DIL AÇAN SÖÝGI
Men Zöhräm bilen nämedir bir zadyň üstünde tersleşip, ondan göwnüm galansoň, derdimi paýlaşmak üçin öz dostum Nurynyň ýanyna gitdim. Mazaly, meniň bagtyma, ol öýünde eken. Salamdan soň görüp otursam, «olaryň bagtyna men geläýen ekenim». Nury bilen gelnejem öz ogullary Nurberdijik bilen tamlaryny maňa goýdular-da, «kakaň agyr ýatyr» habary gelen obalaryna gitdiler. Şeýdip, «derdimi» maňa düşmez Nurberdijik bilen paýlaşmaly boldum galyberdim. Oturyp karar tapmajagymy bilemsoň, Nurynyň iş stolunyň başyna geçip, «täze bir zat ýazmadymyka?» diýen umyt bilen onuň çekerlerini barlaşdyrdym.
Ýazypdyr. Özem gelnejeme bagyşlap ýazypdyr. Okadym. Gör, gelnejemem bagyşlan eken. Ah, Zöhre, sen söýgini äsgermän, meniň göwnüme degdiň. Men şu hekaýanyň mazmunyny öň bilýän-de bolsam, henize çenli şu ýerde görkezilişi ýaly gudratly, öwrenerlikli zatdyr öýtmeýärdim. Hut şu günüň özünde, Zöhräm, hatda sen meniň göwnüme degenem bolsaň, söýginiň hatyrasy üçin ylalaşaryn. Sizem, Zöhräm ýaly gyzlar, men ýaly, Zöhresinden göwni galanlar, söýginiň hatyrasy üçin, tersleşmäň, göwnüňizde kine saklamaň. Ylalaşyň. Söýgi gudratynyň özboluşly bir parçasyny gürrüň berýän şu hekaýa bilen sizi tanyşdyrmagy özümiň uly borjum hasap edýärin.
«...Men seniň bilen tanyşmazymdan öň söýgi diýilýän zady bilmeýärdim. Mende söýgi derdini oýadanam sen, Gunçam. Men seni söýüp, özümi dünýäde iň bagtlylaryň hatarynda saýýardym. Ýöne men seni näçe söýsem-de, sen-de meni edil şonuň ýaly söýmeseň, biziň söýgümiziň bagtsyz boljakdygyna şek ýokdy. Men ilki bada biziň söýgimiz hakyky bolmazmyka öýdýärdim. Meniň beýle diýmegimiň hem bir sebäbi bar, Gunçam. Meniň ýüregim entek seniň bilen bir gezek hem ýakyndan ysnyşman, ýakyndan biri-biri bilen mährem dem alyşman, seni söýdi. Ony diýseňem, munça duşuşyga çagyrmagyma garaman, hatda rehim edibem ýekeje gezek duşuşmaýarsyň. Sebäbini soramda gürlemek hem islemeýärsiň. Näme üçin gürläňok? Ýa ýüregiň, gözleriň sessiz sözleşip-gözleşýän ýüreklerdenmi? Ýadyňa düşýärmi, «Öldir welin, bir gezek bir duşuşaly» diýip, eliňe berenje kagyzyma jogap edip ýazan hatyň? Ýadyňa düşmeýän bolsa, ol şeýledi. Seniň sözleriň meniň ýadymda nokadyna çenli galypdy. «Bagyşla, Nury! Duşuşyga çagyranyňa sag bol. Meniň adym Gunça-da bolsa, açylman solupdyryn. Ýok, Nury, sen başga zat pikir etme! Biz duşuşybersek, soňy belki söýgä ýazar. Onuň eýýäm dörän bolmagy hem mümkin. Ýöne bagyşla, soňky sözlemi özümi mysal getirip aýtdym. Emma men şol söýgä seniň hatyraň üçin düýpden garşy çykýaryn. Soň ikimiziňem ýanmazlygymyz üçin men duşuşyga barmaýyn. Ýöne ýoldaşlyk, dostluk hökmünde göwün açyşmaga çagyrsaň, men hökman bararyn. Özem hiç zat soramazlyk şerti bilen. Eger şu şerte razy bolsaň, garaş. Gunça». Ah, bu hat meni şeýle bir oýlanmaga mejbur etdi. Pikirlendim, pikirlendim, ahyry seniň nähili duýgy bilen «meniň hatyram, üçin» duşuşyga gelip bilmejekdigiňi kellämde öwrüp ýetişip bilmänkäm, duşuşyk ýerimize bardym. Seň eýýäm maňa garaşyp durduň. Soň biz gezmäge gitdik. Ýadyňa düşýärmi, Lenin skwerine gezelenç etdik. Soňra birneme sergin howadan dem alyp jana lezzet bermek üçin güri baglygyň aşagyndaky goýry kölegedäki oturgyçlaryň birinde oturdyk. Men seniň göwnüňi götermek üçin köp zatlardan gürrüň berýärdim. Emma sen... Sen welin şol dymyp otyrdyň. Seniň şol bir nokada seredip dymyp oturmagyň sebäbini soramda, nähili bolandygyňy bilýärmiň? Bilmeseň, meniň ýadymda. Halys gürlemekden irdimmi-nämemi, ýa seniň dymyp oturmagyň meniň kejebämi daraltdymy, garaz, men seniň eliňden tutdum-da, göni gara gözleriňe garap: – Gunça, sen näme üçin dymýarsyň? Men seniň iň bolmanda Gunça diýen adyňy öz diliňden eşitmek isleýärin, dymma. Sen öňümde hiç zat soramazlyk şertini goýanam bolsaň, çydamadym. Men seni söýýän, Gunça, gizläp nädeýin? Özüň söýmeýän-de bolsaň, meniň söýgimiň hatyrasy üçin bir zat diý, Gunçam! – diýip, göýä ýaňky aýdan sözlerimden özüm utanýan ýaly bolup ýere bakdym.
Ýadymda, elleriňi meniň ellerimden boşatdyň-da, elime bir bölejik kagyz tutdurdyň-da gidiberdiň. Meniň şol wagtky ýagdaýymy bir bilsediň! Yzyňdan ylgajagymy ýa-da elime tutduran kagyzjygyňy okajagymy-da bilmeýärdim. Ýürek birden-ä «Et!» diýýärdi. Birdenem «Dur, munda bir syr bar, oka!» diýýärdi. Ahyry okadym. Hi! Ýyrtdym. Ýok, ýok, ynanmadym, «Ýalan! Ýalan! Gunça... eýsem sen...» Dilim näme diýse-de, beýnimde üç söz. Birdenem özüme: «Nury, gör sen nähili ýigit ekeniň. Ilki şertiňi bozduň. Soň söýgiňi duýdurdyň. Ýok, ýok, sende ýürek diýilýän zatdan jinnek ýaly-da zat ýok. Şol barýan Gunça. Şol gyz seniň söýgüliň. Sen ony çyndan söýýäň. Ol-da seni. Ýöne sizi tebigatyň salan bir oýny azaşdyrjak bolýar. Oňa ýol berme, Nury! Ýet, Gunçaň yzyndan, sakla!» diýdim-de, yzyňdan ylgadym. Yzyňdan nähili ýetenimi hem duýman galypdyryn. Ah, muňa seret! Ýa sen, ýa men heý şeýle bolar öýdüp oýlapmydyk ahyry! Yzyňdan ýetip, «Gunçam!» diýip, çep egniňden tutup, pyrladym-da gujakladym. Seniň:
– Nu-u-ry-ja-an! – diýen sözüň bagtymyň ýyldyrymy bolup çakdy.
Tebigat, gör, söýgiň öňünde nätdi?! Söýgi gudratyňdan güýç alyp gelen oslagsyz şatlyk seniň näsaglyk zerarly baglanan diliňi açsa, meniň bagtymy açdy. Sebäbi? Munuň sebäbine her kim özüçe düşünmese, düşündirip bolmasa gerek, Gunçam!»
...Bu hekaýany okanymdan soň maňa «Berekella, Nury!» diýmekden başga zat galmady.
Orazmyrat TÜÝLIÝEW.
Hekaýalar