09:56 Dowamat / hekaýa | |
DOWAMAT
Hekaýalar
Geçen ýylyň baharynda orta mekdebiň altynjy synpynda bile okaýan synpdaş ýoldaşym Gurbanberdi bilen öýümiziň golaýyndaky baýyrlyga günde-günaşa giderdik. Ol ýerde oýun oýnap, göwün açardyk, el-aýagymyzy ýazardyk. Biz hem, Gurbanberdiler hem şäheriň çetindäki köp gatly ýaşaýyş binasynda ýaşaýarys. Golaýymyzdan geçýän döwrebap awtoulag ýolunyň ugrunda seteran gurulan yşyklandyryjylar gijelerine şöhle saçanda göze has-da ýakymly görünýär. Şonda yşygyň daşynda kebelekler perwaz urýarlar, her dürli mör-möjekler, çekirtgeler ýygnanýarlar. Gemrijilerdir süýrenjiler hem bu ýerde garynlaryny otarýarlar. Ýoluň aňyrsyndaky baýyrlykdaky ownuk-iri hinler bu ýeriň süýrenjileriň, gemrijileriň we mör-möjekleriň mekanydygyny habar berýär. Howa, geçen ýyl gyş pasly öz möwritini ötürip, ornuny bahara beren günleriniň biridi. Ýaz otlarlary heniz sümmüllemäge ýetişmändi.Şol günleriň birinde Gurbanberdi bilen gezelenje çykanymyzda baýyrlykda hajjyk şekilli bir ullukan süýrenjini görüp, bilesigelijilik bilen oňa tarap ylgadyk. Arkasy menekli, melemtil-sary ownuk nagyşly jandar gaçyp gutulmajagyny bilenden soň sustumyzy basmak üçin çişip başlady, guýrugyny taýly sapar ýere urup, haýbat atdy. “Bu zemzen eken-le” diýşip, oňa artykmaç azar bermän, öz gününe goýduk. Köşeşen zemzen moýmuldap gitdi-de,aňyrdaky üýşmek daşlaryň arasyna girdi. Bizem öz oýun-güýmenjämiz bilen bolduk. Zemzeniň öz gaçybatalgasyndan kellesini çalaja çykaryp ýatyşyna biziň hereketlerimizi howatyrly yzarlaýandygy gözümize ildi. Bizden özüne zowal ýokdugyna göz ýetirenden soň ol bu ýerden çykyp, nirädir bir ýana ugrady. Bir sagat ýaly oýnap, gaýdarman bolup durkak, zemzeniň baýryň üstünde durandygyny gördük. Ýola düşenimizden soň yzymyza garap görsek, bizden çekinip duran zemzen ýapgytdan inip, şol üýşmek daşa tarap gelýän eken. Ol ýeriň zemzeniň ýaşaýan mesgenidigi bize mälim boldy. Dostum ikimiz günde-günaşa şol ýerde oýnap, bu süýrenji bilen görüşip duransak, onuň bilen öwrenişipdik. Bizden öz janyna hiçhili howp-hataryň abanmaýandygyny syzandyr-da, soň-soňlar zemzen howatyryny bütünleý diýen ýaly unutdy. Bizden çekinmän, islän mahaly öz mesgenine girip-çykýardy. Bir gün bizden uzagrakda ýaşaýan synpdaş dostumyz Musa hem baýyrlyga gitmäge göwünjeň boldy. Ol ýerde oýnap ýörkäk “biziň zemzenimizi” gören dostumyza ol barada gürrüň berdik. Golaýymyzdaky mesgenine arkaýyn girip, daşlaryň arasyndan kellesini çykaryp oturan jandara Musa geň galmak bilen seretdi. Aradan birki hepde geçdi. Yssynyň düşmegi bilen meýdana gezelenje gitmämizi seýrekleşdirdik. Okuw ýylynyň ahyrlanmagy hem tijenmegmizi talap edýärdi. Garaz, bir şenbe güni okuwdan soň gezelenje gitmekçi bolanymyzda howanyň ajaýypdygyna we ertir dynç günüdigine garamazdan Musanyň boýun gaçyrmagy bizi geň galdyrdy. “Öýde taýýarlanmaly sapaklary kändir ýa-da başga işi çykandyr” diýip çakladyk. Şol gün hemişeki endik eden ýerimizde oýnap ýörkäk, zemzeniň hiç göze ilmezligi bizi iňkise giderdi. Gaýtjak bolanymyzda onuň mesgeni bolan üýşmek daşlary barlap görsek, ol ýerdäki ençeme daşlar ýerinden aýrylyp, gapdala zyňlan eken. Kimdir biriniň zemzeniň sürenini açyp, ony ele salandygy bellidi. Bu ýerdäki gumak ýerde iki adamyň aýakgabynyň galdyran yzlary hem kesekileriň gelip-gidenliginden habar berýärdi. “Belki zemzen öz süreniniň has içirägine sümlüp, aman galandyr” diýen umyt bilen daşlary aýryp gördük. Emma ol ýerde ýumurtgalardan başga zat ýokdy. Ýumurtgalaryň üstüni ýene emaý bilen basyran Gurbanberdi ikimiz ene zemzeniň täleýinegynanyp gaýtdyk. Soň bir gün üç dost bolup bu ýerde oýnap ýörkäk hem bir zadymyz ýetmeýän ýalydy. Şondan soň otlary saralan yssy meýdana bu ýyl gaýdyp gelmedik. Güýz günleriniň birinde Musanyň öýlerine onuň doglan gününi bellemäge ýygnanypdyk. Otaglaryň birindäki tekjede pyşdylyň aşaky we ýokarky gapaklaryndan ýasalan küldan, ýylanyň derisinden edilen kemer, bekre balygyň tutuş süňki, owadan guşlaryň gäbi ýaly köpsanly ýalpyldawyk nepis el işleri kiçijik sergi bolup ýatyrdy.Agasy Isanyň bu güýmenjesi barada Musa bize göwünjeň gürrüň berdi. -- Ine, bu bürgüt penjeleri awtoulagyň öň aýnasynda asmak üçin. Ine, zemzeniň şu kelle süňki owradylyp içilse, köp derde em bolýar. Ol zemzeniň derisinden Isa owadan gapjyk tikipdi, ony birine sowgat berdi... “Biziň zemzenimiziň” ýitirim edilendigini bilen günümizde Musanyň buýtar -suýtar edip, biziň bilen meýdana gezelenje gitmän galyşy birden güpbe ýadyma düşdi. Gaýtmakçy bolanymyzda Gurbanberdi ikimiz Musany bir gyra çagyryp, gönüsinden gelmegini talap etdik. -- Howa, şol gün siziň bilen gitmäge bognum ysmady – diýip, Musa başyny aşak salyp, jogap berdi – Sebäbi ol ýerde indi zemzemi görmejekdigiňizi bilýärdim, oňa-da men günäkärdim. Şondan sähel öňräk men “siziň zemzeniňiz” hakda öýümizde gürrüň edäýmenmi? Isa şol ýere äkidip, zemzeniň mesgenini görkezmegimi talap etdi. Garşy çykyp bilmedim. Isanyň häsiýetini bilýäňiz-ä... Goňşymyzyň ogly Meredi hem alyp üç bolup gitdik. Men garagörnümden üýşmek daşy olara görkezip, özüm yzyma gaýtdym. Ertesi siz ol ýere çagyranyňyzda şonuň üçin gitmedim... Howa, şeýdip kän wagtdan soň tötänden biläýmedik bolsak, zemzeniň ýitirim bolşy bize syr bolup galjak eken. “Iň bolmanda öňräk şeýdip aýdaýmaly ekeniň” diýip, dostumyzyň ýöwselligi üçin oňa biraz igendik-de, gaty-gaýym söz diýmän gaýtdyk. Doglan gününde onuň keýpine sogan dograsymyz gelmedi. Bu ýyl hem bahar gelip, meýdanlar ýaşyl maýsa bürenende, üç dost bolup, ýene-de şol baýyrlyga ugradyk. Ýagyş-ýagmyra ýuwlup, güneşe ýylynan tebigatyň nurana gözelligi ýaş kalbymyza ganat berýärdi. Meýdanda oýnap ýörkäk, Gurbanberdi ikimiz geçen ýylky zemzeniň mesgeni bolan üýşmek daşa käte tukat nazar aýlaýardyk. Ahyrsoňunda biri-birimizeseredişip, oňa tarap ýöneldik. Özara geplemesegem oý-pikirimiz şol ýerdäki ýumurtgalardady. Garaz özümiň-ä ýüregim bir ýagşy zady duýýan ýalydy. Musa hem bizden galmady. Ýumurtgalary barlap görmek üçin daşlaryň birini gozganymyzda, onuň şarkyldysyndan ürken bir kiçijik zemzen çagasynyň sürenden zymdyrylyp çykmagy bizi aňk-taňk etdi. Soň ikinjisi, soňra üçünjisi... Çar tarapa dargap, gaçyp barýan ýedi-sekiz sany zemzenjige aýratynam Musa geň galdy. Eden işi üçin tersleşmesegem, Gurbanberdi ikimiz oňa zemzeniň ýumurtgalary barada aýdyp, köşeşdirip oturmandyk. “Goý, etmişine gowuja ökünsin” diýip, muny ondan gizlemegi karar edipdik. -- Musa dost, biziň ene zemzeniňiz bu ýerde ýumurtgalapdy – diýip, men oňa düşündirdim. – Hernä siz ony awlanyňyzda ýumurtgalaryny görmän gidipsiňiz. Biz olar barada saňa-da aýtman, gözden-dilden gorap sakladyk. Bular – şol janaweriň nesil dowamaty. “Indi berin diliňe berk bolup-da, bularyň başyna bela getirmersiň” diýip ynanýarys. Ýogsam seni gaýdyp ýanymyza goşmazdyk. Özüne ynamyň ýitirilmändigine Musanyň şatlygy çäksizdi. Gök öwüsýän baýyrly meýdanda guşlaryň şirin owazy ýaňlanýardy. Aňyrrakda Gün şuglasyna ýalpyldaýan iki sany körpe zemzenjik kellelerini dikeldip, tutuş dünýä hem-de bize – üç sany dosta geň galýan ýaly seredýärdiler. Bizem bu künjegiň tebigatyna ýene bir gezek nazar aýlap, onuň haýwanat dünýäsiniň ajaýyp köpdürliliginiň birisiniň biz sebäpli kemelmändigine göwnühoş bolup öýümize gaýtdyk. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |