10:15 Doganlyk gonamçylygynda | |
DOGANLYK GONAMÇYLYGYNDA
Goşgular
Munda ýegşerilýäñ agyr labyrdan, Merhumlañ hatary gidýär birleşip. Gyzyl ýaprak berýozalar güýzlerde, Ýanyp durlar ýeller bilen gürleşip. Gara mermer gök asmanyñ sütüni, Agyr oýlar basýar ümsümlik öýün. Guburlañ üstüne oklanan güller, Aldy ene ýeriñ ýarasy deýin. Bir zatlar bogaza dykylýar, bilýän, Sözler hem seneler, ynha, eginde. Içiñi gepledýäñ: "Agramyñ näçe, Baky uka gidenleriñ öñünde". Anatoliý GRAÇEW. Türkmen diline geçiren: Baýram JÜTDIÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |