelenimden soň, göýä diýersiň, gala alyp gelen ýaly, ýatasym gelse, gäberilip ýatardym, islesem, ilerimizdäki simunt ýap diýip at alan akara suwa düşmäge gidýärdim. Näme edesim gelse, öz elimdedi, towugyma tok diýýän ýokdy. Gaýta kämahal haýsydyr bir etmesiz zat edip, enemiň gaharyny getiren wagtym, ýa, mysal üçin, kiçi jigilerimiň biriniň ýeňsesine sen-men ýok, çalyp goýberen mahalym, garry enem zeýrenerdi: – Mekdep bir gowy zat, öýlän salkyna çenli güýmäýýär şulary. Hudaý-saklasyn, bu döwrüň çagalary bir çaga däl-ä bular. – Soňra ol jigilerimiň özüne igenerdi. – Hany, goý, köşek, senem. Özüňdenem bardyr. Hany, indi goý diýýän saňa, o galtaman öýe gelmän oňasy ýok. Ynha men ony görerin. Garaz, men ol wagtlar näme etsemem, nirä gitsemem ugrumy ideýän bolmazdy. Ýagtygözin agşam naharyna dolansam boldugydy. Hawa-da, çagalygyňy gurply maşgalada geçirseň, oňa ýetesi zat bolmaz eken. Münesiň gelse, «Moskwiç» maşyn, eje ýerinde eje, kaka ýerinde kaka. Arkaňda dag ýaly bolup duran agaň bar. «Ýüwürjijigim diýip oturan gelnejeň, «agtygym, balam» diýip gök çaý süzüp oturan garry eneň bar. Jigileriň daşyňy alyp dur. Birdenem, men on alty ýaşyma ýetemde, men olaryň baryndan aýrylan ýaly bolup, daşym gugaryp galdy duruberdi, ne döw çalanyny bilmedim, agam bizden aýrylyp, başga bir ýere göçüp gitdi. Enem oba, doganlarynyň ýanyna gitdi. Bizem howlyny satyp, Garagum kanalynyň boýunda açylan täze sowhoza göçdük. Ol ýerde bize jaý berdiler. Şeýdibem, aýry-aýrylykda ýaşap ýördük. Men mekdebe gidýärdim, kakamam işe. Ejem birden kesel tapyndy-da, ýanyny ýere berdi. Şol keselem ahyr soňy... Ejem, käbäm ejem dünýäden ötdi. Biziň öýümiz gugaryp galdy. Agam dagyň işleýän ekspedisiýasynyň işgärleriniň dört-bäşisine sud etdiler. Şolaryň içinde meniňem agam bardy. Ogurlyk edip, lomaý pul urupdyrlar. Men o mahallar muny bilemokdym. Onsoň kakam agamyň maşgalasyny öz howlymyza göçürip getirdi. Ýöne entek maşgala durmuşymyz dikelip ötägitmändi. Gaýta öňküsindenem beter çagşap, çöküp barýan ýalydy. Men birden uly adam çykdym oturyberdim. * * * – Oglum, okuwdan geldiňmi? – Hawa, kaka. Men ony şol gün ömründe birinji gezek melul halda gördüm. Ol içip gelipdi. – Sen ajygansyň, oglum. Guýun-da, iý. Biz eýýäm iýdik. Gazandadyr. Onsoňam, okuwdan soň göni öýüňize gelerler. Entäp ýörmezler diýýän men saňa bolar-bolmaz ýerlerde. Siziňem öýüňiz bar ahyry iliňki ýaly... – Öýümiz bar, bilýän, kaka. Bor, indikile göni öýe gelerin, kaka. Okuwdan soň oglanlar bilen bir az wagt kitaphanada bolduk, kaka. Indikile... Men şeýle diýdim-de, tekjäniň üstündäki düňderilip goýlan syrçaly jamlaryň birini alyp, ojagyň başyna ýüzlendim. Gaýmaklap duran çorbadan bir-iki susak guýundym-da, irgözinden ýerine giren kiçi jigimiň baş ujundaky, sekiniň üstüne atylan, ejem döwründen galan ýarty keçä geçdim. Saçagyň bir ýan burçuny serpip, elimdäki jamy goýdum-da, iýmäge oturdym. Tagamyny dadyp, tamşananymdan soň-a hasam işdäm tutuldy. Ýogsam jigim mellekden ýaş sogan bilen rediska hem alyp geldi welin, onda-da hiç iýesim gelenokdy. Geň zat, özem içim jugurdap duran açdym. Ýöne, näme üçindir, zat iýesim gelenokdy. Şonda-da iýmän oturanymy kakama bildirmejek bolup, naharyň başynda esli salymlap dümtünip oturdym. Gap-çanaklary ýygnaşdyryp, näme üçindir şol mahal şeýle bir sus, çola görünýän, içgysdyryjy garaňky howlymyzyň ortarasynda, üzüm dalbarynyň aşagyndaky tagta sekiniň üstüne ýazylyp goýlan düşegime geçdim. «Belomorkanaldan» birini aldym-da, çekmäge oturdym. Meniň göwnüme, şol mahal dünýä diňe bir biziň howlymyzyň içiniň şu häzirki ýürek gysdyryjylygy ýaly bolup duýulýardy. Hakyt şeýle ýalydy. Asmandaky ýyldyzlar bolsa edil meniň ejem bar mahalyndaky ýaly ýylpyldaşýardy. Hawa, hut şeýledi... Aý hem şol öňki aý. Gije-de... * * * – Kaka! Işden geldiňmi? – Hawa, oglum. – Ilki çaý içjekmi ýa nahar äbereýinmi? – Ýok, meniň hiç zat kemim ýok, siziň özüňiz iýiberiň. – Biz eýýäm iýdik. Jigilerimem goňşulara telewizor görmäge gitdiler. – Goýbermeseň bolmaýamy. – Goý, görsünler-dä, kaka. Näme onda men-ä okaberjek?! – Okaber... – Men öz otagyma, çyra ýanyp duran jaýa girip gitdim. Okamaga oturdym. Tä daň agarýança okadym. Soňam Gün dogdy... * * * Şol bir mekdepde, şol bir klasdaşlarym bilen on bir ýyllap okadym. Okuwymy gutardym. Hawa, bir-bada meniň okuwymyň soňy şol on birinji klas boldy. Sebäbi meni öýerdiler. Diňe bir zadyň hatyrasy üçin, ýykylan öýe her zat etmeli welin bir ýardamjyk etmeli diýen pikir bilen men öýlendim. Diňe şonuň hatyrasy üçin öýlendim. Daşkyrak garyndaşlarymyzyň biriniň Güljahan atly gyzyna. Awtogaraža-da işe girdim. Şondan soň, eger gyzyklansaňyz aýdyp bereýin, biziň günümiz şeýleräk geçýärdi. Ir bilen turýarys, el-ýüzümizi ýuwýarys... Güljahanyň demläp goýan çäýneklerindenem çaý içýäris. Soňam kakam ikimiz-ä işe gidýäris. Ol ýerde uzynly gün işleýäris. Ataly-ogul iki kişi agşamaralar işden gaýdyp gelýäris. Ýene-de ýuwunýarys. Nahar edinýäris. Onsoň kim radio diňleýär, kim gazet okan bolýar. Kakam-a ýarygijä çenli goňşymyz Hojamyrat agalara küşt oýnamaga gidýärdi. Meňem Tolstoýyň ýa-da Buniniň tomlugyny alyp, Güljahanyň salan düşeginiň üstüne geçip, gyşaryp galýardym. Ertirmi? Ertir ýene-de düýnki ýaly Gün dogýardy. Gün dogýardy, ýaşýardy, ýene-de dogýardy... Meni gulluga çagyrdylar. Bir ýyl töweregi geçip barýardy. Ýedinji klasda okap ýören jigimden «Ogul jigim boldy. Adyna-da Merdan dakdyk, buşluk!» diýip ýazylan buşluk haty aldym. Näme üçindir, begenmedimem, gynanmadymam. Iki ýyl geçip barýar. Peduçilişäniň birinji kursunda okap ýören inimden «Agam Sary türmeden boşap geldi, buşluk!» diýip ýazylan haty aldym. Näme üçindir, gynanmadymam, begenmedimem... Üçünji ýyl. Hawa, üçünji ýyl welin, dogrymy aýdaýyn, eýýäm iki ýaşap barýan oglumy, öz oglumy – Merdany göresim geldi. Oglumyň barlygyna guwandym. Men gullukdan boşadym. * * * Üç ýylyň içinde biziň howlymyz, meni gulluga ugradan ýürek gysdyryjy howlymyz öňki kaddyna baraňkyrlaberipdir. Enem bar, jigilerim, kakam, agam, gelnejem, Güljahan, Merdan... hemmejämiziň başymyz tükel. Diňe bir Merdanymyň enesi, ejem, mähriban ejem... Ol ýok. Onuň ýerine barymyzyň ýüregimizde ýüregimizden damyp çykan gynanç bar. Men okuwa girdim. Politehniki instituta. Kakam bilen agam bolsa işläp ýör. Awtogaražda. Gelnejem bilen Güljahanam öýde haly arteliniň halysyny dokaýarlar. Agamyň uly gyzyny bolsa çykardyk. Güljahanyň doganyna. Enem bolsa amanadyny tabşyrdy. Indi ony biş-düşüň başynda görjek gümanyň ýok. Gün dogýar, Gün ýaşýar, ýene-de Gün dogýar... Orazmyrat TÜÝLIÝEW. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |