10:14 Arça / hekaýa | |
ARÇA
Hekaýalar
Dostlar, şu ýyl men kyrkymy doldurýan. Diýmek, Täze ýyl arçasyny kyrkynjy gezek gördügim bolýar. Bu örän kän! Ömrümiň ilkinji üç ýylynda arçanyň nämedigine-de düşünmedik bolsam gerek. Ejem meni ellerinde göterip, arçanyň ýanyna elten bolmagam mümkin. Emma şonda-da bezelen agaja garaja gözlerim bilen höwessiz seredendirin, hiç zada düşünen hem däldirin. Ýöne bäş ýaşym dolanda welin, arçanyň nämedigini gowy bilýärdim. Soňabaka bu şatlykly baýramçylyga sabyrsyz garaşardym. Hatda ejem Täze ýyl arçasyny bezeýän wagty hem ýuwaşlyjak bilen gaýta-gaýta gapydan yşyklardym. Şol döwür uýam ýedi ýaşyndady. Ol örän dogumlyja gyzdy. Bir gün ol maňa: — Minka, ejem aşhana gitdi. Ýör, arçanyň duran otagyna baraly-da, ol ýerde nämeleriň bolup geçýänini göreli — diýdi. Şeýdibem, Lýolýa ikimiz arçaly otaga girdik. Bu ýerdäki bezemen arçanyň asty sowgatlardan doludy. Dürli reňkli monjuklardyr baýdajyklar, çyrajyklardyr altynsow reňkli hozlar, kemputlar hem krym almalary arçanyň görküne has-da görk goşýardy. Şonda Lýolýa: — Sowgatlary synlap durmaly-da, gel, gowusy, herimiz bir kemputjyk iýeli — diýdi. Ol arçanyň alkymyna baryp, asylgy duran bir kempudy ýoldy-da, ony şol bada agzyna saldy. — Lýolýa, sen-ä kempudy iýdiň, menem bir zatjyk iýjek — diýdim-de, arça golaýlaşyp, asylgy duran almalaryň birini alyp dişledim. Lýolýa: — Minka, almany dişläniň üçin men ýene-de bir kempudy iýjek, üstesine-de, ýene birjigini aljak — diýdi. Lýolýa uzyn boýluja bolansoň, onuň eli ýokardaky zatlara-da arkaýyn ýetýärdi. Ol daraklygyna galdy-da, ikinji kempudy alyp, onyda uludan dişläp iýmäge başlady. Boýum öte kiçi bolany üçin aşakda asylan almadan başga zada elim ýetmeýär diýen ýalydy. — Lýolýa, sen ikinji kempudam iýen bolsaň, men bu almany ýene-de bir gezek dişlejek — diýdim-de, almany elime alyp, ony çalaja dişledim. — Almany ikinji gezegem dişlediň dälmi, men indi sypaýyçylyk etmän, üçünji kempudam iýjek, üstesine-de, ýadygärlik üçin hoz bilen parkyldawajy aljak. Agym tutup başlady. Çünki uýamyň eli ähli zada ýetip, meniňki bolsa ýetmeýärdi. — Lýolýa, men arçanyň ýanyna oturgyç goýaryn-da, özüme almadan başga-da bir zatjyk alaryn — diýdim. Şeýdibem, horja eljagazlarym bilen oturgyjy arçanyň ýanyna süýşürip ugradym. Emma oturgyç üstüme ýykyldy. Galdyrjak boldum welin, ol ýene-de ýykyldy, özem bu gezek sowgatlaryň üstüne gaýtdy — Minka, sen bu gurjagy döwäýdiň öýdýän. Hakykatdanam şeýle. Jäçden ýasalan gurjagyň eljagazyny döwüpsiň — diýip, Lýolýa maňa ýüzlendi. Birdenem ejemiň gelýändigini mälim edýän aýak sesi eşidildi, biz Lýolýa bilen başga otaga tarap ylgadyk. Lýolýa: — Indi-hä, Minka, ejemden almytyňy alsaň gerek — diýdi. Tasdanam möňňüripdim, ýöne şol wagt gapydan myhmanlaryň girip gelýändigini görüp sesimi çykarmadym. Öýümize ene-atalar çagalaryny alyp gelipdirler. Ejem arçadaky şemleriň ählisini ýakyp, myhmanlara otagyň gapysyny açdy: — Hemmejäňiz giriň! Çagajyklar arçaly otaga doldular. Ejemiz: — Çagalar ýeke-ýekeden ýanyma gelsin, men olaryň her haýsyna oýunjak bilen bir kemput berjek — diýdi. Ine, çagalar ejemiň ýanyna bir-birden gelip başladylar. Ejem olaryň her birine oýunjak sowgat berdi. Soňra ol arçadan alma, kemputdyr süýji alyp, olary hem çagalara paýlady. Çagalar alan sowgatlaryndan örän hoşal boldular. Ahyrsoňy, ejem meniň dişlän almamy eline alyp: — Lýolýa, Minka, hany, meniň ýanyma geliň. Muny kim beýtdi? — diýip sorady. Lýolýa: — Bu Minkanyň işi — diýdi. Men onuň saçyndan çekip: — Maňa muny Lýolýa öwretdi — diýdim. Ejem: — Lýolýany burçda goýaryn, saňa bolsa tow berilýän oýunjak otlyny sowgat etjekdim. Indi bolsa ony almany berjek bolan oglanjygyma sowgat ederin — diýip, otlyny eline aldy-da, ony dört ýaşly oglanjyga berdi. Oglanjyk dessine otlyny oýnamaga durdy. Men bolsa bu oglanjyga gahar edip, onuň eline oýnawaç bilen urup goýberdim. Ol şeýlebir çirkin sesi bilen aglady welin, hatda ejesi onuň elinden tutup: — Indiden beýläk oglumy alyp, size myhmançylyga gelmerin! — diýdi. — Gaýtsaňyz gaýdyberiň, otlujyk bolsa maňa galar — diýdim. Oglanjygyň ejesi aýdanyma geň galyp: — Ogluňyz garakçy bolup ýetişäýmese — diýdi. Şonda ejem meni eline aldy: — Ogluma beý diýmäň. Gowusy, çyrçyklyja çagaňyzy alyň-da, bu ýerden garaňyzy saýlaň. Gaýdybam bize geläýmäň. Oglanjygyň ejesi: — Şeýderinem. Siz ýalylar bilen gatnaşanymdan, gatnaşmanymam gowy — diýip jogap berdi. Soňra ýene-de bir çaganyň ejesi: — Menem gaýtjak — diýdi. — Gyzyma eli döwük gurjak berer ýaly, onuň näme etmişi barmyşyn? Şonda Lýolýa: — Örgünli çagaňyzy alyň-da gidiberiň. Elsiz gurjak hem meniňki bolar — diýip gygyrdy. Men ejemiň gujagynda oturan ýerimden: — Hemmäňizem gaýdyberiň, oýnawaçlaryň bary bize galar, bize — diýip gygyrdym. Şeýdibem myhmanlarymyzyň ählijesi öýli-öýüne gaýdyşyp ugrady. Ejem ýeke özümiziň galandygymyza geň galdy. Birdenem otaga kakam girdi: — Beýle terbiýe çagalarymy azdyrar. Men olaryň urşup-sögüşip, myhmanlaryň göwnüne degmeklerini islämok. Boluşlary şu bolsa, olar bu dünýäde ýeke galyp, durmuşyny ýalňyzlykda geçirerler. Kakam arçanyň ýanyna baryp,şemleri öçürdi-de, bize ýüzlenip: — Ýatmaga ugraň — diýdi. — Ertiriň özünde hemmeje oýnawaçlary myhmanlara paýlap çykaryn. Ine, bu wakadan soň otuz bäş ýyl geçipdir. Şol Täze ýyl arçasy şu wagtlaram meniň ýadymdan çykanok. Şondan soň, şu otuz bäş ýylyň içinde ýekeje gezegem iliň almasyny iýip, özümden ejizi ynjydan däldirin. Lukmanlaryň aýdyşyna görä, meniň şu wagtlar hem şadyýanlygymyň, mähirliligimiň sebäbi-de şonda diýýär. Çeşme: Mihail Zoşşenko, “Lýolýa bilen Minka” atly hekaýalar ýygyndysy Rus dilinden terjime eden Kerim Kulyýew Çeşmesi: https://www.ylymly.com/2021/05/16/arca-mihail-zossenko/. 27.10.2022ý. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |