21:13 Dönüge nälet bolsun! | |
DÖNÜGE NÄLET BOLSUN!
Biz ýurdumyzyň günorta çetinde, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň 6-njy orta mekdebinde çagalara çuňňur bilim we terbiýe berýäris. Asuda ýaşap we işläp ýörkäk, ýurt baştutanynyň janyna kast etmäge synanyşyk edilendigini eşitmek bizi serpmeden gaýdan ýaly etdi. Ählimiziň ganymyz gaýnady, şeýle ýowuz terrorçylyga ýüz uranlary gözümizde okumyz bolsa urmaga taýýardyk. Heý, beýle-de bir wagşylyk bolarmy?! Her näme-de bolsa terrorçylaryň pirimi başa barmady. Şol terrorçylaryň arasynda mekdepde mugallym bolup işlän Bagşy Yklуmowyň çagalary-da bar eken. Häzirki wagtda onuň çagalary jenaýat jogapkärçiligine çekilip, jeza çäresini alyp ýörler. Bir ogly Saрar Yklуmow Türkmenistan döwletimizde ýokary wezipelerde işläp, türkmen halkynyň adyna ysnat getirip, daşary ýurtda, gör, nirelerde aç it ýaly selpäp ýör. Oba ýaşulularynyň aýtmagyna görä, öň Bagşy Yklуmow hem ogurlyk edip türmede oturyp gelipdir. Obada ýaşamaga utanyp, 1967-nji ýylda Aşgabat şäherine göçüp gidipdir. Magtymguly Pyragy şeýle ýazypdyr: “Näletkerde ogul dogdy-dogmady”. Adam özüniň Watanyny atasy ýaly görýär. Saрвr Yklуmow ýaly watanyndan, ýurdundan gaçyp, görene ýapja bolup ýöreniňden öz iliňe gelip, eden hata işleriňi, goýberen günäleriňi boýnuňa alyp, ata Watanyňdan ötünç soranyň gowy dälmi?! “Ursa, sögse, horlasa-da il ýagşy” diýlipdir ahyry. Biziň ýurdumyzda eden günäsine puşman edip, boýun alanyň, toba edeniň günäsi geçilýär. Biziň döwletimiziň daşynda öňküden hem beter jebisleşeris, altyn neslimize çuňňur bilim we watançylyk duýgusynda terbiýe bereris. Esenmyrat GARRYÝEW, Serhetabat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |