02:56 Eserleri bilen müdimiligiñ gapysyny açan akyldar: Dostoýewskiý | |
ESERLERI BILEN MÜDIMILIGIÑ GAPYSYNY AÇAN AKYLDAR: DOSTOÝEWSKIÝ
Edebi makalalar
Aradan çykanyna 140 ýyl geçendigine garamazdan häli-häzirem dünýäniñ üýtgemän gelen umumy gymmatlygy hökmünde garalýan bolsañyz - pikirleriñiz we eserleriñiz dil, düşünje we geografiýa parh etmezden birnäçeleri tarapyndan kabul edilýän bolsa, başaran zatlaryñyzyñ çäklerini diñe ýazgy manysynda ele almak ýalñyş bolsa gerek, şeýlemi? Dostoýewskiniñ başaran zady-da şudy. Ol edebiýatyñ çäklerini dürli-dürli sepgitlere ýetiripdir: psihologiýa, din, syýasaty öwreniş ylmy ýaly ugurlarda-da öz döwrüniñ ruhuna öwrülmegi başarypdy. Ol gürrüñsiz açlyklar, üstünlikler, çöküşler bilen doly gysga ömrüne (59 ýaşynda aradan çykan) ýerleşdirenleri bilen ýene birnäçe ýüz ýyllap oturan ýerinden adamzady bulutly gözleri bilen synlajaga meñzeýär. Birnäçe ýyllap kitap dükanlaryñ tekjeleriniñ "Jenaýat we jezanyñ" haýbaty we üstünligi bilen bezelendigi hakykat. Şeýle-de bolsa, birnäçe kişi Dostoýewskiniñ iñ saldamly we iñ gymmatly romanyny "Doganlar Karamazowlar" saýýar. Şindi Dostoýewskiniñ tutuş bir ýyllap humarbaz bolandygy, sürgünde geçiren ýyllary baradaky hemmelere mälim maglumatlary bir gapdala goýup, "Doganlar Karamazowlara" we onuñ ýazylan täsin döwrüni ýagtylandyrmaga synanşalyñ. • Üç dogan we bir kaka Biri-birinden tapawutly dünýägaraýyşly üç doganyñ we bir atanyñ töwereginde şekillenen "Doganlar Karamazowlar" agyr psihologik we pelsepewi yşaratlar bilen doly bolan, her sahypasynyñ we her obrazynyñ belli bir düşünjewi süññüne eýe roman. "Doganlar Karamazowlar" Dostoýewskiniñ iñ soñky romanydy. Bölekleýin çap edildi we 1880-nji ýylyñ noýabrynda tamamlandy. Dostoýewskiý şundan dört aý soñ aradan çykdy. Kitabyñ düzediş we neşir işlerini ýazyjynyñ aýaly we şol bir wagtyñ özünde kätibi bolan Anna Dostoýewskaýa boýnuna alypdy. Häzirki gün "Doganlar Karamazowlar" romanynyñ tekstini kem-köstsüz okaýan bolsak, munda onuñ uly zähmetiniñ ýatandygyny ýatdan çykarmazlyk gerek. Dostoýewskiniñ ýygy-ýygydan tutgaýy tutýan eken. Bu ýagdaý "Doganlar Karamazowlar" romanynda mazaly bildirýär. Meselem, eserde öýüñ hyzmatkäri Smerdýakow tutgaý keselli. Dostoýewskiniñ ogly Alýoşa üç ýaşyndaka tutgaý keseli zerarly aradan çykypdyr. "Doganlar Karamazowlarda" maşgalanyñ körpesi Alýoşanyñ obrazyny oglunyñ hormatyna döredendigi aýdylýar. Zigmund Freýdiñ pikiriçe "Doganlar Karamazowlar" iñ gowy roman. Freýd üçin roman "ýazyjynyñ kakasyny öldürmäge niýetlenen gizlin meýlini" paş edýär. Freýd şol bir wagtyñ özünde Dostoýewskiniñ tutgaýynyñ kakasynyñ ölümi sebäpli özüni günäkär duýmasynyñ yzyndan dörändigini öñe sürýär. Dostoýewskiniñ kakasy ýanynda işledýän serfler (ýer işlerinde ulanylýan gul) tarapyndan öldürilipdi. Dostoýewskiý ölemen çaýhon eken. Ol demini alan çaýy gapdalynda bolmasa ýazuw stolunyñ başyna geçmändir. Ýazyjy tä ölýänçä çaý içip gezipdir. Hatda onuñ bu barada aýdan bir sözi bar: "Dünýäni ot alýanam bolsa, çaýym ýanymda bolsun". Belli bir wagtlap liberal düşünjä ýanaşanam bolsa, ömrüniñ köp bölegini dindar bolup geçiripdir we dindar bolup aradan çykypdyr. Prawoslaw ynançly dindar biri bolanam bolsa, "Doganlar Karamazowlardaky" "Beýik inkwizisiýaçy" kyssasy bilen katolik buthanasyna ýiti tankydy bellikleri etmekden çekinmändir. Ölüm ýassygynda ýatyrka soñky sözleri "Injiliñ" süreleri bolupdyr. Aýtmaklaryna görä onuñ jynazasyna 100 müñden gowrak adam gatnaşypdyr. Dostoýewskiniñ ömrüniñ soñky ýyllarynyñ geçen we "Doganlar Karamazowlaryñam" ýazylan öýi 1971-nji ýylda ýazyjynyñ ýaşan döwrüne mahsus şekilde öý-muzeýine öwrüldi. Nesibäñiz çekip Sankt-Peterburga ýoluñyz düşse, hökman bu muzeýi görmäge gidiñ. 2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||