07:55 Dostlara | |
DOSTLARA
Goşgular
Meniñ ýetmezimi basyrjak bolmañ, Meniñ ýetmezimi ýüzüme aýdyñ. Bir gün duşman dörüp-dörüp tapar-da, Eder bu jahanyñ ýüzüne aýdyñ. Meniñ artyk ýerim basyrjak boluñ, Meniñ artyk ýerim ýüzüme diýmäñ. Bu çañly ýollarda garylar toza, Sähel üstünlige özüni güýmän. Meniñ gyzmalygym aýyrjak bolmañ, Meniñ gyzmalygmy goldañ ýürekden. Ganym doñup galsa aryk deý gyşda, Kömek tapmaz menden goldaw gereklän. Meniñ ýumşaklygmy gataltjak bolmañ, Meniñ ýumşaklygmy goldañ pamyk deý. Ýumşaklyk bolmasa, ýagşy niýetler Göwün bossanynda niçik gämiklär? Meniñ ýygralygmy ýok etjek bolmañ, Meniñ ýygralygmu ediñ görelde. Bihaýalyk bilen gapjap böwründen, Goşa garpyz tutýanlar bar bir elde. Meniñ çamanlygmy ýüwürtjek bolmañ, Meniñ çamanlygmy goldañ başgaça. Geçip gitmäýin men bagtyñ deñinden, Mümkin däl ömüre başdan başlama. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||