17:42 Demir ýürek / hekaýa | |
DEMIR ÝÜREK
Hekaýalar
«Salam, Myrat! Saňa bu haty ýazýan öz Gülüň. Näme üçindir, meniň saňa şu gün hat ýazasym geldi durdy... Hawa, menden habar sorasaň, janym sag, keýpimem ýaman däl. Ýöne okuwlar bir azajyk agyr düşjek bolýar. Myrat, men saňa näme ýazaýyn, hemme ýagdaýymy öňdenem bilýärsiň. Ýöne, näme üçindir, meniň saňa hemme zat barada ýene, ýenede ýazasym gelýär. Myrat, dogrusyny aýtsam, men çydamok, men ejir çekýärin, men... Dogry, sen meniň her günki edýän içki pikir-duýgularymy bileňok, şonuň üçinem... Şu günler mende hasam göwnüçökgünlik döreýär. Sussum pes. Her ädim saýy duşýan ha uly, ha kiçi hemme adamdan birhili çekinýärin. Göwnüme bolmasa, gözüm gözlerine kaklyşsa, öňümden çykan meni ýazgarýan ýaly bolup dur. Her zat bolsa-da, garaz, başymy dik tutup, içimi hümledip ýörenimi daşyma çykarmajak bolup çalyşýaryn... Maňa onuň bilen bir ýerde okamak agyr düşýär, Myrat, agyr. Gören ýerimde özümi ýitirýärin. Men ony şeýle bir ýigrenýärin, şeýle bir... Ol meniň üçin örän ýigrenji. Myrat, ynan şuňa. Birdenem... Hawa, ynanmarsyň, birdenem göresim gelýär. Düşüner ýaly däl bu... Olam meni gördügi bir zat diýip lak atýar. Ýüzüni alýaryn. Soňam nebsim agyrýar. Hem oňa, hem özüme... Saňa-da, Myrat jan, saňa-da. Men-ä bilýän däldirin soňunyň nähili gutarjagynam... Elbetde, durmuş görkezer-dä. Ýöne, her zatdyr, men özümi elden bermejek bolup çalşaryn. Sen meni bagyşla, Myrat, men saňa şu hatyma hem howlugyp, hem tolgunyp ýazýaryn. Şonuň üçinem... Häzir men kollokwiuma taýýarlanyp otyryn. Ertir patanatomiýadan tabşyrmaly. Seni ýatlaýan welin, ýüregim agzymdan çykyp gelýär. Sag-aman okuwyňy gutarmagyňy, tizräk gelmegiňi dileýärin. Öz Gülüň. Aşgabat, 21.XI.196...» Gülden gelen bu hat meni birjigem tolgundyrmady. Adatça, kimem bolsa birinden hat alyp, ony okanyňdan soň ýazylan zatlaryň seni begendirişi ýa-da gynandyryşy ýalam bolmady. Diňe... Gül bilen «Ony» meniň göz öňümde täzeden dikeltdi. Gülüm, söýgülim, bilýärin, saňa häzir agyrdyr. Agyrdyr onuň bilen bir ýerde okamak. Men oňa düşünýärin. Men oňa-da belet, saňa-da. Men ony tanaýaryn. Men senem tanaýaryn, söýgülim... * * * – Bu näme? – Ýürek. - Demirdenem bir ýürek bolarmy? Aýyr ony-da, ýüregi başga ýerden gözle... – diýip, seniň boýnuňdan asylyp duran mis zynjyrjykdan sallanyp duran ýürek şekilini üzüp goýberemde, sen hamsygypdyň. Şonda seniň tutuş göwräňem saňňyldaýardy. Men welin oýun edýänsiň öýdüp gülüpdim, Gülüm. Ýadymda, sen şondan soň aglap başlapdyň. Birden, hawa, birden... Men seniň ak gollaryň üstüne goýberen başyňy galdyranymda, seniň ol ýaşly gözleriň däl-de, ýüregiň aglaýandygyna düşünipdim, Gülüm. Hawa, sen şonda hakykatdanam aglaýardyň. Nädip diňdirjegimi bilmän, üzen badyma zyňyp goýberen «demir ýüregimi» alyp özelenipdim: - Gülüm, saňa näme boldy?.. Aglamaýsana! Al, me. Ine, gör. Hiç zadam bolmandyr-a. Mesene, al ahyry. Hany, galdyr başyňy. Men edil öňküsi ýaly edip dakyp bereýin. Ine, seret, Gül, öňküsi ýaly boldy ahyry, indiberi aglamasana... Sen meniň elimden «demir ýüregi» garbap, aldyň-da: – Nejis!.. – diýip, eliň tersi bilen meni maňlaýkessir çalyp goýberdiň. Duýdansyz çalnan şarpykdan ýaňa, hatda ol gyz şarpygam bolsa, meniň gözlerimden ýalpa ot syçrap gitdi. Gül, sen öň maňa hiç haçan beýle söz bilen ýüzlenmändiň. Urmandyňam. Men elimi nädip jübime sokanymy hem bilmän, elýaglygymy alyp, seniň ýanyňa bardym. Al ýaňagyňdan togarlanyp akýan dür monjuklaryňy öten agşamky öz ütükläp beren ýaglygyňa siňdiripdim. Sen ysgynsyz elleriňi meniň döşüme diräp durşuňa, näme üçindir, başyňy ýaýkaýardyň, aglaýardyň. Birden men özümem bilmän, maňlaýymy maňlaýyňa diräp, seniň gögeren dodaklaryňdan öpdüm. Şeýtsem, sen birneme rahatlanarsyň öýtdüm. Sen bolsaň şol gözleriňden ýaş döküp durduň, Gülüm, döküp durduň. Soňra sen meniň göni göreçlerime garap: – Sen meni söýýäňmi, Myrat? – diýdiň. Men saňa näme bolýanyna hiç düşünip bilemokdym. Sen öň hiç haçanam maňa beýle sorag bilen ýüzlenmändiň ahyry. Men başga zat pikirem etmedim-de, saňa şobada jogap bermesem ýene aglarsyň öýdüp: – Söýýän, Gülüm, söýýärin – diýdim. – Men diňe seni söýýärin. Soň näme etjegimi bilmän, ikimiziň şo mahalky duran ýerimiz himkabinetden çykdym-da, uçilişäniň bufetinden, haçan barsaň ýüzi alpinist suratly etiketkasyny güjeňläp ýatan «Pamirden» bir gabyny alyp daşaryk çykypdym. Yzly-yzyna üç sigaret dagy otlanypdym. Soň bolsa baga gitdik... Ýolda sen ýene hälkiň ýaly: – Sen meni söýýärmiň, Myrat? – diýip sorapdyň. Näme üçin ol gün zol-zol beýle diýýäniňi soranymda sen diňe: – Demir ýürek, demir ýürek sebäp – diýipdiň. Bejergili ýakaňda ýene şol mis zynjyrjyga berkidilen «demir ýürek» seniň boýnuňdan asylgydy. – Bagyşla, Myrat jan, bagyşla meni. Iň gymmatly zadymy, ýüregimde göterip ýörenimden galan ýekeje ýadygärligimi boýnumdan üzüp zyňanyň üçin... Gowusy, me al, Myrat, içini açyp gör. Sen şeý diýip, boýnuňdaky mis zynjyrjygy üzdüň-de, meniň elime tutdurdyň. Men aýamda ýatan «demir ýüregiň» gatyny süýem barmagym bilen galdyrdym... – Hany, indi gel, Myrat, men seniň maňlaýyňdan öpeýin. – Ýok. Ýöne men senden bir zat sorajak, Gül. Sen näme üçin elmydama... Elmydama näme üçin?.. – Sebäbini sorama, sebäbini... Hemmesine «demir ýürek» sebäp, Myrat jan. * * * Ikimiziň şol gijeki duşuşygymyzdan soň men gaty köp oýlanypdym. Näçe oýlansamam, seniň aýdýan «demir ýüregiň» näme sebäbiniň bardygyna doly düşünip bilmändim. Ýatyp ukym tutmansoň, turdum. Ýürek gysgynç içeride oturybam kän bir mazam bolmandy. Oturyp-oturyp, daň agarar uçurlarynda daş çykypdym. Seniň ýaşaýan jaýyň penjiresiniň agzyna barypdym. Näme üçin baranlygymyň sebäbini welin şo mahal meniň özümem kän bir bilip baramokdym. Ýöne diňe şeýle ätsem, men özüme kanagat tapjak ýaly bolamsoň, şeýle-de edipdim. Tä gün dogýança şol ýerlerde gezmeläpdim. Sebäbe jogap gözläpdim. Onuň jogaby welin ol mahal maňa tapdyrardan güýçlüräk eken. Men öz ýaşaýan jaýyma gelipdim. Bile bolýan ýoldaşlarym bireýýäm gün doganam bolsa, myrlaşyp ýatyrdylar. Dogrusy, mundan öň menem edil şolar ýalydym. Ýöne şol gün welin... Men ömrümde ilkinji sapar iş stolumyň başyna geçip, sen hakda, söýgi hakda öz ýanymdan çynlakaý oýlanypdym, pikir edipdim. Ilkinji saparam hekaýa ýazmaga oturypdym. Oglanlar turup, okuwa gidenlerinde-de men ýazyp otyrdym. Oglanlar öýlän gelenlerinde-de, ýazyp otyrdym. Häzirki ýaly ýadymda, belki, seniňem ýadyňa düşýändir, Gülüm, näme üçin şol gün meniň okuwa gelmänligimi biljek bolup bize geleňde, men uklap ýatyrdym. Hawa, men şonda-da, rahat uklap ýatyrkamam, seniň meni oýarmaga dözmän, baş ujumda pikire çümüp oturanyňy duýupdym, Gülüm. Men ony bilipdim... Oýansam, sen meniň öten agşamky eden pikirlerimden soň ýazan hekaýamy okap oturan ekeniň. Özem sen şonda, näme üçindir, aglaýardyň. Dogry, men ol hekaýany seni aglatmak ýa-da güldürmek üçin ýazmandym. Men ony diňe «demir ýüregiň» syryny bilmek üçin ýazypdym. Diňe şondan, meniň ýazan zatlarymy okanyňdan soň, sen öz ýürek syryňy menden gizlemersiň öýdüpdim. Şeýle-de boldy... * * * Ol gün ikimiz bagda, oba çeper höwesjeňleriniň jemleýji konsertine tomaşa edip, umumy ýaşaýyş jaýymyza gaýdyp gelýärdik. Şonda, ýadyňa düşýän bolsa, bir oglan yzymyzdan ýetipdi-de, bizi saklapdy. Özem onuň eslije ylgandygy bolup durşundan bildirip durdy. Haşlap-haşlap dem alýardy. Men ondan näme gerekdigini soramda: – Gül bilen gezýäňmi? Senmi asyl Gül bilen gezýän – diýipdi. Men şonda, hakykatdanam seniň bilen gezýändigim üçin, hiç bir adamdan çekinmän, sen hakda kim näme sorasa arkaýyn aýdyp biljek bolamsoň: – Dost... Meniňem özüme göwnüm ýetmän durandyr öýtseň-ä ýalňyşarsyň! – diýipdim. – Onsoňam men seniň ýaňky soragyňa jogaby diňe seni biziň ýanymyza ibereniň özi gelip sorasa aýdaryn. Saňa welin... Eger erkek bolýan bolsaň, häzir aýryl öňümizden! Güli ugradyp geleýin, soň nirede duşuşmalam bolsa men bar... Şondan soň ol ýene bir ýoknasyzyny diýjegem bolupdy. Ýöne rejäniň geň däldigini aňandyr-da elbetde... Biz hol öňe gidip, yzymyza garanymyzda, gelen yzy bilen gaýdyp barýanyny görüp, sen maňa seredip, myssaja ýylgyrypdyň... Soň bir gün ýene-de ikimiz haýsydyr bir ýerden gaýdyp gelýärkäk, şol gijeki yzymyzdan ýetip öňümizi saklan oglany ibereniň özi duşupdy. Şonda ol hem edil öňkiniň aýdanyny gaýtalapdy. Men oňa-da beren soragyna jogap gaýtarman, ýöne elmydama ýanymda göterip ýören, seniň maňa «Eger ol duşaýsa, yzyna gaýdyp berersiň» diýip beren «demir ýüregiňi» eline tutduraýypdym. Şondan soň onuň bir aýdan sözi «Biz entek ikimiz duşuşarys» diýen sözler bolupdy. Ýöne haýsymyz bilen «entäk» duşuşjakdygy bize o mahal belli däldi. Dogrudanam, Gülüm, biz, ikimiz soň onuň bilen ýene-de duşuşypdyk. Ýöne öňki duşuşymyz ýaly ýary gijeki köçe çatrygynda däl-de, ýarygije, täze ýylyň şanyna atylan şampanly stoluň başyndady... Ýadyňda bolsa, Gülüm, ol şonda özüniň ähli günäsini boýun alýandygy üçin ikimiziňem onuň günäsini geçmegimizi haýyş edipdi... * * * Her zat, sen ony birmahal söýüpsiň, ýaşlyk ýüregiňi bagyş edipsiň. Tas bütin ömrüňem bagyşlan ekeniň. Ýöne onuň özi senden öňürti özüne dönüklik edipdir. Söýgüliler üçin bolsa haýsam bolsa biriniň özüne eden dönükliginiň olaryň söýgüsinde ömür boýy ajy ýatlama bolup galýandygyny o mahal biziň birimiz hem bilmän ekenik. Ýok, olam ony bilmän eken, eger bilen bolsa ol beýle işe hiç haçan ýol bermezdi. Ene-ata-da siziň söýgüňize päsgel bermezdi. Her zat, sen onuň keşbini ýüregiňde göteripsiň, tä ol... Atasynyň öýeren gyzyna öýlenýänçä, Gülüm! Ýöne sen şo gije oňa berdiren «demir ýüregiňi», hawa, ýüregiňi özüň berip bilmändiň. Bilseň, bir alnan ýürek ikilenç gaýdylyp berilmeýär, eger ol... Sen welin ony yzyna gaýdyp berdiň. Dogry hem etdiň. Ýöne indi yzynda durup, çydabam bilseň... Oňa çydamak üçin bolsa demir ýürek gerek, demir ýürek. Meniň diýýän ýüregim, ol hiç dükanda satylmaýar, Gülüm! Orazmyrat TÜÝLIÝEW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||