21:48 Dostoýewskiden ruhuñyza täsir etjek jümleler | |
DOSTOÝEWSKIDEN RUHUÑYZA TÄSIR ETJEK JÜMLELER
Sözler
- Aslynda adamy iñ gynaýan zat - arzuwynyñ amala aşmazlygy däl-de, ýetilmesi mümkin bolup, ýetibilmedik bagtydyr. - Adamlaryñ biri-birine ýakynlygyndan, hakykaty gizläp saklamazlygyndan gowy zat ýok. Nämüçin biri-birimizi aldamaly? Nähili biderek, nähili akylsyz iş! - Adamlar maña göwünlik berjek bolup "bärde diñe ýönekeý adamlar bar" diýýärler. Men bolsa syrly adamdanam has beter ýönekeý adamdan gorkýan-a. - Berýän manysyndanam has köpräk durmuşy söýmeli. Manysyna diñe şonda düşünersiñiz. - Jenaplar, ant içýärin! Hemme zada añryýany bilen düşünmek kesel, özem hakyky kesel. - Hemme zat adamyñ ýaşap ýören şertlerine görä bolýar. Hemme zady kesgitleýän daş-töweregidir, adam bolsa hiç kim. - Çalt düşünmek - düşünilen zadyñ ownuklygynyñ alamaty. - Güýçli adamlaryñ köpüsinde özüne bilini büküp biljek birini ýa-da bir zady tapmaga bolan meýli bolýar. Güýçli adam käte öz güýjüne-de bäs gelip bilmeýär, güýji ony ezip taşlaýar. - Adam öz bolşunda ýaşap geçýärem welin, ýagny baş ujunda duran kitapda öz durmuşynyñ boýdan-başa gürrüñ berilýändiginden bihabar. Adam öñ üns bermedik birtopar zatlaryny kitaby okap başlansoñ birin-birin ýatlap başlaýar. - Meniñ pikirimçe adam ýakynlaryny söýmek amatsyzlygy bilen bile dogulýar. Garyndaşara söýgi şonuñ üçin halanylmaýar. Sebäbi ol muña mynasyp däl. Söýgä mynasyp bolmak gerek. - Hakykat, püre-pür doly gaýgy-gam, käte iñ badyhowa adamy-da wagtlaýynam bolsa iñ çynlakaý, iñ tutanýerli adama öwrüp bilýär. Hakyky gaýgy-gamyñ akmagy akyllandyrýan wagty bolýar, elbetde olam belli bir wagta çenli. - Adam ýaşamak bilen ýaşamazlygyñ arasynda hiç hili tapawut galmanda hakyky azatlygyna gowuşýar. - Añrybaş dereje geñsi zatlary gowy görýän, gülýän adamlar bar. Serhoş daýhanyñ mimikasy, biriniñ köçede aýagynyñ taýyp ýykylmagy, iki aýalyñ sene-menesi - nämüçindir bilemok, käbirlerini ýürekden begendirýär. - Bu döwür - ýönekeý adamyñ bagtynyñ daş ýarýan - duýgusyzlygyñ, bilimsizligiñ, ýaltalygyñ, başarnyksyzlygyñ, taýýar aşyñ eýesi bolmak isleýän nesliñ döwri. Hiç kim hiç zadyñ üstünde ýöriteläp pikirlenmeýär. Özüne belli bir maksat tutunyp ýaşaýan ýok diýen ýaly. Umydygär biri öñe çykyp iki sany nahal ekse, öñýeten: "Aý, senem-ä, şu agaç ulalýança ýaşajagyñy bir bilýäñmi?" diýip gülýär, beýleki bir tarapdan ýagşylygy özüne ýörelge edinenler adamzadyñ müñ ýyldan soñky ertesini gaýgy edýärler. Adamlary biri-birine ysnyşdyrýan gymmatlyklar ýitdi, ýitirim boldy. Hemmeler ertir ir bilen nirädir bir ýeri güm bolup gidäýjek ýaly ýaşaýar. Hemmeler diñe özüni bilýär. Öz toplap bilenjesini toplasa bolýar, galanlar aç ölsün, doñup ölsün, bildirýän ýeri ýok. - Hakyky hudaýsyzlar bar. Hem bular beýlekilerden has eýmendiriji. Sebäbi olar Hudaýyñ adyny dilinden düşürenoklar. - Depgilenmekden halas bolan pes gylykly adam bu gezek başgalary depgiläp başlaýar. - Iñ sepil-sergezdan, iñ pes birine otly petegini satmak üçin häkiñ häkisi wezipäni beriñ. Petek almaga baranyñyzda, size güýjüni görkezjek bolup, ýañky mahluk göýä özüni Ýupiter ýaly seretmelidir öýdýär. - Diñe öz-özüme "menem bardyryn" diýmek üçin bütin gaýgy-gamlaryñ hötdesinden gelerin. Näçe horlansamam, ikiýana urunsamam, "bardygymy" bilýärin. Aýagym zynjyrly, iki elim kürekli wagtymam Güni görüp bilýärdim, görmesemem ýaşamagyma dowam edýärdim we onuñ bardygyny bilýärdim. - Baý diýeniñ - şeýle bir mugthor, şeýle bir mugthor gurçukdyr welin, jemgyýetiñ etini iýip-süñküni gemirýär. Garyp görgüli - köplenç nämüçin ölýändiginem bilmän ölýär. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|