17:33 Dostoýewskiniñ täsin synagy | |
DOSTOÝEWSKINIÑ TÄSIN SYNAGY
Psihologiýa
Sürgün edilip zyndana salynan wagtynda, Dostoýewskiý türmede itiñ üsti bilen bir zady synaýar... Ýazyjy iti uzak wagtlap synlapdyr, şonda ol geçip barýan her bendiniñ ite ýumruk salýandygyny görüpdir... Ýöne iñ täsin ýeri, itiñ gaçmagyñ ýerine düýbünden tersine hereket etmegi bolupdyr. It bendiler golaýlaşyp-golaýlaşmanka dört aýagynyñ üstüne çöküp, urulmagyna garaşypdyr. Dostoýewskiý bir gün ite golaýlaşyp, onuñ kellesinden sypalamaga başlapdyr, şol wagt it oña geñirgenip seretmäge başlapdyr we hyñranyp şobada Dostoýewskiniñ ýanyndan aýrylypdyr. Ýazyjyny her görende it ondan gaçypdyr we ýuwaşlyk bilen üýrüpdir... Dostoýewskiý munuñ psihologiki düşündirişi bolaýmaly diýip pikir edipdir... Erbetligi, urlup-ýenjilmäni, sögünji, kemsidilip ýörmegi durmuşynyñ bolaýmaly zady ýaly kabul eden, dost-doganlyk, mähir-muhabbet, rehim-şepagat bilen garasañ, geñ galyjylyk we nägilelik bilen seredýän jandarlar adam söýgüsinden binesip galýan eken. Şeýle ýagdaý adamlaryñ durmuşynda-da birmeñzeş gaýtalanýar... "Erbet çemeleşeniñde seni gowy görýänler bar, emma olara gowy göz bilen garasañam seni halamaýarlar!". # Dostoýewskiniñ eserleri esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |