21:58 Dillen, dolanaý! | |
DILLEN, DOLANAÝ!
Goşgular
Men oňa diýmändim: “Terk edip gitme!” Häzirem diýemok: “Yza dolanaý!”. Ýöne, käte ýürek ýary küýseýär, Sen ony görýäňmi, dillen dolanaý. Ýyldyzlar, belki, siz görýän bolmaly, Siz köplüg-ä, görnenokmy hijiňe?! Bagtlymyka özge gözeli söýüp, Ýa-da ýalňyzmyka tutup kejine. Bilýän-ä, gündizler başagaý bolup, Güýmense-de galamyna, işine. Gijeler ýatmana karary ýetmez, Ýatsa-da, men giräýmeli düýşüne. Arman bile bezäp her bir setirin, Zarymy ol menden geljek bir jaňyň. Ýa-da ykbalyna kaýyl bireýýäm, Ýat gyzlaň birinde barlap ýör janyn. Ýolda-yzda gabat gelsem tötänden, Diýermi: “Bagyşla, yza dolanaý!” Meniň ýarym nirelerde eglendi, Sen ony görýäňmi, Dillen, dolanaý?! | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |