10:42 Dostlar / hekaýa | |
DOSTLAR
Hekaýalar
Bu on ýyl owal bolupdy. Okuw ýylynyň başynda welaýat merkezidäki sport toplumynda erkin göreş boýunça täze açylan kluba şäheriň dürli mekdeplerinden ýazylmaga gelen ýetginjekler gaty kändi. Tejribeli türgen, ýaş pälwanlary türgenleşdiriji bolup işe başlan Pirli Muhadow sportyň bu görnüşine höwes edip gelen ýaşlaryň beden taýýarlygyny synap görmek üçin ilkinji sapakda olary ylgadyp, her hili maşklary etdirip lütüni çykardy. Oglanlaryň käbirleriniň indiki sapakda garasynyň görünmejegi äşgär bildirýärdi. “Ilki yhlaslysyny biyhlasyndan saýlaýyn bakaly” diýip, döwre gurap oturan oglanlaryň öňünde gezmeläp ýören Pirli mugallym olary birlaý oňat gözden geçirdi-de: - Lukmançylyk kepilnamasy şu ýerdäkileriň hemmesine saglyk ýagdaýy boýunça erkin göreş bilen meşgullanmaga ýol berýär. Diýmek, hemmäňiziň babyr bilekli pälwan bolmaga mümkinçiligiňiz bar. Galan zat yhlasyňyza bagly bolar. Dogrusy, oturanlaryň käbiriniň çöp ýaly el-aýagyny, içine çökük döşüni göreniňde muňa ynanaýmak kyndy. Emma çyn halypa muny bildirmeli däldi. Üstesine yhlasyň gudrat döredýändigi hem hakykat ahyry. Şonuň üçinem mugallym mysaly başga tarapdan aldy: -- Ana, şol oglana serediň. Pälwan türgeniň göwresi şonuňky ýaly bolmaly. Hemmeleriň nazary orta gürpde ýapyrylyp oturan ýarym ýalaňaç daýaw ýigdekçä gönükdi. Ol hoşal bolanyny onçakly bildirmän, öküziňki ýaly möle gözlerini aşaklykdan töweregine agras aýlap, etlek aýasy bilen ýumry döşüni ýelpelän bolýardy. * * * Indiki türgenleşige, dogrudanam, öňküleriň üçden ikisindenem az adam geldi. Ara dem alyşlyk düşünde, inçesagat, tüňňüräk burunly ýetgijek öňki gezekde nusga hökmünde görkezilen ýigdekçäniň ýanyna gelip oturdy-da: - Siziň bilen tanyşmak bolarmy? -- diýip, oňa habar gatdy. Popuş ýigdekçe özünden iki ýaş dagy kiçi oglanyň çekinjeňlik bilen ýüzlenişine göwnühoşlygyny ýene-de daşyna çykarman, gaýtam ýüzüni başga ýana sowup hüňürdedi: - Göreş bilen meşgullanmaga gelen oglanyň meni tanamaýşyna haýrandyryn. Täsin adam ekeniň sen-ä... Emma özüne beýle guwanç besleýän gürrüňdeşi sypdyrmak onuň asla niýetinde ýokdy. - Ýa şäherdenem dälmi sen? Haýsy mekdepden geldiň? Ýaşkiçi ýetginjek adynyň Jülgedigini, dag içindäki bir obanyň adyny tutup, şondan erkin göreş öwrenmek üçin ýörite gelendigini aýtdy. Onuň gürrüňdeşi sygyryp goýberdi: - Şondan şoňa ýörite geldiňmi? Agşam öýe nädip aşjak? Hepdede üç gezek nädip bärik gatnajak? Jülge özüniň sportuň bu görnüşine gaty höweslidigini, milli göreş bilen çagalykdan bäri meşgullanýandygyny, sport institutyna girmek arzuwyndadygyny, häzirem erkin göreş we beýleki türgenleşiklere ymykly gatnamak üçin şäheriň mekdebine geçendigini, daýylarynda ýaşap, orta mekdebiň soňky iki ýylyny bärde tamamlamakçydygyny aýtdy. - Bä, höwesiň-ä zor eken – diýende popuş ýigdekçäniň ýüzüne hormat alamaty çaýylyp girdi. – Haýsy mekdebe geldiň? Bäri öwrenişmek kyn düşenokmy? Soň ol hasam açylyşdy: - Boh-ow, biziň mekdebimize gelipsiň-ow? Sekizinji “B” synpmy? Men onunjy “A”-da. Hany, ber eliňi: maňa Şirli diýerler. Ilerki obadan. Şirli diýseň ol töwerekde tanamaýan ýokdur. Menem oglanlykdan sportuň içinde gaýnan-da. Galaba baýrak alandyrys. Arslanşirem diýýändirler. Gördüň-ä, “figuramy” görende türgeniň dagy gulagy galdy. Soňra onuň ýüzüne ene-de tutuksy närazylyk gaýdyp geldi: - Ýöne sen şeýdip geleniňe görä bu klubda suwytly zat öwrenermikäň? Men-ä ilerki obadan aýagymy süýräp şuňa gatnanyma degerem öýdemok. Munuň etdirýän maşkjagazlary meniň şun ýalyjakkam başdan geçiren zatlarym-la. Meniň bäş barmagym ýaly bilýän tilsimlerini öwredip ugrajak bolsa, men-ä wagtymy sarp edip gatnajak däl. Türgenleşdiriji hemmeleriň turup, maşky dowam etmegini buýurdy. Sapakdan soň täze tanyşlar ertir mekdepde görüşmegi meýilleşip hoşlaşdylar. * * * Jülge diýseň göwnaçyk we sada oglanam bolsa, her aýdylan söze ynanyp oturan ýöntem, türkana däldi. Mugallymyň öwen oglanynyň göwresine görä ezberliginiň ýokdugy, onsoňam barypýatan öwünjeňdigi oňa äp-äşgär bolupdy. Emma Jülgäniň ýene bir artykmaçlygy – onuň adam bilen jedelleşip oturman, içinden netije çykarýanlygy, onsoňam ynsanyň känbir zelelsiz aýbyna göz ýumup bilýänligidi. Şonuň üçinem ol Şirliniň ýaş ýigdekçä mahsus öwünjeňligine ähmiýet berip oturmady. Onuň kalbynda kiçä ýamanlygyň ýa-da göripligiň ýokdugyny ilkinji söhbetde syzdy. Jülgäniň täze synpdaş ýoldaşlarynyň arasynda Şirliniň goňşy-golam oglanlary bardy. - Şirliniň “Baýrak alýaryn” diýýäni iki-üç ýyl öň mekdep boýunça geçirilen bir dabarada halta girip ylgaşmakda alan birinjiligi bolaýmasa – diýip olaryň biri ýadyna saldy – Ol sporta ukyply daýaw oglan welin, hiç bir zada çörňeşip gidibermedi-dä... Aý, erkin göreşi hem gönendiräýse ýagşy. Bir ýerde durmaýar ahyryn, her ýere sokulyp çykýar. - Arslanşir? – diýip, ýene biri güldi – Arslanşir diýip, körpe agtygy bolansoň, garry ejesi diýýär. Käte bir begendirse dädesi bilen ejesem şeý diýäýýär. Emma bu açyşlar hem Jülgäniň Şirli bilen barha dostlaşmagyna päsgel berip bilmedi. Jülgä erkin göreş türgenleşiklerinde barha tapawutlanýardy. Pirli mugallym onuň nireden gelenligini eşidende has hem keýpiçag gürledi: - Ol obalaryň eşrepi çeşmeleri bilen derman ýaly howasy hem adamy pälwan edýär ahyryn. Şol derelerdäki obalardan galaba pälwanlar çykandyr – diýip, ol göreşiň milli we halkara görnüşlerinde at gazanan birnäçe türgenleriň adyny tutdy – Meniň özümem şol töwerekden. Senem şu erjelligiň bilen gitseň uzak menzile ýetersiň. Şondan soň ol Jülge bilen aýratyn depginde meşgullanyp ugrady. Şirli barada welin muny aýdyp boljak däldi. Ol kem-kemden kluba gelmesini kesdi. Okuwdan boş wagtlary telekeçi kakasydyr agasyna kömek edýärdi. Emma pälwan bolmagy goýbolsun etse-de, beden terbiýesinden ýüz öwürmändi. “Durmuşda gerek bolar” diýip, öz howlularynda ulgamlaýyn maşk edip, bedenini berkidýärdi. Onuň üçinem boz ýerde biten käşir ýaly doga daýaw, irimçik ýaş ýigidiň çiginleri ýumry-ýumry, döşi gapak ýalydy. * * * Jülgäniň sekizinji, Şirliniň onunjyny tamamlan tomsudy. Iki dost köçeden geçip barýarkalar, birden bir köpek sen-men ýok, Şirliniň üstüne topuldy. Şirli aljyrap, aýagyny bulanda, ol äpet agzy bilen onuň aýakgabyny sypyryp aldy-da, täzeden topuldy. Şirli näçe daýawam bolsa, känbir ebeteýsiz bolansoň “Dat-bidat” gygyryp, arkan ýykyldy. Köpek agzyny hatap ýaly açyp, onuň üstüne bökende, Jülge onuň guýrugyndan ebşitläp tutup, bar güýji bilen bir gapdala zyňyp goýberdi. Çaň-tozana bulaşyp, iki-üç gezek agadarylyp giden köpek, ýerinden turdy-da, öjügen ýerine – Şirliniň üstüne täzeden hüjüm etdi. Emma bu gezegem onuň guýrugy ýene Jülgäniň eline geldi. Ikinji gezek ondanam aňryk zyňlan köpek hasam wagşyýana gazap bilen, özem bu gezek Jülgäniň üstüne gaýtdy. Göle ýaly berdaşly we dykyz göwreli haýwan öz zarbasy bilen ýigdekçäni arkan ýykdy. Şirli ýaňy özüne gelip töweregine garanjaklaýardy. Şol arada Jülgä hiç kimden kömek ýokdy. Onuň ýerine başga biri bolsa, guduzlan köpek ony gybyrdadyp basyp, ýüz-gözünde abat ýer goýman çeýnejekdi. Emma iki ýylyň içinde Jülgäniň ezber göreşiji bolup ýetişeni şol ýerde bildirdi. Ol köpegiň dişleriniň we dyrnaklarynyň ýüzüne ýetmegine ýol bermän, arkan ýatyşyna bir tilsim bilen köpegiň zarbasyny üstünden sowup, ony baş ujyna tarap dazladyp geçirip goýberdi. Togalanan köpek ýerinden turýança olam dyzyna galypdy. Onýança Şirliniň äpet penjesindäki gyýçak daş onuň maňlaýyndan indi. Oglanlaryñ üsti-başy çaň-tozandy. Çalajan iti seljerişe alyp gitdiler. Sebäbi Şirliniň aýakgabyny sypyranda onuň topugynyň aşak ýanyndan dişini geçiren eken. Jülgäniňem ýüzüne her halda itiň art aýagy dyrnagyny salypdyr, köýneginiň ýakasy böwsülipdir. Şonuň üçinem olaryň ikisine-de guduza garşy sanjuw etdiler. - Bolsa-da ujyz gutuldyk. Sen türgenligiň bilen menem, özüňem halas etdiň – diýip, Şirli ýaşkiçi dostuna minnetdarlyk bildirdi – Başga biri bolsa aljyrap durardy. - Seniňem bedenterbiýe bilen araňy üzmedigiň peýdasy degdi – diýip, Jülge sözüniň yzyny ýarym degişmä ýazdyrdy – Syratyňa esewan edip, çuslugyňy saklamadyk bolsaň, sen ýene ençe wagtlap garnyňy gäberdip, çaňyň içinde ýatardyň. Bu waka olaryň dostlugyny has-da berkitdi. * * * Golaýda daşary ýurtlaryň birinde halkara sport ýaryşy dowam edýärdi. Erkin göreş boýunça bäsleşige orta agramly ýaş türgenlere biziň ýurdumyzyň adyndan Jülge Mergenow wekilçilik edýärdi. Türkmen san taýdan köp halk däl. Şonuň üçinem biziň habarçylarymyz diýäýmeseň ol ýat ýurtda Jülgäniň janköýerleri köp däldi. Onuň garşydaşyna gygyryşyp goldaw berýän ildeşleri bolsa sanardan kändi. Emma Jülge tutluşygy ruhubelentlik bilen dowam etdirýärdi. Nobatdaky sapar pälwanlar bir-biri bilen tutluşmak üçin taýýarlanyp durkalar garşy tarapdaky hatarlaryň arasyndan: - Gaýrat et, arslanym, tamam sendedir! – diýip çasly ses geldi. Ol ýerde Jülgä gop berip, elini bulap zowladýan - bärik şu wagt gelen ýapy ýaly pyýadady. Bu sesi tanap, ýüzi ýagtylyp giden Jülge oňa tarap ýylgyryp seretdi-de, tutluşyga täze güýç bilen girişdi. Bäsleşikden soň boýny medally Jülgäni gujaklamak üçin ylganlaryň biri hem şol daýaw pyýadady. - Berekella, arslanym, tamamy ödediň! – diýende, Jülgäniň bu sözlere aýratyn hoşallygy gözümden sypmady. Soňraky gürrüňdeşlikde men özi barada gürrüň bermegi halamaýan Jülgäniň garyndaşy hökmünde ol pyýadadan türgenimiz maglumat almakçy bolup, sorag bilen ýüz tutdum. Ol özüniň Jülgäniň dosty Şirlidigini aýtdy: - Jülge ikimiziň tanyşlygymyz sportdan başlandy. Hünärmen türgen bolmak her kimiň nesibesi däl. Men maşgala telekeçiligi bilen meşgullanýaryn. Emma Jülgäniň üstünliklerini nazarymdan sypdyrman, guwanyp ýörün. Maşlaga bolup gatnaşýarys. Häzirem men bu ýurda harytlyk çaý almaga gelipdim. Harydymy ugradyp, işimden dynan badyma, bu gün uçara münmän, Jülgä janköýerlik etmek üçin bärik eňdim. Tüýs wagtynda gelipdirin. Jülgäniň ýeňşini gözüm bilen görmek nesip etdi. Ol gidensoň Jülge dosty barada ýokardaky taryhy beýan etdi. - Özi hemmetaraplaýyn ussat türgen bolan Milli Liderimiz biziň türgenlerimizi içgin alada bilen gurşady. Arkadagymyzyň saýasynda hiç hili maddy goldawa mätäçlik çekemzok. Emma köne dostuň ruhy goldawy hiç mahal artykmaç edenok. Men onuň bilen göwünjeň ylalaşdym. Sebäbi juwanlyk dostunyň medet beriji sözleriniň onuň güýjüne neneňsi güýç goşanlygyna hut özüm şaýatdym ahyryn. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |