20:26 Döwlet gullugy we onuñ aýratynlyklary | |
DÖWLET GULLUGYNYŇ EDEBI WE DIPLOMATIK PROTOKOLYŇ ESASLARY
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamasyna girizilen adybir ders bu okuw gollanmasynyň ýazylmagyna getirdi. Şeýle okuw dersiniň döwlet gullukçylary üçin zerurlygy barada ýörite nygtap durmagyň hajaty ýok hem bolmagy mümkin. Ýöne, şeýle-de bolsa, turuwbaşdan, bu barada bir-iki agyz söz aýtmagy zerur hasaplaýarys. Taryhy nukdaýnazardan seredilende, gaty bir uzak bolmadyk wagtyň dowamynda öz halkyna berkarar döwleti gurup, ona bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, döwlet häkimiýetiniň halk üçin, jemgyýet üçin, Türkmenistanyň her bir raýaty üçin işlemelidigini öwran-öwran nygtap, özüniň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygaryny öne sürdi. Bu şygaryň Türkmenistanyň Prezidentinden başlap, döwlet häkimiýetiniň islendik edarasynda işleýän her bir döwlet gullukçysy üçin baş ýörelge bolmalydygyny esasy şerte öwürdi. Şeýle ýörelge esasynda işleýänler üçin, has dogrusy, döwletiň gullugynda duran işgärleriň hemmesi üçin, iň ýokary adamkärçilik sypatlarynyň, ilkinji nobatda bolsa, ýokary derejedäki edepliligiň mahsus bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, özüniň daşary syýasatynda hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesini öne sürdi. Dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny hem şol esasda gurnady. Häzir Türkmenistanyň diplomatik gulluklary we wekilhanalary dünýäniň birnäçe döwletinde we halkara guramalarynda hereket edýär. Türkmenistan, esasan-da onuň paýtagty Aşgabat soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýokary dere¬jedäki duşuşyklaryň, halkara forumlarynyň, sergilerin, ylmy simpoziumlaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen alyp barýan ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlyklarynyň gerimi hem ýyl-ýyldan giňeýär. Ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän işewürleriň, hünärmenleriň we syýahatçylaryň sany hem gitdigiçe artýar. Globallaşýan dünýäniň şertlerinde ýurtlaryň arasyndaky ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň wekilleri - ministrlikleriň we merkezi dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we beýleki görnüşli döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri daşary ýurtlara iş saparlaryna - resmi gepleşiklere we dürli duşuşyklara gatnaşmak üçin gidip durýarlar. Yzygiderli häsiýete eýe bolan şeýle gatnaşyklarda olaryn ählisiniň Türkmenistan döwletiniň adyndan çykyş edýändigi düşnüklidir. Daşary ýurtlaryň döwlet häkimiýetiniň wekilleri bilen dürli derejedäki şeýle duşuşyklaryň sanynyň barha köpelmegi döwlet gullukçylarynyň dine bir ählumumy kabul edilen edep kadalaryndan doly derejede habarly bolmagyny hem-de olary berjaý etmegini zerurlyga öwürmän, eýsem, olaryn diplomatik protokolyň kada-kanunlaryndan hem belli bir dere¬jede habarly bolmalydygyny we kabul edilen düzgünlere eýermäge çalyşmalydyklaryny şertlendirýär. Hut şu sebäplere görä hem-de häzirki we geljekki döwrüň talap edýän zerurlyklaryndan ugur alyp taýýarlanyldy. Birinji bölümde döwlet gullugynyň aýratynlyklary we döwlet edaralarynyň iş medeniýetine degişli meseleleri barada, ikinji bölümde iş adamlary üçin dünýäniň hemme ýurtlarynda diýen ýaly ählumumy kabul edilen edep kadalary barada, üçünji bölüminde bolsa häzirki zaman diplomatik protokolynyň esaslary barada gürrüň etmegi maksadalaýyk hasapladyk. Ýeri gelende bellesek, aslynda bu ugurlaryň her birine degişli aýratyn kitap ýazylmaly. Emma olaryn üçüsi barada hem bir kitabyň çäginde gürrüň açmakçy bolýanlygymyzyň esasy sebäbi, olaryn aýry ugurlardygyna garamazdan, biri-birlerine gaty golaýlygy, meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Aýdaly, döwletiň adyndan diplomatik işi alyp barýan adamyň diňe bir diplomatik protokolyň esaslaryndan habarly bolman, eýsem onuň şol bir wagtyň özünde dürli ýerlerde (kafede, köpçülik ýerlerinde, ulag serişdelerinde, medeniýet edaralarynda we ş.m. ýerlerde) özüňi nähili alyp barmagyň, salamlaşmagyň, geýinmegiň, çykyş etmegiň, telefonda gürleşmegiň, gepleşikler geçirmegiň we ş.m. sosial hereketleriň ählumumy kabul edilen düzgünlerinden hem doly derejede habarly bolmalydygy, onda-da, diňe bir habarly bolman, eýsem, şol düzgünleri doly derejede berjaý etmegi başarmalydygy hem öz-özünden düşnüklidir. Edil şonuň ýaly, döwlet häkimiýetiniň wekili hökmünde diplomatik iş bilen gönüden-göni bagly bolmadyk işde işleýän döwlet işgäriniň hem daşary ýurtly döwlet işgärleri bilen resmi häsiýetli işjeň gepleşiklere gatnaşan halatynda diplomatik protokola degişli düzgünlerden habarly bolmalydygy aýratyn düşündirişi talap etmeýär. Onsoňam, bu ýerde ýene bir zady, ýagny soňky döwürlerde diplomatiýanyň täze görüşleriniň, has dogrusy, parlament diplomatiýasy, gumanitar diplomatiýa, ýaly görnüşleriniň hem halkara gatnaşyklar ulgamynda giňden ulanylyp başlananlygyny hem göz öňünde tutmalydyrys. Garaz, diploma¬tik protokolyň esaslaryndan we ählumumy kabul edilen edep (etiket) kadalaryndan habarly bolmak döwlet häkimiýetiniň dürli şahalarynda we edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň hemmesi üçin hem zerurdyr. Okuw gollanmasy taýýarlanylanda biz döwlet gullugyna, umumy etikanyň meselelerine we edep (etiket) düzgünlerine, diplo¬matik protokolyň esaslaryna degişli köp sanly edebiýatlary giňişleýin peýdalandyk. Bu meselelere degişli ýazylan ylmy işleriň, filosofik traktatlaryň, okuw kitaplarynyň, dürli hili gollanmalaryň, etikanyň we etiket kadalarynyň ol ýa-da beýleki aspektlerine bagyşlanylan uly göwrümli makalalaryň sany örän kän. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Edep meseleleri, has dogrusy, jemgyýetde ýaşamagyň düzgün¬leri baradaky sowallar adamlary elmydama gyzyklandyryp gelipdir. Edep meselelerine degişli ilkinji uly göwrümli işleriň hatarynda Aristoteliň «Nikomahyň etikasy» atly eserini, gadymy hindileriň ýazuw ýadygärlikleriniň içinde özboluşly orun eýeleýän «Hitopadeşany», Keý-Kowsuň «Kowusnamasyny», Spinozanyň «Etikasyny», Makiawelliniň «Hökümdaryny» mysal getirmek mümkin. Köp sanly eserleriň işinden ýokarkylary esasy mysallar hökmünde biz ýörite getirdik. Sebäbi, bu eserlerde edebiň we etiketiň diňe bir umumy meseleleri barada gürrüň edilmän, eýsem olar hut döwlet gullugynyň edebine degişli bolup, olarda häzirki günlermizde hem öz gymmatyny ýitirmedik pikirler öňe sürülýär, maslahatlar berilýär. Aristotel öz eserini öz oglunyň ady bilen baglaşdyryp, «Nikomahyň etikasy» diýip atlandyran-da bolsa, aslynda ol öz eserini Aleksandr Makedonskä, ýagny onuň elinde terbiýelenýän geljekki imperatora niýetläp ýazypdyr. Bu ýerde ol «Gyzym sana aýdaýyn, gelnim sen düşün!» diýen türkmen pähimindäki ýaly ýörelgä eýeripdir. Keý-Kowsam öz eserini öz ogly Gilan şaha niýetläp ýazanda bolsa, onuň berýän maslahatlary hemmeler üçin, esasan-da, köşk gullugynda duran adamlar üçin gymmatly hasaplanylypdyr. Muňa Keý-Kowsuň öz eseriniň bölümlerine «Patyşa hyzmat etmek hakyn-da», «Patyşa gulluk etmek hakynda», «Iş dolandyryjylyk we kätiplik hakynda», «Wezirlik şertleri we adatlary hakynda», «Emeldarlygyň şertleri hakynda» ýaly atlary bermegi hem doly tassyklaýar. Makiawelliniň «Hökümdar» atly belli eseri hem tutuşlygyna diýen ýaly döwlet gullugynyň düzgünlerine, diplomatiýanyň esasy şertlerine bagyşlanypdyr. Edep barada, onuň her bir ynsan üçin na derejede ähmiýetlidigi barada Gündogar akyldarlary biziň şu günki günlermizde-de gymma¬tyny saklap gelýän ajaýyp pikirleri aýdyp geçipdirler. Eger Muhammet pygamber: «Edep-okuw sallançakdan göre çenli» diýip aýdan bolsa, Gündogaryň başga bir görnükli alymlarynyň biri Jelaleddin Rumy: «Ynsan ogly edepden nesibesini almasa, ynsan däldir. Esasan, ynsan bilen haýwanyň arasyndaky parh hem edepdir» diýip belläpdir. Belli Gündogar akyldarlarynyň biri bolan Abdylla Mübarek Merwezi bilen baglanyşykly hekaýatlaryň birinde şeýle gürrüň berilýär: «Kakasy Abdylla söwda-satyk edip, baýamaklygy üçin 30 müň dirhem beripdir. Ol bolsa kakasynyň beren puluny ylym öwrenmäge harç edipdir. Gaýdyp gelende kakasynyň: «Nämä sowduň puluňy?» diýen sowalyna: «Ylym öwrenmäge sowdum» diýip jogap beripdir. Kakasy oňa igenmän, ýene-de 30 müň dirhem berip goýberipdir. Abdylla kakasynyň beren bu puluny hem edep-ylym öwrenmäge harçlapdyr. Eger bu hekaýat Abdylla ibn Mübärek Merweziniň ylym-bilimi we edebi ähli baýlyklardan ýokary tutanlygyny görkezýän bolsa, onuň: «Otuz ýyl edebi gözledim, ýigrimi ýyl hem ylmy» diýip ýazan sözleri akyldaryň edepliligi ylymdan hem ileri tutanlygyny aňladýar. Akyldaryň bu garaýşyny türkmen halkynyň «Alym bolmak aňsat, adam bolma kyn diýen pähimi hem aňry ýany bilen tassyklaýar. Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynyň halk döredijiliginde hem edep-ekram meselelerine degişli nakyllar we atalar sözleri di diýseň kän. Mysal hökmünde olardan aşakdakylary getirmek mümkin: «Demime deň zat edebim, Ýok demden öň zat edebim», «Her demiňde müň kerem, Ýada sal edebiňi, Taňry şonda oňlarmyş Panyda edeniňi»; «Edebim – mededim», «Edepsiz ylym äpet zulum», «Edebi kem bolan ylmyň, Hak dilärmiş onuň ölmün».3 Ýeri gelende aýtsak, edep meseleleri Magtymgulynyň döredijiliginde hem iň esasy omy eýeleýär. Bu hem ýöne ýerden däl. Eger-de, Magtymgulynyň pederi Döwletmämmet Azady öz halypalary, musulman Gündogarynyň beýik akyldarlary Al-Faraby we Abu Aly ibn Sina ýaly, ideal jemgyýeti arzuwlap, özüniň «Wagzy-Azat» atly filosofik traktatyny döreden bolsa, Magtymguly şeýle jemgyýeti gurmaklygy diňe şol jemgyýete mynasyp adamlary terbiýeläp ýetişdirmekden başlanylmalydygyna aňry ýany bilen düşünip, öz döredijiligini tutuşlygyna diýen ýaly edep meselelerine bagyşlapdyr. Biz bu gollanmanyň goşundysynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň, döwlet gullugynyň we diplomatik protokolyň hukuk binýadyna degişli kanunlarynyň belli bir toplumyny, esasanda, Hormatly Prezidentimiziň bu meselelere degişli çykyşlarynyň birnäçesini bermegi hem makul tapdyk. Kitaby okyjylar üçin ähli babatda has peýdaly boljak maksatlardan ugur alyp taýýarladyk. Döwlet gullugynyň dürli meselelerine, döwlet gullugynyň edebine, ählumumy etiket düzgünlerine, diplomatik protokolyň esaslaryna degişli edebiýatlar kän hem bolsa, türkmen dilinde bu meseleleri köp- taraplaýyn açyp görkezýän kitaplar ýa-da ýörite gollanmalar ýok diýen ýaly Bu kitabyň ýokardaky sanalan meselelere degişli türkmen dilinde taýýarlanylan ilkinji kitaplaryň biri bolup durýanlygy üçin onuň käbir ululy-kiçili kemçiliklerden we säwliklerden halas däldigi öz-özünden düşnüklidir. şol sebäpli-de, awtor kitabyň mazmuny, dili we beýleki taraplary barada okyjylaryň dürli görnüşli pikirlerini minnetdarlyk bilen kabul etjekligini mälim edýär. Esasan-da, kitapda ulanylan halkara adalgalarynyň käbirleriniň türkmençe terjimesi dogrusynda beriljek maslahatlaryň diňe şu kitaba däl, eýsem şu mazmunda ýazyljak indiki kitaplara, ylmy işlere hem uly goltgy boljakdygyna ynanýarys. Kitabyň içinde gozgalýan meseleler, öňe sürülýän pikirler gitdigiçe globallaşýan dünýäde özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýär. Şonuň üçin hem bu kitap diňe bir döwlet gullukçylary we geljekki diplomatlar üçin gollanma bolman, eýsem, edep we häzirki zaman etiketiniň hem-de diplomatik protokolyň esaslary bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni hem özüne çeker diýip, umyt edýäris. Pursatdan peýdalanyp, awtor kitabyň golýazmasy ara alnyp maslahatlaşylanda, eden jaýdar bellikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ykdysady-gumanitar dersleri» kafedrasynyň mugallymlaryna we akademiýanyň Alymlar geňeşiniň agzalaryna, hususan-da, ykdysady ylymlarynyň kandidaty, professor Baýramdurdy Taýharowa we hukuk ylymlarynyň doktory, dosent Ýagmyr Nuryýewe öz minnetdarlygyny bildirýär. Awtor kitabyň golýazmasyna syn beren alymlara - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, taryh ylymlarynyň doktory Amangeldi Rahmanowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň müdiri, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor Baýram Basarowa aýratyn we çuňňur hoşallygyny mälim edýär. I. BÖLÜM DÖWLET GULLUGY WE ONUŇ AÝRATYNLYKLARY 1.1 . Döwlet gullugy we döwlet gullukçylary Döwlet gullugy – işiň aýratyn bir görnüşi bolup, ol döwlet häkimiýetiniň merkezi we ýerli edaralarynyň işgärleriniň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alyp barýan dürli ugurly işleriniň umumy toplumyny aňladýar. Döwlet gullugy adam zähmetiniň gadymy döwürlerde dörän görnüşleriniň biridir. Onuň döremegi ilkinji döwletleriň emele gelmegi bilen bagly. Öz dörän wagtyndan başlap, döwlet gullugy adam zähmetiniň ähli beýleki görnüşlerinden özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp gelýär. Bu özboluşlylyk döwletiň aslynda jemgyýetiň üstünden syýasy häkimiýeti amala aşyrmak üçin döredilen sosial institutlygy bilen we оnuň hut şeýle häkimiýet hökmünde jemgyýetde ýerine ýetirýän wezipeleriniň özboluşlylygy bilen baglanyşyklydyr. Döwlet halkyň bähbitlerini hemmetaraplaýyn aramaly edara (institut) hökmünde öz üstüne dolandyryş, ugrukdyryş, kadalaşdyryş, paýlaýyş, höweslendiriş, goraýyş, hemaýat beriş we ş.m. dürli görnüşli wezipeleri alar. Özüniň üstüne jemgyýet tarapyndan ýüklenilen bu wezipelerini (funksiýalaryny) amala aşyrmak üçin döwlet häkimiýeti ýöriteleşdirilen edaralaryň uly toplumyny - degişli merkezi we ýerli dolandyryş edaralaryny (ministrlikleri, gulluklary, häkimlikleri we ş.m.) döredýär we bu edaralarda degişli hünäri, bilimi we taýýarlygy bolan adamlary jemleýär. Şol işgärleriň köplügine umumy görnüşde – döwlet gullukçylary diýilýär. Döwlet häkimiýetini amal edýän edaralaryň işgärleri hökmünde döwlet gullukçylarynyň zähmeti hem özüne mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Döwlet gullugynda zähmet çekýänler işe girişen gününden başlap, şol gulluga degişli belli bir kabul edilen kadalary we edep düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmäge borçly bolýarlar. Bu kadalaryň we edep düzgünleriniň köplügine umumy görnüşde döwlet gullugynyň medeniýeti we edebi diýlip at berilýär. Döwletiň özboluşly sosial institut hökmünde uzak taryhy döwrüň dowamynda kämilleşmegi, onuň amala aşyrýan işleriniň we wezipeleriniň degişli taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda barha çylşyrymlaşmagy döwlet gullugynyň medeniýetidir, edep kadalaryna öz aýgytly täsirini ýetiripdir. Häzirki döwürde döwlet gullugy iňňän kyn we ýokary jogapkärçiligi talap edýän işleriň birine öwrüldi. Bu bolsa, ilkinji nobatda, döwlet edaralarynda işleýänleriň medeniýetine we edebine degişli talaplary artdyrýar. 1.2. Döwlet gullugynyň esasy aýratynlyklary Döwlet gullugynyň esasy aýratynlyklarynyň biri döwlet edarasynda işleýän her bir adama ol ýa-da beýleki bir möçberde buýruk bermek ygtyýarlygynyň barlygy bolup, bu döwlet gullugynyň edebiniň dolandyryş medeniýetiniň ähli esasy elementlerini (çözgütleri taýýarlamak we kabul etmek, kabul edilen çözgütleriň getirip biljek peýdaly we peýdasyz taraplaryny öňünden görüp bilmek we ş.m.) özünde jemleýär. Elbetde, döwlet gullugynyň dürli basgançaklarynda häkimiýet buýruk berijilik ygtyýarlyklary dürli-dürli. Döwlet gullugynyň aşaky basgançaklarynda işleýänleriň şeýle ygtyýarlyklary uly wezipelerde işleýänleriňkiden has pes bolup, olar esasan buýruklary ýerine ýetirijiler hökmünde çykyş edýärler. Emma şeýle-de bolsa, islendik döwlet gullukçysynyň belli bir möçberde buýruk we görkezme berijilik yg¬tyýarlyklary bar. Hut şonuň üçin hem ýokary ahlaklylyk, edeplilik we medeniýetlilik ýaly häsiýetler döwlet gullukçysyna doly derejede mahsus bolmalydyr. Döwlet gullukçylarynda şeýle häsiýetleri terbiýelemek meselesi iň wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Islendik döwlet gullukçysynyň döwlet häkimiýetiniň adyndan çykyş edýänligi bir tarapdan oňa ýönekeý raýatlara, telekeçilere we ilatyň beýleki gatlaklaryna degişli adamlara öz ygtyýarlygynyň çäginde görkezmeler bermäge we buýurmaga mümkinçilik berýär we şol bir wagtyň özünde onuň her bir hereketiniň kanunyň çäginden çykmazdan amala aşyrylmagyny, jemgyýetde kabul edilen ahlak kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegini talap edýär. Kanunyň düzgünlerini gödek bozýan ýa-da öz ygtyýarlyklaryny öz şahsy bähbidi üçin ulanýan ýa-da ulanmakçy bolýan döwlet gullukçylary halkyň gözünden düşüp, diňe bir öz işleýän döwlet edarasynyň adyna we abraýyna şikes ýetirmän, eýsem halkyň döwlete bolan ynamyny hem sarsdyrýar we gowşadýar. Jemläp aýtsak, döwlet gullukçysy döwletiň we milletiň ýüzüdir. Döwlet häkimiýetiniň halkyň arasynda ýokary abraýdan peýdalanmagy döwlet edaralarynda işleýänleriň her biriniň kanunlary gowy bilmegini, jemgyýetde kabul edilen ahlak düzgünlerini doly berjaý etmegini, şeýle-de olaryň ýokary medeniýetli we päk ýürekli adamlar bolmagyny talap edýär. 1.3. Döwlet gullugy üçin edep meseleleriniň wajyplygy Häzirki döwürde döwletleriň halkara gatnaşyklarynyň gitdigiçe artýanlygy we döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň döwletiň adyndan daşary ýurtlara resmi gepleşiklere we dürli duşuşyklara gatnaşmak üçin iş saparlaryna gitmekliginiň, daşary ýurtlaryň döwlet häkimiýetiniň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklarynyň sanynyň barha köpelmegi, döwlet gullukçylarynyň ählumumy kabul edilen edep kadalaryndan we diplomatik protokolyň düzgünlerinden hem habarly bolmagyny we olaryň ol düzgünlere eýermelidigini zerurlyga öwürýär. Ählumumy kabul edilen halkara edep kadalary we düzgünleri uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşip, taraşlanyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten düzgünleriň toplumydyr. Olara etiket düzgünleri diýlip at berilýär. Eger-de, etiket düzgünleri ýönekeý salamlaşmak edebinden başlap, adamlaryň dürli ýerlerde (iç ýerinde, myhmançylykda, naharhanalarda, myhmanhanalarda, köçede, köpçülik ýerlerinde, transport ulaglarynda) we dürli ýagdaýlarda (sowgat gowşurylanda, telefonda gürleşilende, res¬mi gepleşikler geçirilende we ş.m. ýagdaýlarda) özüňi alyp barmagyň geýinmegiň, çykyş etmegiň, müşderileri kabul etmegiň düzgünlerinden ybarat bolsa, diplomatik protokolyň düzgünleri döwletleriň özara daşary gatnaşyklarynda we şeýle gatnaşyklary döwletiň adyndan amal edýän ýörite edaralaryň hem-de ol edaralarda işleýänleriň hökmany suratda göz öňünde tutmaly kadalaryny özünde jemleýär. «Etiket» sözi fransuz sözi bolup, onuň iki manysy bar: • ýarlyk, harydyň gapdal ýazgysy; • däp-dessura laýyk ýerine ýetirilýän hereketler-seremonial. Etiket düzgünleri – edeplilik kadalary, uzak wagtyň dowamynda döredilen ählumumy kadalaryň toplumydyr. Bu kadalar köpçülik ýerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleridir. Beýik Magtymguly şahyryň aýdyşy ýaly, her bir kişiniň «märekede oturyp-turşunyň», egin-eşik geýinmegiň, birek-birek bilen salamlaşmagyň, iş ýerinde, okuw sapagynda, ýygnaklarda, myhmançylykda, köşede, teatrda, myhmanhanada, naharhanada, toýda, ýas ýerinde we ş.m. ýerlerde özüni alyp barmagyň degişli jemgyýetlerde kabul edilen düzgünleriniň köplüginden ybaratdyr. Ol iň ýokary ahlak-edep kadalarydyr. Her bir jemgyýet, her bir halk, her bir sosial topar özüne degişli edep kadalaryny döredýär. Emma, ählumumy kabul edilen edep – etiket düzgünleri hem bar. Mysal üçin, diplomatik protokolyň düzgünleri, käbir kiçiräk milli aýratynlyklary hasaba almasaň, hemme döwletler üçin ählumumydyr. Dünýäniň hemme döwletleri özleriniň diplomatik gatnaşyklarynda şol bir umumy düzgünleri berjaý etmäge borçludyr. Etiket kadalarynyň döremegi adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Köp alymlar etiketiň döremegini antiki döwür (gadymy Gresiýa) bilen baglaýarlar. Etiket meselesine bagyşlanan ilkinji eserleriň biriniň biziň eramyzdan oňki 2350-nji ýylda döredilenligi barada taryhy maglumatlar bar. Emma ol ýa-da beýleki bir zatlara gadaganlyklar, däp-dessur görnüşindäki kadalar eýýäm ilkidurmuş jemgyýetlerine hem mahsus bolupdyr. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplaryna laýyklykda etiketiň (edebiň) dürli görnüşleri tapawutlandyrylýar: • gulluk edebi (öz gezeginde döwlet gullugynyň we harby gullugyň edebi ýaly görnüşlere bölünýär); • diplomatik edep; • pedagogik edep; • lukmançylyk edebi; • köpçülikleýin ýerlerde özüňi alyp barmagyň edebi (etiketi). Edeplilik – medeniýetlilik, ýagny hemme kişä hormat bilen garamak, zenan maşgalalara, uly ýaşly adamlara hormat goýmak, salyhatlylyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Häzirki zaman etiketi ýüzlenmek, salamlaşmak, gürleşmek, myhmançylykda bolmak, ýasda, toýda, köçede, daşary ýurtlarda saparda bolnanda, edarada, okuwda we ş.m. ýerlerde özüňi alyp barmagyň, nirede nähili geýinmegiň ählumumy kabul edilen kadalaryny we düzgünlerini özünde jemleýär. Islendik jemgyýetde edeplilik diýlip özüňi sypaýçylykly, salyhatly alyp barmaklyga, öz hereketlerme gözegçilik edip bilmeklige, adamlar bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmaklyga düşünilýär. Edepsizlik – diýlip başga adamlarda oňaýsyz duýgylary, ýaramaz täsirleri döredýän hereketlere aýdylýar. Edepsizlige gaty gürlemek, ýas ýerinde gülüp oturmak, gelşiksiz geýinmek, gödeklik, paýyş sözlemek, özgeleriň pikirini diňläp bilmezlik, beýleki adamlara göwniýetmezçilik etmek, gybat etmek, uly ýaşly adamlary sylamazlyk we ş.m. hereketlere aýdylýar. Häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda edep düzgünlerine ummasyz uly ähmiýet berilýär. Edeplilige ykdysady kategoriýa hökmünde hem garalýar. Sebäbi, işgärleri edepli we ýokary medeniýetli bolan edaranyň (kärhananyň) abraýy hem şonça ýokary bolýar. Şeýle edara bilen işleşmek isleýänler köpelýär. Işgärlerinde medeniýetlilik ýetmezçilik edýän edaralarda ahlak ýagdaýlar hem ýaramaz bolýar, iş hem sazlaşykly gitmeýär, dartgynlylyk artýar, oňşuksyzlyk döreýär. Işgärleriniň edepsizligi zerarly näçe kompaniýalar baglaşylaýmaly şertnamalary baglaşyp bilmän, ummasyz girdejilerden mahrum bolýarlar. Ýöne ýerden ýapon kompaniýalary öz işgärlerine etiket düzgünlerini öwretmek üçin ýylda 700 mln. amerikan dollaryna golaý çykdajy etmeýärler. 1.4. Türkmenistanda döwlet gullugynyň hukuk esaslary Türkmenistanda döwlet gullugy ulgamynyň hukuk binýady köp babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Döwlet gullugy bilen baglanyşykly hukuk resminamalarynyň esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy4 düzýär. Konstitusiýada döwletiň görnüşine, onuň dollandyrylyş aýratynlygyna, häkimiýet bölünişigine, döwlet häkimiýetiniň her bir şahasynyň ornuna we wezipesine, ýerli häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş hem-de halkyň ýerli wekilçilikli edaralaryna degişli maddalar we bölümler bolup, olar-da döwlet dolandyrylyşynyň dürli ugurlary we ýörelgeleri kanuny esasda berkidilýär. Konstitusiýada döwlet gullugyna degişli bolan maddalaryň hem birnäçesi bar. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 31-nji maddasyndaky «Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr» ýa-da, aýdaly, onuň 32-nji maddasynda¬ky «Raýatlaryň döwlet häkimiýeti edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr... Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukybyna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynda işlemäge hukugy bardyr» diýen ýaly kepillikler döwlet gullugy meselesine gönüden-göni degişlidir. Türkmenistanda döwlet gullugyna degişli ýöriteleşdirilen kanunlaryň hem birnäçesi hereket edýär. Şeýle kanuny resminamalaryň hatarynda ilkinji nobatda «Türkmenistanda döwlet gullugyna döwlet ýolbaşçylaryny we wezipeli adamlary saýlap-seçip almak hakynda» atly Kanuny görkezmek mümkin. Bu kanun 2002-nji ýylyň 9-njy awgustyndan bäri hereketde bolup, onda «döwlet gullugy» we «döwlet gullukçysy» düşünjeleriniň manysy, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň ýolbaşçy wezipedäki işgärleriniň esasy wezipeleri, hukuklary we borçlary, döwlet gullugyna işgärleri saýlap-seçip almagyň esasy ýörelgeleri we döwlet gullugynyň beýleki wajyp taraplary kanuny esasda anyk kesgitlenilýär. Döwlet gullugy meselesine gönüden-göni dahylly bolan hukuknamalarynyň arasynda Türkmenistanyň «Döwlet organlarynyň gullugyndaky gulluk hakynda» atly Kanunyna aýratyn orun degişlidir. Bu Kanun 1997-nji ýylyň 12-nji iýunyndan bäri hereketde bolup, onda «döwlet gullugyndaky gulluk», «döwlet gullugynyň gullukçylary» ýaly esasy düşünjelere, döwlet gullugynyň gullukçylaryna bildirilýän esa¬sy talaplara, döwlet gullugynyň gullukçylarynyň esasy borçlaryna we hukuklaryna anyk kesgitlemeler berilýär. Şol bir wagtyň özünde hem bu kanunyň käbir maddalary Kanunyň kabul edilen wagtyndan bäri geçen uzak döwrüň dowamynda hereketsiz halda galýar. Bu Kanunyň 11-nji we 12-nji maddalarynda «döwlet gullugynyň gullukçylarynyň Reýestri» hakynda agzalýanlygyna garamazdan, şeýle resminama şu güne çenli işlenilip düzülenok. Şeýle resminamanyň zerurlygy welin, mese-mälim görnüp duran zat. Sebäbi, şeýle sanawyň iş ýüzünde aslynda ýoklugy «döwlet gullukçylary» diýlip atlandyrylýan topara haýsy wezipedäki işgärleriň degişlidigi baradaky meseläni gümürtik halda goýýar. Bu Kanundaky käbir adalgalaryň hem («gulluk», «organ» ýaly) belli bir derejede könelişenligine ýa-da olaryň soňky ýyllarda res¬mi dilde ulanylýan degişli adalgalar bilen, hususan-da Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky degişli düşünjeler bilen çapraz gelýänligine hem ünsi çekmek isleýäris. 1.5. Döwlet edarasynda ýolbaşçynyň we onuň tabynlygyndakylaryň özara gatnaşyklarynyň edep kadalary Döwlet gullukçysynyň, esasan-da, döwlet edarasynyň ýolbaşçysynyň iş wagtynyň köp bölegi (3/4 bölegi) adamlar bilen söhbetdeşlige sarp edilýär. Köplenç bu söhbetdeşlikler statuslary, eýeleýän wezipeleri biri-biriniňkiden tapawutly adamlaryň arasynda bolup geçýär. Has dogrusy, bir tarapda ýolbaşçy wezipedäki adam, ikinji tarapda bolsa, onuň tabynlygyndaky adam duran görnüşde bo¬lup geçýär. Ýolbaşçy we onuň tabynlygyndaky adamlar iş ýerinde umumy edep kadalaryny berjaý edýärler. Emma döwlet gullugynyň ýokarda belläp geçimiz ýaly, özboluşly aýratynlyklary bar. Döwlet edarasynda subordinasiýa düzgüni (wezipeleriň wertikallaýynlyk görnüşi ýa-da aşaky wezipedäkileriň ýokary wezipedäkilere doly tabynlygy düzgüni) doly berjaý edilýär. Bu bolsa, «ýolbaşçy-işgär» gatnaşyklarynda özboluşly kada-düzgünleriň berjaý edilmegini şertlendirýär.» «Ýolbaşçy-işgär» gatnaşyklarynda ýolbaşça öz tabynlygyndaky işgäri ugrukdyrmak, oňa degişli görkezmeleri bermek, Işgäriň ýerine ýetiren içine baha bermek, ýagny ony öwmek ýa-da tankytlamak, şeýle-de oňa eden haýsydyr bir etmişine görä temmi bermek ýaly mümkinçilikler degişli bolsa, tersine, bu gatnaşyklarda işgäre öz eýeleýän wezipesine laýyklykda ýolbaşçysynyň tabşyryklaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, ýolbaşçy bilen gatnaşyklarda degişli subordinasiýany saklamak, tankytdan dogry netije çykarmak, mümkin bolan halatynda ýolbaşçynyň garamagyna haýsydyr bir işler bilen baglanyşykly teklipleri bermek ýaly, mümkinçilikler degişlidir. Biz bu ýerde «ýolbaşçy-işgär» gatnaşyklaryna degişli edep kadalarynyň we düzgünleriniň ähli köplüginiň üstünde durup geçmän, diňe olaryň käbirleri barada gürrüň etmekçi bolýarys. Ýolbaşçy wezipedäki işgäriň esasy mümkinçilikleriniň biri, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, öz tabynlygyndaky işgäri tankyt edip bilmeklik mümkinçiligidir. Emma her bir ýolbaşçy öz tabynlygyndaky işgäri tankyt etmegiň kabul edilen umumy kadalarynyň barlygyny bilip, ol kadalary berjaý etmäge çalyşmalydyr. Şol kadalar baradaky gürrüňe geçeliň. 1.5.1. Döwlet edarasynda işleýänleri tankyt etmegiň usullary Ýolbaşçy wezipedäki adam öz tabynlygyndaky işgärleri ol ýa-da beýleki bir ýagdaýlarda hökmany suratda tankyt etmeli bolýar. Tankyt - bu edaranyň işini maksadalaýyk ugrukdyrmagyň, işgärlere ýolbaşçylyk etmegiň, edaranyň alyp barýan işiniň ýokary netijeli bolmagyny gazanmagyň esasy şertleriniň we iş usullarynyň biridir. Şonuň üçin-de, bu usuly öz işinde ulanmaýan ýolbaşçy ýok. Emma tankydy iş usuly hökmünde ulanmagyň hem öz inçe tilsimleri, düzgünleri we dürli görnüşleri bar. Tankydy bellikleriň belli bir bölegi, işiň hakykatdan-da, ilerlemegine aýgytly täsir etse, beýleki bir tankydy bellikler bolsa, garaşylýan netijäni bermän, tersine, edaranyň işinde täze kemçilikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Tankydy bellikler aýdylyş usulyna görä, aýdylýan wagtyna hem-de ýerine, şeýle-de, kime tarap gönükdirilenligine görä, biri-birlerinden tapawutlanýarlar. Ýolbaşçy wezipedäki adam öz işgärleriniň tankydy bellikleri kabul ediş aýratynlyklaryny hem elmydama göz öňünde tutmaga borçludyr. Sebäbi, özüne gönükdirilen tankydy belligi her bir adam bir hili kabul edýär. Eger-de, işgärleriň bir topary tankydy bellikden dogry netije çykaryp, öz işini öňküsinden-de has gowy alyp barmaga girişýän bolsa, beýleki birleri tankyt edileninden soň, öňkisi ýaly-da işläp bilmän, tankyt edilenine namys edip ýa-da öz adyna aýdylan tankydy adalatsyz hasap edip, işden sowaşýar. Ýolbaşçy işgärler bilen baglanyşykda tankydyň degişli görnüşinden peýdalanmagy başarmaly. Tankydy bellikleriň görnüşleri barada döwlet dolandyryşynyň we menejmentiň meselelerine degişli edebiýatlarda dürli hili garaýyşlar bar. Olardan birini 1-nji tablisada5 getirip görkezmegi makul tapdyk. Tankydy bellikleriň görnüşleri - Aydylyş usullarynyň mysallary ● Öwgüli tankyt - Iş, umuman, gowy ýerine ýetirilipdir, ýöne edilmeli wagtyndan welin, juda gijä galdyňyz. - Çynyňyzy edenligiňiz görünýär, ýöne entek edilen işler biraz bärden gaýdýar. ● Belli bir adama gönükdirilmän, umumy görnüşde aýdylýan tankyt - Biziň edaramyzda entegem öz borçlaryna doly düşünmeýän adamlar bar. -Işgärleriň köpüsi meseläniň ähmiýetine doly düşünenoklar. ● Alada ýugrulan tankyt - Siziň bölümiňiziň şu işi doly ýerine ýetirip bilmänligi meni alada goýýar. - Işe şeýle kembaha garap, girişenligiňiz meni ünjä goýýar. ● Ýagdaýa düşünilýän görnüşde aýdylýan tankyt - Men siziň ýagdaýyňyza düşünmän duramok, işiň aňsat däldigine-de gözüm ýetýär, ýöne siziň tabşyrygy ýerine ýetirmänligiňiz göze ilip duran zat. - Siziň bölümiňiziň işgärleriniň san taýdan azlygyny hem bilýän, ýöne çynyňyzy eden bolsaňyz, siz bu işi bir kemçiliksiz hem ýerine ýetirip bilerdiňiz diýip hasap edýän. ● Gynanylyp aýdylýan tankyt - Men sizin bu işi ýerine ýetirip bilmänligiňize gynanýan. - Gynanýan, ýöne siz meniň ynamymy ödäp bilmediňiz. ● Geň galyjylykly äheň bilen aýdylýan tankyt - Men sizin bu tabşyryga şeýle kembaha garap, çemeleşenligiňize gaty geň galýan. -Men sizden şeýle netijä garaşmandym. ● Ýuwmarlaýjy tankyt - Bolup geçen hadysada dine bir sizem günäkär däl. -Ýalňyşlyk dine işleýan adamlarda bolýar. ● Duýduryşly tankyt - Geljekde-de şeýle ýalnyşlyk goýberseniz, men sizi bagyşlap bilmerin. -Men bu barada size iň soňky gezek aýdýan. ● Talap edijilikli tankyt - Ýalnyşyňyzy ýakyn wagtda düzetmegiňizi talap edýärin. -Men size ertire çenli wagt berýän. ● Höweslendiriji tankyt - Zeleli ýok, men sizin bu işiň hötdesinden gelip biljekligiňize doly ynanýaryn. - Indiki synanyşygyňyzyň şowly boljagyny bilýän. ● Igençli tankyt - Siz şeýle herekete ýüz urarsyňyz öýtmeýärdim. -Men bu işi diňe siz başaryp bilersiňiz diýip pikir edýärdim. ● Umyt bildirilip aýdylýan tankyt - Indiki gezek siz bu işi has hem gowy edersiňiz öýdýärin. -Bu gezek siz men eden tamamy ödäp bilmediňiz, ýöne indiki gezek işi wagtynda hem ýokary hilli ýerine ýetirersiňiz diýip tama edýärin. ● Meňzedilip aýdylýan tankyt - Menem, sizin ýaly ýaş işgärkäm, siziňki ýalyrak ýalnyşlyklary goýberýädim. - Beýleki bölümler bilen deneşdirseň, siz erbedem işläňzok, ýöne... ● Belli bir kemçilik bilen baglanyşykly aýdylýan tankyt - Biziň edaramyzda entegem öz borçlaryna doly düşünmeýän adamlar bar. - Isgärleriň köpüsi meseläniň ähmiýetine doly düşünenoklar. ● Sowal görnüşli tankyt -Tabşyryk göwnejaý ýerine ýetirilmändir. Onuň kemçiliklerini nähili düzetmekçi bolýarsyňyz? -Meselä kembaha garap, çözmäge synanyşypsyňyz öýdýän? ● Howatyrlyklaýyn görnüşde aýdylýan tankyt - Indiki tabşyrygy hem şeýle ýerine ýetirersiňiz öýdüp, gorkýan. - Meni siziň şol bir ýalňyşlyklary yzygiderli gaýtalap durşunyz biynjalyk edýär. 1.5.2. Döwlet edarasynda işgärleri tankyt etmegiň we olara etmişine görä temmi bermegiň etiketi 1. Işgäri tankyt etmek we temmi bermek hiç haçan doly barlanylmadyk we subut edilmedik maglumatlara esaslanmaly däl. 2. Işgär tarapyndan ýerine ýetirilen içiň hilinden kanagatlanmadyk ýagdaýyňda, ýolbaşçy ilki bilen bu ýumşuň ol işgäre kim tarapyndan tabşyrylanlygyny we kimiň işiň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edenligini aýyl-saýyl etmeli we tankydy diňe işgäre tarap gönükdirmän, bu ýumşa dahylly beýleki jogapkär işgärleri hem tankytlamaly. 3. Eger-de, ýumşuň ýerine ýetirilişiniň kemçiliklerinde ýolbaşçynyň belli bir derejede öz günäsi hem bar bolsa, onda ol bu günäni tutuşlygyna Işgäriň boýnuna atjak bolman, öz günäsini hem aç-açan we bada-bat boýun almaly. Şeýle hereket ýolbaşçynyň işdäki abraýyny kemeltmän, gaýtam, onuň abraýynyň öňküden-de berkemegine getirýär. 4. Ýolbaşçynyň öz tabynlygyndaky işgäre gönükdirilen islendik tankydy belligi adalatly we obýektiw häsiýetde bolmalydyr. 5. Temmi işgäriň günäsiniň derejesine doly laýyk gelmeli we işgärde adalatsyz berlen temmi hökmünde hiç hili nägilelik döretmeli däldir. 6. Edara (bölüme) täze gelen işgär tankyt edilende we oňa temmi berlende, ýolbaşçy aýratyn edeplilik görkezmäge çalyşmaly. Oňa gönükdirilen ilkinji tankydy bellik onuň günäsiniň ähli sebäpleri jikme-jik anyklanylyp, ýekelikde, onuň bilen ýüzbe-ýüz görnüşde edilmeli. Işgärlerini köpçüligiň arasynda tankyt edýän ýolbaşçydan tanky¬dy belliklerini işgäre aýratynlykda, diňe onuň özüne aýdýan ýolbaşçy gowy hasap edilýär. Täze işgäre ilkinji ýalňyşlygy üçin berk temminiň berilmegi garaşylýan netijäni bermeýär. 7. Gulluk etiketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň iň gödek görnüşleriniň biri işgäri onuň tabynlygynda bolan adamlaryň ýanynda tankyt etmekdir. Şeýle hereketi bilen ýolbaşçy öz işgäri bilen gatnaşyklaryň dartgynly häsiýete geçmegine ýol berýär. 8. Öz işgärlerinden başga edaranyň ýa-da bölümleriň işgärleriniň arasynda zeýrenmek hem ýolbaşçy wezipedäki işgäre gelişmeýär. 9. Düzgün-tertibiň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly temmiler işgärlere yzygiderli berlip durulmaly däl. Olar seýrek we ýerlikli bolan ýagdaýynda garaşylýan netijäni gazanyp bolýar. 10. Işgärleriň hemmesine deň garamak ýolbaşçy üçin iň esasy düzgünleriň biridir. Işgärleriň aýratyn bir bölegine geçirimlilik edip, beýleki bir bölegini bolsa, elmydama ýerliksiz bahanalar arap, tankyt etmek ýolbaşçyny biabraýçylyga getirýär. 11. Tankyt we temmi ters netijä getirmez ýaly, ýolbaşçy işgäri günäkärlän halatynda, onuň haýsydyr bir şahsy kemçiliklerini tutaryk edinjek bolman, tankydy diňe onuň anyk etmişi bilen baglaşdyrmaga çalyşmaly. 1.5.3. Döwlet edarasynyň ýolbaşçysyna degişli käbir goşmaça maslahatlar 1. Ýolbaşçy hiç wagt dargursaklyk etmeli däl. Başgaça aýdylanda, islendik wagt ol özüne erk etmäni başarmaly. Ýolbaşçy wezipedäki adam näçe kyn hem bolsa gahary ýazylýança az-kem garaşyp, özüni doly dürsäninden soň, gaharynyň gelmegine sebäp bolan adamy ýanyna çagyryp, onuň bilen geçirmekçi bolýan gürrüňine başlamaly. 2. Tankydy belligiň aýdylmaly ýerini saýgarmaly. Islendik işgäri başgalaryň ýanynda tankyt etmejek bolmaly. 3. Tankyt edilmeli wagt hem dogry saýlanylsa gowy. Işgärem ýalňyş hereketi baradaky tankydy bellikler oňa öz wagtynda aýdylmaly. Birnäçe wagt geçenden soň oň bolup geçen zady ýatladyp, işgäri günäkärlejek bolmak nädogry hasaplanylýar. 4. Işgäriň ýalňyş hereketleri degerli maglumatlar bilen delillendirilmeli. Işgär öz ýolbaşçysynyň nämeden göwnüniň hoş däldigini hökman bilmeli. Ýolbaşçy bolsa, öz gezeginde, işgäriň getirýän delillerini soňuna çenli diňlemäge çalyşmaly. 5. Tankyt işgäriň anyk ýalňyşy bilen baglanyşykly bolmaly. Hiç haçan işgäriň şahsy mertebesine degmeli däl, ony haýsydyr bir bahanalary ulanyp, kemsitjek bolmaly däl. 6. Ýolbaşçy öz tabynlygyndaky işgärleriň hemmesine deň göz bilen garamaklyga çalyşmaly. Işgärleriň belli bir bölegini elmydama tankyt astyna alyp, beýleki bir böleklerine bolsa, geçirimlilik etmek ýolbaşçynyň edaradaky abraýyny pese gaçyrýar. Şol bir wagtyň özünde hem ýolbaşçy edarada işleýän has tejribeli, köp meselelerde degerli maslahatlary berip bilýän, ýaşy ulurak işgärlere öz hormatyny bildirmeli we olara gönükdirilen tankydy bellikleri köpçüligiň arasynda aýtmakdan saklanmaly. 1.5.4. Döwlet edarasynda ýolbaşçy wezipäni eýeleýän işgäriň ýygnaklar bilen baglanyşykly gulluk etiketi Punktuallyk, ýagny hiç bir ýygnanyşyga gijä galman barmak. Bu şert ýolbaşçynyň özüniň gerýän ýygnaklarydyr maslahatlary üçin hem hökmanydyr. Islendik Ýygnak bellenden wagtda başlanmalydyr. Ýygnaklara öz bellän wagtyndan gijä galyp gelýän ýolbaşçy öz işgärleriniň gözünden basym düşýär. Ýygnaga giren ýolbaşçynyň işgärlerine salam berşi hem wajyp meseleleriň biridir. Ýygnak jaýyna giren badyna, ýolbaşçy hemmelere gönükdirilen umumy salamy bermeli. Onuň ýygnaga gatnaşýan işgärleriň haýsydyr biri bilen aýratynlykda elleşip görüşmegi nädogrudyr. Ýygnagy açan badyna ýolbaşçynyň haýsy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljak bolýanlygy hakynda aýtmagy dogry hasaplanylýar. Öz gysga çykyşyndan soň ýolbaşçy ýygnakda garalýan meseleler boýunça degişli adamlara gezekli-gezegine söz berip başlamaly. Hemmelere «Siz» diýip ýüzlenmeli. Çykyş edip duran adamy gödek bellikler bilen bolmaly däl. Eger-de, çykyş edýän adam uzak gürleýän bolsa, ýa-da garalýan meseleden daşlaşýan bolsa, sypaýylyk bilen oňa wagtyň çäklidigi barada we her bir çykyşyň ýygnagyň gün tertibiniň çäginden ýykmaly däldigi bara¬da duýdurmak mümkin. 1.5.5. Ýygnaga gatnaşýan işgärlere degişli düzgünler • Ýygnaga gijä galman barmaga çalyşmaly. Eger-de, haýsydyr bir sebäplere görä gijä galan bolsaňyz, ýygnaga gapyny emaý bilen aýyp we ýapyp, ökjeleriňiz bilen tapyrdap ýöremän, iň golaý ýerleşen boş ýere geçip oturmaly. Uly sesiňiz bilen öz gijä galmagyňyzyň sebäbini düşündirjek hem bolmaly däl. Zerur bolan ýagdaýynda, Siz ol barada ýygnagyň başlygyna ýygnak tamamlanandan soň hem aýdyp bilersiňiz ýygnak dowam edip duran wagty gapdalyňyzdakylar bilen özara gürrüň edip oturmaly däl. Şeýle hereketiňiz bilen Siz çykyş edýän adamyň göwnüne degmegiňiz, başlygyňyzyň gözüne ilmegiňiz mümkin. • Aç-açan görnüşde yzly-yzyna öz sagadyňyza seredip oturmak hem nädogry. Ýygnakdaky çykyşlar Siz üçin gyzykly däl hem bolsa, başardygyňyzça, syr bildirmezlige çalşyň. • Eger-de, haýsydyr bir sebäbe görä Size ýygnakdan gitmek zerur bolan halatynda, bu barada başlyklyk edijini duýduryň. • Köplenç şeýle ýagdaýlarda ýolbaşça bir bölejik kagyzda ýazylan haty ibermek dogry hasaplanylýar. • Ýygnak tamamlanandan soň ýeriňden ilkinji bolup, ýygnaga başlyklyk ediji turýar. Başlyk ýerinden turmanka, öz ornuňyzdan böküp turmak we ýanynyzdakylar bilen gaty sesiňiz bilen özara gürrüňe başlamak nädogry. 1.5.6. Döwlet edarasynda ýolbaşçy wezipede işleýänleriň öz işgärini işden boşadan ýagdaýynda berjaý etmegiñ düzgünleri Işgär bilen onuň işden boşadyljaklygy bilen baglanyşykly gürrüňi hiç haçan dynç alyş ýa-da baýramçylyk günleriniň oň ýany etmeli däl. Şeýle gürrüňi işgäriň iş ýerinde ýagny onuň kärdeşleriniň ýanynda hem etmeli däl. Gullukdan boşadylýan işgäri başlyk öz iş otagyna çagyryp, onuň bilen aýratynlykda gürleşse we oňa haýsy sebäplere görä işden boşadylýanlygy barada ýeterlik delilleri getirip, aýtsa, dogry hasaplanylýar. Işden boşadylýan işgär bilen geçirilýän gürrüňiň dowamlylygy 20 minutdan artyk bolmasa gowy. Işgäre onuň işden boşadylýanlygy baradaky habar haýsydyr bir üçünji tarapyň üsti bilen ýetirilmeli däl. Ilkinji bolup ol habary işden boşadylýan adam eşitmeli. Işden boşadylýan adama «Sen» diýip ýüzlenip, kemsitjek bolmak, uly ýygnynyşykda onuň üstüne gygyryp, «Bar git. Sen işden boş!» diýip, ony uly iliň arasynda masgaralajak bolmak hem gulluk etiketiniň düzgünlerine laýyk gelmeýär. 1.5.7. Döwlet edarasyna gelen adamlaryň ýolbaşçy tarapyndan kabul edilişiniň düzgünleri Islendik döwlet edarasy, onuň ululygyna ýa-da kiçiligine garamazdan, döwlet häkimiýetiniň adyndan çykyş edýän edara. Döwlet edarasynyň işleýşine görä, halk tutuş döwlet häkimiýetine baha berýär. Döwlet edaralarynyň esasy wezipesiniň halka, adamlara hyzmat etmekliginden ugur alynsa, onda onuň ilkinji berjaý etme¬li zatlarynyň biri hem halkyň döwlet edaralaryna ýüz tutup gelýän wekillerini göwnejaý kabul etmek we olaryn arz-şikaýatlarydyr, tekliplerini diňlemegi başarmakdyr. Döwlet dolandyryşynda döwlet edaralaryna gelýän adamlary kabul etmek meselesi kyn we iňňän jogapkärli meseleleriň hataryna girýär. Hut şonuň üçin-de, döwlet dolandyryşynyň we döwlet gullugynyň meselelerine degişli ýörite edebiýatlarda döwlet edaralarynda adamlaryň kabul edilişiniň düzgünlerine aýratyn üns berilýär. Bu mesele dogrusynda biz hem biraz durup geçmekçi bolýarys. Biz bu ýerde, esasan, adamlaryň edara ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilişiniň käbir meselelerine degip geçmek isleýäris. Edaranyň ýolbaşçysy öz ýanyna haýsydyr bir iç bilen gelen adamy dürli görnüşde kabul edip bilýär. Kabul etmegiň ol ýa-da beýleki bir görnüşiniň saýlanylyp alynmagy gelen adamyň ýaşyna, jynsyna, sosial statusyna, daş ýerden ýa-da golaý ýerden gelenligine we onuň ş.m. beýleki aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Birinji görnüş. Edara ýolbaşçysy gelen adamy öz iş stolunyň başynda oturyp kabul edýär. Ol gelen adamy ýerinden ör turup garşylaýar, onuň bilen elleşip görüşýär we oňa öz stolunyň önündäki kiçeňräk stoluň gapdalyndaky orunlaryň birinde oturmagy teklip edýär. Bu usul köplenç resmiräk äheňli kabul edişliklerde ulanylýar. Bu usuldan peýdalanylan-da gelen myhman bilen duşuşygyň dowamlylygyny we onuň mazmunyny ýolbaşçynyň özi kesgitleýär. Bu görnüşli duşuşygy ýolbaşçy wezipedäki adam köplenç halatda öz tabynlygyndaky işgärler bilen geçirýän söhbetdeşliklerinde ulanyp bilýär. Emma başga ýerden gelen myhmanlary şeýle görnüşde kabul etmek о diýen bir dogry hasaplanylmaýar. Ikinji görnüş. Edaranyň ýolbaşçysy gelen myhmany garşylanda, hökmany suratda ýerinden or turýar we gelen adamyň salamyna jogap berip, ona iş stoluna degişdirilip goýlan kiçeňräk stoluň ýa-da maslahatlar geçirmek üçin niýetlenilen uzyn stoluň haýsydyr bir tarapynda oturmak üçin ýer görkezip, özi myhmanyň garşysyndaky orny eýeleýär. Bu ýarym resmiräk duşuşygyň görnüşi hasaplanylýar. Bu usul ýolbaşça we gelen myhmana özlerini belli bir derejeden adamlar hökmünde ka¬bul edip, belli bir derejede olaryň özara gürrüňiniň aç-açan häsiýetde bolmagyna mümkinçilik açýar. Üçünji görnüş. Ýolbaşçy öz oturan otagynyň gapysyndan giren adamy otagyň orta arasynda dik durup garşylaýar we onuň bilen gadyrly görşüp (eger-de, gelen adam erkek kişi bolsa, elleşip), ona otagyň gapy tarapyndaky burçuna golaý ýerleşdirilen žurnal stoljugynyň gapdalyndaky diwanda geçip oturmagyny teklip edip, özi žurnal stolunyň beýleki gapdalyndaky kresloda ornaşýar. Bu hili kabul etmek bilen ýolbaşçy, birinjiden-ä, gelen adama özüniň ona ýokary sarpa goýýanlygyny duýdurýar, ikinjiden bolsa, gelen adamyň öz pikirlerini, arzyny, tekliplerini aç-açan aýtmagy üçin degişli şertleri döredýär. Görşümiz ýaly, ýokarda sanalan görnüşleriň her biri ýolbaşçy wezipedäki adamyň öz ýanyna gelen adam bilen nähili gürleşmek isleýänligine baglylykda saýlanylyp alynýar. Ýolbaşçy wezipedäki adamyň gelen adam bilen öz oturýan otagynda aýratyn ýerleşdirilen, maslahatlar geçirmek üçin niýetlenilen stoluň başynda oturyp gürleşýän halatlary has köp gabat gelýär. Şeýle stollar, adatça, uzyn gönüburçluk şekilinde bolup, onuň iki gapdalynda oturgyçlaryň birnäçesi ýerleşdirilýär. Stoluň başynda bolsa aýratyn oturgyç bolup, ol ýolbaşçynyň maslahat geçirende eýeleýän orny hökmünde ulanylýar. Ýolbaşçynyň bu stoluň başynda gelen adam bilen ikiçäk oturyp gürleşişiniň häsiýeti köplenç ýolbaşçy wezipedäki adam bilen onuň ýanyna gelen adamyň ikisiniň bu stolda ýerleşiş aýratynlyklaryna bagly bolýar. Eger-de, biz ýolbaşçynyň oturýan ýerini şertleýin A harpy bilen, onuň ýanyna gelen myhmanyň ornuny bolsa В harpy bilen bellesek, onda, olaryn ýerleşiş aýratynlyklarynyň azyndan 3 görnüşini aşakdakylar ýaly tapawutlandyryp bilýäris: 1. Stoluň haýsydyr bir çünkünde ýüzbe-ýüz oturmak görnüşili ornaşyş. Bu hili ornaşyş söhbetdeşlige girişýän adamlaryň arasynda birek-biregiň arasynda hoşniýetli gürrüňiň bolup geçmegine doly mümkinçilik berýär. Bu ýagdaýda stol duşuşýan iki adamyň arasyndaky böwet (barýer) hökmünde çykyş etmeýär. 2. Özara täsir ediş görnüşli ornaşyş. Ornaşyşyň bu görnüşi haýsydyr bir umumy meseläni ikiçäk ara alyp maslahatlaşmak we iki tarapy hem kanagatlandyrýan ýeke-täk çözgüdi tapmak üçin has amatly hasaplanylýar. Bir meseläniň üstünde iki bolup içleýän adamlar uly stoluň bir gapdalynda köplenç aşakdaky görnüşli ýeri eýeläp ornaşýarlar. 3. Bäsleşikleýin häsiýetli söhbetdeşliklerde ulanylýan ornaşyş. Bu hili ornaşyş söhbetdeşlige girişýän taraplaryň arasynda bäsleşik, belli bir mesele babatynda birek-birege düşünişmezlik bar bolan ýagdaýynda ulanylýar. Edara ýolbaşçysy bu hili ornaşyş usulyny haýsy¬dyr bir dawaly mesele bilen onuň ýanyna öň hem gelip giden adamy kabul eden halatynda ulanyp bilýär. Bu hili ornaşyşda söhbetdeşlige girişýän taraplar uzyn stoluň başynda garşylyklaýyn görnüşde ornaşýarlar. Bu görüşli ornaşyş ýolbaşçy tarapyndan özüniň tabynlygyndaky dawaçylrak işgärini kabul edende hem ulanylyp bilinýär. Myhmany kabul etmegiň bu görnüşleriniň haýsysyny ulanjagyny döwlet edarasynyň ýolbaşçysy gelen adam bilen nähili derejede gürleşmek iseýänligine laýyklykda saýlap alýar. Edara gelen adamlar kabul edilen-de, esasy üns bermeli zatlaryň biri - edara ýolbaşçysynyň we gelen adamyň ikiçäk halatda oturanlarynda olaryň arasynda emele gelýän aralygyň gysgalygy ýa-da uzynlygy. Söhbetdeşleriň biri-birlerinden has daş ornaşyp oturmaklary-da, çakdanaşa golaý oturmaklaryda dogry däl. Kabul edilýän adam bilen öz oturan ýeriniň näçe daşlykda ýa-da ýakynlykda bolmagyny edara ýolbaşçysynyň özi ýagdaýa görä (kabul edilýän adamyň kimligine, onuň bilen geçirilmekçi bolunýan gürrüňiň mazmunyna we ş.m.) kesgitleýär. Döwlet edarasyna gelýän adamlar edara ýolbaşçysynyň ýanyna dürli meseleler bilen, esasan-da, diňe ýolbaşçynyň derejesinde çözülmeli diýip hasap edýän meseleleri boýunça gelýärler. Ýolbaşçy öz ýanyna gelýän adamlaryň kimligi we olaryň gozgamakçy bolýan meseleleri dogrusynda duşuşygyň öňünden belli bir derejede habarly bolsa, oňa gelen adamy nähili kabul etmelidigi baradaky degişli çözgüdi tapmak ýeňil düşýär. Edara ýolbaşçysy öz ýanyna gelýän adamlary iş gününiň bütin dowamynda kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin-de, köplenç halatda kabul edişlik belli bir derejede öňünden meýilleşdirilýär. Özüniň ýolbaşçy tarapyndan kabul edilmegi barada ýüz tutýan adamlaryň sanawy we olaryň ýüz tutmakçy bolýan meseleleriniň temasy ýolbaşçynyň kömekçisi ýa-da onuň sekretary tarapyndan düzülýär. Ýolbaşçy ol sanaw bilen tanşyp, gelenleriň haýsylaryny özüniň kabul etmäge taýýarlygyny kesgitleýär we kabul etmekçi bolýan adamlarynyň her biri bilen gürrüňi ediljek meselelere degişli deslapky maglumatlary öwrenýär. (Mysal üçin, bu mesele bilen gelýän adamyň öň haýsy ýerlere ýüz tutanlygy, meseläniň haýsy sebäplere görä doly çözülmänligi we ş.m.) Köplenç halatda döwlet edarasyna gelýän adamlar özleriniň haýsydyr bir haýyşlary bilen ýa-da kimiňdir biriniň (ýa-da haýsydyr bir edaranyň) üstünden arz edip gelýärler. Adamlaryň haýyşlarydyr arz-şikaýatlaryny üns berip diňlemek we olar boýunça jaýdar çözgüdi tapmak ýolbaşçy wezipedäki adamyň iň esasy borçlarynyň biridir. Diňläp bilmek ukybynyň bolmagy her bir ýolbaşçy üçin iňňän wajyp zatlaryň biri. Diňe bir diňlemek hem däl, olary ynandyryp bilmek has hem wajyp. Ýüz tutan adamyň onuň goýýan meselesiniň hökman adalatly çözüljekligine bolan ynamyny gazanmaklygyň birnäçe usullary bar. Şolaryň käbiri barada ýolbaşçy işgäre şu aşakdaky maslahatlary bermek mümkin: 1. Öňi bilen Siziň ýanyňyza ýüz tutup gelen adamyň Siz bilen ylalaşyga gelmegini gazanmaga çalyşmaly. Onuň arzyny (teklibini, şikaýatyny) soňuna çenli diňläp, öz garaýyşlaryňyzdaky meňzeşlikleri nygtap, gelen adam bilen Sizi birleşdirýän zatlara aýratyn üns bermeli. Munuň üçin Siz ýanyňyza gelen adama ol her gezek diňe «hawwa» diýip jogap berer ýaly sowallary yzygiderli berip başlamaly. 2. Ýanyňyza gelen adamyň Size aýdan zatlarynyň nähaklygyny onuň «ýüzüne patyladyp» diýen ýaly gönümel aýdyp, subut etjek bolmak düýbünden nädogrudyr. Gowusy, gelen adamyň aýdýan zatlary barada onuň bilen bilelikde pikir ýöredip, onuň getirýän delillerindäki nätakyklyklary, olaryň biri-birlerine ters gelýändiklerini, ýalňyşdyklaryny ýüze çykaryp, onuň Siziň getirýän garşylykly delilleriňiz bilen ylalaşyp başlamagyny gazanmaga çalyşmaly. 3. Haçan-da, Siziň ýanyňyza gelen adam özüniňkini dogry diýdirjek bolup, «ýer depip duran» bolsa, näme üçin onuň Siz bilen ylalaşasynyň gelmeýänliginiň sebäbini anyklamaga we onuň galdyrýan meselesine onuň gözi bilen garamaga, ýagny özüňizi onuň ornuna goýup görüp, netije çykarmaga çalşyň. Meseläniň çözgüdiniň nähili bolmalydygy hakynda gelen adamyň öz pikirini soraň we ol çözgüde ýokary sypaýyçylyk bilen öz düzedişleriňizi giriziň. Ýolbaşçy wezipedäki adama hemme ýagdaýlarda öz ýanyna gelen adam bilen geçirilýän söhbetdeşligi öz wagtynda tamamlamak aňsat düşmeýär. Käbir adamlar edara ýolbaşçysynyň iş wagtynyň çäklidigi, onuň başga işleriniň hem barlygy barada pikir hem etmeýär. Şeýle ýagdaýlarda ýolbaşçy wezipedäki işgäre aşakdaky ýaly usullardan peýdalanmak maslahat berilýär: • Gürrüňi jemleýji bir belligi sypaýyçylyk bilen ýaňzytmak. • Gürrüňiň esasy meselesine dahylly bolmadyk umumy häsiýetdäki gürrüňe geçmek. • Diwardaky sagada ýa-da öz goşar sagadyňyza gelen adama aç-açan bildiribräk wagtal-wagtal seretmek. • Ýeriňizden turmak. • Gelen adam gürläp otyrka, stoluňyzyň üstündäki haýsydyr bir kagyzlary okap başlamak. • Sekretar ýa-da kömekçi bilen önünden ol gelip, Size başga myhmanlaryň garaşýanlygy barada ýatlatmagyny öňünden şertleşmek. • Gelen adama onuň bilen gürrüňe başlamazyňyzdan öň duşuşygyňyzyň dowamlylygynyň wagty barada şertleşmek we bu barada wagt bolanda gelen adama ýuwaşlyk bilen ýatlatmak. Elbet-de, döwlet edaralarynyň ýolbaşçy işgärlerine we beýleki döwlet gullukçylaryna degişli ýokarda agzalanlardan başga-da, edep kadalarydyr düzgünleri az däl. Mysal üçin, ýygnaklaryň, maslahatlaryň we işjeň gepleşikleriň geçirilişiniň düzgünleri, köpçülik ýerlerinde çykyş edilişiniň, dürli görnüşli hatlaryň taýýarlanylyşynyň we resminamalaryň saklanylyşynyň medeniýeti, iş otaglarynda iş orunlarynyň ýerleşdirilişiniň, iş ýerleriniň işlemek üçin amatly bolmagyny gazanmagyň düzgünleri we ş.m. meseleler dogrusynda kän gürrrüň etmek mümkin. Emma bu meseleler barada belli bir derejede «Döwlet dolandyryşy», «Menejment», «Işgärleri dolandyrmak», «Resminamalaryň dolanyşygy», «Sözleýiş medeniýeti», «Işjeň gatnaşyklaryň edebi» ýaly okuw dersleriniň çäginde durulyp geçilýänligini nazara alyp, biz bu ýerde häzirlikçe diňe ýokarda sanalyp geçilen düzgünler we kadalar bilen çäklenip, ählumumy edebiň kadalary we düzgünleri baradaky gürrüňlere geçmekçi bolýarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |