10:32 Döwlen ganatlar / oýlanma | |
DÖWLEN GANATLAR
Oýlanmalar
Ganatlarymy ýaýyp asmana göterildim, Zemin aşaklarda bir ýerde galdy. Ýene bir-iki gezek ganatlarymy kakan bolsam behişte ýeterdim, ganatlarym - meniñ pikirlerim we ýüregim. Men ganatlarymy kakyp gün-günden asmana göterilýän, sebäbi meniň ýerim şol ýerdedi, Zeminiň hiç bir gözelligi meni özüne çekip bilenokdy. Men ganatlarym edil gar ýaly akdy, ýene azajyk we men behişte ýetjekdim. Zenanlar asmandan we erkeler zeminden diýip kimdir biri ýalan sözledi. Bar zat tersine, zenanlar zeminden we erkekler asmandan. Zenanlara hemişe Zeminiň bar gözellikleri gyzykly, erkekler welin hemişe asman barada arzuw edýarler. —Seň maňa beren aýalyň meni azdyrdy, –bir mahallar Adam ata Hudaya şeýle diýdi. Şol döwürlerden bäri her bir erkek şol sözleri gaýtalap gelýär. Saňa duşmakam men edil perişde ýaly akdym, meň pikirlerim hem akdy, men Behişde tarap barýardym. Sen meni öz hyýallaryň bilen ýere örklediň, sen meni azdyrdyň, eýýäm müňünji gezek, meni Zemin barada pikir etmäge mežbur etdiň. —Men asmandan, sen bolsa zeminden, —diýip meni aldadyň. —Men ýaly owadan diňe Melekler bolýa, — diýdiň, men saňa ynandym, sen meň ganatlarymy döwdüň, men hiç wagt asmana göterilmez ýaly etdiň. ýöne näçe giç bolsada men seň aldawyňa düşündim, men öz ganatlarymy täzeden bejerdim we ýenede asmana göterilip başladym. Emma bar zat öňkiler ýaly aňsat däldi, bejerilen ganatlarda öňki güýç kuwwat ýokdy, ýöne men barybir öz pikirimden dänmedim. Men ýene-de Zeminiň bar gözelliklerinden daşlaşyp başladym. Ganatlarymy kakdygymça, olarda täze güýç kuwwat peýda bolýardy. Guşlaryň uçýan beýikligine galyp men aşak seretdim, bu ýerden zemin eýýäm meň üçin biparhdy. —A men näme, men Zeminde galmalymy? –diýdiň sen, —mende seňki ýaly ganatlar ýok, men hem asmana göterlesim gelýär, edil sen ýaly. —Sende ganat bolmansoň "men asmandan" diýip sen meni aldadyň. –diýdim men, —sen meň ganatlarymy döwdüň, meni ençeme ýylar zemine örkläp goýdüň, meni owadanlygyň bilen ýesir aldyň. Sen zerarly meň ähli pikirlerim hapalandy. Eger sen bolmadyk bolsaň men bir eýýäm Arşa ýeterdim. Ýöne entegem giç däl, men irde giçde Arşa göterilerinde Oňa aýdaryn: "Seň maňa beren aýalyň meni azdyrdy", —diýerin. —A men näme, ýeke özüm Zeminde galmalymy, –aglaýarsyň sen. –Mende seňki ýaly ganatlar ýok, men pikirlermiň barsy Zeminiň gözellikleri barada. Sen öz Behişdiňe ýetersiň, emma ol ýerde men ýok bolsam sen Behişdi näme etjek? Ýene bir gezek Oňa öz arzyňy aýtjakmy? Ol saňa meni berdi, ol saňa ganat berdi, ýöne sen menden uçup gitmez ýaly Ol maňa gözellik berdi. Eger sen Behişde mensiz barsaň ol senden hökman sorar: –Men saňa beren aýalym nirede diýer? Näme üçin sen ony Zeminde taşlap gaýtdyň? –diýer. Ol saňa ganatlary ýeke özüň uç diýip bermedi, Ol iň soňunda sen meni asmana galdyrarsyň diýen umyt bilen saňa iki sany ganat berdi. —Ýöne nädip men seni asmana galdyraýyn? —Diýýärin men. —Sen men ganatlarymy döwýäň, maýyp edýäň. Meň ganatlarym meň ýeke özümi götermäne güýji ýetenok. Sen meni ýene aldap başladyň, men seni indi diňlejek däl. –Samsyjak, –diýýärsiň sen. –Men seň ganatlaryňy döwýän, sen bolsa olary mydama bejerýäň. Seň her gezek bejeren ganatlaryň öňküden has berdaşly bolýar, men seni Zemine çekýän, sen bolsa asmana ymtylýaň. Şeýdip seň ganatlaryň berkeýär, kuwwatlanýar. Iň soňunda seň ganatlaryň ikimizi hem arşa götere ýaly berkemeli. –Eý Hudaý, —diýýän men, öz ganatlarymy öçürüp, –seň maňa beren aýalyň ýene bir gezek meni aldady. Soňy. Aşgabat, 07.03.2021. ®Rahman ZULFIKAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |