DÖWKESEN GALASY
Gyryñ üsti,
Demiñ tutýar giñişlik!
Ogurlap ummadan çykarýar sesiñ.
Otyr ýigriminjiñ gohuny eşdip,
Çakyr süñke dönen bir köne asyr.
Goñras daşlar ýatyr syryny gizläp,
Ýagşa aldyrmandyr,
oda ýanmandyr.
Agzyndan seretseñ, jümşüldär kebzäñ,
Gara ýürek ýaly gara zyndanlañ.
Döw ähliniñ ýatyp görjek düýşi däl
Şeýle bir binalar ~ müñ bir gurbanly.
Gardaş, Gurbanmyrat, döwüñ işi däl,
Muny adam keser başy gowgaly.
Gowga bolaa bu ýaýlada ýetipdir,
Baş-başy gemirip öz arasynda.
Ýaý çekilip, ok güjümden ötüpdir,
Toplar gümmürdeşip tophanasynda.
Gije-gündiz gyryñ daşyna meñzäp,
Ýagy dökülipdir. Tozupdyr ýerler.
Döwürler aýlanyp, ýeñilip-ýeñmäñ
Hasabyny alyp gidipdir ýeller.
Bir gysym gum bolup galypdyr bu gün
Çakyşan kelleler,
şatyrdan ýaýlar,
Hanha, kän çyrpynan ýerleri suwuñ,
Ötlem-ötlem arz soralan jaýlar.
Ýeriñ myhy hasap edilen diwar
Eräp-eräp ýagşa ýuwlup gidipdir.
Ötüp barýan guşlar ýüregi awap ~
Galanyñ halyna gyýlyp gidipdir.
Gerşinde daş daşap horlanan ýeri
Düýeleñ, gatyrlañ, gaýratly pilleñ,
Ynsan zähmetiniñ harlanan ýeri,
Köýen ýeri beýik hünärment gullañ.
Gyryñ üsti,
Demiñ tutýar giñişlik!
Ogurlap ummadan çykarýar sesiñ.
Otyr ýigriminjiñ gohuny eşdip,
Çakyr süñke dönen bir köne asyr...
Goşgular