20:59 Dostoýewskiý hakynda bilmeýänlerimiz ýa-da az bilýänlerimiz | |
DOSTOÝEWSKIÝ HAKYNDA BILMEÝÄNLERIMIZ we AZ BILÝÄNLERIMIZ
Edebi tankyt
• ýa-da dünýä edebiýatynyñ klassygy F.M.Dostoýewskiniñ durmuşy hakynda käbir jikme-jiklikler I. Hemme zatdan ötri, ýazyjy barada öñki edýän pikirlerimize az-kem düzediş girizsek gowy bolardy. Megerem, Dostoýewskiý dünýäniñ häzire çenli ýaşap geçen iñ gowy ýazyjylarynyñ biridir. Muña söz ýok. Ýöne onuñ inkär edip bolmajak derejede ýaramaz gylykly adam bolandygyny-da ýatdan çykarmazlyk gerek. Has takygy, ol ussat ýazyjylygynyñ tersine, adamkärçilik nukdaýnazardan alanda, o diýen özüne çekijiligi ýok. Elbetde, bizi we okyjylary onuñ şahsy gylyklary däl-de, diñe eserleri gyzyklandyrmaly. Herniçigem bolsa, awtobiografik maglumatlara esaslanyp, edebiýat muşdaklarynyñ arasynda gowur turzup biljek bu söhbetimiz arkaly ýazyjynyñ ähli gowy we ýaramaz taraplaryna obýektiw nukdaýnazardan göz gezdirmek isleýäris. II. Dostoýewskiý ölemen humarbazyñ biridir. Ol humara şeýle bir añyny aldyrypdyr welin, belli bir wagtdan soñ gazanç etmekden, bar işini-pişesinden ýüz öwrüp, humar oýnap başlaýar. Meselem, ol Ýewropa eden syýahatlarynda Mikelanjelo ýaly genial heýkeltaraşlaryñ sungat eserlerini synlanynda-da, humar döwresini görenindäki ýaly heýjana gelmändir. II. Jalataýlyk etmegi diýseñ gowy görýän eken. Sibirde jerime batalýonynda (ştrafbat) gulluk edeninde ärli aýallaryñ başyny-gözüni aýlamak bilen bolupdyr. Onuñ bu pişesi bir gezek oñuna-da bolýar. Hasam beteri, kämillik ýaşyna ýetmedik bir gyz bilen jynsy gatnaşykda bolup, üstesine muny utanman-zat etmän öwnüp diýen ýaly gürrüñem beripdir. IV. Kümsük ogry bolupdyr. Humarbaz bolandygy sebäpli, aýalynyñ pullaryny ogurlaýan eken. Hatda aýalynyñ eşiklerini ogurlap satmakdanam gaýtmandyr. V. Ýarañjañ bolupdyr. Bu boýunça iki mysal bar. Rus ýazyjy Turgenewiñ aşa baý bolandygy köplere mälim. Dostoýewskiý ite bir sümek bergili döwürlerinde, onuñ şanyna odalar düzüp, odanyñ ahyryn hemişe karz pul diläp jemläpdir. Ýogsam bolmasa, onuñ bu ýazyjy bilen kän jyny-da jyñkyşmaýan eken... Ikinji mysal has gorkunç. Moskwa we Peterburga girmek gadagan edilen ýyllarynda rus patyşasynyñ şanyna onlarça öwgüli hatlar ugradýar. Elbetde, onuñ maksady Peterburga we Moskwa girmäge ejaza almakdy. Ýogsam bolmasa, ýazyjy hut şol patyşa garşy gidip, döredijiliginiñ iñ öndümli boljak ýyllaryny gar kürekläp geçiripdi. VI. Abraýyny, öz hormatyny gorap saklamakda-da gowşak bolypdyr. Bary-ýogy birnäçe rubl üçin bir hatynda bäş gezek Hezreti Isanyñ adyny tutýar. Pul üçin ähli at-abraýyny aýak astyna oklamagy eşege palan atança-da görmändir. Sebäbi aşa humarbazlygyndan ýaña elmyda bergide bolupdyr. Turgenew bilen arasynda bolup geçenler hem şol sebäplidir. VII. Çakdanaşa milletçi we funtamentalist prawoslaw ynançly bolupdyr. Özem muny diline çolamakdan çekinip durmandyr. Hatda Ýewropany diñe ruslaryñ halas edip biljekdigi we Isanyñ rus bolandygy baradaky gülkünç gipotezalary bolupdyr. Türki halklara bolan ýigrenji bolsa hemmelere bellidir. Ol bu ýigrenjini "Doganlar Karamazowlar" romanynda açykdan-açyk beýan edýär. VIII. "Wagt geler, Stambul rus şäheri bolar" ýa-da "Aýasofýa metjidine haç dakylmalydyr" ýaly duşmançylykly sözler bu ýigrenjiñ aýdyñ subutnamasydyr. IX. Döwrüniñ tanymal tankytçysy Strahowyñ aýtmagyna görä, Dostoýewskiý aşa husyt, zehinsiz dagy bolsa nebsiñ agyrmaga we üstünden gülünmäge degişli adam bolupdyr. Bolgusyzlyk etmekden başga zady bilmändir. Ol öz bolgusyzlyklaryny özüne edermenlik saýypdyr. Hatda tankytçy "Ýerastyndan hatlar" eserinde ýazyjynyñ öz bolşuny suratlandyrýandygyny aýdýar. X. Öz aýdyşynyñ tersine, garamaýaklardan gelip çykmandyr. Hawa, Tolstoý ýa-da Turgenew ýaly baý aristokratlardanam däl. Ýöne Gorkiý ýaly iñ aşakdanam gelmändir. Kakasy ýüz sany guly bolan harby lukman, ejesi bolsa kakasy tarapyndan pula satyn alynan obaly pukara gyzlaryñ biri eken. Kakasy rehimsiz hem arakhor, ejesi bolsa ýuka ýürekli, duýguçyl ene bolupdyr. Ynha, Dostoýewskiý hem 60 ýyllyk ömrüniñ dowamynda şeýle çaprazlygy özünde göterip gezipdir. Iñ soñky pesligi-de, iñ belent derejäni-de başyndan geçirýär. Kakasy ýaly pyssy-pyjurlykly işleri-de etmegi oñarýar, ejesi ýaly adamzat üçin ýüregini agyrtmagy-da başarýar. XI. Kakasy zalym adamam bolsa, o diýenem bir haramzada adam bolmanmyş. Gyzykly kitap bolsa, esasanam goşgy bolsa okamagy gowy görýän eken. Stol başynda nahar iýlip durka, çagalaryna her gün gezekleşdirip goşgy we roman okadýamyş. Şeýle-de olary latyn dilinden hut özi okadypdyr, fransuz dilini öwretmek üçinem ýorite mugallym hakyna tutupdyr. Özem kakasy latyn dilinden okadan bir sagat wagtynda Dostoýewskä oturmak gadagan bolupdyr. XII. Dostoýewskiý gyzylymtyk ýüzli bolupdyr. Hatda ol Wan Goga hem azajyk meñzemän durmandyr. Edil olam Wan Gog ýaly ejiz bedenli we gyzyl sakgally eken. Bu iki şahsyýetiñ durmuşy-da biri-birine meñzemän duranok. Olar gedaý durmuşy başdan geçirip, bergileri zerarly ýurtdan ýurda selpäp ýörüpdirler. Dost-ýarlary bilenem mydama dawa-jenjelleşmekden gaýtmandyrlar. Spirtli içgileriñ, pully kartyñ we neşe serişdeleriniñ içinde boýlapdyrlar. XIII. Dostoýewskiý ene-atasyndan ir jyda düşüpdir. Ýöne ejesiniñ däl-de, kakasynyñ ölümi oña ýiti täsir edipdir. Has dogrusy kakasynyñ ölüm sebäbi... Şeýle-de bolsa, ol kakasyny ömürboýy ýigrenip gezipdir. Muny "Doganlar Karamazowlardaky" kaka obrazyndanam añmak bolýar. Ýokarda Dostoýewskiniñ kakasynyñ zalym adam bolandygyny agzap geçipdik. Onuñ rehimsizligine çydaman golastyndaky gullary hojaýyny öldürmegi niýetlerine düwýärler. Bir gezek ony güpbasdy edip, el-aýagyny dañýarlar. Daş we taýak bilen çem gelen ýerine, ylaýta-da uýat ýerine urup-urup para-para edýärler. Bolan wakany Dostoýewskiniñ garyndaşlary bilmezlige salýarlar we üstüni örtýärler. Netijede hiç kim jezalandyrylmaýar. XIV. Dostoýewskiniñ inžener hünäri bar. Ýöne ol hünäri boýunça hiç ýerde işlemändir. Ilkinji romany "Biçäreleri" ýazanda, romanyñ bir nusgasyny şahyr dosty Nekrasowa okamaga berýär. Şol günüñ agşamy Nekrasow aglap Dostoýewskiniñ ýanyna gelýär. Ol dostuna ajaýyp eser ýazandygyny we muny Belinskiniñ görmeginiñ gerekdigini aýdýar. Belinskiý şol döwrüñ iñ görnükli tankytçysy bolandygy üçin, eger eseri ol halasa, bütin Russiýa hem halar diýip umyt edipdirler. Nekrasow eseri okamak üçin Belinskä berende tolgunmakdan ýaña "täze Gogol döredi" diýipdir. Mälim bolşy ýaly, Gogol şol döwre çenli ýaşap geçen rus ýazyjylarynyñ iñ görnüklisidi. Belinskiniñ bu söze gahary gelýär we olary ýañsylap "Size galsa Gogollar kömelek ýaly köpeler" diýipdir. Şeýle-de bolsa, beýik tankytçy birnäçe ýyl geçensoñ bu sözüni gaýdyp almaga mejbur bolupdyr. XV. Bir gije ýazyjynyñ gapysyny kakýarlar. Bu gezek gapyny kakanlar onuñ muşdaklary däl-de, ýaragly ofiserler we esgerler bolup çykýar. Hiç bir düşündirişsiz ähli golýazmalary elinden alnyp, ýazyjy tussag astyna alynýar. Tutuş dört aýlap näme günäsiniñ bardygyny bilmän zeýli zyndanda ýatýar. Ahyrynda eden etmişini aýdýarlar: Patyşany tankyt edýän goşgy ýazmakda aýyplanýar. Jezasy hem açyklanýar: atuw! XVI. Dostoýewskiniñ ömrüniñ ilkinji öwrülişik pursaty hut şol atuwyñ beriljek pursatydyr. Gün dogan badyna Dostoýewskiý we onuñ sekiz ýoldaşy turuzylyp, atuwa höküm edilenlere geýdirilýän ýörite eşikler geýdirilýär. Elleri we gözleri bagly üç-üçden üç topara bölüp, yzly-yzyna üç hatara düzýärler. Dostoýewskiý ikinji topara düşýär. Ilki atuw baradaky höküm okalýar. Yzyndanam jeza beriji atuwçylar olary didiwana mündürýär. Dostoýewskiý bilen ölümiñ arasy birnäçe minutlyk ýakyn gelýär. Mäşäni gysybermeli bolanda bir ýerlerden bir atly çykýar güpürdäp. Gelen atly patyşanyñ täze permanyny okamaga başlaýar. Şeýdip bu dokuz sany rewolýusioneriñ atuwy goýbolsun edilýär. Patyşa "beýiklik" görkezip, olary iñ soñky minutda bagyşlanmyşyn! Ölümiñ erñeginden dolanan Dostoýewskiý bu pursatyñ täsirinden ömürboýy çykyp bilmändir. XVII. Atuw jezasy goýbolsun edilenem bolsa, başbozarlar temmisiz galdyrylmaýar. Dostoýewskiý dört ýyl katorgada (sürgünde), alty ýyl mejbury harby gullukda bolýar. Has beteri bolsa Moskwa we Peterburga girmek gadagan edilýär. Ynha, onuñ ömrünuñ ikinji öwrülişik pursaty-da katorgada bolan ýyllarydyr. XVIII. Ol Sibire sürgün edilende ýesirler bilen bile 40° sowukda iñ agyr işlerde işleýär... Dostoýewskiniñ iki goluna zannyýaman jenaýatkärlere, ganhorlara, ogrulara basylşy dag basylýar, saçy syrylýar. Şolar ýaly sowukda iki aýagy zynjyrlanan ýagdaýda işledilip ýörkä, ýanlarynda mydam eli gamçyly gözegçi durupdyr. "Injilden" başga kitaby okamak gadagan. Ýöne şol ýerde-de Dostoýewskiý ýeke bolmandyr, bendilik döwründe iki dosty bolupdyr: biri selkildäp ýören bir it, beýlekisi ganadynyñ biri döwük bolandygy sebäpli uçup bilmeýän bürgüt. XIX. Sürgün möhleti gutaransoñ, şol agyr ýyllardan söz açýan "Ölüler öýünden hatlar" romanyny ýazýar. Roman neşir edilen badyna Russiýada gyzgyn seslenme döredýär. Hatda rus patyşasynyñ özü-de bu kitaby gözýaşlara boglup okandygyny we şondan soñ gulçulygy ýatyrandygyny aýdýarlar. XX. Dostoýewskiý öz ýurdunda giñden tanalýan ýazyjy bolsa-da, Tolstoý we Turgenew ýaly Ýewropada onçakly tanalmandyr. Belkäm şonuñ üçindir, haýsydyr bir ýewropaly ýazyjynyñ biriniñem Dostoýewskiý bilen baglanyşykly ýazan ýatlamasy we şuña meñzeş ýazgysy bolmandyr. Ýewropda bu gyzyl sakgally kişini diñe bankirler tanapdyr. Çünki Dostoýewskiniñ örän köp bergisiniñ bolandygy we juda mätäç ýagdaýdalygy sebäpli, Russiýadaky tanyşlaryndan pul gelip-gelmändigini bilmek üçin her gün banka gidip "maña çek gelmedimi?" diýip sorapdyr. Daşary ýurtda bolmagynyñ sebäbi-de belli: Russiýada onuñ algydarlary barmak büküp sanardan köp bolupdyr. XXI. "Humarbaz" atly ajaýyp eserini bary-ýogy 29 günde ýazypdyr. Has dogrusy, ýazmaga mejbur bolupdyr. Sebäbi neşirýatdan galam hakyny nagt alypdyr. Ol romanyñ neşir ediljek diýip bellenen gününe 29 gün galanda ýazyp başlapdyr. Eger ýazyp ýetişmedik bolsa, şol günden soñky ýazjak ähli eserleriniñ gonoraryndan mahrum boljak eken. XXII. Çalt ýazmaga mejbur bolunan roman onuñ durmuşyny başga tarapa üýtgedýär. Ol romany çalt ýazyp dynmak üçin eli çakgan ýigrimi ýaşly kätip gyzy hakyna tutýar. Kyrk bäş ýaşly Dostoýewskiý soñ şol gyza öýlenýär. Iki gözi dört bolan Dostoýewskiniñ durmuşy şondan soñ tertibe girýär. Ýaş gyz onuñ ähli ýazgylaryny rejeleýär, ýazyja goltgy bolýar. Adamsy aradan çykansoñam, oña wepaly bolup galýar we beýik ýazyjy bilen geçiren pursatlaryny beýan edip ýatlama kitabyny ýazýar. XXIII. "Melgunlar" romanyny ýazanda geñ-tañsy ahwallary başdan geçirýär, ysytma tutup özünden gitmelere uçraýar. Özüne gelensoñ, ýazyp oturan romanyna degişli hiç zady ýatlap bilmeýär. Hyýalynda beslän ähli sýužeti, obrazlary duw-dagyn bolýar. Şeýdip romany täzeden başlamaga mejbur bolýar. Onuñ düşen bu ýagdaýy soñam gaýtalanyp durupdyr. XXIV. Döwrüniñ iñ görnükli iki ýazyjysy Tolstoý bilen Dostoýewskiý bir döwürde ýaşandyklaryna garamazdan, hiç haçan duşuşyp görmändir. Şeýle-de bolsa, Tolstoý 1910-njy ýylda ölüm ýassygynda ýatyrka "Ölüler öýünden hatlary" okap "Puşkiniñ ýazanlarynda-da şundan gowy eseri okamandym" diýipdir. XXV. Dostoýewskini Tolstoýdan we Turgenewden öñe geçiren onuñ "Jenaýat we jezasy", "Doganlar Karamazowlary" dälmişin. Ony rus halkynyñ gözünde ähli ýazyjylardan öñe geçiren bir zat, olam Puşkiniñ haýsydyr bir heýkeliniñ açylyş dabarasynda sözlän täsirli sözümişin. Dabara Turgenew we başga-da birnäçe tanymal ýazyjylar gatnaşypdyr. Gezekli-gezegine çykyş edilipdir. Nobat Dostoýewskä gelipdir, ol diýseñ tolgunduryjy we hyjuwly çykyş edipdir welin, märeke aññalyp galypdyr. Nutuk gutaran badyna ähli ýazyjylar onuñ daşyna üýşüp, elini ogşamaga başlaýar. Ömürboýy pul dilenip ýören we halamaýan adamy bolan Günbatar tarapdary Turgenewiñ özi gelip gözi ýaşly ony gujaklaýar. Märeke "пророк, пророк!" diýip gygyryşýar. Şu pursatdan başlap ýazyjy şöhratyñ çür depesine çykýar. Bütin Russiýa onuñ pikirlerine arka çykýar. Gezek özlerine gelendigine garamazdan hiç ýazyjy Dostoýewskiniñ yzyndan orta çykyp söz sözlemäge milt etmeýär. XXVI. Nebsimiz agyrsa-da, ol ömürboýy zaryny çeken bu üstünliginiñ miwesini bary-ýogy bir ýyl görýär. Çünki, soñky ýyl (1881) ýazyjy aradan çykýar. Ýazyjy jaýlananda jynazasyna 30 müñ adam gatnaşypdyr. Bu bolsa Russiýanyñ şol wagta çenli görüp-eşitmedik jemendesidi. Bärde başga bir üns bermeli ýagdaý bar. Aglabasy rewolýusiýanyñ tarapdary bolan talyplar aýaklaryna zynjyr dakyp ýazyjynyñ tabydynyñ yzyndan ýöremek isleýärler. Talyplar şeýtmek bilen Dostoýewskiniñ Sibirde geçiren agyr günlerine yşarat edýärdiler. Patyşa tolgunşyk döremeginden çekinip, talyplaryñ talabyna sessizje razy bolýar. Patyşanyñ özem şondan kän wagt geçmänkä bombaly hüjüme uçrap, öldürilýär. XXVII. Dostoýewskiniñ öz ýurdunda hudaýlaşdyrylmagy bilen, psihologiýa ylmynyñ ösmegi netijesinde onuñ dünýädäki at-abraýy hem belende galýar. Ýöne siñe seljerme geçirilende, Dostoýewskiniñ eserleriniñ psihologiki taýdan ýöntem gelýändigini duýmak kyn däl. Z.Freýd bilen F.Nitşsäniñ Dostoýewskiý hakyndaky öwgüli sözleri, Jahan uruşlary sebäpli Hudaý we adamzat gaýratynyñ derñelmegi onuñ at-abraýynyñ artmagynda pozitiw täsirleri ýetiripdir. Belki-de, Dostoýewskiý köstsüz kämil prozaçy däl, ýöne onuñ beýikligi gürrüñsiz täsir edip bilýänligindedir. Roman ýazyş stilinde-de kemçilikleri az däl. Muña garamazdan adamzady şondan gowy beýan etmegi başaran başga ýazyjy ýok bolsa gerek. XXVIII. Sözümizi ussat ýazyjynyñ durmuş barada aýdan bir gowy sözi bilen jemläliñ: "Durmuşdan gorkmañ, dostlar! Hemme zatdan öñ durmuşy söýmegi öwreniñ. Durmuş bizi gurşap alan dünýäde däl, öz içimizdedir. Daş-töweregiñ adamlar bilen gurşalan adam bolmak, nähili ýagdaýda bolañda-da adam bolup galmak, ejizlemezlik, ýykylmazlyk... ynha, durmuş şudur! Durmuşyñ hakyky manysy şudur!" # Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |