13:08 G.Ezizowa | |
G.EZIZOWA
Goşgular
Sen sarap ýatyrsyň barmagňa ýuwa, Düşegi toprakdan, ýaş maýsa sensiň. Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn Bilip barýan durnalaryň biri sen. Sen dünýäniň daragtynyň ýapragy, Garylypsyň dünýäň baky sazyna. Deňiz bolup güwwüldäp sen, güňläp sen, Goşuldyň baldaklaň ýaş owazyna. Ýazdyň köňüllere belent aýdymy, "Aglap geçen durnaň pelleri bile". Minnetdar biz, näzik duýgulaň üçin Açdyň ýürekdäki syrlaryň bize. Keýpimiz erbet däl! Bar bizde bir tap! Gezip ýörüs. Hawa, başlarymyzam jem! Gök öwüsýän otlaň ýüzüne garap, Sendigiň bilýäris hemmejämiz hem... 1982 ý. Orazmyrat TÜÝLIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |