22:47 Diş meselesi / satiriki hekaýa | |
DIŞ MESELESI
Satiriki hekaýalar
Şu ýyl Ýegoryçyň bar işi diş boldy. Ýok, ýok, oňa dişi iş boldy. Onuň dişi dökülip başlady. Elbetde, ýaş gidip barýar, bu tebigy zat. Ýaşy gaýdyşdygyça, adamyň bedeni hem lagşaýar, uruşdan öňki döwrüň süýeklerem syrkyrap dur, hemişekiligi barmy näme, kül-owram bolup barýar. Bir söz bilen aýtsak, biziň jaýymyzda ýaşaýan Iwan Ýegoryç Kolbasýewiň şu ýyl dişleri weýran bolup zaýalandy hem-de dökülip başlady. Dogry, onuň dişler ikiçäk düşünişilende uçuryldy. Ýöne beýleki dişleri munuň ýaly wakanyň bolaryna garaşyp durman, öz-özünden gaçdy. Aýdaly, ol gäwüşäp dur ýa-da aýlyk zähmet haky barada gürrüň berýär, hatda daş-töwereginde asla adam-gara ýok diýeli, onda-da dişleri dökülýär. Size ýalan maňa çyn, asla ynanar ýaly däl. Sähel wagtyň içinde alty dişini ýitirdi. Ýöne Ýegoryç muň üçin gam çekenokdy. Ol dişsiz galaryn diýen dagy, jinnek ýalam alada edenokdy. Sebäbi Ýegoryç ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan adamlaryň hilindendi. Şoňa laýyklykda onuň dişini heran-haçan öňküsi ýaly edip ýerine salyp bermelidiler. Ol şunuň ýaly pikir bilenem ýagty ýalançyda ýaşap ýördi. Hemişede: - Men dişlerimden-ä gaty arkaýyn - diýerdi. - Dişimi döwseler döwäýsinler. Synamyň beýleki agzalaryna welin, degdirtmen, ynha, burnuma ýekeje adam barmagyny batyrsyn, göreli. Diş babatynda aýdanymyzda bolsa, oň düýbünden aladasyny edemok. Ätiýaçlandyryş hatymyz bolansoň, biziň bu mesele boýunça ýasy ýanymyz ýerde, gaty arkaýyn. Hawa, onsoň Iwan Ýegoryç dişleriniň altysyny ýitirensoň, agzynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegi ýüregine düwdi. Resminamalaryny alyp, hassahana ýelk ýasady. Hassahanada oňa: - Baş üstüne, elbetde, diş salyp bereris - diýdiler. - Ýöne bizde şeýle düzgün bar: dişleriň sekizisi kem bolmaly. Gopan dişleriňiz sekizdenem köp bolsa, onda siziň bagtyňyzyň işledigi, biziňem işlemedigi bolýar. Ownuk-uşak işi bilen bolsa biziň hassahanamyz meşgullanmaýar. Ätiýaçlandyrylan raýatlar üçin kanun şeýle. Ýegoryç: - Meň alty dişim gopdy - diýýär. - Onda bolanok, gadyrdan ýoldaş. Möwriti gelýänçä garaşyň. Ana, şonda Ýegoryç birneme gatyrganjagam boldy. - Onda men näme etmeli, galanyny taýak bilen gaçyraýynmy? Olar bolsa: - Ýok, taýak bilen kakyp bolmaz ahyry - diýýärler. - Heý-de , Ýaradanyň eçilenini beýdip haraplap bormy? Biraz tagapyl ediň, belkem bagtyňyza, dişleriňiziň öz-özi düşäýedi-dä. Ýegoryç öýüne juda sussupes halda dolanyp geldi. "Dişden-ä eňegim dynandyr diýip ýördüm welin, gör-ä, bir zat tapylaýýar" diýip, ol gaty gynandy. Onsoň näme, Ýegoryçda özündäki artykmaç, bikanun oturan dişleriniň gopup gaçaryna garaşmakdan başga alaç galmady. Tiz wagtdan dişleriniň ýene birisi gaçdy. Beýlekisini bolsa Ýegoryç törpi bilen süýkäp, ikibaka yrgyldadyp köwleşdirdi, eýdip-beýdip ahyrsoňy ony hem oturymly ýerinden jyda düşürdi. Goparan dessine-de, hassahana tarap eňdi. -Ynha indem bir sanap görüň laýyjak sekiz diş ýetenok, edil dermanhanaň terezileri ýaly hasaba gaty jürdirin. Oňa: - Baş üstüne, ynha, indi size diş salsagam bolýar- diýýärler. -Gopan dişleriňiziň sekizisem bir hatardanmy? Biziň düzgünnamamyz boýunça, ýetmeýän dişleriňiziň hemmesi bir hatardan yzygiderli gopan bolmaly. Eger-de gopan dişleriňiziň hersi bir ýerden bolsa, onda biz diş goýup beremzok, sebäbi ol dişler entek-entekler çörek çeýnese bolýar. Ýegoryç: - Hemmesi bir hatardan-ha däl, hersi bir ýerde - diýýär. - Oň ýaly bolsa, diş salyp bilmeris. Ýegoryç olara hiç zat diýmedi, diňe abat galan dişlerini gyjady-da, hassahanadan çykyp gaýtdy. Öz ýanyndan: "Gör-ä, garaşman duran ýeriňden bir zat tapylýa duruberýä! Öň kalbymda gaýgy-aladam ýokdy, seret, indi nähili boldy" diýip pikir etdi. Häzir Ýegoryç ümsümje ýaşap ýör, suwugrak nahar bolsa kem görenok, galanja dişlerini hem günde üç wagtyna çotgajygy bilen arassalaýar. Bu babatda oňa hassahananyň düzgünnamasynyň nepi degdi. Mihail ZOŞENKO, rus ýazyjysy. Terjime eden: Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |